Ardaşir I

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Ardaşir I

Ardaşir I — Ärsakylar döwründe Parsda Bazrangidler nesilşalygy dolandyrypdyr. Olaryň iň soňky patyşasy Goçihr bolupdyr. Parsyň paýtagty Istahr şäheri bolupdyr. Pars birnäçe kiçi böleklere bölünipdir. Şeýle satraplyklaryň birine ýolbaşçylyk eden, Sasanylar nesilşalygyndan bolan Papak 208-nji ýylda patyşa Goçihrany öldürip häkimiýeti ele alýar.222-nji ýylda Papak aradan çykansoň onuň ogly Ardaşir goňşy welaýatlar bolan Kermany, Huzistany we başgalary basyp alýar. Soňra uly goşun toplap,Parfiýa patyşasy Artaban V garşy urşa başlaýarlar. Aýgytlaýjy söweş 224-nji ýylda Midiýada Ormizda düzlüginde bolup geçýär.[1] Bu söweşde Ardaşir Parfiýa goşunlaryny derbi-dagyn edýär.Taryhy maglumatlara görä, Ardaşir Artaban V ýesir alyp öldüripdir. Ardaşir häkimiýeti ele alansoň Oňki dagynyk Parfiýanyň ýerine merkezleşen Sasanylar döwleti emele gelýär. Ardaşir I 226-njy ýylda "patyşalaryň patyşasy" diýen at berilýär. Döwletiň paýtagty Tigr derýasynyň boýundaky iki şäher Ktesifon-Selewkiýa bolýar. Şeýlelikde Ardaşiriň öňünde özbaşdaklygyny alan ýa-da ýarym patyşalyklary bir ýere jemlemek meselesi ör boýuna galýar. Döwletiň çäklerinde Arsakylar hökümdarlygyny goldaýan satraplyklar hem az bolmandyr. Artaban V ogly Artabaz öz kakasynyň tagtyny yzyna gaýdyp almaklyga synanyşypdyr.Ony birnäçe satraplyklar goldapdyr.Muňa onuň öz adyndan 227-nji ýyla çenli pul çykarmagy subutnamadyr.[1]


Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

  1. 1.0 1.1 A. Gubaýew, Ý. Orazgylyjow, T. Sahydow. Türkmenistanyň taryhy (iň gadymy döwürden VII asyra çenli). Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin synag okuw kitaby. Aşgabat, 2010. s.299.