Bägül

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Bägüller bize nämäni habar berýärkä?

   Ähli bägülleriň özleriniň aňladýan manylary dürli dürlidir we olar adamlara öz reňkleriniň üsti bilen her dürli habarlary berýärler. Bägüller esasanda dostlugy, söýgini we ýatlamalary habar berýärler.   

Gyrmyzy bägül özüniň aýratyn mahmal reňki bilen adamlara süýginiň we yşgyň nyşany hökmünde hyzmat edýär. Gyzyl bägüller kämilligiň we gözelligiň alamaty hasaplanýar. Ir döwürlerden bäri aşyk ýigitler öz söýgilerini bildirmek üçin gyzyl bägülleri iberipdirler. Sebäbi gyrmyzy bägüllerden edelin çemenler ýürek duýgularyny beýan etmegiň iň gowy ýoly bolupdyr. Eýsem gülgüne bägüller nämäni aňladýarka? Söýginiň, minnetdalygyň we gadyrlylygyň ähmiýetlerini özünde jemleýän gülgüne reňkli bägül hem adamalaryň arasynda diýseň meşhurlygy bilen tapawutlanýar. Egerde, möhüm bir zady aýtmak isleýän bolsaňyz onda, onuň iň ajaýyp ýoly eliňizde gülgüne bägülleri saklamaklykdyr. Bu bägül nepisligiň nyşanydyr hem-de köplenç minnetdalyk bildirilende ýa-da özlerine maýyl eden adamlara berilýär. Bulardan başgada bu bägüller iň ýakyn dostdyr, joralaryňyzyň ýa-da gelinliginiňiz hem aýratyn günlerini bezemekde uly ýardamçy bolup biler. Ak bägüller. Reňkinden belli boluşy ýaly ak bägüller aklygyň, gowulygyň, durmuş gurmagyň, täze başlangyçlaryň we ruhybelentligiň gülidir. Bu bägül pälkligiň nyşanydyr we ýatlamalaryň aňlatmasydyr. Haçanda bir çemen ak bägül berilende, bu sen hakda pikirlernýändiginiň alamatyny berýär. Mämişi ýa-da narynç reňkli bägüller hyjuwyň we gyzyklanmagyň alamatydyr. Mämişi bägül, bägüller maşgalasynyň ýabany görnüşi hasaplanýar. Islendik wagtda gyzyklanma we hyjuwly duýgularyňy mämişi reňkli bägülleri ýollamak bilen habar bermek bolar. Sary bägül, dostlugyň, şatlygyň, we sagalmagyň alamatlaryny özünde jemleýär. Haçanda şatlykly habary bermek isleseňiz sary bägüller siziň iň gowy goldawçyňyz bolar. Aslynda, sary bägül dostlugyň däbe öwrülen nyşanydyr. Bu bägül ýyly reňki bilen öýleri ýagtyldýar we şatlyga besleýär. Sary bägüllerden düzülen çemeler bolsa sagbolsun aýtmagyň, gutlamagyň hem-de sag-aman gutulyň diýmegiň iň gowy ýolydyr.

                                       Narlyýewa Näzik. Halkara Ynsanperwer ylymlary we Ösüş 
                                                     uniwersitetiniň talyby.