Amyderýa goraghanasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Amyderýa türkmen döwlet tebigy goraghanasy sahypasyndan gönükdirildi)

Amyderýa döwlet goraghanasy 1982-nji ýylda Amyderýanyň orta akymynyň hem-de ýakyn ýerleşýän çöllük ýerleriň ekologik ulgamlaryny öwrenmek, goramak we öňki derejesine getirmek maksady bilen döredildi. Ol Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap, Darganata we Seýdi etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Goraghana üç bölekden: sag kenarda Gyzgala-Nargyz, çep kenarda Görelde we Gabakly böleklerden durýar. Goraghananyň häzirki meýdany 49,5 müň ga. Goraghananyň garamagynda Kelif döwlet aw zakaznigi bar. Ol 1970-nji ýylda döredildi. Onuň meýdany 103 müň gektar. Zakaznigiň haýyrly ýerleri guşlaryň höwürtgelemegine, gyşlamagyna we olaryň 200-den gowrak görnüşiniň göçüş döwri düşlemegine uly ýardam edýär.

Goraghanada jülgeli we arnaly tokaýlyklar, gyrymsy agaç ösümlikleri bilen örtülen we ýarymörtülen ulgam-depeli çägeler, aklaň çägeler, şorluklar gowy görkezilendir.

Goraghananyň çägine Amyderýanyň suw ýüzüniň bölegi hem girýär. Şeýle-de bu ýerde sil suwundan ýygnalýan wagtlaýyn suw howdanlary hem bar.

Goraghananyň bölekleri Turan pesliginiň Demirgazyk Landşaft raýonynyň çöl zolagynda ýerleşýär we yssy, gurak howasy bilen häsiýetlendirilýär. Goraghana golaý ýerlerde howanyň ortaça temperaturasy ýyl boýunça +10° dan demirgazyga, +15° günorta çenli bolup, absolýut minimumy - 31° we maksimumy +45° bolýar. Iýul aýynyň ortaça temperaturasy +29°, ýanwaryňky 0,40 bolýar. Gar örtügi 5-8 sm. galyňlykda örän seýrek bolýar we 10 günden köp durmaýar. Şemalyň ýagdaýy ýylyň bütin dowamynda ýokarlygy bilen häsiýetlendirilýär, tozanly tupan ýylyň dowamynda 19-20 gün, kä wagtlar ondan hem köp bolýar.

Goraghana döredileni bäri ýokary derejeli ösümlikleriň 200-e golaý görnüşi aýan edildi. Tokaý florasy garyplygy bilen tapawutlanyp, bu ýerde bary-ýogy ösümlikleriň 86 görnüşi anyklanyldy, olaryň diňe 15 görnüşi adatydyr.

Amyderýanyň kanallaryň, kollektorlaryň suwunda balyklaryň 44 sany görnüşi ýaşaýar, olardan bekre balygy, uly we kiçi amyderýa pilburny, çortan şekilli akmarka Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Pilburun we bekre balyklary Tabigaty goramagyň halkara soýuzynyň Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Ýerde we suwda ýaşaýanlaryň goraghanada iki görnüşi bar - ýaşyl gurlawuk we köl gurbagasy. Goraghananyň faunasynda süýrenijileriň 28 görnüşi bolup, olar esasan çöl ýerlerde duş gelýärler. Olaryň içinde sähra pyşdyly, sähra hažžygy, gum patmasy, torjumak suwulgany, okýylany köpsanlydyr. Ýurdumyzyň iň uly suwulgany, - zemzen we göklors Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Süýdemdirijiler 41 görnüşden ybaratdyr. Toýnaklylardan tokaýda ýabany doňuz we buhara suguny, çölde - keýik ýaşaýar. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizldi, şeýle hem buhara suguny Gyzyl kitabyna girizildi. Haçanda bahar aýlary çöllerde ýaňy otlar gögerip başlanda, doňuzlar we sugunlar çöle çykýarlar. Goraghananyň territoriýasynda goragyň netijesinde buhara sugunynyň sany durnuklylygyna galýar we olaryň sany 30-40 aralygynda üýtgäp durýar. Ýyrtyjy süýdemdirijilerden şagal, tilki, torsuk, sähra pişigi, alajagözen adatydyr, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen garagulak we segaby hem bu ýerde duşýar. Gemrijilerden sany boýunça alakalar we öý syçany köpdür. Uly, ikindi we gyzyl guýruk alakalary, esasan çölde duşýar, tokaýda köp bolmadyk ýylgyn alakasy ýaşaýar. Şeýle-de beýleki çöl ýaşaýjylary - ýumran, tüýlek aýakly atýalman hem adatydyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen hindi oklykirpisiniň sany örän azaldy. Towşan giň ýaýrandyr. Mör-möjek bilen iýmitlenýän süýdemdirijilerden gulakly kirpi tokaýda ýaşaýan kiçi uzuntumşuklyja, çöl ýaşaýjysy alasyçan adatydyr. Goraghananyň territoriýasynda göçýän ýarganatlardan - çypar agşamçy tapyldy. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.