Balkanlar meselesi rus german gatnaşyklary
Appearance
Gowşap, dargap baryan Osman imperiýasynyň mülklerini paýlaşmak Germaniýanyň we Russiýanyň dawalarynyň baş sebäbidi. 1914-nji ýyla çenli Osman imperiýasy Afrikadaky mülklerinden mahrum bolupdy.Onuň elinde Ýewropadaky öňki koloniýalaryndan Stambul bilen bilelikde Bosfor we Dardanell bogazlarynyň töweregi galypdy.[1]
German imperatory Wilgelm II Bosfor bogazyndan Pars aýlagyna çenli uzaýan demir ýoly gurmak üçin,iri nemes bankyna Osman imperiýasynyň soltanynyň ygtyýarnama bermegini gazanýar.Bu ýol Bagdat demir ýoly adyny alypdy. Ol geljekde Germaniýanyň basyp alyşlarynda ulanylmalydy.[1]