Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk : Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymaty.

MEÝILNAMA :

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň taryhyny täzeden we dogruçyl öwrenmegiň zerurlygy.

2. Türkmen halkynyň taryhyny täzeden öwrenmek ugrunda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitiren hyzmatlary.

Türkmen halkymyzyň Ilkinji we Ömürlik Prezidenti Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletiini esaslandyryjy Beýik Şahsyýetdir. Onuň türkmen milletimiziň durmuşynda, ykbalynda bitiren beýik işleri ägirtdir, çäksizdir, sanardan kändir. Olaryň iň esasylary Baky Beýik Serdarymyzyň 8 asyryň zarynlygyndan, horlugyndan, jebir süteminden, kesekä baknalygyndan soň Garaşsyz Türkmen döwletini döremegi, oňa baky Bitaraplyk hukugyny alyp bermekligi, dünýä jemgyýetçiliginde, durmuşynda ösüşiň türkmen nusgasyny döretmekligi, ony dümýä ykrar etdirmekligidir.

Mähriban Serdarymyzyň taryhy taglymaty Garaşsyz we baky Bitarap milli döwletimizi, Saparmyrat Türkmenbaşy jemgyýetini dörediji, täze türkmen milletini kemala getiriji, dünýä syýasatynda türkmeniň özboluşly ösüş ýoluny esaslandyryjy, umumyadamzat gymmatlygy bolan Mukaddes Ruhnamany bütin adamzada peşgeş beren, Beýik Dörediji, Beýik Şahyr Serdarymyzyň gadymy we müdimi türkmen taryhymyza garaýyşdyr. Mukaddes Ruhnamadan süzülip çykan – bu taglymat dünýäniň iň gadymy taryhyna, onuň umumyadamzat siwilizasiýasyna goşan ajaýyp goşantlaryna bagyşlanan taglymatdyr. Bu taglymat şahsyýetiň we jemgyýetiň aňyna täsir ediş taglymatdyr. Çünki milletiň Ruhy atasynyň nygtaýşy ýaly : “Adamy – durmuş, şahsyýeti – taryh terbiýeleýär” (1. 64 s.), “Taryh biziň üçin iň gymmatly terbiýe mekdebidir” (1. 146 s.).

Taryhy taglymat milli aňyýetiň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen milleti ruhybelentlige, ýaşaýşa, gaýduwsyzlyga, watansöýüjilige galkyndyryjy, tämiz çeşmedir. Bu durmuş hakykatyny nazara alýan Beýik Serdarymyz : “Meniň pikirlerimiň ylham çeşmesi – türkmen taryhydyr” (1.76 s.) diýip nygtaýar.

“Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymaty” milli taryhymyzy öwrenmekligiň, öwretmekligiň we ony ýazmaklygyň usulyýet esasydyr, ylmy mekdebidir. Mähriban Serdarymyz täze jemgyýeti gurmakda XXI asyry türkmeniň Altyn Asyryna öwürmekde, milli aňyýetde taryhy hakyda, ata-babalarymyzyň ruhy mirasyna uly ähmiýet berýär. Şonuň üçin hem öz milli taryhymyzy dogruçyl öwrenmekligiň, öwretmekligiň, ýazmaklygyň zerurlygyny, onuň milli Galkynyşyň hamyrmaýasydygyny nygtaýar. Milli taryhymyzy edebiýata, milletimiziň aňynda, dünýägaraýyşynda, gündelik ýaşaýyşynda, Ruhubelntlikde dikeltmegi ündeýär. Sebäbi beýik halkyň beýik taryhy dogruçyl dikeltmelidir, beýan edilmelidir we nesillere miras galmalydyr.

Türkmen taryhy barada müňýyllyklaryň dowamynda, dünýäniň çar künjeginde , onlarça dillerde ýazylan işler sanardan kändir. Olaryň ýazylmaklarynyň sebäpleri-de dürliçedir. Kim ony keseden synçynyň, syyahatçynyň, ýönekeý bilesigelijiniň gözi, dünýäsi bilen ýazsa, kim ony basybalyjylaryň nukdaý nazaryndan beýan etdi. Milletimiz hakynda ýazylan taryhy işleriň arasynda ýek-tük türkmen taryhçysynyň ýazan işleri-de boldy.

Ýöne umuman alanyňda, Mähriban Serdarymyzyň janyndan syzdyryp aýdyşy ýaly “türkmen taryhyny türkmen taryhçysyndan başga her kim ýazdy. Olar türkmeniň taryhyny öz isleýişleriçe ýazdylar” (1. 58 s.).

Baş Mugallymymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryhy öwrenmek we öwretmek bilen ondan durmuş sapagyny almagy ündeýär, usulýet edýär.

Milletiň Ruhy Atasynyň Mukaddes Ruhnamasynda türkmen taryhy pelsepewilik nukdaý nazaryndan beýan edilýär. Şoňa görä-de Mukaddes Ruhnama türkmen taryhynyň pelsepewi beýanydyr, taryhy hakydanyň müňýyllyklaryň dowamyndaky nesilden-nesile geçişiniň beýanydyr, gelejegiň ýol görkezijisidir.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymatynyň düýp özenleriniň biri-de milletimize, damarynda türkmen gany bar her bir adama, türkmeniň dostlaryna türkmen taryhyny doly we dogruçyl öwretmeklikdir. Mähriban Serdarymyzyň özi ony şeýle nygtaýar : “Ynha, Ruhnamany ýazmak bilen maksadym – her bir türkmene taryhy hakykaty bildirmekden ybarat” (1. 62 s.).

Türkmen taryhynyň halasgäri Beýik Saparmyrat Türkmenbaşydyr. Ol türkmen taryhyny öwrediji Beýik Alymdyr. Mähriban Serdarymyzyň türkmen taryhyna bolan garaýşy onuň taryhy taglymatynyň özenidir, many-mazmunydyr.

Jemgyýetiň ösüşinde ylma uly üns berýän Beýik Milletbaştutanymyzyň milli ylymymyzda ylmyň beýleki birnäçe ugurlary bilen bir hatada milli taryh ylmy mekdebini-de esaslandyrdy. Mähriban Serdarymyzyň milli taryhymyza bolan belent buýsabjy, goýan sarpasy, çuňňur gyzyklanmasy, uly goldawy diňe bir bize – türkmenlere däl-de, eýsem bütin adamzada mälimdir, Mukaddes Ruhnama bolsa onuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ajaýyp eserde gadymy türkmen taryhynyň köp wakalary, çözgütleri taryhda ilkinji gezek ylmy nukdaýnzaradan öz beýanyny tapdy. Mähriban Serdarymyz sözüň doly manysynda türkmen milli taryhyny we taryh ylmy mekdebini esaslandyryjydyr. Bu durmuş hakykatyna göz ýetirmek ony özleşdirmek üçin ýurt Garaşsyzlygymyzy almazymyzdan öň, şol wagt atlandyrylyşy ýaly TSSR-de, taryh ylmynyň nähili ýagdaýda bolandygyna gysgaça göz aýlamak zerurdyr. Sowet taryh ylmy marksistik-leninçilik aňyýetdi, dünýägaraýyşdy. Ol dünýäniň ähli künjeginde hökmany suratda sosialistik rewolýusiýanyň ýeňjekligini kommunizm guruljakdygyny, kapitalizimiň geçmişiň zyýanly galyndysy hökmünde ýok bolyp gitjekdigini tekrarlaýan ylymdy.

Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada milli taryhymyzyň sowet döwründe öwrenilişi barada şeýle ýazýar : “Men SSSR-iň düzümindäki 74 ýyllyk taryhymyzy çuňňur öwrendim.Olarda diňe türkmenleriň içindäki göreş bellenilýärdi, emma türkmen halkynyň ajaýyp we örän kyn geçmişi hakynda ýazgylaryň düşnigi hem ýokdy. Bu geçmiş edil bolmadyk ýalydy. Hemme zat häzirki zaman taryhynyň üstüne asylýardy, halkyň ykbalyna-da şol jähtden garalýardy, onuň çözülişi-de şeýle hörplendi”. (1. 270 s.)

Bilim ulgamynda, mekdeplerde Türkmenistanyň taryhy özbaşdak ders hökmünde okadylmaýardy. Ol SSSR taryhy diýilýän derse tirkelip okadylýan mugallym islese-hä ony okadardy, islemese-de okatmazdy. Bu meselede onuň towguna tok diýen bolmazdy. Tersine okatmasa gowy görülerdi. Hernä milletimiziň alnyndan ak gün bolup dogan Mähriban Türkmenbaşymyzyň Watanymyza, halkymyza bolan çäksiz söýgüsi, buýsanjy, hyzmaty, güýç-kuwwaty, jöwher zehini, gujur-gaýraty, tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz döredi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy täze milli taryh ylmynyň, ylmy mekdebiniň kemala gelmegi üçin ilki bilen taryhymyzy täzeçe ýagny marksistik-leninçilik we şol pisint aňyýetlerden halas, taryhylyk, millilik, dogruçyllyk, Ruhubelentlik, milli bitewilik nukdaýnazarda ýazmaklygyň zerurlygyny nygtady. Ol bu işde başlangyç ugur hökmünde “Bize doly hakykaty açyp görkezýän taryh gerek. Ajy-da bolsa, süýji-de bolsa taryhy dogruçyl beýan etmeli” diýip nygtady.

Beýik Serdarymyzyň bu pähim parasady türkmen taryhyny ýazýan, onuň bilen gyzyklanýan her bir adam üçin ýol görkezijä öwrüldi. Şeýlelikde milli taryhymyzy täzeçe ýazmagyň, öwrenmekligiň we öwretmekligiň ilkinji ädimleri ädilip ugraldy.

Milli taryh ylym mekdebiniň, ylmynyň kemala gelmeginiň ilkinji şertleriniň biri taryhy öwrenmekligiň, öwretmekligiň we ýazmaklygyň taglymat esasynyň, aňyýet ugrunyň, mazmunynyň, usulyýetiniň kesgitlenmegidir. Bularyň barynyň anykdan –anyk çözgüdi bolsa türkmeniň Mukaddes Ruhnamasyndadyr. Mähriban Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynda : “Meniň baş taglymatym – Ruhnamadyr. Dünýägaraýşyň ulgamy bolan Ruhnama meniň öňe süren ähli syýasy ýörelgelerimiň, ykdysady hem durmuşy, medeni häsiýetli maksatnamalarymyň taglymat esasydyr, onuň jemgyýetiň dürli ugurlarynda amal edilişiniň usulydyr” (1. 19 s.) diýip nygtaýar. Bu hakykat Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen milli taryh ylymymyz babatda-da hut şeýledir. Bu barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada şeýle ýazýar : “Ruhnama taryh kitaby däldir, ýok, ol milli taryhy nädip ýazmalydygynyň dünýägaraýyş, umumyruhy esaslarynyň kitabydyr” (1. 74-75 s.). Diýmek Mukaddes Ruhnama milli taryhymyzy ýazmaklygyň, öwrenmekligiň we öwretmekligiň baş ýörelgesidir.

Mähriban Serdarymyz taryhymyzy öwrenmekde özboluşly ruhy döwür kanunalaýyklygyny ýüze çykardy.

Milli taryhy döwürleşdirişiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy nusgasydyr. Ol milletimiziň 5 müň ýyllyk durmuş taryhy ýoluny, ruhy ösüşiň esasynda 5 döwüre böldi. Bu babatda Mukaddes Ruhnamada şeýle ýazylýar : “Türkmen milleti döräli bäri onuň milli ruhy bolupdyr, her döwürde şol ruh dünýäniň özgermegi bilen öz öwüşginini tapypdyr, emma gymmatlygyny ýitirmän, kämilleşip 5 eýýamy geçipdir” (1.290 s.).

Mähriban Serdarymyzyň milli taryhymyza aýratyn üns bermegi ilkinji nobatda taryhy düşünjäniň, akyl ýetirişiň jemgyýete, şahsyýete edýän uly täsiri bilen baglydyr. Sebäbi Mähriban Serdarymyzyň belleýşi ýaly : “Adamy-durmuş, şahsyýeti-taryh terbiýeleýändir” (91. 64 s.).

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryh ylmy hakynda gürrüň edende “Dünýä taryhynda taryhy diňe taryhçylar, taryhçy alymlar ýazypdyr. Taryh diňe şolaryň nukdaýnazarlary esasynda baha berilipdir” (“Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň halk demokratiýasy” (9 s.) diýip nygtaýar. Bu dogrudanam şu güne çenli dowam edip gelen durmuş hakykatydyr.

Ýöne Mähriban Serdarymyz türkmen milli döwletini, jemgyýetini döretmegiň her bir meselesinde bolşy ýaly, onuň taryhyny ýazmaklykda we öwrenmeklikde-de täzeçilik girizmegi teklip edip, bu meselede döwlet ýolbaşçysynyň nukdaýnazarynyň hem zerurlygyny nygtaýar. Bu babatda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy : “Türkmen ruhubelentlikden we gaýduwsyzlykdan dörän milletdir” atly makalasynda : “Diňe bir türkmen taryhynda däl, eýsem dünýä halklarynyň taryhynda hem taryha döwlet ýolbaşçysynyň nukdaýnzary ýok. Maňa gelen köp sanly hatlardaky haýyşlary göz öňünde tutup, döwlet ýolbaşçysynyň nukdaýnazaryndan türkmen taryhyny size ýetirmekde men zerurlyk duýýaryn” (9 s) diýip ýazýar.

Beýik durmuş Mugallymymyz milli taryhymyzy taryhy wakalary, seneleri, taryhy şahsyýetler baradaky ýa-da şolara meňzeş manydaş ýagdaýlary sözme-söz ýat tutmak däl-de, milli aňyýetiň, mili düşünjäniň, ruhubelentligiň, dünýägaraýşyň kemala gelmegi taryhy hakydanyň nesillerde oýanmagy, janlanmagy , nesilden-nesile geçmegi üçin öwrenmegi hem-de öwretmegi ündeýär, wesýet edýär.

Mertebesi belent Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynda milli taryhymyza aýratyn üns bermekliginiň sebäplerini şeýle düşündirýär : “Üns berseňiz, Ruhnamada türkmen taryhyna aýratyn üns berilýändir. Munuň özi ýöne ýere däldir. Türkmene düşünmek üçin, ilki bilen, onuň taryhyny bilmelidir. Türkmen özüni tanamalydyr. Türkmen halky türkmeni türkmen edip biljek güýjüniň diňe türkmendigine düşünmelidir” (“Türkmen halk Demokratiýasy”, 9 s).

Hut şonuň üçin hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bize ýüzlenip : “Eziz adamlar ! Ruhnamada türkmen taryhyna uly orun bermegimiň sebäbi siziň türkmen taryhyny çuňňur bilmegiňizi, oňa düşünip buýsanmagyňyzy isleýänligimdir”. (Türkmen Halk Demokratiýasy, 9 s.).

Mähriban Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynda : “Türkmeni galp taryh ýazyp kiçeldip bolmaz, sebäbi onuň örän uly taryhy bar !

Türkmeni galp taryh ýazyp, hapa bulap bolmaz, sebäbi türkmeniň örän päk tebigaty bar !” (1. 58 s.) diýen çuňňur manyly, belent buýsanja gaplanan, her bir türkmeniň başyny göge ýetirýän Ruhubelent sözleri kalbyňy joşdurýar, Watana, millete bolan söýgüňi beýgeldýär.

Biz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pähimlerine we sargytlaryna esaslanyp taryhymyz hakykata laýyk edip ýazmalydyrys, öwrenmelidiris. Mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen taryhyny täzeçe, dogruçyl,