Bütindünyä taryhynyň esasy döwürleri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Bütindünyä taryhynyň esasy döwürleri

Ýer ýüzünde iki müñ töweregi ylym bolup, şolaryñ iñ gadymylarynyñ biri-de taryh ylmydyr. Taryh ylmy jemgyýetçilik ylymlarynyñ iñ möhümleriniñ biridir. Taryh adamzat jemgyýetiniñ geçmişi we häzirki döwri hakyndaky ylym bolup, ol jemgyýetçilik durmuşynyñ anyk görnüşde , wagt – giñişlik ölçeglerinde ösüş kanunalaýyklyklary öwrenýär.

Taryh ylmynyñ hem dürli pudaklary bolýar: ykdysadyýetiñ taryhy, syýasy taryh, durmuş, raýat, harby taryhlar, döwletiñ we hukugyñ taryhy, diniñ taryhy we ş.m. Etnografiýa we Arheologiýa hem taryh ylymlaryna degişlidirler.

Taryh öwrenýän ýeriniñ giñligine görä hem tapawutlanyp biler, mysal üçin , bütindünýä ýa-da ähliumumy taryh, dünýä bölekleriniñ taryhy (meselem, Aziýa we Afrika ýurtlarynyñ taryhy , Ýewropa we Amerika ýurtlarynyñ taryhy), belli bir ýurduñ ýa-da halkyñ taryhy (meselem, Türkmenistanyñ taryhy)

Taryhy öwrenmeklige kömek edýän birnäce kömekçi ylymlar hem bar. Olaryñ iñ esaslary hökmünde taryhy çeşmeleri öwrenýän çeşmeşynaslygy we taryhçylaryñ garaýyşlaryny, pikirlerini, taglymatlaryny beýan edýän hem-de seljerýän , taryh ylmynyñ ösüşindäki kanunalaýyklyklary öwrenýän taryhnamany görkezmek bolar. Çeşmeşynaslykdan we taryhnamadan başga-da wagtyñ hasaplanyş ulgamyny öwrenýän - hronologiýa , golýazma ýadygärlikleri we gadymy hatlary öwrenýän – paleografiýa. Diplomatiýa, teñneleri, medallary, ordenleri, pul ulgamyny, söwdanyñ taryhyny öwrenýän - numizmatika , ölçeg ulgamyny öwrenýän – metrologiýa , baýdaklary öwrenýän – baýdak öwreniş, ýurtlaryñ , şäherleriñ, aýry-aýry maşgalalaryñ gerblerini öwrenýän – stragistika, daşyñ, toýnuñ, metalyñ ýüzündäki ýazgylary öwrenýän - epigrafiýa, şäherleriñ , maşgalalaryñ gelip çykyşyny öwrenýän - sejerenama (genealogiýa), geografiki atlaryñ gelip çykyşyny öwrenýän – toponimika, ýerli taryhy , ülkäni öwrenýän – ülkäni öwreniş ýaly kömekçi taryhy ylymlar bar.

Taryh ylmy beýleki ylymlar bilen hem berk baglanyşyklydyr. Sebäbi taryh jemgyýetiñ ähli hadysalaryny öwrenýär.

Taryh durmuş ähmiýetli birnäçe wezipäni ýerine ýetirýär:

1) akyl ýetiriş;

2) tejribe – syýasy;

3) dünýägaraýyş;

4) terbiýeleýjilik täsiri.

Taryh ylmynda möhüm meseleleriñ biri-de adamzat jemgyýetiniñ taryhy ösüşini döwürlere bölmek meselesidir. Häzirki wagta çenli bu mesele boýunça alymlar – taryhçylar dürli pikirleri öñe sürdüler. Gadymy grek şahyry Geziot (b.e.öñ. VIII-VII a) taryhy baş döwre bölýär:

1) Ylahy;

2) Altyn;

3) Kümüş;

4) Mis;

5) Demir.

Onuñ pikiriçe adamlaryñ asyrdan – asyra ýaşaýşy erbetleşýär.

Pifagor (b.e.öñ VI a.) taryha töwerek görnüşinde , adamyñ ömrüne meñzeşlikde düşünipdir: döreýiş, gülläp ösüş, heläk bolmak.

Nemes alymy B.Gildebrant (1812-1878) taryhy üçe bölýär” öz – özünde öndürýän hojalyk, pul hojalygy, karz hojalygy.

Rus alymy Z.I.Meçnikow (1838-1888) taryhy suw ýollarynyñ ösüş derejesi boýunça döwürleşdiripdir: derýa döwri (gadymy swilizasiýalar), ortaýer deñzi döwri (orta asyrlar) , okean döwri (täze we iñ täze döwürler).

K.Marks taryhy bäş sany jemgyýetçilik – ykdysady gurluşa bölýär: (ilkidurmuş – jemgyýetçilik, gul eýeçilik, feodalçylyk, kapitalistik, kommunistik).

Rus alymlarynyñ topary tarapyndan taýyarlanylan “Bütindünýä taryhy” okuw kitabynda şeýle döwürleşdiriş kabul edilipdir: Ilkidurmuş eýyamy, Gadymy dünýä, Orta asyrlar, Täze döwür, Iñ täze döwür.