Bişr Hafi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Bişr Hafi (dogluşy: 767-nji ýyl, Merw, Horasan - ýogalyşy: 841-nji ýyl, Bagdat), hijri 150-nji ýylda häzirki Türkmenistanyň Merw şäherinde doguldy, hijri 227-nji ýylda häzirki Yragyň Bagdat şäherinde wepat boldy. Ady, Bişr bin Haris Abdurrahman, künýesi Ebu Nasrdyr.

Aýakýalaňaç gezendigi üçin "Hafi" lakamy bilen tanalyp, "Bişri Hafi" ady bilen meşhur bolandyr. Mazary Bagdatda we zyýarat edilýändir.

Tanalýan maşgaladan bolup Merw şäheriniň öňde gelenlerinden biriniň ogludyr. Şol sebäpli hem çagalygy we ýaşlygynyň bir bölegi bolluk we baýlyk içinde geçdi. Ýaşlygynda özüni şadyhorramlyga berdi. Kakasy ýogalanyndan soňra özüne örän uly baýlyk galdy. Günlerini şagalaň älemlerinde serhoş bolup meýhana köçelerinde geçirýärdi.

Ýaşlygynda alym we weli bir kişiniň nesihatlaryndan täsirlenip toba eden hem bolsa, erbet dostlarynyň täsiri bilen ýene-de öňki durmuşyna geçdi. Kakasynyň galan baýlygy üçin özünden aýrylmaýan dostlary ony erkine goýmadylar. Bir gün ýene serhoş we doýan ýagdaýda öýüne gelýärkä ýolda üstünde Bismilläh ýazylgy ýazylgy bir kagyz tapdy. İçi syzlap ýerden aldy. Öpüp, palçygyny süpürip, tämizläninden soňra, ýakymly yslar sürüp, öýüniň diwaryna asdy. Şol gije alym we weli bir kişä, düýşünde; "Git Bişrä aýt! Adymy tämizleýşiň ýaly seni tämizlärin. Adymy beýik tutuşyň ýaly, seni beýgelderin. Adymy gözel ysly edeniň üçin, seni gözel ederin. Seniň adyňy dünýäde we ahyratda tämiz we gözel eýlärin." diýildi. Bu düýş üç gezek gaýtalandy. O kişi irden Bişri Hafini gözläp meýhanada tapdy. Möhüm habarym bar diýip içeriden çagyrdy. Bişr geleninde; "Kimden habar berjek?" diýdi. "Saňa Allah Tagaladan habar berjek." diýeninde, aglamaga başlady. "Maňa gaharlanýarmy, güýçli azap berjek bolýarmy?" diýdi. Düýşi diňläninden soň dostlaryna; "Eý dostlarym! Meni çagyrdylar, mundan soňra meni hiç wagt bu ýerlerde görmersiňiz." diýdi. Ol kişiniň ýanynda derrew toba etdi. Şol wagt aýagynda aýakgaby bolmandygy üçin, şondan soň hiç aýakgaby geýmedi. Sebäbini soranlara, "Alla Tagalaga toba eden we günä işlemezlige söz beren wagtym aýagym ýalaňaçdy. Şol wagt geýmedik aýakgabymy indi geýmekden utanýaryn" diýdi. Şol wagtdan soňra aýakgaby geýmedigi üçin özüne ýalaňaç aýak manysynda "Hafi" lakamy berildi.

Toba edip köne ýaşaýşyny terk edeninden soňra bir süre Merwde ylym öwrenip daýysy Ali bin Harşamdan ders aldy. Syýahatlara çykdy. Mekge, Kufa, Basra, Şam we Liwan taraplaryna gitdi. Şol sebäpden Syýahatçy Sopylardan saýyldy. Iň soňunda Bagdada gelip ýerleşdi. Gezen ýerlerinde we Bagdatda döwrüniň öňde gelen alymlaryndan ylym aldy we hadys diňledi. İbrahim Sad, Abdurrahman bin Zeýd bin Eslem, Hammad bin Zeýd, Şureýk bin Abdullah, Muafa bin İmran Musuli, Weki bin Jerrah, Ebu Bekr bin Iýaş, Hafs bin Gyýas, Abdullah bin Mubarak, Isa bin Ýunus, Abdullah bin Dawud el-Haýri, Ebu Muawiýa ed-Darir, Zeýd bin Ebiz-Zerka onuň ylym alan we hadys diňlän alymlaryndan bir bölegidir.

Onuň ýaşan ýyllarynda esasy şäherleriň biri bolan Bagdatda, Ahmed bin Hanbel, Sufýany Sewri Fudaýl bin Iýad, Muafa bin İmran we Ymam Mälik ýaly alymlaryň mejlislerinde we söhbetlerinde bolup olardan ylham aldy. Bulardan Hanbeli mezhebiniň ymamy Ahmed bin Hanbel, Bişri Hafini örän gowy görýärdi.

Din ylymlarynda beýik alym, beýik weli Bişri Hafi, döwrüniň medisina biliminde-de söz eýesidi. Birnäçe kişä ylym öwredip, sapak berdi. Nuaým bin Heýdam, Muhammed bin Heýdam, İbrahim bin Haşim, Nasr ibn Mansur, El-Bezzar, Muhammed bin el-Musenna, Syrri-i Sekati, İbrahim bin Harbi en-Nişapury, Omar bin Musa el-Jela ýaly birnäçe alym ondan sapak alyp, hadys okandyrlar.

Bişri Hafi bütin ömrüni ylym öwrenmek we öwretmek bilen geçirdi. 841-nji (Hijri 227-nji) vyly[ Rebiulewwel aýynda Bagdatda ýogaldy.