Adamyñ geçmişi.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Adamyñ geçmişi nähilidir? Yagny ilkinji adam nädip orta çykandyr? Ewolyusionistleriñ öñe sürüşi yaly pes gurluşly organizmlardan birgiden basgançaklary geçirip hasyl bolan bir tebigat eserimidir? Yada belli bir plan we programma görä öz gurluş ayratynlygy bilen Ýaradylan bir jandarmydyr?

Aslynda adamyñ geçmişi bilen bagly gözlegler heniz tamamlanmady. Bu barada birbirine garşydaş düşünjeler öñe sürülyär, yada öñe sürülen subutnamalara birnäçe şekilde baha berilyär. Şonuñ üçinem bu bölümde dürli düşünjelere yer berlip, tankytlary edilendir.

Oligosen döwrüne degişli ýazgylar.

Oligosen döwrüne degişli yazgylaryñ azlygy, bar bolan ýazgylaryñ bolsa esasan dişleri dökülen äñler we böleklenen kelle süñklerinden ybarat bolmagy, bular barada anyk we kesgitli karar bermegi kynlaşdyrýandyr.

Parapitekler baradaky maglumat Müsürde tapylan bir äñ süñkünden ele geçirildi, bu galyndynyñ ki azy dişi bardyr. Munuñ şuwagtky gadymy dünyä maymynlaryny hem-de adama meñzeş maymynlary we adamyñ atasyny hasyl edendigi öñe sürülyär. Yöne bu barada birgiden pikire duş gelmek mümkin, çünki Oligosen döwrüne degişli ýazgylar hem örän yetersiz, hemde haysy janly toparyna degişlidigi jedellidir.

( Guyer, M.F. Animal Biology. New York. Harper; Brothers, London. 1937.)

Oligosen döwrüne degişli galyndylar gerek bugünki maymynlaryñ, gerek Antropoidlaryñ ata babalary bilen bagly açyk maglumatlar bermeyär. Bu döwre degişli ýazgylaryñ käbir ayratynlyklary tarapyndan maymynlara giden yol üstündedigi pikir edilyär.

Miyosen döwrüne degişli yazgylar.

Bu döwre degişli diylip kabul edilen yazgylary Dryo­pit­he­cinae maşgalasynda toplamak mümkin. Bu toparyñ günümüzdäki Pongidae (Pongidler) ve Hominidae (Gominidleriñ) ata babalaryny emele getirendigine ynanylýar.

Dryopithecus’lar (Driopitekler) Yewropa we Asiada tapylandyr . Afrikada tapylanlar Dryopithecus africanus (Prokonsul), Prokonsul nýanzae ve prolonsul Majordyr.

Yewropa we Asiada tapylanlar bolsa Driopitek Fon­tani, Driopitek sivalensis ve Driopitek Pun­jabicus atlary bilen bellidir.

Bu topardan gominid maymynlar diylip atlandyrylan orangutan, şempanze, gorilla we adamyñ emele gelendigi öñe sürülyär.

Ramapitek.

Eñek süñkünden bilinen we Pliyosende yaşandygy pikir edilen Ramapitek "Maymyn adam" hökmünde hasaplanyp,  Dryopithecusdan (Driopitekden) emele gelendigi öñe sürüldi.

Bir gominid hökmünde kabul edilen Ramapitek bilen Driopitege degişli iki görnüşiñ dişleri üstünde 24 sapar dürli ölçegler geçirilip, ele geçilen maglumatlar Liberiyada meñzeş görnüşlerden şempanzeleriñki bilen deñeşdirilendir. Şol barlagda yigrimi dört ölçegden 14-i şempanzeleriñkiden has kiçi, birisi deñ, dokuzam has uly görnüşde çykypdyr. Netijede yaşayan şempanzeleriñ diş ölçegleri arasyndaky tapawudyñ Dryopitek bilen Ramapit­ek arasyndaky tapawutdan has köpdügi görülendir.

( Pilbeam,D.R .Nature. 1968, Vo1.219 p.1335. Eckhard, R.B. Population Genetics and Human Origins. Scientific American. 1972, Vol.226.)

Diñe diş ayratynlyklaryna dayanyp Rama­pitegiñ gominid toparyna degişli edilmegi onuñ yagdaýyny jedelli hala getirendir. Hemem Efiyopiyada beyik yerlerde yaşayan bir bir babuin görnüşi bolan "Teropitek gelada" hem kesiji dişlere we Afrika maymynlaryna garanyñda kiçi öñ dişlere eyedir. Gowy yapyşan we könelen gapdal dişleri, güyçli çeýneme myşsalary we ýalpak yüzi bardyr. Adama meñzeyän beyleki alamatlaram Ramapit­ek ve Awstralopitek bilen deñdir. Jolly, C.J. Man. 1970, Vol.5. p.5.Pilbeam,D.R. Gigantopithecus and Origins of Hominidae. Nature. 1970,  Vo1.225. p.518.)

Umuman Ramapithecusuñ ( Ramapitegiñ) bir gominid däldigi, bu yazgynyñ morfologiki, ekologiki we özüni alyp baryş tarapyndan beyleki ösen maymynlardan şempanze yada gorilla meñzeşdigi bildirilyär. Munuñ dik yöreyändigine degişli delil hem yokdur. ( Shipman, P. Baffling Limb on the Family Tree. Discover, 1986, September Eckhard, R.B. Population Genetics and Human Origins. Scientific American. 1972, Vol.226.)

3. AustralopIthecus  (Awstralopitek)

Awstralopitekler gündogar Afrikada Luis Likki we başgada köp kişi tarapyndan tapylan dürli galyndylara berilen atdyr. Dart tarapyndan tapylan galyndylar Australopithecus africanus (Afrika awstralopitegi) diylip atlandyryldy, has soñlary Zindžantrop,  Parantrop, Pleisanthropus, Telanthropus ve Homo ha­bi­lis­ler hem bu topara degişli edilendir.

Ewolyusionistler iñ gadymy Awstralopitek görnüşiniñ A. afarensisdygyny bellärler, mundan soñra bolsa A. africanus bilen ondan uly süñklere eye bolan P. robustus geler.

Awstralopitekler 2-3 milyon yyl öñ yaşan bir gominid hökmünde kabul edilip, beyin göwrümi kãbir ösen maymynlaryñky yaly 500 cm3-dyr. Dişleri bolsa Ramapitegiñkä menzeşdir.

A. africanus 1924-nji yylda Dart tarapyndan Afrikada tapyldy. Kiçi diş, kiçi eñekli we inçe gurluşlydyr. Kelle göwrümi günümüzdäki adamyñ 3-de 1-i ýaly, yagny 500 cm3, yaşy bolsa 1,8-2,6 milyon yyl mundan öñdügi çak edildi.

Parantrop boýsa (zindžantrop) 1959-njy yylda Leakey tarayndan Tanzaniyada tapyldy. Örän galyñ dişli, galyñ eñekli, üst çekge süñkleri gorilla ve orangutanda bolşy yaly öñe çykan şekildedir. Ösen maymynlardan orangutan ve şempanze meñzeşdir, kelle süñki 500 cm3, yaşy hem 2 milyon yyl diylip takmyn edildi.

Awstralopitekleriñ kritikalary:

Geçmişe degişli galyndy materiallaryñ hemmesi diyen yaly bir bütinlik üpjün etmeyär. Yagny eldäki galyndy materiallary şol organizmyñ örän az bölegini düzyändir. Bärde başga başga organizmlara degişli galyndylaryñ, bir görnüşe degişlidigi pikir edilip bir ýere getirilen bolmagy hem ähtimal, ayratyn hem materiyalyñ ýaşyny anyklamakda örän uly yalñyşlyklara duş gelinyãr. Galyndy materiallaryna dayanyp organizmlar barada pikirler yöredilyän wagty yokardakylaryñ göz öñünde tutulmagy we kesgitli sözlerden uzak durulmagy gerekdir.

Awstralopitegiñ dik yöreyändigi pikiri Richard Leakey, Donald Johanson yaly ewolyusionist poleontologlaryñ birnäçe yyllap öñe süren pikirleridir. Yöne Angliya we Amerikadan meşhur iki anatom Solly Zuckerman ve Professor Charles Oxnardyñ Awstralopitek materiallary üstünde birnäçe yyllap geçiren jikme-jik barlaglary bularyñ dik yöreyän bir barlyk bolmadygyny görkezyär. A. africanus’uñ hem el, bilek, ayak, geriş we çanak süñkleri üstünde Oxnard ve Zuckermanyñ geçiren köp taraply istatistiki barlaglarynyñ netijesinde bularyñ adama däl, orangutan we şempanze meñzeşdigi bildirilyär. 

( Oxnard, C. University of Chicago Magazine, 1974, p.8-12.Zuckerman, S. Beyond the Ivory Tower. Toplinger Publ. Co.New York. 1970, pp. 11-12,64,75-94.)

Iñlis hökümediniñ kömegi bilen bäş hünärmenden duryan bir topar bilen bu janlylaryñ süñklerini 15 yyl boyunça barlan Lord Zuckerman Awstralopitekleriñ diñe bir maymyn görnüşidigi we kesgitli bir şekilde dik yöremeyändigi netijesine barandyr.

( Charles E. Oxnard, “The Place of Australopithecines in Human Evolution: Grounds for Doubt”, Nature, cilt 258, s. 389)

Kelle gurluşlary tarapyndanam bütin Awstralopitekler apeslara meñzeşdir.

Awstralopitekleriñ adamyñ atasy bolup bilmejegi soñky döwürlerde käbir ewolyusionist gurşawlar tarapyndan hem kabul edilyär. Belli fransuz bilim dergisi "Science et Vie" 1999-njy ýylyñ maý aýynda "Adieu Lucy” (Hoşgal Lucy) atly eser bilen Awstralopitek görnüşleriniñ adamyñ ewolyusion shemasyndan çykarylmalydygyny bildiryär.

Homo habilis.

Awstralopitegiñ skelet we kelle gurluşlarynyñ şempanzelerden tapawudynyñ örän az bolmagy we bu janlylaryñ dik yöreyändikleri pikiriniñem çüyredilmegi ewolyusionist paleontologlary kyn ýagdaýa salandyr. Çünki ewolyusion shemasynda Awstralopitekden soñra homo eructus geler. Şempanze meñzeş bolan Awstralopitekden Homo eructusa geçmek bolsa mümkin dãldir, ýagny geçiş formalary gereklidir. Homo habilis düşünjesi hem şol zerurlyk sebäpli 1960-njy yyllarda orta atylandyr.

Yöne welin 1980-nji yyllaryñ ortalaryndan soñra tapylan şol bir görnüşe degişli täze galyndylar, bu düşünjäni täzeden teswirletdi. Täze tapylan galyndy ýazgylaryna dayanyp Bernard Wood ve Loring Brace yaly hünärmenler bularyñ gural ullanyp bilyän adam manysyna gelen "Homo habilis" düşünjesiniñ yerine gural ullanyp bilyän Günorta afrika maymyny manysyna gelen "Awstralopitek habilis" diylip atlandyrylmagy gerekdigini bildirdi. Çünki homo habilis hem Awstralopitek ady berlen maymynlar bilen birgiden birmeñzeş alamatlara eýedir. Edil Awstralopitek yaly uzyn golly, gysga ayakly we maymyna meñzeş bir skelet gurluşy bardyr. El we ayak barmaklary dyrmanmaga uygundyr. Eñek gurluşlary dolulygyna günümüzdäki maymynlaryñka meñzeşdir. Hemem 630 cm3-lyk beyin göwrümleri hem bularyñ maymyndygyna bir delildir. Gysgaça aydylanda käbir ewolyusionistler tarapyndan bir geçiş formasy hökmünde görkezilen Homo habilis aslynda beyleki Awstralopitekler yaly nesli tükenen bir maymyndyr.

KNM-ER 1472 but süñkiniñ häzirki zaman adamyñ but süñkünden tapawudy yokdur. Bu süñküñ homo habilis galyndylaryndan birnäçe km. uzakda tapylmagy Homo habilisiñ iki ayakly bir janlydygy barada yalñyş bir düşünjä yol açdy. Yöne 1987-nji yylda tapylan OH 62 ýazgysy bolsa homo habilisiñ pikir edilişi yaly iki ayakly bir janly bolmadygyny yüze çykardy.

Tim White tarapyndan tapylan we OH 62 ady berlen skelet bilen kelle galyndysy homo habilisiñ günümüzdäki maymynlardaky yaly kiçi bir beýne, şahalara dyrmanmaga ýarayan uzyn gollara we gysga ayaklara eyedigini görkezyär.

Amerikaly Antropolog Holly Smithiñ 1994-nji yylda geçiren inçe barlaglary hem homo habilisiñ adamyñ ewolyusiyasyna degişli edilmeginiñ ýalñyşdygyny bildiryär. Smith dişler üstünde geçiren barlaglary netijesinde Awstralopitek we Homo habilis görnüşleriniñ Afrika maymynlary bilen bir kategoriýa degişli edilmelidigini belläpdir.

Fred Spoor, Bernard Wood ve Frans Zonneveld  atly üç anatom hem örän üytgeşik bir usul bilen barlag geçirip şol bir netijä barypdyrlar. Bu barlag adam bilen maymynlaryñ içki gulaklarynda yer alan we deñagramlygy deñlemäge ýaraýan ýarym tegelek kanallaryñ derñewine dayanyar. Fred Spoor we topary içki gulakdaky deñagramlyk merkezlerini deñeşdirmek bilen geçiren barlaglarynda bularyñ häzirki zaman maymynlaryna meñzeş bir hereket şekline eyedigini görkezendir.

Stv 53 adyndaky homo habilis galyndysy üstünde barlaglar geçiren Spoor, Wood ve Zonneveld Homo habilisiñ maymyna Awstralopitekden hem has meñzeşdigini yüze çykarypdyr. Olar Stv 53-üñ Australopithecineler we H. erectusda görülen morfologiyalar arasynda geçiş formasy bolmagynyñ mümkin däldigi netijesine bardylar.

Bu barlaglar örän möhüm iki netijäni görkezyãr.

1. Homo habilis ady bilen öñe sürülen yazgylar hakykat-da homo, yagny adam klassifikasyýasyna däl, Awstralopitek  (maymyn) klassifikasiyasyna degişlidir.

2. Hem homo habilis hem-de Awstralopitek görnüşleri egik yöreyän, yagny maymyn skeletine eye janlylardyr.

Homo rudolfensis ýazgysy.

Homo rudolfensis ady 1972- nji yylda tapylan birnäçe galyndy materialyna berilen atdyr. Bu galyndylar Keniyadaky Rudolf deryasynyñ golaýynda tapylandygy üçin Homo rudolfensis adyny alandyr. Paleoantropologlaryñ köpüsi bolsa bu galyndylaryñ aslynda aýry bir görnüşe degişli däldigi, Homo rudolfensis diylen janlynyñ hem aslynda Homo habilise degişlidigini belleyär.

Galyndylary tapan Richard Leakeyiñ 2.8 milyon ýyl yaşy bar diyip atlandyran KNM ER 1470 ýazgysy antrapologiya taryhynyñ iñ yly açyşlaryndan biridir.

Awstralopitekdäki yaly kiçi göwrümli kellesi bolan bu ýazgynyñ, adama meñzeşiräk ýüziniñ bolmagy paleantropologiya dünyäsinde uly bir ýalñyşa yol açypdy.

Çünki KNM ER 1470 ýazgysynyñ adama meñzeşirãk yüzi kelle galyndylary birleşdirilen wagty edilen ýalñyşlaryñ netijesidi. Adam ýüzi anatomiyasy üstünde işler geçiren Tim Bromage 1992-nji yylda kompyuter simulýasiýasy kömegi bilen orta çykaran hakykadyny şu sözler bilen belleyär:

"KNM-ER 1470'iñ rekonstruksiýasy edilende ýüz edil häzirki zaman adamlarda bolşy yaly kelle süñküne parallel şekilde guralypdy. Yöne welin geçiren barlaglarymyz ýüzüñ kelleçanaga has ýykgyn bir şekilde guralmalydygyny talap etyär. Bu bolsa edil Awstralopitekde görülen maymyna meñzeş yüz alamatyny meydana getirjekdir."193

Bu ýalñyşyñ bilgeşleyin edilip edilmändigi barada bolsa maglumat yokdur.

Michigan uniwersitedyndan C. Loring Brace hem KNM ER 1470 galyndysynyñ eñek we diş gurluşy üstünde geçiren analizlerinde 1470 kelle süñki barada yene meñzeş netijä barandyr. Ol bu barada:

"Äñiniñ ululygy we azy dişiniñ gaplan ýeriniñ giñişligi ER 1470'iñ örãn açyk bir şekilde Awstralopitek ýüz we dişlerine eyedigini görkezyär" diyip belleyär.

KNM-ER 1470 ýazgysy üstünde iñ az Leakey ýaly barlag geçiren John Hopkins uniwersitedynyń paleantropology Professor Alan Walker hem bu janlynyñ Homo eructus yada homo rudolfensis yaly bir homo, yagny adam görnüşüne degişli edilmän, tersine Awstralopitek klasyna girizilmelidigini bildiryär.

Gysgaça aydylanda Awstralopitek bilen homo eructus arasynda bir geçiş formasy yaly görkezilmäge çalyşylan Homo habilis yada Homo rudolfensis yaly toparlandyrmalar dolulygyna hyýalydyr. Bu janlylar köp hünärmeniñ hem kabul edişi yaly awstralopitek sergisiniñ wekilleridir. Bu hakykat Bernard Wood we Mark Collard atly iki ewolyusionist antropologyñ 1999-njy yylda Science dergisinde çap eden barlaglary bilen has-da bilinip başlady. Wood we Collard Homo habilis we Homo rudolfensis kategoriýalarynyñ hyýalydygyny, aslynda bu ýazgylaryñ Awstralopitege degişli edilmelidigi barada şeyle diyyärler:

"Yakyn bir wagtda ýazgy görnüşleri (galyndy materiallary) beyin göwrümi, gepleme ukyby baradaky çaklamalar, el funksiyasy we daşdan gurallar yasamak ukyplary baradaky hyýallar yaly esaslara dayanyp, homo kategoriýasyna degişli edilendir. Esasan, bu (homo) görnüşiniñ adam ewolyusiyasy içindäki düşündirişi we ullanylyşy hem-de Homonyñ çäginiñ kesgitlenişi problemasyz bir mesele yaly kabul edilendir. Yöne... täze tapyndylar bar bolan galyndylara getirilen täze teswirler we paleantropologiki ýazgylar üstündäki çäklendirmeler, klassifikasiýalary homo urugyna degişli etmek üçin ullanylan kriteriýalary kabul edilmejek hala getiryär. Esasan ýazgy galyndylary dört esasy kriteriýadan bir yada birnäçesine gabat gelse Homo kategoriýasyna degişli edilyändir. Yöne welin indi bu kriteriýalaryñ hiçbiriniñ razy ediji bolmadygy açyk hala gelendir...

Pekinli adam.

Hytaýyñ Pekin şäherine 40 km uzaklykda Choukoutien (Joukoudyane) obasynyñ yakynyndaky bir çukurda 1921-nji ýylda iki azy dişi tapyldy. 1927-nji ýylda 3-nji azy dişi, 1928-nji yylda kelle bölekleri bilen iki aşakgy eñek süñki tapdy. Bu gazylyp tapylanlaryñ Pekinli adama degişlidigi bildirildi.

Boule, M. And Valois, H.M. Fossil Man. The Dreyden  Press. New York. 1957,  P.118-123.

Pekinli adama degişli yazgylar Joukoudýan-da üçegi çöken we suwlaryñ emele getiren çökündileri bilen dolan uly bir gowakda tapylandyr. Onuñ tapylan gowagy 200 metr giñlikde we 50 m çuñlukdadyr. Bu yerde hek ojagy işledilipdir we bu hek zawody gaýyp çöküp iki gatly gowakda hemme zat müñlerçe tonna daşyñ aşagynda galandyr. Pekinli adamyñ kellesi hem bu çökündi we külleriñ içinde tapylandyr.

O’Connel’e görä daşlaryñ daş ýerlerden getirilip binalarda ullanylan bolmagy we bir hek ojagy bilen örân köp sanawda kül üyşmeleriniñ tapylmagy bärde hek ýakylandygyny görkezýär. Joukoudýan-da hekiñ öndürilmegi öyleriñ belli bir düzgünlikde bina edilendigini orta goyyar.

Breuil hem edil şol yerde 132 metr giñlikde -12 metr çuñlukda açylan bir çukuruñ içinde külleriñ aşagynda Pekinli adamyñ kelle süñki bilen 100-e yakyn dürli haywana degişli süñkleriñ saklanan dökündüleri içinde 2 müñ sany üstünde işlenilen daş tapylandygyny bildirendir. Bärde tapylan gurallaryñ gurluşy gadymy däldir. Oýmak we gazuw işleri bilen beyleki gurallaryñ gurluşyna Fransiyada üstki Paleotik döwre çenli duş gelinmez. Has soñra Pekinli adama degişli kelle süñkleriñ tapylan yerinde häzirki zaman adamyna degişli 10 sany  galyndy hem tapylypdyr.

1936-njy ýylda F. Weidenreich ve Pei tarapyndan şol ýerde ýenede 3 sany kelleçanak tapyldy.

Davidson Black öleninden soñra onuñ işlerini  F. Weidenreich sürdürdi. Weidenreich Pekinli adam modellerini (heýkellerini), Pei tarapyndan 1936’da tapylyp soñam yitirim bolan kelle süñklerini esas alyp edendigini belleyär. Çünki bu tapylan kelle süñkleriniñ 2 dişden galany 1941-45 nji yyllaryñ arasynda yitirim bolandyr. Bularyñ yitişi bilen bagly birgiden pikir öñe sürüldi, bu pikirleriñ biri hem ikinji dünyä söweşi wagtynda Yaponlar tarapydan yitirilendigi yada konsiskasiya edilendigidir. Yöne munuñ hem dogrulygy subut edilmedi, ýaşap yören hiçbir adam bu materiallaryñ nähilidigini bilenokdyr.

O'Connel bolsa bularyñ Yaponlar tarapyndan alynmadygyny, tersine bularyñ uruş wagtynda yitirim edilmeginiñ planlanan işdigini belleyär. Oña görä Yaponlar Joukoudýana girmändirler. We­idenreich we Peiniñ 1940-njy yyla çenli gazuwa dowam edendiklerini, hytaý hökümedi Pekine gelmänkä Pekinli adam üçin edilen çyzgylara uýmayan eldäki galyndylary Peiniñ özüniñ yok edendigini bildiryär.

( O'connel, P. Science of Today and the Problems of Genesis. Hawthome, CA. 1969.)

Weidenreich’iñ bu modelleri käbir ylymdarlar tarapyndan hem şüphe bilen garşylanyp, güyçli bir tankyda sebäp bolandyr. Professor Gish bu barada şeyle diyyär:

"Bu gözlegçileriñ barsy ewolyusionistdyr we ählisem adamyñ haywanyñ neslinden meydana gelendigini öñe süryän adamlardyr. Bir ylymdaryñ namysly we obyektifdigini kabul etsegem eldäki yetersiz we garyşyk materiallara dayanyp edilen modelleriñ we düşündirişleriñ hakykaty näderejede görkezjegi şüphelidir.

Eldäki modelleriñ (suratlaryñ) hemmesi We­idenreich tarapyndan edilendir. Bu modellere nädip guwanyp bileris? Bular orginal bir barlygyñ alamatlarynymy görkezyär, yada We­idenreichiñ düşünjelerinimi?"

Pekinli adama degişli materiallaryñ ýitirim bolmadyklary hem bardyr. Bu materiallaryñ aşakgy äñ we dişleriñ bütin alamatlary ösen gurluşly maymynlara (apeslara) meñzeşdir. It dişleri kesiji öñ dişlerden käbir şempanze we gorillalardaky yaly uzak yerleşendir. Yokarky it dişleri hem beyleki dişlerden uzyndyr, aşakgy it dişleri bolsa kiçi bolup, uly öñ dişlere uygunlyk görkezyändir. Netijede bu materialyñ birnäçesinden galanynyñ äñ we diş ayratynlyklary orangutan we şempanze toparyna meñzeş şekildedir.

( O'connel, P. Science of Today and the Problems of Genesis. Hawthome, CA. 1969.)

Hünärmenleriñ köpüsi Pekin adamynyñ awçylar tarapyndan öldürilip iyilendigi pikirindedir. Sebäbi bütin kelleçanagynyñ beyin böleklerine güyçli bir şekilde urulypdyr. Ähtimal, bularyñ beýinleri çykarylyp iyilipdir. O’Connel’e görä Pekinli adam gadymy daş ojagyndaky işçiler tarapyndan öldürilip iyilen ýa uly babuinler yada uly maymynlardyr.

Yawaly adam bilen Pekinli adam  galyndylaryndaky kritikalar yüze çykandan soñra Afrikada tapylan Homo eructuslar hasda möhüm hala geldi. Yöne bu galyndylaryñ ählisi aslynda adam tüysüne degişli ýazgylardyr.

Homo eructus dik ýöreyän adam manysyna geler. Ewolyusionistler bu adamlary erect sypaty bilen beyleki formalarda aýyrandyrlar. Çünki eldäki ähli homo eructus ýazgylarynyñ Awstralopitek bilen homo habilisde görülmedigi yaly dik yöreyãn aýratynlygy bardyr. Olaryñ skeleti bilen günümüzdäki adamlaryñ skeletleri arasynda hiçbir tapawut yokdur.

Ewolyusionistleriñ homo eructuslary ewolyusion shema salmaklarynyñ esasy sebãbi kelle göwrüminiñ 900-1100 cm3 we galyñ gaç çykgytlary bilen dar mañlay yaly käbir yüz gurluşlarydyr. Yöne welin şuwagt hem dünyäde homo eructusa yakyn kelle göwrüminde bolan adam tüysleri bardyr(Meselem pigmeiler) we bugün hem dürli adam tüyslerinde gaş çykgytlary bardyr. (Meselem aboriginler)

Kelle göwrümi tapawutlarynyñ akyl we ukyp taydan hiçbir üytgeşiklik emele getirmedigi bolsa bilinen bir hakykatdyr. Akylyñ beyniniñ göwrümine görä däl, beyniñ öz organizasiyasyna görä üytgeyändigi bilinendir.

Homo eructus kellelerinde bar bolan uly gaş çykgytlary, yza tarap giden mañlay gurluşy yaly alamatlar günümüzde ýaşayan käbir adam tüyslerinde-de görüler. Malaziyada muña duş gelmek mümkin. Eger ewolyusionistleriñ pikirleri bilen hereket etsek Malaziyalylaryñ hem ýañy bir maymynlykdan tapawutlanmaga başlan, doly emele gelmedik adam görnüşüne eye bolmaklary gerekdir.

Şu deliller geçmişde yaşan adam tüysleriniñ günümüzdäki adamlardan tapawutly anatomiki gurluşa eye bolmaklarynyñ ewolyusiya delil bolmajagyny görkezyär. Anatomiki tapawutlar taryhyñ ähli döwründe dürli her sdam tüysi arasynda görlüp bilner. Amerikalylar bilen Yaponlaryñ, Yewropalylar bilen Aborigenleriñ, Eskimolar bilen Negroidleriñ kelleleri birmeñzeş däldir. Yöne bu tüysleriñ biriniñ bir beylekisinden has ösen yada pesdigini görkezmez.

Mundan müñlerçe yyl soñra 2000-nji yyllarda yaşan 1.90 boylarynda iri gurluşly bir Amerikalynyñ kellesini tapan geljegiñ paleontologlary bu kelleleri yene 2000-nji yyllarda yaşan 1.60 boylarynda bir Yaponyñky bilen deñeşdirseler başda ululyk bolmak bilen, birgiden tapawut görerler. Bu tapawutlara dayanyp Yaponlaryñ ilkinji adamlardygyny, Amerikalylaryñ bolsa ewolyusion shemada ondan soñky basgançakda duryan bir janlydygyny öñe sürseler elbetde yalñyş bir netije yüze çykjakdyr.

Afrikada tapylan homo eructus mysallarynyñ iñ bellisi Turkana oglany ýazgysydyr. Bu galyndynyñ eyesiniñ 12 yaşyndaky bir çagadygy we ulalan wagty 1.83 m boyuna geljekdigi kesgitlenendir. Galyndynyñ dik skelet gurluşy günümüzdãki adamyñkydan tapawutsyzdyr. Amerikaly paleoantropolog Alan Walker hem kellesiniñ Neandertal kellesine örãn meñzeşdigini belleyär. (Neandertal adamy bir adam tüysüdir)

Özüniñ ewolyusionist bolmagyna garamazdan Richard Leakey hem Homo eructuslaryñ günümüzdäki adamlar bilen tapawudynyñ tüys tapawudyndan öte geçmeyãndigi barada şeyle diyyär:

"Ãhli kişi tapawutlary görüp biler: Kellesiniñ, ýüzünüñ şekli, gaş çykgytlarynyñ ululygy we ş.m Yöne bu tapawutlar bugün dürli geografiki sebitlerde yaşayan adam tüysleriniñ birbirleri arasyndaky tapawutdan köp däldir."

New Scientist dergisinde çap edilen 14-nji mart 1998 taryhly makala görä ewolyusionistleriñ Homo eructus adyny beren adamlary günümüzden 700 müñ yyl öñ gämijilik bilen meşgullanýarlardy. Gämi yasap biljek maglumata eye adamlaryñ ilkinji adamlar diylip hasaplanmaklary elbetde mümkin däl.

Homo eructus kategoriýasyna degişli edilen galyndylaryñ aslynda homo sapiensden ayry bir görnüş hasaplanjak derejede taawutlara eye däldigi soñky yyllarda bilim dünyäsinde hem dile getirilyär. American Scientist dergisinde bu baradaky jedeller we 2000-nji yylda geçirilen konferensiýanyñ netijesi barada şeyle diyilyär:

"Senckenberg konferensiyasyna baranlaryñ köpüsi Michigan uniwersitedyndan Milford Wolpoff, Canberra uniwersitedyndan Alan Thorne we kärdeşleri tarapyndan başladylan we Homo eructusuñ taksonomik yagdayyny ele alan güyçli çekişmelere goşuldylar. Bular (Wolpoff ve Thorn) güyçli bir şekilde homo eructusuñ bir görnüş hökmünde (hasaplanmaga yeterlik) güyjüniñ yokdugyny, dolulygyna shemadan çykarylmalydygyny goldadylar. Olara görä homo urugynyñ bütin wekilleri 2 milyon yyl öñden günümüze çenli wariasiýa açyk we giñ sebitlere ýaýran homo sapiens görnüşidi... Konferensiyanyñ temasy homo eructusuñ bar bolmadygydy.202

Yokardaky düşünjãni goldayan ylymdarlaryñ baran netijesi Homo eructus homo sapiensden ayry bir görnüş dälde, Homo sapiens içindäki bir tüysdir" şeklindedir. Bir adam tüysi bolan Homo erectus bilen adamyñ ewolyusiyasy shemasynda ýer alan (Australopithecus, Homo habilis ve Homo rudolfensis) arasynda bolsa örän uly tapawutlar bardyr. Bu bolsa galyndy ýazgylarynda görülen ilkinji adamlaryñ birden yüze çykandygyny görkezyär.

Neandertal adamy.

Galyndylar Neandertal adamynyñ bir adam tüysüdigini görkezmegine garamazdan, Neandertal adamlary entegem käbir muzeylerde maymyn adam hökmünde görkezilmäge dowam etyär. Neandertallar (Homo neanderthalensis) mundan 100 müñ öñ Yewropada orta çykyp, 40 müñ yyla yakyn mundan öñ yok bolan yada beyleki tüysler bilen garyşyp assimilyasiya bolan adamlardyr.

Käbir ewolyusionist paleontologlar bu adamlary köp wagtlap ilkinji adam görnüşleri hökmünde kabul edip gelyär. Neandertallar 100 ýyldan bäri "Galyñ gaşly, wagşy häsiyetli we egik yöreyän bir jandar" hökmünde beyan edilip gelinyär. Yöne täze tapyndylar Neandertal adamy baradaky garaýyşlaryñ yalñyşdygyna güwä geçyär.

Neandertalyñ alamatlaryndan öñe çykyp duran agyz we gaşy negroid tüysüniñ umumy ayratynlyklaryndandyr. Bu barlyk egik skelet gurluşuna eyedir, Ivanhoe, “Neanderthals Had Rickets” atly makalasynda munuñ guyruksuz maymynlara garyndaşlygyndan däl, D vitamini nogsanlygynyñ sebäp bolan bogun we süñk kesellerinden emele gelendigini belleyär.

New Mexico uniwersitedyndan Paleontolog Erik Trinkaus hem bu barada şeyle diyyãr:

"Neandertal galyndylary we günümizdäki adam süñkleri arasynda geçirilen inçe barlaglar Neadertalyñ anatomiki, hereket, enjam ullanyş, akyl derejesi we gürlemek taydan günümizdäki adamlardan hiçhili tapawudynyñ yokdugyny görkezyär".

( Trinkaus,  E. Hard Times Among the Neanderthals. Natural History, cilt 87, December 1978, s.10.)

Şonuñ üçin hem günümüzde birgiden hünärmen Neandertal adamyny häzirki zaman adamynyñ bir aşaky görnüşi hökmünde belläp, olary Homo sapiens neandertalensis diyip atlandyryar.

Galyndy yazgylary Neandertallaryñ kultura hem eyediklerini görkezyär. Munuñ iñ täsin mysallaryndan biri Neandertallar tarapyndan yasalan galyndy hökmünde tapylan fleýta guralydyr. Bir aýynyñ but süñkünden yasalan fleýta arheolog Ivan Turk tarapyndan 1995 Iýulynda D.g Yugoslawiyadaky bir gowakda tapylandyr. Sazanda Bob Fink fleytany analiz edip radiouglerod testine görä yaşynyñ 43.000 bilen 67.000 arasynda diylip takmyn edilyändigini belläp, 4 nota çykaryandygyny görüpdir. Fleytanyñ üstünde barlaglar geçiren Fink Neandertallaryñ saz barada maglumaty bolan adamlardygyny belleyär.

Gazuw agtaryş işleri wagtynda Neandertal adamlary tarapyndan ullanylandygy bilinen 25 müñ ýyllyk bir tikin iññesi hen tapylypdyr. Süñkden edilen bu iññe örän düzgündir. Elbetde tikin iññesine zerurlyk duyyan bir medeniyete eýe bolan adamlar haywan toparyna degişli edilip bilinmez.

Neadertal adamy hakynda has köp pikirlere duş gelmek mümkin. Bu barada her adamyñ bir teswir getiryändigine dykgat çekyän Wells şu sözleri belleyär:

"Soñky wagtlarda habarlarda Neandertal barada bitmeyän uruşlar yer alyar: Olar biziñ ata babalarymyz-dymy yada soñunda häzirki global maşgalamazyñ içinde yudulan bir adam tüysüdimi? Her aý diyen yaly bir pikiriñ tarapdary ýazmaça yada sözli bir şekilde habar beriş yerlerine çykyp bu temany ele alyar. Beyleki tarapdanam aradan birnäçe ay geçenden soñ, başga biri habar beriş ýerlerine çykyp öñki pikiriñ tarapdaryna garşy düşünjelerini öñe süryär"

( Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth?)

James Shreeve hem şuña meñzeş pikirlerini beyan etyär:

"Arheolog, anatom, genetik,  geolog, we taryh hünärmeni bolan 150 sany ylymly adam bilen gürleşdim we kämahal Neandertallaryñ adam ewolyusiyadynaky yeri barada 150 sany dürli pikire duş gelen wagtym boldy. Neandertallar bilen bagly her teoriya yurtdaky howa maglumatyna meñzeyär, ony halamayan bolsañ byraz garaş, üytgänini görersiñ"

( Shreeve, J. The Neanderthal Enigma. New York: William Morrow, s.252, 1995.)

Neandertallaryñ gural ýasama ukyplary barada geçirilen iñ gowy barlag antrapologiya we arheologiya Professory bolan Steven L. Kuhn ve Mary C. Stiner’a degişlidir. Olar geçiren arheologiki barlaglary we analizleri netijesinde Italiyanyñ G.o G.b kenaryndaky gowaklarda müñlerçe yyl yaşan Neandertallaryñ häzirki zaman adamyñy yaly kompleks derejede pikirlenmegi gerekdiren işleri yerine yetirendiklerini orta goyandyrlar. Bu bolsa Neandertallaryñ adamdan tapawudynyñ yokdugyna bir mysaldyr.

Gysgaça aydylanda ylmy subutnamalar Neandertallaryñ akyl we medeni taydan bizden tapawudy bolmayan bir adam tüysidigini görkezyär. Bu tüys beyleki tüysler bilen garyşyp assimilýasiýa bolup yada bilinmeyãn bir şekilde tükenip taryh sahypasyndan çekilendir.

Homo sapiens archaic ewolyusiya shemasynda häzirki zaman adamdan öñki basgançakda durar.  Aslynda bu adamlar hakynda känbir söz aytmana gerek yokdur, sebãbi bular hãzirki zaman adamyna örän meñzeşdir. Hatta käbir hünärmenler bu adam tüysüniñ wekilleriniñ günümüzde entegem yaşayandygyny belläp Awstraliyaly aborigenlary mysal edip görkezyãrler. Aborigenler hem edil Homo sapiens archaic-lardaky yaly gaş çykgytlaryna, içe tarap egik bir eñek gurluşyna we byraz kiçi bir beyin göwrümine eyedirler. Hemem örän yakyn bir geçmişde Wengriya bilen Italiyanyñ käbir obalarynda bu adamlaryñ yaşandygy bilen bagly güyçli deliller ele geçirilendir.

Homo heilderbergensis adyny alan galyndy bolsa aslynda Homo sapiens archaic bilen bir zatdyr. Şol bir tüyse iki at berilmeginiñ sebäbi ewolyusionistler arasyndaky çekişme sebäplidir. Homo heilderbergensis klassifikasyýasyna degişli edilen bütin galyndylar anatomiki taydan Yewropalylara örän meñzeyän adamlaryñ 500-740 müñ mundan ozal Angliyada we Ispaniyada yaşandygyny görkezyär.

Cro magnon (Kromanonlar) diylip atlandyrylan galyndylar bolsa 30 müñ yyl ozala çenli yaşandygy takmyn edilen bir adam tüysüdir. 1600 cm3-lyk kelle göwrümi bilen günümüzdäki adamlaryñ kelle göwrüminden uludyr. Kellesinde galyñ gaş çykgytlary bardyr.

Yewropaly bir tüys bolmagyna garamazdan kromanon kellesiniñ gurluş we göwrümi günümüzde Afrika we tropiki klimatlarda yaşayan kãbir tüyslere örän meñzeşdir. Bu meñzeşlige dayanyp kromanonuñ afrika degişli gadymy bir tüysdigi çaklama edilyär. Beyleki käbir paleantropologiki tapyndylar bolsa kromanon we Neandertal tüysüniñ birbirleri bilen gaynaşyp günümüzdãki kãbir tüysleriñ düybüni tutandygyny görkezyär.

Netije hökmünde bu adamlaryñ hiçbiri başlangyç görnüş däldir. Taryh içinde yaşan we beyleki tüyslere garyşyp assimilyasiya bolan yada nesilleri tükenen dürli adam tüysleridir.

Zaman problemasy.

Ewolyusionistleriñ öz hasaplamalaryna görä Awstralopitek 4 milyon yyl öñden 1 milyon yyl mundan ozala çenli yaşandyr. Homo habilisiñ bolsa 1.7 1.9 milyon yyl mundan ozal yaşandyklary hasaplanyar. Homo habilisden ösen gurluşa eye diylip görkezilen homo rudolfensis üçin hasaplanan yaş bolsa 2.5-2.8 milyon yyl mundan öñdür. Yagny homo rudolfensis öz atasy bolan homo habilisden 1 milyon yyla yakyn yaşlydyr.

Iki ayaklylyk meselesi.

Barlaglar iki ayaklylyk ewolyusiyasynyñ mümkin däldigini görkezyär. Ilki bilenä iki ayaklylyk ewolyusion bir amatlylyk däldir. Sebäbi maymynlaryñ hereket şekli adamyñ iki ayakly yöreyşinden has añsat, tiz we amatlydye. Adam ne bir şempanze yaly şahadan şaha böküp biler, ne-de bir geçigaplañ yaly sagatda 120 km. ylgap biler. Tersine adam, iki ayagy üstünde yöreyãndigi üçin yerde yuwaş hereket etyän iñ goragsyz janlylaryñ biridir. Ewolyusiya logikasy bilen hereket etsek maymynlaryñ iki ayak bilen yöremãge ymtylmalarynyñ hiçbir manysy yokdur. Tersine, adam iki ayakly bir hala gelmelidir.

Bu barada bir başga mesele bolsa iki ayaklylygyñ Darwinizmiñ kem kemden ösmek modeline uymayanlygydyr. Ewolyusiyanyñ esasyny düzyän bu düşünjä görä hereket etsek, iki ayaklylyk bilen dört ayaklylyk arasynda "garyşyk" bir yöreyiş emele gelmelidir. Yöne welin iñlis paleantropotolog Robin Crompton 1996-njy yylda kompyuter kömegi bilen geçiren barlaglary munyaly bir "garyşyk" yöreyşiñ mümkin däldigini görkezyär. Cromptonuñ baran netijesi şudur: Bir janly ýa dolulygyna dik yada dolulygyna dört ayagy üstünde yöräp biler.

Bu ikisiniñ arasyndaky bir yöreyiş şekli energiya üpjünçiliginiñ aşa köp artmagy sebäpli mümkin bolmayar. Şonuñ üçin hem ýary iki ayakly bir janly bolmagy mümkin däldir.

Adam bilen maymyn arasyndaky tapawut diñe bir iki ayaklylyk bilenem çäkli däldir. Beyin güyji, geplemek ukyby yaly başgada birgiden ayratynlyklar ewolyusionistler taydan rasional şekilde düşündirilip bilinenokdyr. Ewolyusionist bolmagyna garamazdan paleoantropolog Elaine Morgan bu barada şeyle diyyär: "Adamlar bilen bagly iñ möhüm dört syr şudur:

1) Nãme ücin iki ayak üstünde yörediler? 2) Näme üçin bedenlerindãki dykyz gyllary yitirdiler? 3) Näme üçin munyaly uly beyinler gelişdirdiler? 4) Näme üçin geplemegi öwrendiler?

Bu soraglara beriljek standart jogap şudur: Heniz bilinenok.

Soraglar hasda köpeldilip biliner, yöne jogaplaryñ birmeñzeşligi üytgemez.

Adamyñ geçmişi bilen bagly netije:

Meşhur ewolyusionist T. Dobrzhanskiý tüysler bilen bagly şu sözleri beyan etyär:

"Darwinden bu ýana bir yarym asyr geçsede adam görnüşindäki dürli tüysleriniñ gelip çykyşyna degişli meseläni çözüp bilmedik. Mesele entegem öñkisi yaly çylşyrymly."

( T. Dobzhansky. Science. Vol.127, s. 1958, S.1091.)

Belli paleontolog Devid Pilbeam:

"Çap edilen kitaplar şulary aytmana çekinyärler: (menem şoña degişli bolmak bilen) guşaklar boýy adam ewolyusiyasyny gözleyän kişiler hökmünde garañkylyk içinde çyrpynýarys. Elimizdäki maglumatlar teoriýamyzy şekillendirmek üçin iñ soñky derejede yetersizdir. Adamyñ taryhy bilen bagly içimizdäki öñ garaýyşlary bilyärin. Bulary kellämden çykarmak üçin hem hakykatdan-da elimden gelenini etyärin, geçmişdäki teoriyalarymyz elimizdäki hakyky bilgilerimizden zyýada, biziñ şol wagtky ideologiyalarymyzy görkezyärdi."

Pilbeam, D. American Scientist, sayı, 66,1978, s. 379.  Pilbeam, D. Rearranging Our Family Tree. Nature, Iyun, 1978.

Arizona döwlet uniwersitedynyñ antropology Geoffrey Clark 1997-nji yylda yazan eserinde şeyle diyyär:

"Bir asyrdan köp wagtlap hünärmenler häzirki zaman adamynyñ gelip çykyşy barada ylalaşyga gelmäne çalyşyarlar. Näme üçin üstünlikli bolmadylar? Sebäbi paleoantropologlar öz düşünjelerinden we çaklamalaryndan yola çykyarlar. Şonuñ üçin hem adamyñ evolyusiyasyny düşündiryän modeller yzly-yzyna dikilen kartlara meñzeşdir. Bir karty hereket ettireniñizde bütin sistema çökme howpy bilen garşylaşar."

( Clark, A.G. Though a Glass Darkly: Conceptual Issues in Modern Human Origins Research, s.60-76, 1997.)

Schiller hem adamyñ geçmişiniñ beyleki janlylardan tapawutly görnüşde orta çykandygyna dykgat çekyär:

"Adamyñ geçmişi bilen bagly gazylyp tapylan galyndy materiallary garaşylan geçiş formalaryny orta goyup bilmedi. Bütin bulardan soñra biziñ,  adamdan aşakgy bir barlyklardan emele gelmän, gönimen öz neslimizden gelenimiz rahatlyk bilen aydylyp bilner. "

( Schiller, R. New Findings On The Origin of  Man. Reader’s Digest, 1973, August, p.89-90.)

Pensilvaniyanyñ State uniwersitedydyñ antropologiya Professory Robert Eckhardt :

"Gominoidler sergisinde adamyñ gominid atasy bardygyny görkezyän morfologiya eye ýekeje galyndy materiýaly hem yokdur." diyip belleyär.

( Eckhardt, R. Population Genetics and Human Origins. Scientific American, number 226,1972, p.94.)

J. Wells :

"Adam ewolyusiyasy barada öñ garaýyşly berilyän düşündirişleriñ içinde umuman "bizleriñ haywanlardan tapawudumyzyñ bolmadygy" habary ýatandyr. Yöne bu maglumat hekayalary bilime girizmek üçin şuwagtlarda olara salynan yrgyldap duran delillerden örän köp wagt mundan ozal öñe sürlüpdi. Iñ soñky ikon isle bir surat, isle bir hekaya içinde hödürlensin, ol häzirki zaman empiriki bilim diylip hödürlenyän öñki materyalist pelsepedir. Hasyly, Goulduñ tötänleyinlik hakyndaky wagyzlary Darwin, Huxley, Simpson, Monod we Dokinziñ materyalistiki garaýyşlary yaly, barlaglar esasynda (subut edilen) bilime dälde, subýektif pelsepä dayanyandyr. Her niçigem bolsa Gould hemme kişi yaly düşünjelerini beyan etme hakyna eýe bolsada, olaryñ bilimmiş ýaly öwredilmezligi gerekdir. Bütin bulara garamazdan Riçard Dokinziñ filosofiki garaýyşlary ýaly Goulduñ garaýyşlaram şuwagt käbir biologiya ders kitaplarynda yer alýandyr."

Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth?

Genry Ji ýazgylaryñ ýetersizligini şu sözler bilen dile getiryär:

"Hiçbir galyndy dogluş kagyzy bilen gömülmez. Galyndylary birbirinden aýyryan zaman aralyklary örän uzyn welin, ata we şejere ýoly bilen olaryñ mümkin bolan baglanyşyklary barada hiçbir söz aydyp bilmeris. Ýazgyly kagyzlar bilenem bir adamyñ taryhyny birnäçe asyr mundan öñkisine gidirmek örän zordur. Bäş bilen 10 milyon yyl arasyndaky birnäçe müñ janly nesli we adam ewolyusiyasyna degişli deliller kiçijek bir guta sygyp biler. Şeylelikde ata baba we şejere çyzgylary şeklindäki häzirki adam evolyusiyasynyñ shemasy, postfaktumdan soñra edilen,  dolulygyna adamyñ oylap tapyşyndan ybaratdyr we adamyñ öñ garaýyşlaryna görä şekillendirilendir."

( Gee, H. In Search of Deep Time: Beyond the Fosil Record to a New History of life. New York: The Free Press,, s. 23, 32, 113, 116-117, 202, 1999.)