Balyň peýdasy hakynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Öçür!

International tidyman.svg Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini diskussiýa sahypasynda aýdyň.
Sebäp Inappropriate article in terms of order and encyclopaedia

Bal müň derdiň dermany hasaplanýar. Hakyky tebigy bal uzak ýyllar dursada özüniň peýdaly serişdelerini hem-de süýji tagamyny ýitirmeýär. Bal adamyň bedeni üçin örän peýdaly önümdir. Onuň rahatlandyryjy, bedeniň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýan, käbir keselleriň öňüni alýan hem-de bejerijilik ähmiýeti bar.

Ukudan öň bir çaý çemçe baldyr limonyň şiresi garylan bir bulgur ýyly suwy içmeli. Bu içgi nerw ulgamyna rahatlandyryjy täsir edýär. Bally içgi ukusyzlykdan ejir çekýänlere, çalt uklamaga kömek edýör, basyrganmanyň öňüni alýar.

Sowuklamada içilen bally süýt üsgülewügiň, bedendäki gowuşgynsyzlygyň öňüni alýar.

Zenjebil, bal hem-de limon şiresi garylan içgi adam bedenine güýç-kuwwat berýär, ýürek bulanmanyň, ysgynsyzlygyň öňüni alýar.

Balyň düzümi peýdaly serişdelere baý bolansoň, lukmanlar ony ganazlykda hem maslahat berýärler.

Bal bilen üzümiň şiresi bogun agyryda hem-de bogun çişmede peýdalydyr.

Bally içgi horlanmok isleýän adamlara hem peýdaly. Ol bedendöki artykmaç ýagy eretmage ukyplydyr. Onuň üçin berhiz tutýan adamlar bir bulgur suwa ýa-da minerallaşdyrylan agyz suwuna bir çaý çemçe baly hem-de 5-6 damja limon şiresini garyp içmeli.

Bal kosmetiki serişdesi hokmünde hem giňden ulanylýar. Baldaky antioksidantlar deriniň daşky gurşawyň zyýanly täsirlerinden goramaga, deriniň garramagyny haýallatmaga ukyplydyr. Onuň düzümindäki B toparyna degişli witaminler, fosfor, demir, magniý, kalsiý, karotin bolsa diňe deridöki däl, eýsem, tutuş bedendäki keselleriň öňüni almaga örän oňaýjy täsir edýär. Balyň deri, saç, dyrnak üçin hem peýdasy örän uludyr. Baly kosmetiki serişdeleriniň köpüsine goşýorlar. Ondan öý şertlerinde hem dürli ýapgylary taýýarlap, hepdede 1 ýa-da 2 gezek ulansaň bolýar.

Ýüzüň derisiniň nurly bolmagy hemde irki ýygyrtlaryň aýrylmagy üçin bir nahar çemçesl bala bir nahar çemçe badam ýa-da zeýtun ýagyny goşup, mazaly garmaly. Yapgyny ýüzüňe, boýnuňa 15 minuttyk çalyp. ýyly suwa ýuwup aýyrmaly.

Bir ýumurtganyň sarysyny bir çaý çemçe alma şirsesi, şonçada bal bilen garmaly. Ýapgyny 7-10 minutdan soň Ýuwup aýyrmaly. (Ýagly deri üçin niýetlenen).

Saçyň düýbini berkidýän bally ýapgy. Bir nahar çemçesi baly, bir ýumurtganyň sarysyny, bir nahar çemçesi sürgi (kastor) ýagy bilen garmaly. Bu ýapgny öllenen saça 20 minut çemesi çalmaly.

Saç üçin niýetlenen bally üapgylary her on günden soň ulanmaly.

 

Nurmuhammet Geldimyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby