Awstro-Wenrgiýa 1867-1914-nji ýyllar aralygynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Awstro-Wenrgiýa 1867-1914-nji ýyllar aralygynda

M E Ý I L N A M A

1. Ikibir monarhiýada Awstriýanyň hem-de Wengriýanyň orny.

2. Awstro-Wengriýanyň daşary syýasaty

3. 1900-1914-nji ýyllarda Awstro-Wenrgiýanyň durmuş-ykdysady ýagdaýy.

4. Awstro-Wengriýada milli gapma-garşylyklaryň ýitileşmegi.

1867-nji ýylda döredilen Awstriýa-Wenrgiýa döwletiniň özboluşly aýratynlyklary bardy. Ýagny onda absolýutizm, orta asyr gatnaşyklarynyň we milli ezişiň dowam etmegi.

Şeýle bolsa-da Awstriýanyň täze gatlaklary ýokarda görkezilen ýagdaýlar bilen ylalaşýardy. Bu bolsa öz gezeginde ýurduň ykdysadyýetiniň haýal ösmegine getirýärdi. Ondan hem başga köpmilletli Awstro-Wenrgiýa döwletinde ykdysady ösüş hem gyradeň däldi. Awstriýanyň senagaty Wenrgiýanyň senagatyna seredende has ösendi. Wengriýada senagat öwrülişigi diňe asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda tamamlanypdy. Awstriýada bolsa ol öwrülişik 70 ýyllarda tamamlanypdy, onuň sebäpleriniň biri ol hem Awstriýanyň Çehiýa bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklarynyň bolmagydy. Çehiýada iri senagat kärhanalary esasan Awstriýanyň iri hususy ýitgilerine degişlidi.

XIX asyryň 90 ýyllaryň başynda Awstro-Wengriýa demiriň eredilişi her ýylda 1,1 mln t barabardy. Onuň 86% Çehiýanyň paýyna düşýärdi. Awstriýa-Wengriýa kagyz öndürýän we dokma senagatlarynyň umumy önüminiň 50% golaýy Çehiýa degişlidi. 90-njy ýyllaryň ahyrynda Wengriýada demirmagdan we ony gaýtadan işleýän senagat ösüp başlaýar. Ondan başga-da Wengriýada esasan azyk senagaty has ösendi (gant şugudyry, spirtli içgiler) olaryň umumy möçberiniň ýarysyndan gowragyny Wengriýa öndürýärdi.

Bir monarhiýanyň çäginde iki döwletiň ykdysady ösüşine laýyklykda hakyna tutma işleriň gatnaşygy hem emele geldi. Ilki bellemeli ýagdaý ol hem Awstro-Wengriýanyň umumy ilatynyň düzüminde işçileriň sanynyň agdyklyk etmegidi, 1890-njy ýylda Awstro-Wengriýada ilatyň umumy sany 50 mln bolan bolsa, şonuň 1/3 bölegi ýagny 17 mln şäherlerde ýaşaýardy, olaryň hem 1,9 mln senagat işçileridi. Awstro-Wengriýa imperiýasynyň oba hojalygynda tutuş alnanda 4,8 mln hakyna tutma işçiler bardy. Ýurduň ekerançylyk ýerleriniň aglaba bölegi iri mülkdarlaryň elinde bolmagy oba hojalygynda giň möçberde oba hojalyk hakyna tutma oba hojalyk işçileriniň ulanylmagyna şert döredýärdi.

Wengriýada XX asyryň başynda 24000 iri mülkdarlaryň elinde ýurduň ähli ekerançylyk ýerleriniň 45% gowragy jemlenipdi. Şol sebäpden hem oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalarda 3,5 mln gowrak hakyna tutma işçiler jemlenipdi.

1867-nji ýylyň ylalaşygyndan soň 70 ýyllarda Awstriýada birnäçe reformalar geçirildi. Ilki bellemeli zat ol hem bu döwürde Awstriýa milleti gutarnykly emele geldi. Imperiýanyň iki toparynda-da Awstriýada-da, Wengriýada-da ýurduň syýasy durmuşyny kämilleşdirmekde birnäçe çäreler geçirildi. 1868-nji ýylda “Milletler hakynda” kanun kabul edilip, onda wenger dili ýeketäk hökümet dili diýlip yglan edilýärdi, ol ähli döwlet edaralarynda, mekdeplerde hökmandy. Ondan bir ýyl öň 1867 ý. Wengriýanyň ilatynyň esasan Wengr madýarlar (taýpa) milli garaşsyzlygy talap etdiler hem-de Wengriýa korollygyny döretmäge girişdiler. 1873-nji ýylda saýlaw reformasy girizildi. Şoňa laýyklykda reýhstag parlamenti saýlawlary geçirilip, onuň düzüminde 220 awstriýalylar we 170 deputat-çehler, polýaklar bardy.

Umuman imperiýa şertlerinde Awstro-Wengriýanyñ syýasy durmuşy gaty çylşyrymlydy.

1866-njy ýylyň awstro-prus urşunda Awstriýanyn ýeňilmegi Gabsburglar monarhiýasynyň wekillerini awstriýa hökümetiniň frank-prus urşunda gatnaşmagyny mejbur etjekdi. Emma ýurduň içerki milli we sosial gapma-garşylyklary hem-de Orsýediň howply duýdurmasy awstriýa hökümetiniň bitaraplyk ýagdaýynda bolmagyna getirdi.

1875-nji ý. başlanan serb çökgünligi we 1876-njy ýyldaky serb-türk urşy Orsýetiň rus hökümetini Awstro-Wengriýa bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmagyna alyp geldi. 1876-njy ýylda Awstro-Wengriýa bilen Orsýetiň arasynda Reýhstag ylalaşygy baglaşylýar, 1877-nji ýylyň Nowruz aýynda bolsa gizlin Budapeşt ylalaşygy baglaşýar. Şoňa laýyklykda rus-türk urşy başlanaýsa Awstro-Wengriýa bitaraplygy eýelemeli, Orsýet bolsa Awstriýa-Wengriýanyň bitaraplygy üçin Horwatiýany we Bosniýanyň bir bölegini bermäge razylyk berýär.

1878-nji ýylyň Berlin kongressi bolsa Bosniýa we Gersogowinany çäklendirilmedik möhlet bilen Awstriýa-Wengriýanyň ygtyýaryna bermegi ykrar edýär. Germaniýanyň Awstro-Wengriýa Balkandaky eýeçiliklerini goldamagy Awstro-Wengriýa bilen Orsýetiň gatnaşyklaryny erbetleşdirdi we 1879-njy ýylyň garaşsyzlyk aýynyň 7 awstro-german soýuzynyň emele gelmegine getirdi, bu bileleşik esasan Orsýete garşy gönükdirildi. 1881-nji ýylda Fransiýanyň Tunisi özüne tabyn etmegi, Frank-Italiýa gatnaşyklaryny ýitileşdirdi. Bu ýagdaý Italiýanyň, Germaniýanyň we Awstro-Wengriýanyň ýykgyn etmegine getirdi.

Netijede öň belleýşimiz ýaly 1882-nji ýylda Halili Awstro-german soýuzyna birikmegi üçler soýuzynyň emele gelmegine getirdi. Bu bileleşik bolsa I jahan urşunyň başlanmagyna getirdi. Imepriýanyň Awstriýa böleginde awstriýaly iri işewür adamlar Çehiýa milli topary bilen gapma-garşylyga geçýär. Çehiýa milli partiýasy Awstro-Wenger imperatory Frans Jositiň syýasaty bilen ylalaşmaýardy. Şol sebäpden hem 1867-nji ý. awstro-wenger ylalaşygyndan soň Çehiýa milli partiýasy Awstriýa reýhstagyna ýörite deklarasiýa bilen ýüz tutup onda Çehiýa hem Wengriýa berlen hukuklaryň berilmegi talap edilýärdi. Şol bir wagtyň özünde çehler eger-de Çehiýa syýasy garaşsyzlyk berilmese olaryň reýhstaga saýlawlara gatnaşmajagyny hem mälim edýärler. Awstriýa hökümeti çehleriň bu talaplaryny kanagatlandyrmady, gaýtam çehlere garşy jeza beriş hereketlerini amala aşyryp başlady. Praga gabaldy.

Çehiýa milli partiýasy resmi ýagdaýda çeh ilatyna ýüz tutup, awstriýa hökümeti bilen arasy ýitileşendigini mälim edýär. Bu döwürde Awstriýanyň ýagdaýynyň çylşyrymlaşmagynyň ýene-de bir sebäbi ol hem Polşa dworýanlarynyň garaşsyzlygy talap etmegi boldy. Şeýle ýagdaýda Awstriýa hökümeti Galisiýanyň çäginde polýaklara öz-özüni dolandyrmaga ygtyýar berdi, hem-de indi çeh oppozisiýasyna garşy polýaklar bilen bilelikde göreşmegi karar etdi. Emma tejribeli çehler topary şol döwürdäki imperiýa hökümetiniň başlygy Eduard Toffe bilen ylalaşyga başlady. 1880-nji ýylda Toffe çeh oblastlaryndaky sud we dolandyryş edaralarda nemes we çeh diliniň girizilmegine buýruk berdi. 1882-nji ýylda Praga uniwersitetinde okatmak çeh we nemes dilinde alnyp baryldy. Umuman Toffe geljekde Çehiýa ýerlerine özbaşdaklyk berip olary aýry döwlet etmegini maksat edinipdi. Emma çehleriň ykdysady durmuş ýagdaýy olaryň özbaşdak döwlet bolup aýrylmagyna mümkinçilik berenokdy, ondan hem başga bu döwürde ýaş çehler hereketi hem başlanypdy, olar “Omladina” guramasyny döredip esasan sosial-demokratiýa bilen ýakynlaşmagy wezipe edip goýupdy.

Awstriýada milli gapma garşylygyň ýitileşmegi şertlerinde imperatoryň häkimligi güýçlendi 1883-nji ý. kanuny boýunça ýurtda dini-katolik mekdepleri açmaga rugsat berýärdi. Bu bolsa Rim katoliki buthanasynyň täsirini güýçlendirýärdi. Şeýle hem hristian-sosialistler partiýasy, liberal partiýa we beýleki partiýalar döredildi.

Umuman XIX asyryň ahyrynda Awstro-Wengriýada iki monarhiýa dolandyryş ulgamy emele geldi we onuň häkimligi güýçlenip başlady.

XX asyryň başynda Awstro-Wengriýanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häsiýetli aýratynlygy ol hem imperiýada häli orta asyr gatnaşyklarynyň saklanyp galmagy, ýurduň syýasy gurluşynda hem çäksiz häkimligiň dowam etmegidi. Beýle ýagdaý Awstro-Wengriýanyň ykdysadyýetiniň ösen ýurtlardan has yza galandygyny görkezýärdi. Mysal üçin 1905-1907-nji ýyllarda ABŞ-da jan başyna kömürüň öndürilişi 4,87 t, Germaniýada 3,36 t bolan bolsa, Awstro-Wengriýada ol 0,8 t-dy ýa-da çoýunyň eredilişi 350 kg, 168,5 kg, 29,6 kg. Senagat imperiýanyň Aşaky Awstriýa, Çehiýa we Budapeşt böleginde jemlendi. Galan ýerde bolsa esasan çig mal öndürilýän ýerlerdi. Beýle ýagdaý öz gezeginde milli gapma garşylyklary ýitileşdirýärdi. Awstro-Wengriýa üçin bir taraplaýyn senagatyň ösüşi hem häsiýetlidi. Imperiýada harby-senagat çalt ösýärdi. Şonuň üçin hem Awstro-Wengriýada ilkinji iri hususy kärhana hökmünde demirmagdan konserni “Şkoda” döredildi. Şonuň bilen birlikde harby senagatyň gatnaşýan “Awstriýada Iloýd” deňiz jemgyýeti hem emele geldi. Emma Awstro-Wengriýa senagaty tutuşlygyna haýal ösýärdi. Şol sebäpden hem ýurduň daşkömür senagaty, çoýunguýujy zawodlary, demir ýollaryň bir bölegi “Şkoda” kärhanalarynyň käbirleri fransuzlar tarapyndan maliýeleşdirilýärdi ýa-da fransuz maliýelerine degişlidi. Imperiýanyň çäklerinde şeýle hem frank-pruss urşundan soň german maýa goýumlary hem höküm sürýärdi. German maýa goýumlary maşyn gurluşygynda, elektrotehnika senagatynda, nebit senagatynda, dokma senagatynda agalyk edýärdi. Şeýle hem XX asyryň başlarynda Awstro-Wengriýanyň çäklerinde daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýerleşdirilmegi ýurtda birnäçe banklaryň döremegine alyp geldi. Mysal üçin “Milli bank kreditanştalt” “Bodenkreditanştalt” banklarynyň Wena birleşigi we ş.m.

Şeýlelikde XX asyryň başynda Awstro-Wengriýanyň köpmilletli halky esasan daşary ýurt kapitalyna garaşly edilip goýuldy.

Awstro-Wengriýada milli mesele syýasy durmuşyň möhüm pudagydy. 1867-nji ýylyň ylalaşygy boýunça iki döwletiň ýagny Awstro-Wengriýanyñ ykdysady gatnaşyklary aýratyn şertnamada 10 ýyl möhlet bilen kesgitlenýärdi. Bu döwürdee umumy çykdajylar iki tarap üçin hem öňünden kesgitlenen möçberde bellenýärdi. 1897-nji ýylda Wengerler Awstriýa bankyndaky özygtyýarlyklaryny birneme deňleşdirilmegini talap etdi. Wengriýa Seýminde wekilçilik edýän Garaşsyz partiýanyň ýolbaşçylygynda wengerler wenger goşunynyň özbaşdaklygyny we onuň düzüminiň köpeldilmegini talap etdiler. Emma Wengerleriň talaby kanagatlanmady. Emele gelen ýagdaýda Awstriýada Badeniniň kabineti işden gitdi. Onuň ýerine Gausyň imperiýa kabineti döredildi. Umuman imperiýa konstitusiýa boýunça imperator parlament tassyklamazdan özi kanun çykaryp bilýär. Beýle ýagdaý wengerlere ýaramady. Wengriýanyň premýer ministri Sell Awstriýadan bölünip aýryljakdygyny mälim edýär, beýannama berýär. Şeýlelikde ýene-de milli göreş güýçlenýär, ony gowşatmak üçin imperator 1897-nji ýylda birnäçe kanunlar kabul edýär.

XX asyryň başynda Awstriýanyň syýasy durmuşynda birnäçe partiýalaryň işeňňirligi artyp başlady. Olaryň has täsirlisi Awstriýa sosial-demokratik partiýasy (1889 ýylda döredilen) hristian partiýasy.

Awstriýanyň welaýatlarynda 1908-10-njy ýyllarda milli hereket güýçlendi. Onuň esasy sebäbi hem köpmilletli Awstriýa imperiýasy bu döwürde Germaniýa bilen has içgin ýakynlaşyp başlaýar. 1908-nji ýylda Germaniýanyň uly basyşy netijesinde Awstriýa Türkiýe bilen Solonikä çenli demir ýol geçirmäge şertnama baglaşýar, ol Germaniýa üçin gerekdi. Şol ýylda Bosniýa we Gersogowina Awstriýa söz bilen güýç bilen birikdirilýär. Bu ýerlerde Awstriýanyň düzgüniniň girizilmegi Awstriýa-Wengriýada milli meseläni çylşyrymlaşdyrýar. Slowakiýanyň, Horwatiýanyň, Bosniýa we Gersogowinanyň halklary syýasy taýdan birleşmek maksatlaryny öňe sürýärler, ýagny günortada slowýanlar döwletini döretmäge synanyşyp başlaýar. Emma Wenger hökümeti bu welaýatlarda harby-polisiýa düzgünini has berkidýär.

Şeýlelikde eýýäm 1912-13-nji ýyllarda Awstro-Wengriýadaky milli azatlyk hereketi giň gerim bilen barýardy. Emma olar netijesizdi, sebäbi birinjiden imperiýanyň düzgüni gaty berkdi, ikinjiden milli özbaşdaklyk hereketine ýolbaşçylyk edýän syýasy partiýalaryň arasynda hem agzalalayk emele gelipdi, üçünjiden häli slowýan halklary özüniň aň-düşünjesiniň derejesi boýunça Ýewropadaky ösen ýurtlaryň halklaryndan gaty gowşakdy.

Umuman, I jahan urşunyň öňüsyrasynda Awstriýa-Wengriýada içerki syýasy çökgünlik ösýärdi. Şol döwürde Awstriýa imperatory Frans Jositiň mirasdüşeri Ersgersog Frans Ferdinand Awstriýa-Wengriýanyñ gowşap dargap başlamagynyň öňüni almak üçin döwletiň düzüm böleklerinde özgerişler geçirip, onuň çäklerini giňeltmegi wezipe edip goýdy. Ýagny indi Awstriýa, Wengriýa, Çehiýa birikdirildi. Şonda ykdysady taýdan ösen Çehiýa Wengriýanyň ornuna geçmelidi, ol öz gezeginde slawýanlaryň milli hereketine päsgel berip ilki bilen çehleri wengerlere garşy goýmaga mümkinçilik bererdi.

Umuman Awstro-Wengriýadaky geçirilýän çäreleriň aglaba bölegi jahan urşuna taýýarlygy aňladýardy.