Alty Garlyýew
GARLYÝEW Alty (06.01.1909–1973, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Ikinji Babadaýhan obasy). – aktýor, dramaturg, kinorežissýor. SSSR-iň halk artisti (1955), Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi (1966, 1976). SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzasy (1939), SSSR Kinematografiýaçylar birleşiginiň agzasy (1957). A.Garlyýew 1929-njy ýylda Türkmen milli drama teatrynyň studiýasyny, 1931-nji ýylda bolsa häzirki Azerbaýjan döwlet medeniýet we sungat uniwersiteti bolan Baku teatr tehnikumynyň režissýorlyk bölümini tamamlaýar. 1931–1938-nji ýyllarda Türkmen döwlet drama teatrynda (häzirki Baş drama teatry) aktýor hem režissýor bolup zähmet ýoluna başlaýar. «Pitnede» Furmonowyň, W.Kirşonyň «Ýeller şäheri» atly oýnunda Listikowyň, «Lýubow Ýaraowaýada» Ýarowaýyň, «Derňewçide» Hlestakowyň, «Iki hojaýynyň hyzmatkärinde» Trufaldinonyň, «Garakçyda» graf Karl Mooryň, «1905-nji ýylda» Aýwaz Asrýanyň, «Kelde» Keliň keşplerini döredýär. Ol şol ýyllarda «Aýna», «1916-njy ýyl», «Japbaklar», «Başlyk» atly drama eserlerini ýazýar. XX asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap A.Garlyýew režissýorçylyk bilen meşgullanyp başlaýar. Ol Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda režissýor hökmünde «Pagta», «Aýna», «16-njy ýyl», «Japbaklar», «Başlyk» ýaly oýunlary sahnalaşdyrýar. 1941-nji ýylda ol opera we balet teatrynyň baş režissýory bolýar. Opera we balet teatrynda işlän döwründe A.Garlyýew «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr» operalaryny sahnalaşdyrýar. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda uly üstünlik bilen görkezilen «Magtymguly» operasynyň hem awtorydyr. Kino sungatyndaky döredijilik ýoluna 1935-nji ýylda başlan Alty Garlyýewiň döreden gahrymanlary şadyýan, täsirli milli öwüşgine bürenen keşplerden ybarat bolup durýar. 1937-nji ýylda Alty Garlyýew «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe geçýär. Işe geçen badyna-da ol «Sowet watançysy» çeper filmde surata düşüp başlaýar. Ol bu çeper filmde Kelhan bilen Tanakanyň keşbini ýerine ýetirýär. «Mosfilmiň» režissýory W.Pronin tarapyndan Gyrgyzystanda «Saltanat» filminde A.Garlyýew Saltanatyň adamsy, sürüji Alynyň keşbini ýerine ýetirdi. Soňra ol «Maşgalanyň namysy» filminde Baýramyň, «Dursun» filminde Nurynyň keşbini ýerine ýetirmek bilen kino sungatyna çynlakaý aralaşýar. A.Garlyýew kinoda on üç sany keşbi ýerine ýetirdi. Olar: Kelhan-Tanaka («Sowet watançysy»), Nury («Dursun»), Çary («Prokuror»), Aldar köse («Jadyly dür»), Kerim («Uzakdaky gelinlik»), Gadam («Çopan ogly»), Aly («Saltanat»), Baýram («Maşgala namysy»), Mergen («Aýratyn tabşyryk»), Tahyrow («Aýna»), Gully han («Aýgytly ädim»), Çary («Derýanyň aňyrsynda serhet») hem-de Sarman aga («Mukamyň syry») filmlerindäki keşplerdir.[TÜRKMENISTANYŇ GÖRNÜKLI TEATR, KINO WE SIRK ARTISTLERI Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2022 1]
A.Garlyýewiň kino sungatynyň ösmegine goşan goşandy uludyr. Ol «Uzakdaky gelinlik», «Aýratyn tabşyryk», «Aýgytly ädim», «Magtymguly», «Derýanyň aňyrsy serhet», «Mukamyň syry» ýaly filmlerini tomaşaçylara hödürledi. A.Garlyýew «Lenin» we «Zähmet Gyzyl baýdak» ordenleri, birnäçe medal hem-de Türkmenistanyň hökümetiniň Hormat hatlary bilen sylaglanýar.[TÜRKMENISTANYŇ GÖRNÜKLI TEATR, KINO WE SIRK ARTISTLERI Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2022 2]
Sitirleme säwligi: "TÜRKMENISTANYŇ GÖRNÜKLI TEATR, KINO WE SIRK ARTISTLERI Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2022" atly topar üçin <ref> tegleri bar, emma degişli code><references group="TÜRKMENISTANYŇ GÖRNÜKLI TEATR, KINO WE SIRK ARTISTLERI Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2022"/> tegi tapylmady