Bankdaky pul serişdeleriniñ hasaby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Karhananyn pul serisdeleri hokmany suratda bankda saklanmalydyr. Oz pul serisdelerini saklajak bank edarasyny karhana ozbasdak saylap alyar. Karhananyn we guramalaryn arasyndaky hasaplasyklar adatca nagt pulsuz, bir karhananyn bankdaky sedyndan basga bir karhananyn degisli sedyna pul summalaryny gecirmek yoly bilen amala asyrylyar. Munun ozi hasaplasyklarda nagt pulun ulanmaklygyna we sonun bilen baglansykly goramak, dasamak, sanamak ucin harajatlary aradan ayyryar, yone hasaplasyk operasiyalaryndan pulun ozini ayyrmayar. Duzgun bolsy yaly hasaplasyklar we tolegler pulun komegi bilen amala asyrylyar. Su manyda nagt pullaryn nagt dal pul gecirmekden hic hili tapawudy yokdur. Dasary yurt walyutasyndaky pul serisdeleri her bir walyuta boyunca ayratynlykda hasaba alynyar, yone manatlara gecirmek serti bilen sunun yaly walyutanyn  pula gecirmegin zerurlygy, bugalteriya hasabatda pul olceginin sistema emele getiriji we jemleyji metodiki usuly bolup cykys edyanligi bilen baglansyklydyr. Bugalteriya balansy dine haysydyr bir walyutada duzulip bilner. Bizin yurdumyzda bugalteriya balanslarynyn hemmesi dine balanslarda duzulyar. Dasary yurt walyutalary bolsa hazirki dowam edyan kursy (hummeti) boyunca manatlara gecirilyar. Walyutalaryn manada bolan kursy uytganinde bolsa pul serisdelerinin dasary yurt walyutasy bilen baglylykda nyrh uytgemeginin netijesi hokmunde kurs tapawudy emele gelyar. Kurs tapawudynyn hasaby ahyrky maliya netijelerin hasabyna hasapdan cykarylyar. Polositel kurs tapawudy 80-nji “peyda”we”zyyanlar” sedynyn kredity boyunca karhananyn peydasyny ya-da girdeyjisini kopeldip gorkezyar, otrisatel tapawut bolsa 80-nji setyn debity boyunca peydany (girdeyjini) azaldyp we zyyany kopeldip gorkezyar. Bank edarasynda hasaplasyk sedyny acmak ucin sol karhananyn ustawy we yerli hakimiyetligin karhananyn doredilyanligi baradaky karary arza we hasaplasyk  sety boyunca operasiyalar gecirmage hem-de degisli hasaplasyk, toleg we beyleki pul dokumentlerine gol cekmage hukugy bolan isgarlerinin gollarynyn nusgasy yorite bank kartockasynda iberilyar. Sol dokumentlerde iki gol bolmalydyr: birinji krediti paylayjynyn goly- ol karhananyn yolbascysynyn we onyn ygtyyar beren orunbasarynyn goly. Ka halatlarda yolbascy oz orunbasarlaryna pul hasaplasyk dokumentlerine gol cekmeklik hukugy berman hem biler. Pul hasaplasyk dokumentlerinda seyle hem karhananyn ya-da guramanyn mohurinin(pecatynyn) sekili bolmalydyr. Eger, karhana taze doredilen bolsa, iki ay mohletden artyk bolmadyk bolmadyk sert bilen mohur tayyar bolyanca, hemme pul- hasaplasyk dokumentleri bank tarapyndan kabul edilyar we operasiyalar amala asyrylyar.  Bank edarasyna berilyan dokumentlerdaki gollar we mohurler banka resmi taydan berlen nusgalara layyk gelmelidir. Hasaplasyk sety boyunca bank tarapyndan gecirilyan operasiyalar her bir dokument boyunca ayry- ayrylykda gorkezilyar. Bugalteriya hasabynda hasaplasyk setlary we komekci hasaplasyk setlary boyunca operasiyalr ucin 51-nji “hasaplasyk sety” ulanylyar. Bu aktiw bugalteriya sety bolup, onun debity boyunca hasaplasyk setyna gelyan ahli pul summalary gorkezilyar, kredity boyunca hem hasaplasyk setyndan pul gecirmeleri we tolegler gorkezilyar. Bu set boyunca debit galyndysy hazirki dowurde hasaplasyk setyndaky pul serisdelerinin galyndysy gorkezyar. 51-nji set boyunca hem islendik aktiw set boyunca bolsy yaly kredit galyndysy bolup bilmez. 51-nji hasaplasyk sedy boyunca operasiyalar bankyn barlanan gocurmelerinin we olara gosulyan pul dokumentlerinin esasynda gorkezilyar. Eger bankyn gocurmelerinde karhananyn hasapalasyk sety boyunca yalnys gocurilen operasiyalar yuze cykarylsa, onda olar 51-nji setda degislilikde 51-nji setyn debity ya-da krediti boyunca 63-nji “arza- sikayatlar boyunca hasaplasyklar” sety bilen korrespondensiyada gorkezilyar, sol yerde bolsa hasaplasyk sety boyunca yalnys gocurilen operasiyanyn analitik sety acylyar. Wekseller, aksiyalar,obligasiyalar yaly pul dokumentlerinin ahmiyetini goz onunde tutup, olaryn her bir gornusi ucin komekci set ulanmak bolar.

Dasary yurt walyutasyndaky weksellerin hasaba alynysy manatlara gecirilip 56-njy setyn ayratyn komekci setynda yoredilyar. 

Ÿazan: Serdar Orazow Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti.