Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda Türkmenistanda milli medeniýetiň täzeden dikeldilmegi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk : Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda Türkmenistanda milli medeniýetiň täzeden dikeldilmegi.

M E Ý I L N A M A :

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy milli medeniýeti täzeden dikeldijidir.

2. Milli däp-dessurlar, milli baýramçylyklar.

Beýik Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen halkynyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen türkmeniň milli medeniýetiniň, taryhynyň, edebiýatynyň ösmegine giň ýol açyldy. Türkmen bäş müň ýyllyk taryhynda öz milli aýratynlyklaryny saklap gelipdir. Beýik Serdarymyz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, milli sungatyny, däp-dessurlaryny täzeden dikeltmek barada dyngysyz alada edýär. Şonuň netijesinde bu gün türkmen halky özüniň ajaýyp halysy, ahal-teke bedewi, alabaý iti, saryja goýny, milli şaý-sepleri, aýdym-zasy bilen dünýä belldir.

“Türkmen gymmatlyklary döreden halkdygy üçin beýikdir. Ol gymmatlyklar bolsa, bireýýam adamzat gazananlarynyň hataryna geçdi. Şeýle gymmatlyklaryň içinde ruhy gymmatlyklar hem, maddy gymmatlyklar hem bar.

Türkmen aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy – bular biziň milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň esaslary we göze dürtülip duranlarydyr. Özem olar öz ugrundan kämilligiň iň ýokary derejesindäki sap gymmatlyklardyr” diýip, Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada – ata-babalarymyzyň dünýä taryhynyň ösüşine goşan ajaýyp goşantlaryny, dünýä derejeli gymmatlyklary döredendigini nazara alyp, türkmen beýik halk diýip nygtaýar. Türkmeniň dünýä medeniýetine goşan goşantlarynyň iň beýikleriniň biri ahal-teke bedewidir. Türkmen bedewi dünýä atşynaslarynyň nesilbaşysydyr, dünýäniň ähli medeniýetinde öçmejek yz galdyran, dürli halklarynyň rowaýatlarynda, sungatynda, medeniýetinde ebedileşmek hormatyna mynasyp bolan bedewdir. At – uly çapyşyklarda, dürli synaglarda özüniň owadanlygy, ýygdamlygy, gelşigi bilen türkmen adyny dünýä belli eden we edýän jandardyr. Bu barada : “Egerde dünýä boýunça ýyndamlygyň, gözelligiň, arassalygyň nusga – keşbi döredilmeli bolsa ahal-teke bedewiniň keşbini almaly bolar” diýip Mukaddes Ruhnamada uly baha berilýär. Ýow gününde-de toý günündede türkmeniň baş ýolbaşy at. Türkmen bedewi iň ýakyn syrdaşy, dosty hasaplap : “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” diýipdir. Türkmen bedewinde türkmeniň ruhy bar. Beýik Serdarymyz bäşinji altyn eýýamyň oňonynyň bedew atdygyny dünýä jar etdi. Şeýle-de ahal-teke bedewiň geçmişdäki we şu gündäki hyzmatyna degerli baha berip, türkmen döwlet tugrasynda Ýanardagyň şekili ýerleşdirildi.

Türkmen bedewi tugrasynda öz ornuny tutup, türkmen topragyna altyn durmuş, altyn ruh, bagtyýarlyk getirdi. At türkmen döwletiniň rysgal-bereketiniň, altyn ruhunyň altyn durmuşynyň nusgasyna, nyşanyna öwrüldi. Beýik Serdarymyzyň her ýylda ýurdumyzda bedew baýramçylygyny belläp geçmekligi yglan etmegi türkmen bedewiniň abraýyny artdyrýar. Bedewe bagyşlanan baýramçylyk bu ajaýyp jandaryň türkmen halkynyň durmuşynda wajyp ähmiýetli eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmen halysy ençeme müňýyllyklardan bäri dünýäniň dört künjünde göreni haýran edip gelýän sungat önümidir. Belli syýahatçy Marko Polo türkmen halysy dünýäde iň nepis haly hasaplanýar diýip belleýär. Türkmen halysy gadymy mirasymyz bolup, ol öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Onda turkmen halkynyň geçmiş taryhy, şöhraty ýedi yklyma ýaýran ýeňişlerimiziň beýany wasp edilýär. Geljege ymykly nazar aýlan türkmen halkymyzyň arzuw isleglerini gelin-gyzlarymyz hala geçirmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Olaryň hala çiten her bir öýjügi giden bir taryhdyr.

Saryja goýnuň ýoz ýüňüniň ýüplüginden dokalýan türkmen halylary bütin dünýä özüniň berkligi, sykylygy, gölleri, çitiminiň köplügi bilen belldir. Mukaddes Ruhnamada : “Egerde dünýä boýunça kämilligiň baýdagy döredilmeli bolsa, şol baýdak türkmeniň nepis halysy bolar” diýilýär. 1993-nji ýyldan bäri her ýylyň Magtymguly aýynyň soňky dynç alyş güni türkmen halysynyň baýramçylygy diýip giňden bellenilýär. Türkmen halylary bu gün dünýäde öz ornuny tapdy. Halylar bilen birlikde matalar, keçeler hem garaşsyzlyk ýyllarynda öz ornuny tapdy. Türkmen ýaýlasy ýüpek matalary, ýüpek halylary bilen hem dünýäde meşhurlyk gazanypdyrlar. Türkmeniň beýik sungaty bolan aýdym-saza Mukaddes Ruhnamada şeýle baha berilýär : “Türkmeniň milli sazy – milletiň kalbynyň owazy – Türkmen sazynyň arassalygynyň, özboluşlygynyň hem hiç bir özge halkyňka meňzemeýänligini dünýä ykrar edýär. Türkmen sazy çuňňur pelsepä ýugrulanlygy bilen tapawutlanýar”. Aýdym-saza, ajaýyp milli sungatymyza sarpa goýýan türkmen halky, garaşsyzlyga ýetensoň müň bir öwüşginli milli aýdym-saz sungatyna doly eýe boldy. Türkmeniň sazynda, gudrat, jady bar. Onda ata-babalaryň geçmişiniň owazy bar. Geçmişde ata babalarymyz ýetmiş iki saz guraly döredip, onda saz çalyp, aýdym aýtmagy başarypdyrlar. Mukaddes Ruhnamada türkmeniň toý dabarasy, sazy barada şeýle diýilýär : “Ata-babalarymyz aýdym we dabar ynsany terbiýeleýän iki-hususdyr. Şolardan dabara ten äleminde, saz bolsa ruh älemine degişlidir. Saz bilen dabara birleşen wagty ynsanyň teni we ruhy älem terbiýelenýär”. Bu günki gün türkmeniň milli saz guralynyň ýetmiş ikisi bir gulakdan düzülip ýaňlanýar. Munuň özi dürli eýýamda ýüze çykyp, aýry-aýrylykda ýaňlanan saz gurallarynyň birleşmesidir. Indi türkmeniň sazy alyslarda hem ýaňlanýar. Beýik Serdarymyz türkmen milli sazyna, türkmen bagşylaryna sarpa goýup, ýörite bagşylar gününi milli baýramçylyga öwürdi.

Türkmeniň milli şaý-sepleri hem sungat önüminiň naýbaşysydyr. Nuh pygamber zamanyndan gözbaş alyp gaýdýan şaý-seplerimiz garaşsyzlyk ýyllarymyzda öz ornuny tapdy. Bu barada Mukaddes Ruhnamada : “Gyz-gelinlerimize zümmret daşlaryny gysganmaň. Nirede bar bolsa tapyp getirip beriň. Bezeg daşyny boýnuna, arkasyna, döşüne dakyň, ýöne ýüzüne degmäň, ýüzüň özi müň zümmeretden zyýatdyr” diýip belleýär. Geçmişde türkmen şaýlary esasan kümüşden ýasapdyrlar. Sebäbi kümüş saglyga peýdasy türkmenlere gadymdan mälim bolupdyr. Gyzlara, gelinlere ýaşy durugşan zenanlara ýaşyna görä şaýlar ýasalypdyr. Türkmen şaý-sep, zergärçilik sungatyna keramat hökmünde garaýar. Biziň gadymy şaý-seplerimiz peri-peýker ýaly gözelleriň bezeg bolup geldi. Dünýä bazarlarynda gadymy şaý-seplerimize örän gymmat baha kesilýär. Garaşsylyk ýyllarymyzda türkmen milli şaý-seplerimizi ýasamak, olary dakynmaklyga giň ýol açyldy. Indi milli şaý-seplerimize goýulýan sarpa belentdir.

Beýik Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen toý, ýaş däp-dessurlarymyzy dikeltmeklige giň ýol açyldy. Türkmen toýuny uludan tutmagy halaýan halkdyr. Türkmende toýlaryň örän köpdürligörnüşleri bolup, bäbek toýy, galpak toýy, diş toýy, sünnet toýy, durmuş toýydyr.

Türkmeniň durmuş toýuna taýýarlygy gudaçylykdan başlanýar. Gda bolnanda gelin saýlamakda, onuň başarnygyna, gylyk-häsiýetine, maşgalanyň aslyna, il içindäki abraýyna seredilýändir, Gudaçylyga gelenleriň sözi alynmajak bolsa myhmanlaryň öňüne çörekli saçak açylman goýulýar. Sawçylaryň getiren çörekli, nabat-nogully saçagy gyz tarapy anyk karara gelinçä açylman goýulýar. Sözüň alynmagynyň esasy şertleriniň biri gyzyň hut özüniň bu gudaçylyga razylyk bermegidir. Gudaçylyk işi başa baransoň galyň kesilip, toý bellenilýär. Türkmeniň toý edebinde durmuşa çykýan gyza ata-enesiniň sargytlary, ündewleri uly orun tutýar. Durmuş toýnuň öň ýanynda ýigidiň öýünde geňeş toýy, toýuň soňundan bolsa ýerge toýy bellenilýär. Toý güni toýa gatnaşýan adamlar toý edebini berjaý etmelidir. Toýda myhman garşylamagyň, oňa hyzmat etmekligiň edebini berjaý etmelidir. Türkmençilikde her bir toýuň özboluşly däpleri bolup, garaşsyzlyk ýyllarymyzda şol däpleri berjaý etmeklige giň ýol açyldy.