Bata şäherindäki Rim hammamlary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Bata şäherindäki Rim hammamlary[düzet | çeşmäni düzet]

Rim hammamlary – bular demirgazyk ýewropanyň ajaýyp taryhy ýerleridir. Beýik Britaniýanyň Bata şäherinde bolsa iň bir gelim gidimli köpçülik ýerdir.
Rim hammamlarynyň toplumy – bu Angliýanyň Bata şäherindäki köpçülik tarapyndan iň köp barylyp görülýän taryhy ýerdir, ol UNESKO-nyň dünýä ähmiýetli mirasy hasaplanýar. Şeýle köpçülige niýetlenen hammamlar medeniýetleşen jemgyýetiň merkezinde Rimliler üçin gurulypdyr. Edil häzirki günlerde hem hammamlar Uly Sorujynyň oturdylan otagy bilen bilelikde her ýyl bir milliona golaý adamy kabul edýär. Rimiň ýyly suwly ýerasty çeşmeleri diýilýän toplumdan galan taryhy galyndylar esasan dört ýerde: Mukaddes Bahar bagynda, Rim ybadathanasynda, Rim howuzlarynda we Muzeýde ýerleşýär. 2011-nji ýylda Rimiň ýerasta ýyly çeşmelerinde umumy bahasy 5,5 million funt sterlinge barabar düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Bu bejeriş işleri ýerasty çeşmeleriň durkuny döwrebaplaşdyrdy, onuň gelim gidimli bolmagyna we ýenede ýüz ýyllap öz berkligini saklamagyna şert döredýär. Bu işler desgany özgertmegiň deslapky tapgyrydyr we ol ýene ýedi ýyl dowam eder. Hammamlar Bata şäherindäki ýeriň astyndan çogup çykýan ýyly suwly çeşmeleriň golaýynda gurulupdyr. Mendip dagynyň baýyrlygyna ýagýan ýagyş-gar hek gatyşykly toprakdan syzylyp, 2700 we 4300 metr aşakdaky gatlaga siňýär. Ýeriň jümmüşindäki ýylylyk energiýasy suwy 69oC-dan 96oС-a çenli gyzdyrýar. Suw basyş astynda hekli topragyň jaýryklaryndan ýeriň ýüzüne çykýar. Rimiň ýerasty ýyly çeşmeleriniň suwuna ýuwunmak edil howpsyz diýip aýdyp bolmaz. Onuň esasy sebäpleriniň biride onuň häli-häzir hem deslapky gurşun turbalarynyň içinden akyp gelýänligindedir. Ýöne öňki desgalaryň gapdalynda Nikolas Grimşonyň we onuň hyzmatdaşlarynyň taslamasy boýunça täze gurulan şypahana hem-de ýaňadan bejerilen Cross Bath bina häzirki müşderilere täze gazylan guýularyň suwuny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bata şäheriniň tebigy çeşmeleri uzak ýyllardan bäri peýdalanylýar, ol ilatyň arasynda giňden meşhurdyr, bu ýerde bir wagtlar keltler tarapyndan ybadathana gurulypdyr. Rimlileriň biziň eýýamymyzyň 60-njy we 70-nji ýyllarynda Britaniýany basyp alan döwürlerinde şäheriň adyny Aquae Sulis (Sulisiň suwlary) diýip üýtgedýärler, öz ybadathanalaryny esaslandyrýarlar. Ýüz ýylyň dowamynda bu ybadat öýüniň gapdalynda ýyly suw şypahanasynyň toplumy döreýär. Şypahananyň binasynyň berk bolmagy üçin gurluşykçylar onuň düýbine dub agajyndan diregleri, paýalary goýýarlar we çeşmeleriň daş-töweregini daşdan öwrülen howuzlardan doldurýarlar. Bular imperator Klawdiiniň görkezmesi bilen ýerine ýetirilipdir diýlip çak edilýär. II asyrda şypahananyň daşyny üçegleri agaçdan gümmezli bina gurşap alýar, onuň içinde ýyly we gyzgyn, sowuk suwlardan doldurulan howuzlar ýerleşdirilipdir. V asyryň başlarynda Rimliler Britaniýadan çykyp gaýdansoňlar, ýyly suwly hammamlar eýesiz, gugaryp galyar we ýyllaryň geçmegi bilen hapalanyp, olaryň içini gyrmança basýar. VI asyrda hammamlar ýer bilen ýegsan bolupdyr diýlip hasap edilýär. Diňe has soňraky ýyllaryň gazuw-agtaryş işleri netijesinde olaryň üsti täzeden açylýar, ýyly suwly şypahanalara öňki şohrady gaýdyp gelýär. Gazuw-agtaryş işleri mahalynda dürli-dürli rim harytlary, pullary tapylýar we olar häzirki wagtda muzeýde saklanýar. Olaryň arasynda suwa düşýänleriň egin-eşiklerini ogurlaýanlara degişli ýüzüne sögünçler ýazylan 130 sany tagtajyklar bar. Muzeý Muzeýde Minerwa aýal hudaýynyň hormatyna Keramatly çeşmäniň suwuna taşlanan zatlar bilen bilelikde rim döwrüne degişli beýleki tapyndylar hem saklanýar. Olaryň arasynda 12,000 sany rim teňňeleri bolup, bu tapyndylar Britaniýadaky pul toplumynyň içinde iň baýydyr. 1727-nji ýylda bu ýerde aýal hudaýy Sulis Minewaryň bürünçden ýasalan heýkeljigi tapylypdyr. Şeýlede bug bilen doldurylýan otaglara hyzmat etmek üçin ulanylýan diwaryň içinden geçirilen gurluşy boýunça çylşyrymly ýyladyş ulgamy bu muzeýde goýulupdyr. Bu ýerde Iki sany dükan işleýär, olaryň biri Uly Çeşmäniň aşaky gatynda, beýlekisi bolsa rim hammamyndan çykylýan ýerdedir.

Bata şäherine syýahat barada galan maglumatlary bilerin diýseňiz www.visitbath.co.uk saýtyna ýüz tutuň.