Mazmuna geçiň

Atçylyk sporty döwrüň batly gadamlarynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hormatly Prezidentimiziň: “Biz milli buýsanjymyza öwrülen, gözelli bilen haýran eden tohum atlary ösdürip ýetişdirmek, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerimizi dowam edip, ýaş nesillerimize geçirmek, olarda atçylyga bolan söýgini artdyrmak ugrunda geljekde hem alada ederis” diýen danaýy pähimlerinden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy we ykbaly has-da belende göterildi. Biziň ata-babalarymyz geçmişde kämil gymmatlyklaryň ençemesini döredipdir we olary şu güne çenli aýap saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler. Türkmen aty, nepis halysy, dutary, ak bugdaýy, alabaý iti- bularyň hemmesi halkymyzyň maddy gymmatlyk derejesine çykaran balygydyr. Bedew atyň waspy türkmen taryhynyň ähli döwürlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Oguz han, Gorkut ata we beýleki bençeme görnükli söz ussatlarymyz hem bedew at barada dürdäne sözleri we setirleri aýdypdyrlar. Bu makalada ahalteke bedewiniň gelip çykyşy, ol bilen bagly taryhy wakalary, edebiýatymyzda taryp edilşi, at üstündäki milli oýunlarymyz we medeniýet, sungat äleminde bedew atyň orny bilen maglanyşykly maglumatlary toplamaga, şeýle-de toplan maglumatlarymyzy bir ýere jemläp ýazmaga çalyşdyk. Oň netijesinde şol jemlenen maglumatlardan ýene birnäçesini agzap geçmegi makul bildik. Türkmenler geçmişde özleriniň ýyndam bedewlerine dürli atlarydyr lakamlary dakypdyrlar. Ol asylly ýörelge bolsa biziň günlerimizde-de dowam etdirilýär. Mete hanyň Doratynyň, hezreti Alynyň Düldüliniň, Salyr gazanyň Goňuratynyň, Jelaleddin Meňburunyň Gyratynyň, Togrul begiň Akguşynyň, Çagry begiň Garaguşunyň we beýleki bedewleriň atlary taryhy ýazgylarda saklanyp galypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde, halkara derejeli stadionlar, sport desgalary we atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmakda, ýaşlarymyzda behişdi bedewlerimize bolan söýgini döretmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda her ýyl türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň geçrilmegi, dal bedewleriň şanyna döwlet derejesinde uludan toý tutulmaklygy aýdylanlary doly tassyklaýar. Ynsan bedenini taplaýan hem-de ruhuny göterýän, egsilmez güýç-kuwwat berýän, adamda maksadokgunlylygy döredýän, işlemäge, ýaşamaga bolan höwesi oýarýan şeýle-de saglygyny dikeltmegine atçylyk sportunyň ähmiýeti uludyr. Bedewlerimiz atçylyk sportunyň oýunlarynyň ähli görnüşleri boýunça-da uly ussatlyk görkezýärler. Olara iň ýokary baýraklar goýulýar we bu oýunlara olar ýaş aýratynlyklary boýunça saýlanyp alynýar. Atçylyk sportunyň bir görnüşi at çapyşygydyr. At çapyşygynda atlaryň geçmeli aralygy ilkinji gezek Angliýada işlenip düzülipdir. Ahalteke bedewleriniň rekord ýyndamlygy erkin çapyşyklarda: iki ýaşlaryňky 1000 metr- 1minut 03,5 sekunt, üç ýaşar 2000 metre – 2 minut 11,5 sekunt, 2400 metre -2 minut 42 sekunt. Bütin dünýäde giňden ýaýran atçylyk sportunyň ýurdumyzda barha ýaýbaňlandyrylýan dňwründe paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýaz we güýz pasyllarynda atçapyşyklary, at üstündäki oýunlar dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Atly gezelençler beden saglygynyň berkemegine, keýpiçaglyga, göwnüňi galkyndyrmaga uly täsir edýär. At münmek arkaly bejeriş, atly ýöriş etmek (ippoterapiýa) usuly ençeme keselleri bejermekde uly ähmiýete eýedir. Bu usul akyl we ruhy, bejeriş – dikeldiş täsirlerini özünde jemleýär. Şeýle-de, ol semizligiň öňüni almaga, göwräňi dik tutmaga, syratly bolmaga, özüňi ynamly duýmaga, işjeň we ünsli bolmaga, sussupesligi ýeňmäge hemaýat berýär. Mundan başga-da atly gezelenç etmek, atyňy atlanyp, tebigata seýle çykmak, görüşi, eşidişi, ys alşy türgenleşdirýär we ganda şekeriň derejesini peseldýär. Ine, şu zatlary nazarda tutan Milli Liderimiz ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga çekmekde, milli at üstündäki oýunlary oýunlary gaýtadan dikltmekde ägirt uly işleri dumuşa ornaşdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylygyň ösdürilmegi hemişelik üns merkezinde saklanýar. Ady rowaýata öwrülen bedewler häzirki döwürde hem halkymyzyň aýratyn buýsanjydyr, milli gymmatlygydyr. Türkmeniň bedew ata bolan söýgüsi oňa gan bilen girendir. Asyl ganynda bürgüt mysal uçar türkmen bedewlerine çäksiz söýgüni, uly yhlasy biz hut hormatly Prezidentimiziň mysalynda görüp bilýäris. Mähriban Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda öz ornuny mynasyp tapan “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz ” atly kitaby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu kitapda ahalteke atlarynyň gelip çykyşy, taryhy ösüş ýoly, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, dünýä atçylyk medeniýetinde tutýan orny we maddy gymmatlyk dogrusynda giňden beýan edilýär. Biz talyp ýaşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny dünýä ýaýmakda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Kerim Narbayew , Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby. Kod 023215452