Akmyrat Hojanyýaz
| Akmyrat Hojanyýaz | |
|---|---|
![]() | |
| Käri | Şahyr, ýazyjy |
| Doglan senesi | 22.07.1960 |
Akmyrat Hojanyýaz (Doly ady: Akmyrat Gurbangeldiýewiç Hojanyýazow). 1960-njy ýylyň 22-nji iýulynda Halaç etrabynyň Pelwert obasynda dünýä indi. 1981-nij ýylda W.I.Lenin adyndaky pedagogik (häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk) institutynyň taryh-filologiýa fakultetini türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlandan soň, öz bilim alan mekdebinde ýaşlara sapak berdi.
Döredijilik ýoly - eserleri
[düzet | çeşmäni düzet]Ykbalyny döredijilige ymykly baglamak maksady bilen, Aşgabada geldi. “Sowet Türkmenistany” (soňra “Türkmenistan”), “Edebiýat we sungat”, “Nesil” gazetlerinde habarçy, uly habarçy, bölüm müdiri, baş redaktoryň orunbasary ýaly, dürli wezipelerde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň referenti bolup işledi. Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji harby neşiriniň döredilmegi bilen, “Esger” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi. Häzirki wagtda “Türkmenistan” gazetiniň bölüm redaktory[1].
Akmyrat Hojanyýazyň goşgular ýygyndylary[2], şeýle-de syýasy-publisistik makalalaryny öz içine alýan ýygyndylary dürli ýyllarda “Magaryf”, “Türkmenistan” neşirýatlary tarapyndan çap edildi. Onuň terjime etmeginde Gündogaryň beýik akyldarlary Hoja Ahmet Ýasawynyň, Möwlana Jelaletdin Rumynyň, Nyzamy Genjewiniň, Feridetdin Attaryň, Hafyzyň, meşhur awar şahyry Resul Gamzatowyň we beýlekileriň eserleri türkmen okyjylaryna ýetirildi.[3][4]
"Watan hakynda aýdym" eseri
[düzet | çeşmäni düzet]Şahyryň, "Watan hakynda aýdym" atly kitaby 2019-njy ýylda okyjylar köpçüligine ýetirildi. [5] 5 müň nusgalykda çapdan çykan bu kitap «Ýurdum, beýik Ogluň bar!», «Öz ýurdum», «Dolanmak», «Diňe söýgi bilen...», «Dünýäniň işi», «Kiçijik goşgular», «Ýa, Jelil!» atly bölümlerden ybarat bolup, olarda şahyryň dürli ýyllarda ýazan goşgulary ýerleşdirilipdir. [6]
Aydym.com internet saýtyna görä, 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ilkinji aýlaryna Akmyrat Hojanyýazyň "Watan hakynda aýdym" kitabyndan öz sesi bilen okan "Watannama" goşgusy Türkmenistanda iň köp diňlenýän goşgy diýip hasap edildi[7].
"Watan hakynda aýdym" eserinden öz okan goşgularyndan iň köp diňlenýänleri:
- Watannama
- Berkden bolarmy
- Men munda
- Bihabar Archived 2021-01-31 at the Wayback Machine
- Ody öçmesin ojagyň..
- Essalowmaleýkim...
- Agla janym..
- Seni söýýänimi dostuma aýtdym..
- Gözlerim kör bolsa, bilgin...
- Bu zatlaryň şeýle bolýandygyna ...
- Seni hiç kim mençe söýmez
- Ýaşyk keteniňi geçip çyksana...
- Jan bilen ten bir bolmasa
- Sazlaryna melul eden gazlaryň...
- Beýiklik diýen zat...
- Dessan ýalysyň...
- Söýmän oňaryn
"Özüň bolup ýaşamak" eseri
[düzet | çeşmäni düzet]Ussat žurnalist Akmyrat Hojanyýazyň «Özüň bolup ýaşamak» atly täze kitaby 2023-nji ýylda neşir edildi. [8] 5 müň nusgalykda çap edilen kitaba awtoryň soňky ýyllarda ýazan makalalarynyň, goşgularynyň diňe bir bölegi girizildi. Olar, esasan, syýasy-publisistik eserlerdir. Türkmenistandaky uly wakalardan, taryhy özgertmelerden, döwrüň möhüm meselelerinden, gadymyýetiň yzlaryndan söz açýan, awtoryň özboluşly pikir-garaýyşlaryna, pelsepesine ýugrulan eserler okyjylarda uly täsir galdyrar diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.[9]
Kitabyň «Hyzmatlaryň ulusy Watana hyzmatdyr», «Göwün göwünden suw içer», «Sag başym — soltan başym» atly bölümlerinde syýasy-publisistik we edebi makalalar, «Ýoluň açyk bolsun, Türkmenistanym!» atly bölüminde bolsa şahyryň soňky ýyllarda döreden goşgularynyň ençemesi ýerleşdirilipdir. [10] [11]
Döwlet sylaglary
[düzet | çeşmäni düzet]Ol
- Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň,
- “Watana bolan söýgüsi üçin”,
- “Gaýrat” medallarynyň,
- “Galkynyş” ordeniniň eýesi,
- Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi.
Salgylanmalar
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2020-10-01. Retrieved 2021-02-07.
{{cite web}}: Unknown parameter|dead-url=ignored (|url-status=suggested) (help) - ↑ https://serhetabat-dovletabat.gov.tm/makala/5478
- ↑ https://turkmenportal.com/tm/blog/19544/shahyr-akmyrat-hojanyyazowyn-taze-kitaby-chapdan-chykdy
- ↑ "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2021-02-14. Retrieved 2021-02-07.
{{cite web}}: Unknown parameter|dead-url=ignored (|url-status=suggested) (help) - ↑ https://books.google.tm/books/about/Watan_hakynda_a%C3%BDdym.html?id=pgYxzAEACAAJ&redir_esc=y
- ↑ "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2020-06-02. Retrieved 2021-01-26.
{{cite web}}: Unknown parameter|dead-url=ignored (|url-status=suggested) (help) - ↑ "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2021-01-24. Retrieved 2021-01-27.
{{cite web}}: Unknown parameter|dead-url=ignored (|url-status=suggested) (help) - ↑ https://jeyhun.news/tk/lebap-welayat-kitaphanasyna-taze-kitaplar-gelip-gowusdy/
- ↑ https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/magazines/25/articles/114955[permanent dead link]
- ↑ https://politehnikum.edu.tm/habarlar/1488
- ↑ https://turkmenportal.com/tm/news/65720-turkmen-shahyry-akmyrat-hojanyyazyn-ozun-bolup-yashamak-atly-taze-kitaby-neshir-edildi-
