Atabaý Çargulyýew

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

AtabayCarygulyyew.jpg

Atabaý Çargulyýew —Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi. Ol 1958-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Gäwers etrabynyň Gämi obasynda gullukçy maşgalada eneden boldy. Atabay Çarygulyyewin hakyky ady Hojanazar’dyr.

Ýaşlyk ýyllary[üýtget | edit source]

Atabaý gündizine hojalyk işlerine kömek edip, agşamlaryna bolsa medeniýet öýünde aýdym- saz öwrenýär. Onuň zehini güýçli bolansoň, heniz ýaşka aýdym aýtmaga-da, saz çalmaga-da ökdeleýär. Soňra ol konsertlerde çykyş edip özüni tanadyp ugrady. Ol Türkmenistanda geçirilen "Ala gaýyşly" aýdym-saz festiwala gatnaşyp, birinji derejeli diploma eýe bolýar.

Zähmet ýoly[üýtget | edit source]

Atabaý ilki "Arzuw" diýen aýdym saz toparynda, soňra bolsa "Alemgosar", ansamblynda işleýär. Atabaýyň şirin owazyny daşary ýurtda ýaşaýan türkmen doganlarymyz hem höwes bilen diňleýärler. Bagşynyň Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti SaparmyratTurkmenbaşa bagyşlap döreden "Serdara kuwwat diläliň" diýen aýdymy diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy we ol aýdym her baýramçylyk konsertlerde ýaňlanyp durýar.

Saparmyrat Türkmenbaşy ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny göz öňünde tutup, Atabaý Çarygulyýewe Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ady dakdy.


Aýdymlary we diskografiýasy[üýtget | edit source]

Atabaý Çarygulyýewiň türkmen halkynyň arasynda höwes bilen diňlenilýän aýdymlary kän[1]. Olaryň 200-den gowragy Türkmenistanyň internet aýdym arhiwi bolan Aydym.com saýtynda giňişleýin görnüşde ýerleşdirilen. Olardan käbirleriniň sanawy:


Atabaý Çarygulyýewiň aýdymlary ýaş türkmen aýdymçylary tarapyndan hem gaýtadan işlenilip aýdylýar. Onuň iň köp täzeden işlenilip aýdylan aýdymy Amangül. Amangül aýdymyny Akyş Saparow, Wepa Geldiýew, Azat Dönmezow, Begenç Esenow tarapyndan aýdyldy.

Aradan Çykmagy[üýtget | edit source]

Atabaý Çarygulyýew 2009-njy ýylyň 21-nji martynda aramyzdan aýryldy.


Salgylanmalar[üýtget | edit source]

  1. Aydym.com - Iň köp diňlenen aýdymlar - 2020. Aşgabat/Türkmenistan.