Adamyñ geçmişi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Has giňişleýin maglumat üçin basyň:Darwinizmiň kritikalary.

Ýerýüzünde geologik döwürler boyunça birbirinden tapawutlanýan dürli organizmler ýüze çykyp, bularyň bir bölegi hiç üýtgemän günümüze çenli gelip yeten bolsa, käbirlerem belli bir döwür ýaşap durmuş sahypasyndan çekilendir. Bärde dykgaty çekýän zat hem, çylşyrymly gurluşly organizmleriň ýuwaş-ýuwaşdan Yerýüzünde görülmegidir. Yöne bärde iki ähtimal garşymyza çykar: Ýa çylşyrymly janlylar, özlerinden ozalky döwürlerde yaşan pes gurluşlylardan kem-kemden hasyl bolandyr ýa-da kem-kemden gowlaşan Ýerýüzünde şol gurşawa uýgun, öz ýaşaýyşyny we neslini dowam etdirjek belli bir potensialda ýaradylandyr.

Eger janlylar birbirinden emele gelen bolsa buda kem-kemden bolup geçendir. Meselem balykdan gurbaga emele gelen bolsa birinji etapda gurbaga meňzeşligiň 100-de 10, soňra 100-de 20, soňra bolsa 100-de 30 şeklinde dowam etmegi gerekdir. Bu ýagdaýda, meselem balyk bilen gurbaga arasynda birnäçe geçiş formasynyň tapylmagyna garaşylar. Her görnüş üçin iň azyndan birnäçe geçiş formasynyň bolmalydygy dykgata alynsa, Yeryüzündäki ösümlik we haywan görnüşiniň birnäçe essesi, ýagny millionlarça geçiş formasy yaşan bolmalydyr. Yöne welin millionlarça, hatda milliardlarça galyndy tapylmagyna garamazdan, bu manyda öňe sürlen materiallar yok diyjek yaly azdyr we bularyň hem bugünki pozisiyasy jedellidir. (Geljekki bölumde bu tema giňişleyin ýer beriler)

Piller bilen begomotlar, antilop bilen žyraflar we beyleki birgiden görnüşler arasynda geçişi görkezyän ýekejede galyndy mysaly yokdur.

Sintetik Darwinizmiň gurujylaryndan Ernst Meýeriň hem bu barada dile getiren şu setirlerini nygtamakda örän peyda bar:

"Poleontologlar uzyn wagtlap Darwiniň kiçi böküşler bilen üytgeyjilik şertiniň poleontologiyasynyň tapyndylary bilen çatyşýandygynyň habarynda. Filumlara degişli çyzgylar barlanylanda örän kiçi böküşlere degişli üytgeyjilikler görülyär, yöne bu üytgeyjilikler bir görnüşi başga bir uruga (genus) öwürjek görnüşde däl we täze bir görnüşiň köküne degişli düşündiriş berip bilenoklar. Hakykatda galyndy yazgylarynda täze her görnüş ähli wagt birden yüze çykyar."[1]

Ewolyusionistleriň galyndylar üstünde spekulyasiyalar edip geçiş formasy hökmünde dünyä tanadan käbir mysallarynyň yalan çykandygynam bellemek gerek. Bilim taryhynyň iň uly skandaly Piltduanly adam munuň aydyň  subutnamasydyr. Ewolýusionistler janly görnüşleriniň Yeryüzünde belli bir yzygiderlilik bilen orta çykan bolmaklaryny birbirinden emele gelendiginiň delili hökmünde görkezerler. Yöne janlylaryň orta çykyş yzygiderlikleri, ortada geçiş formasy bolmadygyna görä, bu janlylaryň ýaradylan döwrüni aňladar. Tebigat we janlylarda ähli wagt üytgeyjilik bardyr. Yöne çäksiz bir üytgeyjilikden söz edip bolmaz, görnüş içi üytgeyjilik bardyr we janly görnüşleriniň durmuşda galmagy, dürli gurşawlara uygunlaşyp bilmegi üçin gereklidirem. Ewolyusion manysynda ullanylan üytgeyjilikde, Yaradyjynyň yokdugy bellenilip, bütin janlylaryň yzygider halda we birbirinden meydana gelendigi öňe sürüler. Munyaly bir pikiriň hiçbir ylmy gymmaty yokdur we dolulygyna ateist ideologiya bagly pozitiwist filosofiyanyň bir önümidir.

Darwin öz yaşan döwründe geçiş formalarynyň tapylmadygynyň habaryndady. Munuň teoriyasy üçin uly bir meselediginem görüp, "Görnüşleriň gelip çykyşy" kitabynyň "Teoriyanyň kynçylyklary" (Difficulties on Theory) atly bölüminde şeyle diydi:

"Eger hakykatdan hem görnüşler beyleki görnüşlerden yuwaş ösüşler bilen dörän bolsa, näme üçin sanawsyz geçiş formasyna duş gelemzok? Näme üçin ähli tebigat bir garyşyk halynda dälde, takyk kesgitlenen we yerli yerinde... Geologiya gowy derejelendirilen bir (ewolyusion) döwür orta çykaranokdyr we belkide bu meniň teoriyama garşy öňe sürüljek iň uly garşylyk boljakdyr."[2]

Darwiniň bu uly problema garşysynda öňe süren yeke täk düşündirişi bolsa o döwürdäki galyndy yazgylarynyň ýetersizligidi. Darwin galyndy ýazgylary giňişleyin öwrenilende tapylmayan geçiş formalarynyň tapyljagyny öňe sürdi. Ewolyusionistler Darwiniň bu sözlerine ynanyp 19-njy asyryň ortasyndan bu yana dünyäniň dört tarapynda gazuw agtaryş işleri geçirip bu galyndylary gözlediler. Yöne uly bir höwes bilen gözlenen geçiş formalaryna hiçbir yerde duş gelinmedi.

[1] Ernst Mayr, One Long Argument:Charles Darwin and Genesis of Modern Evolutionary Thought, Harvard University Press, Cambridge, Massachusetts, 1991, s. 138

[2] Charles Darwin, The Origin of Species, s. 172, 280

BIRÖYJÜKLILERDEN OŇURGASYZLARA GEÇIŞ[düzet | çeşmäni düzet]

Cloud, “Pseudofosils” atly eserinde Dokembriý gatlaklary arasynda mikroorganizmleriň barlygyndan söz edyär. Kembriý döwründe bolsa merjenler, trilobitler, brahiopodlar, molyuskalar, artropodlar ýaly örän çyşyrymly gurluşa eýe oňurgasyzlar ýer alýar. Dekombriýdäki bir öyjükliler bilen Kembriydäki kompleks gurluşa eýe bolan oňurgasyzlar arasynda nähili bir baglanyşyk bardyr?

Günümüzden ortaça 540 million ýyl mundan öň Kembriý atly ýer gatlagynda 40 filumuň (tipiň) üstünde orta çykan döwri Kembriý partlamagy şeklinde tanalar. Balykgulaklar, trilobitler, gubkalar, gurçuklar, meduzalar, deňiz liliyalary yaly çylşyrymly janlylar bu gatlakda doly ayratynlygy bilen, partlama şeklinde birden görünendikleri üçin bu döwür Kembriý partlamagy diylip atlandyrylar. Ewolyusionist Stiwen Jeý Gulduň "Durmuş taryhyndaky iň dykgat çekiji we täsin galdyryjy bir hadysa" diyip düşündiren Kembriy janlylary hakykatdan hem örän täsin zatdyr. 40-dan hem köp filum (tip) kemçiliksiz organ we gurluşlary bilen 540 milyon yyl öň hiçbir geçiş formasy bolman yüze çykandyr.

Bu meseläni çözmek üçin geçirilen barlaglar, öndürilen senariya we teoriyalar örän köp bolmagyna garamazdan ýenede Kembriy partlamagy Darwinizmiň iň uly meselelerinden biri bolmaga dowam edyär. Ediakara oblastyndaky köp öyjükli janlylar Kembriy janlylaryndan dolulygyna tapawutly, özlerine mahsus şekilleri bilen orta çykarlar. Esasan tüyli paporotnik otuna, käsä we diska meňzeş bu janlylaryň hiçbiriniň baş bölekleri yada gan aýlanyş, nerw, iymit siňdiriş sistemalary yokdur. Ediakara oblasty diňe bir ýa-da iki filumy görkezyän bolsa, Kembriy döwri 40-dan hem köp filumyň orta çykyşyny görkezer. Yagny fiziologik gurluşlar, has öňleri bar bolmayan gabyk sistemalary, ozal bar bolmayan organlar, hatda has öñleri hiçbir şekilde bar bolmadyk ajaýyp we kompleks organ bolan "göz" Kembriyde orta çykandyr.

Professor Jun Yuan Çen bilen toparyna görä Kembriy döwrüne degişli gazuw agtaryşlar işlerinde orta çykarylan Haikouella (Haykuella) atly hordaly, beyin, yürek we damar sistemasyna eýe bolup, bu tapyndy ewolyusionistleriň oňurgasyzlaryň atasynyň Kembriy döwründe yaşayan Pikaia atly janlydygy baradaky pikirlerinem düybünden ýykandyr. [3]

"Sciense" dergisinde çap edilen bir makalada: "545 million ýyla yakyn mundan ozal bolup geçen Kembriy döwrüniň başlangyjy bugün entegem janly dünyäsine häkim bolan ähli haywan tipleriniň diyen yaly, galyndy yazgylarynda birden orta çykyşyna sahna boldy" diyilmegi bilen birlikde, makalada munyaly kompleks we birbirinden dolulygyna tapawutly janly toparlarynyň ewolyusion logika taydan düşündirilip bilinmegi üçin ozalky döwürlere degişli örän baý we kem-kemden bir ösüş görkezen galyndy yazgylarynyň bolmalydygyny, emma munuň yokdugy hem bellenilip geçilyär.[4]

Kembriy galyndylary biologik kategoriyalaryň galyndy yazgylarynda gidiş yolunuň Darwiniň öňe sürüşi yaly "aşakdan yokaryk" däl, "yokardan aşak" tarap bir yol alandygynam görkezdi. Çünki Kembriyde birbirinden tapawutly 40-dan köp filum (tip) orta çykmagyna garamazdan, günümüzde goranan filum sanawy 35 töweregidir. Yagny bugün bar bolan ähli filumlar we ondanam köpüsi günümüzden 530 milyon yyl ozal birden orta çykypdyr.

Kembriy janlylarynyň Darwinizmi krizisa saljagy mälimdi. Çarlz Doolittle Walcott atly ewolyusionist poleontologyň hem, hut şu sebäpden Kanadanyň Burgess Şale sebitinde geçiren barlaglary netijesinde tapan Kembriy galyndylaryny gizlemäge karar berendigi bellenilyär. Netijede Kembriy galyndylary 70 ýyllap gizlenilip saklanyp, diňe 1985-nji yylda muzeýyň arhiwleriniň täzeden barlanylmagy esasynda yüze çykdy. Ysraýylly alym Gerald Schroeder bu hadysany şeyle suratlandyrýar:

"Eger Walcott islesedi galyndylar üstünde işlemek üçin bir talyplar goşununy iberip bilerdi. Yöne (ol) ewolyusion gämini batyrmazlygy seçdi. Bugün Kembriy döwri galyndylary Hytayda, Afrikada, iňlis adalarynda, Şwesiyada hemem Grenlandiyada tapylan ýagdaýdadyr. (Kembriy döwründäki partlama) dünyä üstünde bolup geçen hadysadyr. Yöne bu adatdan daşary partlamanyň tebigatyny ara alyp maslahatlaşmazdan ozal maglumatlar gizlenipdi."[5-6]

Kembriy gatlagyndaky janlylaryň köpüsinde günümüzdäkilerden hiçbir tapawudy bolmayan göz, gan aýlanyş ýaly kompleks sistemalar, ösen fiziologik gurluşlarada duş gelindi. Meselem trilobitleriň göz gurluşy açyk bir ýaradylyş mysalydyr. Geologiya Professory David Raupuň bellemegine görä:

"Trilobitleriň gözi diňe günümüziň gowy bilim alan we soňky derejede kämil bir optika hünärmeni tarapyndan ýasalyp bilinjek bir dizaýna eýedir".[7]

Dünyäniň nädip munyaly birbirinden örän tapawutly janlylar bilen birden dolandygy, hiçbir geçiş formasy bolman örän-aýry gurluşdaky janlylaryň nädip birden orta çykandygy ewolyusionistleriň iň uly meselelerinden biri hökmünde galandyr. Hatda Darwiniň yzyny ýöredyän Riçard Dokinziň hem bellemegine görä:

"Kembriý gatlaklary oňurgasyz janly toparlarynyň tapylan iň gadymy gatlaklaryndan bolup, bular ilkinji gezek yüze çykan halynda örän ösen şekildeler. Edil hiçbir ewolyusion taryha eýe bolman şol yerde meydana gelen yaly. Elbetde bu birden yüze çykyş, Yaradylyşçylary begendirýändir”.[8]

Dokinziň hem kabul edişi yaly, Kembriy partlamagydaky janlylaryň hiçbir ewolyusion atalary bolman birden yüze çykmaklarynyň ýeke täk düşündirişi ýaradylyş bolup biler. Çünki janlylaryň hiçbir ewolyusion atalary bolman birden orta çykmaklarynyň yeke täk düşündirişi ýaradylyşdyr. Ewolyusionist biolog Duglas Futuyma "Janlylar dünyä üstünde ya dolulygyna kämil we kemçiliksiz bir şekilde orta çykandyrlar yada özlerinden öň bar bolan käbir janly görnüşlerinden meydana gelendir. Eger kemçiliksiz we kämil bir şekilde yüze çykan bolsalar onda üstün bir akyl tarapyndan ýaradylan bolmagy gerekdir" diyip bu hakykady kabul eder.[9] Darwiniň özi hem "Eger bir klasa degişli köp sanawdaky görnüş hakykatdan hem durmuşa birden we birlikde başlan bolsalar bu tebigy seçgi bilen bir atadan gelmek teoriyasyna öldürjii bir urgy bolardy" diyip ýazandyr. [10]  Kembriy döwri bolsa Darwiniň takyk "öldüriji urgy" diyip atlandyran hadysasydyr. Şwesiyaly ewolyusionist Stefan Bengston hem Kembriy döwründen söz edende geçiş formalarynyň yokdugyny boyun alyp, "Darwini geň galdyran we utandyran bu hadysa bizi entegem geň galdyryar" diyip belländir. [11]

OŇURGASYZLARDAN OŇURGALYLARA GEÇIŞ[düzet | çeşmäni düzet]

Kembriy döwri oňurgasyzlarynyň hiçbir atasy bolmadygy ýaly, bu oňurgasyzlar bilen balyklar arasynda-da hiçbir geçiş formasy yokdur. Yöne welin skeletleri bolmayan we gaty bölekleri bedeniniň daşky gabygynda yer alan oňurgasyzlaryň, gaty bölekleri bedenleriniň ortasynda ýer alan süňkli balyklara öwrülmegi örän uly bir öwrülişikdir we köp sanawda geçiş formasynyň yzy bolmagy gerekdir. Ewolyusionistler bu hyýaly formalary tapmak üçin 160 yyllap galyndy gatlaklaryny agdardylar. Millionlarça oňurgasyz galyndysy, millionlarça balyk galyndysy tapylan bolsa, bu döwre degişli yekejede geçiş formasy tapylmady.

Alfred Romer hem “Wertebrata Paleontology” atly eserinde bu balyklar bilen atalary kabul edilen oňurgasyzlar arasynda bir baglanyşygy görkezjek geçiş galyndysynyň tapylmadygyny belleyär. Ewolýusionist bolmagyna garamazdan palentolog Gerald Todd "Süňkli balyklaryň ewolyusiyasy" atly makalasynda şu çäresiz soraglara ýer beryär:

"Süňkli balyklaryň her üç klasy hem galyndy gatlaklarynda bir wagtyň içinde we birden orta çykarlar... Bularyň köki nämedir? Munyaly dürli we kompleks mahluklaryň orta çykmagyny näme üpjün edendir? We näme üçin özlerine ewolyusion ata bolup biljek janlylaryň yzlaryndan eser yokdur? [12-13]

Balyklardan amfibiyalara geçiş[düzet | çeşmäni düzet]

Coelecanth ady berlen Kistepýor balygy ýüzgüçlerinde süňkleriň barlygy sebäpli balyklar bilen ihtiostega (guyrukly suw gurbagasy) arasynda geçiş formasy hökmünde alynypdy. Emma, Coelecanth bilen ihtiostega yaly janlylaryň arasynda örän uly tapawutlara duş gelmek mümkin. Selakantda süňkler janlynyň oňurgasyna bagly däldir. Yöne ihtiostegada süňkler gönimen oňurga baglydyr. Has dogrusy selakandyň yüzgüçlerindäki süňkleriň gurluşy bilen ihtiosteganyň ayaklaryndaky süňkleriň gurluşy örän tapawutlydyr.

Aslynda ýaşy 410 milyon ýyl diylip hasaplanan Ceolacanth, ýagny Kistepyor balyk galyndysy birgiden ewolyusionist tarapyndan 1938-nji ýyla çenli "kesgitli bir geçiş formasy" hökmünde tanadylýardy. Ewolyusionistler selakandyň başlangyç bir öykene, ösen bir beyne, gury yerden çykmaga taýyn bir siňdiriş we gan alyş sistemasyna, hatda yönekeyräk bir yöreme sistemasyna eýe bir geçiş formasydygyny öňe süryärdiler. Bu pikirler 1930-njy yyllaryň soňuna çenli bütin bilim gurşawlarynda jedelsiz kabul edildi.

Yöne 22-nji Dekabr 1938-de hindi okeanynda 70 milyon yyl ozal nesli tükenen bir geçiş formasy diylip tanadylan selakant maşgalasynyň janly bir agzasy ele geçirilmegi bilen birlikde, elbetde bu ewolyusionistleri hayran galdyran bir hadysady. Geljekki ýyllarda beyleki sebitlerde-de 200-den köp selakant tapyldy. Bu balyklaryň tapylmagy bilen ewolyusionistleriň hyýaly senariyalar öndürmekde nähili işjeňdikleri hem bilinendir. Selakant ewolyusionistleriň 1938-nji ýyla çenli öňe süren pikirleriniň tersine ne yönekey bir öykene, nede uly bir beýne eýedi. Olaryň yönekeyräk bir öyken diyip öňe süren gurluşy balygyň bedeninde bar bolan bir ýag haltasyndan başga zat däldi.

Poleontolog Peter Forey Nature dergisinde çap edilen bir makalada Selakant barada şu setirlere ýer berdi:

"Selakantlar dörtayaklylaryň atasyna ýakyndygy barada uzyn wagtlap paýlaşylan bir pikir bolandygy üçin, Latimariyanyň janlysynyň tapylmagy bilen birlikde, balyklardan amfibiyalara geçiş barada maglumatlaryň ele geçiriljegi umyt edilendir. Yöne latimariyanyň anatomiyasy we fiziologiyasy üstünde geçirilen barlaglar bu pikiriň diňe bir hyýaldan ybaratdygyny we Selakandyň bir baglanyşyk hökmünde görkezilmeginiň bir dayanjynyň bolmadygyny yüze çykardy." [14]

Selakant janly bolup tutulanyndan soňra üstünde geçirilen anatomiki barlaglar hem ewolyusionist teswirlere ters gelyän köp tapyndylar orta goydy. Bulardan birisi janlynyň gurşawdaky elektromagnit meydanlara duygurly bolmagydy. Bu bolsa selakandyň kompleks bir duygy organyna eyedigini görkezdi. Alymlar balygyň rostal organynyň beýne baglanan nerwleriniň ýerleşişine seredip bu organyň elektromagnit meydanlaryny duymak wezipesini yöredyändigini kabul etdiler. Geçiş formasy hökmünde görkezilen Coelacanth aslynda ajayyp bir balyk görnüşidi.

Umuman aydylanda ewolyusionistler amfibiyalaryň atasy hökmünde haýsy balygy kabul etseler etsinler, bir balygyň amfibiya öwrulip bilmegi üçin örän köp sanawda üytgeyjilikler geçirmegi gerekdir. Şeylelikde iki görnüşiň arasynda birgiden geçiş formasynyň, ýagny ýary yüzgüçli, ýary ayakly, ýary žabraly, ýarym öykenli, ýarym böwrekli we şm. janlylaryň yaşan bolmagy we bu janlylaryň sanawlarynyň hem millionlarça bolmagyna garaşylar. Yöne millionlarça galyndylar arasynda doly balyklar, doly amfibiyalar bar bolsa, munyaly geçiş formalaryna eýe janlylaryň ýekejesi hem yokdur. "Oňurgaly Poleontologiyasy we Ewolyusiyasy" kitabynyň awtory ewolyusionist Robert Kerroll bu hakykady "irki amfibiyalar bilen balyklar arasynda geçiş formasy galyndysyna eye däldiris" diyip tassyklaýar. Paleontolog Edwin Colobert bilen Morales hem Poliozoý döwür irki amfibiyalaryň bir ata baba eýediklerini görkezip biljek bir subutnamanyň ýokdugyny, bilinen iň gadymy gurbagalar, salamandralar we sesiliyalaryň şuwagt ýaşayanlara örän meňzeşdigini belleyärler.[15]

Ewolyusionistler suwdan gury ýere geçişiň düşündirişini beryän mahaly "nädip" diylen soraga girmezler. Olaryň iň möhüm aýratynlygy hyýaly ewolyusion döwre degişli bütin hekayalary iň "yönekey" şekli bilen beýan etmekdir. Ara goşulan düşünüşiksiz formulalar bilen ylmy adalgalar hem bu hilegärlikleri ylmy şeklinde görkezmek üçin bilinen ewolyusion taktikalarydyr. Hakykatda bolsa suwdan gury geçişiň mümkin däldigini görkezyän köp sanawda anatomiki we fiziologiki faktorlar bar. Meselem:

1. Agyrlygyň daşalmagy. Deňizlerde yaşayan janlylar öz agyrlyklaryny daşamak yaly bir mesele bilen garşylaşmazlar. Yöne gury yerde yaşayanlaryň uly bir bölegi energiyalarynyň 40%-ny bedenlerini daşamak üçin ullanarlar. Gury yer yaşaýyşyna geçjek bir suw janlysynyň bu energiya zerurlygyny garşylap bilmegi üçin myşsa we skelet gurluşlaryna eye bolmagy gerekdir. Bu kompleks gurluşlaryň Tötänleyin(!) mutasiyalar bilen emele gelmeginiň ähtimaly yokdur.

2. Gyzgynlygyň goranmagy. Gury yerde gyzgynlyk örän çalt we uly tapawutlar bilen üytgär. Bir gury yer janlysynyň bu uly ölçegdäki üytgäp duryan gyzgynlyklara uygunlaşyp biljek bir madda çalşygy bardyr. Yöne deňizlerde gyzgynlyk örän agyr bir şekilde üytgär we bu gury yerdäki yaly uly tapawutlar arasynda bolmaz. Deňizlerdäki durgun klimata uygun bir beden sistemasyna eye bolan janly gury yerde yaşap bilmek üçin gury yerdäki gyzgynlyk üytgeyjiligine uygunlaşyp biljek goranma sistemasyny gazanmak zerurdyr. Balyklaryň gury yere çykar çykmaz tötänleyin mutasiyalar netijesinde munyaly bir sistema gowuşandyklaryny öňe sürmek elbetde mümkin däldir.

3. Janlylar üçin iň möhüm zerurlyk bolan suw, gury yerde azdyr. Şonuň üçin hem suwuň ölçegli ullanylmagy hökmanydyr. Meselem deri suw yitirmegi we bugarmanyň öňüni aljak derejede, mundan başgada janly suwsama duygusyna eye bolmalydyr. Yöne suwda yaşayan janlylaryň suwsama duygusy yokdur we derilerem suwsuz gurşawa uygun däldir.

4. Suw janlylary başda ammiak bolmak bilen bedenlerinde birigen artyk maddalary yaşayan gurşawynda suw bol bolany üçin tiz wagtyň içinde süzüp atmaga ukyplydyr. Gury yerde bolsa suwuň minimum derejede ullanylmagy zerurdyr. Şonuň üçinem bu janlylar bir böwrek sistemasyna eyedirler. Böwrekler saýasynda ammiak karbamida öwrülip saklanar we bedenden atylanda minimum derejede suw ullanylar. Hemem böwregiň işlemegini mümkin kylýan täze sistemalara mätäçlik bardyr. Gysgaça aydylanda suwdan gury yere geçişiň bolmagy üçin böwregi bolmayan janlylaryň birden böwrek sistemasy edinmegi gerekdir welin...

Bütin bu fiziologiki üytgeyjilikleriň şol bir janlyda tötänleyinlikler netijesinde we şol bir wagtda meydana gelmegi elbetde mümkin däldir.

GURBAGALARDAN SÜYRENJILERE GEÇIŞ

Gurbagalardan süýrenjilere geçiş hökmünde öňe sürlen Seymuriyanyň bir geçiş formasy däldigi ondan 30 milyon ýyl öň hem süyrenjileriň yaşandygynyň bilinmegi bilen yüze çykdy. Iň gadymy Seymuriya galyndylary aşaky Perm gatlagyna, yagny mundan 280 milyon yyl mundan ozala degişlidir. Yöne welin bilinen iň gadymy süyrenji görnüşleri bolan Gilonomus bilen Paleotiris aşaky Pensilwaniyan gatlaklarynda, yagny mundan 330-315 milyon yyl ozal yaşandyr. Süyrenji atalarynyň süyrenjilerden soň yaşan bolmaklary bolsa elbetde mümkin däldir.

Mundan başga-da amfibiyalaryň süyrenjilere öwrülmeginiňem fiziologik we anatomiki taydan mümkin bolmadygyny, meselem suw içinde ösen amfibiya yumurtgasynyň gury gurşawda ösen süyrenji yumurtgasyna öwrülmeginiň mümkin däldigini görkezyän köp sanawda subutnama bar. Darwinistleriň öňe sürüşiniň tersine süyrenjiler bilen amfibayalar aralarynda hiçbir baglanyşyk bolman yeryüzüne çykan janlylar bolup, munuň dogrudygyna galyndy yazgylary güwä geçyär.

GUŞLARYŇ WE SÜYDEMDIRIJILERIŇ GELIP ÇYKYŞY[düzet | çeşmäni düzet]

Ewolyusionistler guşlaryňam bir şekilde başga bir janlydan emele gelendigine ýnanýandyklary üçin bu janlylaryň süyrenjilerden gelendigini öňe sürerler. Yöne gury ýer janlylaryndan dolulygyna tapawutly gurluşa eýe bolan guşlaryň hiçbir beden mehanizmini kem-kemden öwrülişik modeli bilen düşündirip bolmaz. Ähli zatdan öňürti guşy guş edyän iň möhüm alamat, ýagny ganatlar Darwinizm üçin uly bir meseledir. Çünki gözleriň we ganatlaryň bir aýratynlygy diňe dolulygyna emele gelen wagty wezipelerini ýerine ýetirip bilmegidir. Bir başga söz bilen aýdylanda kemçilikli göz bilen görüp bolmayşy yaly, ýarym ganat bilenem uçup bolmaz. Bu gurluşlaryň nädip birbirini yzarlayan tötänleyin(!) mutasiyalaryň netijesinde emele gelendigi soragy bolsa elbetde jogapsyzdyr. Hemem bir gury ýer janlysynyň guşlara öwrülip bilmegi üçin diňe bir ganatlarynyň bolmagy hem ýeterlik däldir. Guşlaryň süňkleri gury ýer janlysyna garanyňda örän yeňildir. Öýkenleri örän dürli gurluş wezipä eýedir. Dürli bir myşsa we skelet gurluşy, şol sanda yürek gan aýlanyş sistemalary bardyr. Bu mehanizmleriň yuwaş-ýuwaş birigip emele gelmekleriniň bolsa, elbetde ähtimaly yokdur.

Bütin bulardan soňra şu sorag akla geler: Bütin bu mümkin dälliklere garamazdan guşlaryň  süyrenjilerden emele gelendigini kabul etsek hem, bu hadysanyň dogrudygyny görkezyän köp sanawda ýeke ganatly, ýarym ganatly galyndylar näme üçin tapylanoklar? Bu soragyň jogaby düşnüklidir: Çünki janlylar öwrülişikler bilen meydana gelen däldir. Bir görnüşiň başga bir görnüşe "öwrülişigi" diylen zadyň yoklugy sebäpli, ýarym-süyrenji, ýarym-guş diylen janlylar hem hiç wagt ýaşan däldir.

Arheopteriks. Ewolýusionistler ýarym guş-ýarym süyrenji janlylar näme üçin tapylanok soragynyň garşysynda esasan hem bir janlydan söz ederler. Bu,  Arheopteriks atly bir galyndy guşudyr. Arheopteriks takmynan günümizden 140 million ýyl öň ýaşapdyr. Esasan guş formasyna eýe bolan Arheopteriksiň süýrenjä meňzeş taraplary şulardyr:  

1. Ganatlarynyň kenarynda penjeleriniň bolmagy.     

2. Agzynda dişleriniň barlylygy.

3. Guýrugynda oňurganyň bolmagy.                       

Riçard Owen tarapyndan tapylyp, süyrenjiler bilen guşlar arasynda geçiş formasy diylip öňe sürülen Arheopteriks barada soňky ýyllarda jedeller köpeldi. Munuň bir geçiş formasy däldigi aşakdakylar esasynda yüze çykdy:

1.Günümüzde günorta Amerikada ýaşaýan Goasin guşy (Opisthocomus hoatzin) bilen Afrikanyň Tourako guşunyň hem ýaşlyk wagtynda ganatlarynyň kenarlarynda penje bardyr we Goasin guşynyň oňurga gurluşam Arheopterikse meňzeşdir. Hemem Günorta Amerikada ýaşaýan düýe guşunyň (Ostrich) ganatlarynda hem üç sany penje bar.

2. Günümüzdäki guşlarda bolşy ýaly süňkleriniň içi boşdur.

3. Günümüze ýakyn taryhlarda hem köp sanawdaky uçujy guşlarda dişler tapyldy. Dişler ewolyusiýanyň subutnamasy däldir.

4. Arheopteriks, günümizdäki guşlar ýaly asimmetrik ýelek gurluşyna eýedir. Buda onuň uçýandygynyň subutnamasydyr. Meşhur poleontolog Karl O. Danbaryň belleýşi yaly, ýelekleri sebäpli bu mahluk dolulygyna bir guş alamaty daşaýar.

5. Ýakyn wagtlarda bu janlynyň uçmak üçin gerekli bolan sternum süňküniň bolmadygy ýygy-ýygydan dile getirilyärdi. Yöne 1992-nji ýylda tapylan ýedinji Arheopteriks galyndysynda ewolyusionistleriň uzyn wagtlap "ýok hasaplan" sternum süňkine duş gelindi. Nature dergisinde bu galyndy şeyle beýan edildi:

"Soňky tapylan ýedinji Arheopteriks galyndysy uzyn wagtlap barlygyndan şüphe edilen, yöne hiçbir wagt subut edilmedik bir göniburçly döş süňküniň barlygyny habar beryär. Bu janlynyň uzyn meydanlarda uçuş ukyby entegem spekulýaktiw, yöne sternum süňküniň barlygy güyçli uçuş myşsalarynyň barlygyny görkezyär."[16]

Arheopteriksiň agzyndaky dişleriniň süyrenjilerden galandygyny pikiri bir aldawdyr. Ilki bilenä dişler süyrenjileriň adaty bir alamaty däldir. Günümüzde käbir süyrenjileriň dişleri bar bolsa, käbirleriniňki yokdur. Has hem möhüm zat dişli guşlaryň Arheopteriks bilen çäkli bolmazlygydyr. Günümüzde dişli guşlaryň indi ýaşamaýandygy bir hakykatdyr, yöne galyndy ýazgylaryna seredilende Arheopteriks bilen bir döwürde, hatda günümüze ýakyn taryhlarda hem dişli guşlar diylip atlandyryp boljak aýry bir guş toparynyň ýaşandygyny göreris.

Işiň möhüm tarapy bolsa Arheopteriksiň we beyleki dişli guşlaryň diş gurluşlarynyň dinozawrlaryň diş gurluşundan örän tapawutly bolmagydyr. Ornitologlaryň geçiren ölçeglerine görä Arheopteriks we beyleki dişli guşlaryň dişleriniň üsti düz bolup, giň kökleri bardyr. Yöne bu guşlaryň atasydygy öňe sürülen teropod dinozawrlarynyň dişleriniň üsti çykgytly bolup, köklerem dardyr. Hünärmenler Arheopteriks bilen dinozawrlaryň bilek süňklerini hem deňeşdirip, arada hiçbir meňzeşlik bolmadygynada göz ýetirdiler.

Mundan başga-da, soňky tapylan tapyndylar esasynda Arheopteriksiň has-da güýji gaçdy. 1995-nji ýylda Hytaýda paleontolog Lianhai Hou bilen Çžou Çžunhe  “Konfusiusornis” atly bir guş galyndysy tapdylar.  Konfusiusornisiň dişleri ýokdy, ýelekleri, çüňki we skelet gurluşy bolsa günümizdäki guşlar bilen birmeňzeşdi. Bu guşuň ganatlarynda Arheopteriksde bolşy ýaly penjeleriň bardygyna-da duş gelindi. Günümüzdäki guşlara örän meňzeş bolan bu janly, Şipmanyň bellemegine görä Arheopteriksiň bütin guşlaryň ilkinji atasydygy baradaky tezisleri hem çüyretdi.

1996-njy ýylda bolsa Hytaýda 130 million ýaşyndaky "Liaoningornis" atly bir guş galyndysy tapyldy. Liaoningornisiň günümüzdäki guşlardan ýekeje tapawudy agzynda dişleriň bolmagydy. Bu bolsa dişli guşlaryň ilkinji guşlarda bar bolan bir alamat däldigini hem orta goydy.

Guşlar bilen bagly bir başga galyndy bolsa günbatar Tehas çölünde tapyldy. Şankar Çatterjee tarapyndan 1984-de tapylan iki bölekli bu galyndy ilkinji guş (Protoawis) diýlip atlandyrylyp, günümüzden 225 million ýyl öň ýaşandygy bildirilýär. Arheopteriksiň 140 million ýyl öň ýaşadygy dykgata alynsa Şankar Çatterjee tarapyndan tapylan galyndynyň Arheopteriksden 85 million ýyl gadymydygy ýüze çykar.  

Dünyäniň iň öňde gelen ornitologlaryndan biri bolan Professor Alan Feduçça guşlar bilen bagly şu sözleri dile getiryär:

25 ýyl boýunça guşlaryň kellelerini barladym. Dinozawrlar bilen hiçbir meňzeşlik görmeyärin. Guşlaryň dört aýaklylardan emele gelendigi pikiri paleontologiýada 20-nji ýüz ýylyň iň uly utanjy bolar!"[17]

Netije hökmünde Konfusiusornis ýada Arheopteriks ýaly guşlar nesli tükenen guşlar bolup, Şotlandiýaly paleontolog William Elgin Swinton hem "Guşlaryň biologiyasy we deňeşdirmeli fiziologiyasy" atly eseriniň girişinde guşlaryň gelip çykyşy barada örän kemeldiji bir garaýyş sergilenendigini bellemek bilen birlikde, dürli döwürler içinde süyrenjilerden guşa geçişi görkezen hiçbir galyndy ýazgysyna duş gelinmediginem bildiryär. Gysgaça aydylanda ýeke täk esasyny Arheopterikse daýandyran guşlaryň ewolyusion senariyasy diňe ewolyusionistleriň öň garaýyşlarynyň we hyýal güyçleriniň bir önümidir we täze ylmy tapyndylar esasynda çöküşe ugrandyr.


Süydemdirijileri hasyl edendigi öňe sürülen Synopsidae aşaky otrýady bolsa Pensilwaniýan döwründe (Karbon erasynyň bir bölümi) görüler. Süydemdirijiler süyrenjilerden has ösen kabul edilendigi üçin Ýeryüzüne süyrenjilerden soň çykmagyna garaşylardy. Yöne welin süydemdirijileriň başlangyjy hasaplanan Synopsidae’ler süyrenjileriň atasy kabul edilen Seýmuriyadan öň yaşapdyr.

Sowukganly we yumurtgalap köpelyän süyrenjiler bilen ýyly ganly we dogluş bilen bilen köpelyän süydemdirijiler arasynda hem ägirt uly tapawutlar bardyr. Bularyň birisem süyrenji bilen süydemdirijileriň eňek gurluşydyr. Süyrenjileriň aşaky eňeginde diňe bir süňk ýer alar we dişlerem bu süňküň üstüne oturar. Süydemdirijilerde bolsa aşaky eňegiň her iki tarapynda üç sany kiçi süňke duş geliner. Bir başga esasy tapawut ähli süydemdirijileriň orta gulaklarynda üç süňküň bolmagydyr, muňa garşylyk ähli süyrenjilerde orta gulakda diňe bir süňk ýer alar. Ewolyusionistler süyrenji eňegi bilen gulagynyň kem-kemden süydemdiriji eňegine we gulagyna öwrülendigini öňe sürerler. Bu akyl almaz öwrülişigiň nädip amala aşandygy soragy bolsa elbetde jogapsyzdyr. Esasan hem ýeke süňkden durýan bir gulagyň üç süňkli hala nädip öwrülendigi we eşitme duygusynyňam şol wagt nädip dowam edendigi hiçbir şekilde jogaplanmayan bir soragdyr.

Ewolyusionistleriň pikirlerine görä süydemdirijileriň gelip çykyşyny görkezyän shema şu şekilde bolmalydyr: Anapsidler, Pelikozawrlar, Terapsidler, Sinodontlar, irki süydemdirijiler. Bu hyýaly yzygiderligiň dogrudygyny görkezyän ýekejede geçiş janlysy bolmadygy yaly, janlylaryň yaşan döwürleri göz öňüne alynanda-da bu shema durşuna yalňyşdyr. Robert Kerroll bu hakykady "Pelikozawrlar bilen terapsidler arasyndaky geçiş formasyna duş gelinmedi... "Ýyrtyjy terapsidleriň iki topary bolan terosefallar we sinodontlar ýokarky Permde Russiyada we G.d Afrikada orta çykar. Bularyň gelip çykyşyny ýada aralaryndaky baglanyşygam belgiläp bilmedik"[18] diyip tassyklandyr.

Ewolyusionist poleontolog Roger Lewin hem "ilkinji süydemdirijä nädip geçilendigi henizem syrdyr" diyip belleyän mahaly, Sintetik Darwinizmiň gurujularyndan ewolyusionist Jorj Geýlord Simpson "Adamdan öňki durmuş" atly eserinde süydemdirijililere degişli geçiş formasynyň ýokdugy barada şeyle diyyär:

"Dünyä üstündäki yaşaýyşyň iň geň galdyryjy hadysasy Mezozoý erasynyň, ýagny süyrenjiler döwrüniň süydemdirijiler döwründe garaşylmadyk pursatda üytgemegidir. Bolup geçen hadysa köp we dürli görnüşdäki süýrenijileriň başgahrymanynda oýnan oýnunyň perdesiniň birden aşak düşen halyna meňzeýär. Perde täzeden açylan mahaly başgahrymanynda süydemdirijileriň yer alan, süyrenjileriň (bolsa) kenara itilen täze bir döwrüne duş geliner. Orta çykan süydemdirijileriň bolsa özünden öňki döwre degişli yzlary ýok ýaly"[19]

Has dogrusy bu hiçbir geçiş formasy bolman orta çykan süydemdirijiler birbirlerinden örän tapawutlydyr. Ýarganat, at, belka we kit yaly iň soňky derejede dürli janlylaryň ählisi süydemdirijidir we şol bir geologik döwürde orta çykandyr. Bu janlylaryň arasynda ewolyusion bir bag gurmak iň güyçli hyýal güyji bilenem mümkin däldir.

Atyň ewolyusion senariyasy.[düzet | çeşmäni düzet]

Çylşyrymly gurluşly janlylaryñ ewolyusiyasyna atyň filogeniyasy döwründe geçirendigi öňe sürülen üytgeyjilikler mysal beriler. Welleriň öňe sürüşine görä Eosen döwründe yaşan Eogippusuň öňki aýaklary dört, yzky aýaklary bolsa üç toýnaklydy. Yöreyän wagty bütin ayaklary ýere yapyşyardy. Atyň üçünji toynagy ösyän mahaly beylekileriniň gitdigiçe kemelendigi, muňa sebäp hökmünde-de ir döwürlerdäki atlaryň tokaý agaçlarynyň yaş şaha we yapraklary bilen iymitlenendigi, yöne Miosenden başlap otluklaryň agdyklyk etmegi bilen ot bilen iymitlenmãge başlandygy belleniler. Iymit çeşmesini çemenleriň emele getiren açyk düzlüklerde duşmandan goranmagyň diňe tiz ylgamak bilen mümkin boljagy, munuň hem üçünji toynagyň giňelip ösmegine, beylekileriniň bolsa yitendigine sebäp bolandygy belleniler. Üçünji toynakdan galanlar rudiment we indi işe ýaramayan organ halyna gelendigi öňe sürler. Geologik döwürler boyunça umuman sekiz dürli atlaryň görülendigi öňe sürüler we bular kiçiden ula tarap yzygiderlili şeklinde görkeziler. Toýnagynyň azalmagy, iýmitlenme şekli we ylgamak bilen duşmanlaryndan gaçmagyna baglanýar.

Kritikalary. Peydalanylyan organlaryň ösendigi, peydalanylmayanlaryň gowşandygy pikiri Lamark ýörelgesi diylip biliner. Soňky 20 ýylda bu pikiriň modifikasiona daýanýandygy bilindi. Şol bir logika eýerilse hem, duşmanlaryndan gaçan towşan başda bolmak bilen, ýenede birgiden haýwanyň näme üçin meňzeş üytgeyjilige gabat gelmeyändigini düşündirmek gerekdir. Atyň ayagyndaky çykgytlaryň rudiment organdygy pikiriniň güyji gaçandyr.

Yakyn bir wagta çenli Darwiniň  teoriyasyna subutnama hökmünde görkezilen galyndy yzygiderliginiň başynda atyň ewolyusiyasyna degişlidigi öňe sürülen yzygiderlik ýer alýardy. Yöne soňky ýyllardaky maglumatlar yşygynda köp sanawdaky ewolyusionistleriň özleri hem, bu senariyanyň hakykata gabat gelmeyän bir aldawdygyny aç-açan kabul edyär. Genetik ewolyusionist Gordon R. Teýlor Darwinizmiň düşündirip bilmedigi meseleleri ele alan “The Great Evolution Mystery atly eserinde at sergileri hekayasynyň aslyny şeyle düşündirýär:

"Darwinizmiň belkide iň uly gowşaklygy poleontologlaryň uly ewolyusion üytgeyjilikleri görkezjek garyndaşlyk gatnaşyklaryny we janly yzygiderliligini orta goyup bilmänlikleridir... At sergisi bu barada “çözgüde gowuşdurulan ýeke täk mysal” hökmünde görkeziler, yöne hakykatda Eogippus-dan günümüzdäki Equus-a çenli uzalan yzygiderlik örän tutarsyzdyr. Bu yzygiderligiň gitdigiçe artan bir beden ululygyny görkezendigi öňe sürüler, yöne aslynda yzygiderligiň geljekki basgançaklaryna goyulan janlylaryň käbirleri (yzygiderligiň başynda duryan) Eogippusdan has uly däl, has kiçidirler. Dürli janlylara degişli galyndylaryň bir ýere getirilip yzly-yzyna goýulmagy mümkindir, yöne janlylar taryhynda bu yzygiderligi görkezjek hiçbir subutnama ýokdur." [20]

J. Uolles atyň ewolýusiýasy barada şu sözleri dile getiryär:

Atyň ewolýusiýasy bilen bagly Darwiniň ölüminden 3 ýyl ozal, Yelskiý uniwersitedynyň paleontology Otniel Marş, häzirki ýeke toýnakly atlaryň kiçi dört toýnakly atadan nädip gelendigini görkezmek üçin atyň galyndylaryny görkezýän bir çyzgy çap etdi. Diňe aýak süňklerini we dişleri özünde saklaýan Marşyň çyzgysy, köp wagt geçmänkä kelle süňki bilenem goldanyldy we at galyndylarynyň suratlary biologiýa ders kitaplarynda, muzeýlerde Darwinizmiň subutnamasy hökmünde tizlik bilen ýerini aldy.”

Biolog Boyce Rensberger hem atyň ewolýusiýasynyň galyndy ýazgylarynda hiçbir dayanjynyň bolmadygyny belläp şeyle diyyär:

"50 million ýyla ýakyn mundan ozal yaşan dört toynakly, tilki ululygyndaky janlylardan häzirki has uly, ýeke toynakly atyna tarap  yzygiderli halda üytgeyjilikler amala aşandygyny öňe sürýän meşhur "Atyň ewolyusiyasy" mysalynyň (aslynda) güyjüniň yokdugy uzyn wagtlap bilinyändir. Gradualizm üytgeyjiligi ýerine her görnüşiň galyndylary örän dürli şekilde orta çykýar, hiç üytgemän galýar, yzyndanam nesli tükenyär."[21]

Atyň ewolyusion senariyasynyň  Hindistan, Günorta we Demirgazyk Amerika bilen Yewropada dürli zamanlarda yaşan, dürli görnüşlere degişli galyndylaryň kiçiden ula tarap düzülmegi arkaly döredilendigi bellenilýär. Bu barada ewolyusionistler arasynda pikir birligi ýokdur. Birbirinden tapawutly 20 sany atyň ewolyusion shemasyna duş gelmek mümkin. Bärdäki pikir birligi 55 million ýyl ozal Eosen döwründe yaşan Eogippus (Hyracotherium) atly ite meňzeş bir janlynyň atyň ilkinji atasydygyna ynanylmagydyr. Yöne atyň millionlarça ýyl ozal yok bolan atasy hökmünde görkezilen Eogippus Frensis Hitçingiň bellemegine görä günümüzde Afrikada yaşayan we at bilen hiçbir baglanyşygy bolmayan Hyrax atly haywan bilenyň edil özüdir.

Görlüşine görä köp toynakly at görnüşleriniň her birisi ayry bir formadyr we belli bir döwür yaşap gurşawdan aýrylandyr.... Bir toynakly atyň neslem bir toynakldyr.

HAYWANLARYŇ GEÇMIŞI BARADA NETIJE.[düzet | çeşmäni düzet]

Garaşylan geçiş formalarynyň yokdugyny gören meşhur ewolyusionist, poleontolog Stiwen Jeý Guld Aralykly deňagramlyk teoriýasyny öňe sürdi. Gulda görä galyndy ýazgylarynyň köpüsi kem kemden bolup geçen ewolyusion ösüş pikiri bilen çatyşyan iki delil sergileyändir:

1. Durgunluk. Galyndylardaky köp görnüş yeryüzünde görünen mahallary hiçbir üytgeyjilik sergilemeyär, yok bolan wagty nähili bolsalar galyndy yazgylarynda-da şol bir şekilde görünyär.

2. Birden yüze çykyş. Haysyda bolsa bir sebitde bir görnüş atalarynyň yzygiderli üytgeyjiligi netijesinde kem-kemden yüze çykman, bir saparda we dolulygyna emele gelen yagdayda meydana çykyar.

Meşhur iňlis polentology Derek Ager hem bu barada şeyle diyyär:

"Meseläm şudur: Galyndy yazgylaryny güyçli bir şekilde barlaga tutanymyzda görnüşler yada klaslar derejesinde bolsun, hemişe şol bir hakykat bilen garşylaşyarys. Kem kemden ösüş däl, birden yeryüzünde meydana gelen toparlar göryäris."[23]

Geologiya Professory Dewid M. Raup:

"Köp adam galyndylaryň Darwiniň durmuşyň taryhy baradaky pikirlerine delildigini pikir eder. Darwinden günümüze çenli 120 yyl geçdi we galyndylar bilen bagly maglumatlarymyz örän artdy. Yöne bugün ewolyusiya bilen bagly bir üytgeyjiligi goldayan mysallar Darwiniň zamanyndan hasda azdyr."

Ewolyusionist biolog Ernst Maýr: "Poleontologlar uzyn wagtlap Darwiniň kiçi böküşler bilen üytgeyjilik şertiniň poleontologiyasynyň tapyndylary bilen çatyşýandygynyň habaryndadyr. Filumlara degişli çyzgylar barlanylanda örän kiçi böküşlere degişli üytgeyjilikler görülyär, yöne bu üytgeyjilikler bir görnüşi başga bir uruga (genus) öwürjek görnüşde däl we täze bir görnüşiň köküne degişli düşündiriş berip bilenoklar. Hakykatda galyndy yazgylarynda täze her görnüş ähli wagt birden yüze çykyar."[24]

Jorj Gaylord Simpson:

"Ewolyusion taryhyň uly bölümini aňladyan geçiş formalary nirededir? Heniz hiçbir yerde tapylmadylar. Bu ewolyusionistler üçin galyndy ýazgylaryndaky geň galdyryjy boşluklar taydan örän möhümdir".[25]

Frensis Hitchingiň "The Neck of the Giraffe: Where Darwin Went Wrong" atly kitabyndan:

"Eger galyndylar tapyan bolsak we eger Darwiniň teoriyasy dogry bolsa, onda gayalaryň belli bir topar mahlugyň, has kompleks bir başga mahluklara tarap kiçi basgançaklar bilen öwrülendigini görkezyän galyndylar orta çykarmagy gerekdir. Bu nesilden nesile ösyän kiçi ösüşler iň soňky derejede gowy goranylan bolmaly. Yöne yagday munyaly däl, aslynda munuň tersi dogrudyr. "Darwiniň sanawsyz geçiş formasy bolmaly, yöne bulary näme üçin yeriň sanawsyz gatlagynda tapamzok" diyişi yaly. Darwin galyndy yazgylaryndaky bu uly kemçiligiň diňe has köp gazuw agtaryş işleri geçirmek bilen baglydygyny pikir edendir. Yöne her näçe täze gazuw agtaryş işleri geçirilse geçirilsin, tapylan görnüşleriň ählisiniň diyen yaly bugün yaşayan haywanlara örän meňzeşdigi orta çykandyr".[26]

Ewolyusionist Poleontolog Mark Çarneki:

"Teoriyany (ewolyusiyany) subut etmegiň öňündäki uly bir päsgelçilik ähli wagt üçin galyndy yazgylary bolandyr... Bu yazgylar hiçbir wagt Darwinyň çaklama eden geçiş formalarynyň yzlaryny orta goyup bilen däldir. Görnüşler (galyndy yazgylarynda) birden emele gelerler we birdenem yok bolarlar. Bu garaşylmadyk ýagdaý görnüşleriň Alla tarapyndan ýaradylandygyny goldaýan yaradylyşçy argumenda kömek berendir." [27]

Gysgaça aydylanda janlylar birbirinden meydana gelen bolsa buda kem-kemden bolup geçendir. Meselem balykdan gurbaga emele gelen bolsa ilkinji etapda gurbaga meňzeşligiň 100-de 10, soňra 100-de 20, soňra bolsa 100-de 30 şeklinde dowam etmegi gerekdir. Her organizm üçin iň azyndan birnäçe geçiş formasynyň bolmalydygy dykgata alynsa, ýeryüzündäki ösümlik we haywan görnüşiniň birnäçe essesi, ýagny millionlarça geçiş formasynyň tapylmagyna garaşylar. Gynansagam millionlarça, hatda milliardlarça galyndy tapylmagyna garamazdan bu barada öňe sürülen materiallar yok diyjek yaly azdyr, şonuň bilen birlikde bularyň hem geçiş formasy däldigi orta goyulandyr.

Ýerýüzünde geologik döwürler boyunça birbirinden tapawutlanýan dürli organizmler ýüze çykyp, bularyň bir bölegi hiç üýtgemän günümüze çenli gelip ýeten bolsa, käbirleri belli bir döwür ýaşap durmuş sahypasyndan çekilipdir. Bärde dykgaty çekýän zat çylşyrymly organizmleriň ýuwaş ýuwaşdan ýerýüzünde görülmegidir. Munuň yeke täk düşündirişi bolup biler, oda:

1. Yuwaş ýuwaş gowlaşan ýerýüzünde şol gurşawa uygun janlylaryň ýaradylmagy.

2. Janlylardaky iýmit zynjyry. Eger başda köp öyjükliler yaradylan bolsa gurşaw olara uygun bolmandygy yaşaýyşdan mahrum galarlar. Meselem başda bir öýjükliler ýaradylmasa, ýagny mikro organizm ýok bolsa ot-ösümlikler ýetişip bilmez. Ot-ösümlik bolmasa janlylar näme bilen iymitlensin?

Tebigat we janlylarda ähli wagt üytgeyjilik bardyr. Yöne çäksiz bir üytgeyjilikden söz edip bolmaz, görnüş içi üytgeyjilik bardyr we janly görnüşleriniň durmuşda galmagy, dürli gurşawlara uygunlaşyp bilmegi üçin gereklidirem. Ewolyusionistler janly görnüşleriniň Yeryüzünde belli bir yzygiderlik bilen orta çykan bolmaklaryny birbirinden emele gelendikleriniň subutnamasy hökmünde görkezsede, janlylaryň Yeryüzündäki orta çykyş yzygiderlikleri, ortada hiçbir geçiş formasy bolmadygyna görä, bu janlylaryň ýaradylan döwrüni aňladar. Galyndylar yeryüzünüň üstün we kemçiliksiz bir yaradylyş bilen, ilki deňizlerde soňra bolsa gury ýerde yaşayan janlylar bilen doldurylandygynyň we bütin bularyň yzyndan hem adamoglunuň bar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Poleontologiyanyň gurujusy hasaplanan fransuz Jorj Kyuwye şol bir wagtda bir geolog we deňeşdirmeli anatomdy. Oňurgaly we oňurgasyzlaryň zoologiyasy we poleontologiyasy üstünde örän giň gözlegler geçirdi. Kyuwye geçmişdäki janlylaryň nesliniň tükenendigi hakykadyny hem kesgitli şekilde orta goyup, munuň bilen bagly teoriyany ewolyusion teoriya ters düşjek şekilde düşündirendir.

Bibliografiya

[1] Charles Darwin, The Origin of Species: A Facsimile of the First Edition, Harvard University Press, 1964, s. 179

[2] Charles Darwin, The Origin of Species, s. 172, 280

[4]  Science Progress. 1960, Vo. Monestarsky, R. Mysteries of the Orient. Discover, April, 1993, s. 40.

[ 5] Richard Fortey,The Cambrian Explosion Explo- ded?, Science, Cilt 293, No 5529, 20 Temmuz 2001, s. 438-439

[ 6.] Gerald Schroeder, "Evolution: Rationality vs. Randomness", http://www.geraldschroeder.com/evolution.html.

[7]. David Raup, "Conflicts Between Darwin and Paleontology", Bulletin, Field Museum of Natural History, volume 50, January 1979, s. 24

[8.] Dawkins, R.The Blind Watchmaker. London,W.W. Norton, 1986, s. 229.

[9.] Douglas J. Futuyma, Science on Trial, New York: Pantheon Books, 1983. s. 197

[10] Charles Darwin, The Origin of Species: A Facsimile of the First Edition, Harvard University Press, 1964, s. 302

11. Stefan Bengston, Nature, Vol. 345, 1990, s. 765

12. Romer,AS. Vertebrata Paleontology. Chicago Press. 1966, s.15-33.

13. Gerald T. Todd, "Evolution of the Lung and the Origin of Bony Fishes: A Casual Relationship", American Zoologist, Cilt 26, No. 4, 1980, s. 757

14.  R. L. Carroll, Vertebrate Paleontology and Evolution,

New York: W. H. Freeman and Co. 1988, s. 4

15. P. L. Forey, Nature, vol 336, 1988. s.729.

16. Edwin H. Colbert, M. Morales, Evolution of the Ver- tebrates, New York: John Wiley and Sons, 1991, s. 99

17. Nature, volume 382, 1 Awgust 1996, s. 401

18. L. D. Martin, J. D. Stewart, K. N. Whetstone, The Auk, volume 98, 1980, s. 86

19. Pat Shipman, "Birds Do It... Did Dinosaurs?", New Scientist, 1 february 1997, s. 28

20. Rensberger, B. Houston Chronicle, 5 November, 1980, chapter 4, s.15.

21. Gordon Rattray Taylor, The Great Evolution Mystery, London: Sphere Books, 1984, s. 230

22. Wells, J. A.g.e. s. 181.

23. Derek, A. The Nature of the Fosil Record. Proceedings of British Geological Association.

24. Ernst Mayr, One Long Argument:Charles Darwin and Genesis of Modern Evolutionary Thought, Harvard University Press, Cambridge, Massachusetts, 1991, s. 138

25. G. G. Simpson, "The History of Life", Evolution of Life, University of Chicago Press, Chicago, 1960, s. 135.

26. Francis Hitching, The Neck of the Giraffe: Where Darwin Went Wrong, Tichnor and Fields, New Haven, 1982, s. 40.

27. Mark Czarnecki, "The Revival of the Creationist Crusade", MacLean's, 19 January 1981, s. 56

Ewolyusion hilegärlikler.[düzet | çeşmäni düzet]

1. Bilim taryhynyň iň uly skandaly Piltduanly adam: Adamyň kellesine orangutan eňegi.

2. Nebraskaly adam: Bir doňuz dişi.

3. 375 milyon ýyllyk krokodil: Tiktaalik roseae.

Adamyň geçmişine deginmezden ozal taryhda ýary-maymyn ýary-adam janlylaryň yaşandygy pikirini jemgyýetiň möhüm bir bölegine kabul etdiren propoganda usulyna deginmek gerek. Bu propoganda usuly ewolyusionistleriň galyndylary ullanyp eden rekonkstruksiyalarydyr. Rekonstruksiya täzeden gurmak diymekdir we diňe bir süňk bölegi tapylan janlynyň suratynyň yada maketynyň adamyň hyýal güjüne göre guralmagydyr. Gazetlerde, dergilerde, filmlerde görülen maymyn adamlaryň her biri aýry bir rekonstruksiyadyr. Bärde ýenede bir zada deginmekde peyda bar. Süňk galyndylaryna dayanyp edilen işlerde diňe eldäki jismiň örän umumy ayratynlyklary orta çykarylyp bilner. Asyl ayratynlyklar bolsa zaman içinde aňsatlyk bilen yok bolyan yumşak dokumalardyr. Garward uniwersitedyndan Earnest A. Hooten muny şeyle düşündirer:

"Yumşak bölekleriň täzeden guralmagy örän riskly bir işdir. Dodaklar, gözler, gulaklar we burun yaly organlaryň aşagyndaky süňk bilen hiçbir baglanyşyklary yokdur. Meselem bir Neandertal kellesini şol bir teswir bilen bir maymyna yada öňki bir filozofa meňzedip bilersiňiz. Öňki adamlaryň galyndylaryna dayanyp yöredilen senariyalar hiçbir ylmy gymmata eýe däldirler, toplumy ugrukdyrmak maksady bilen ullanylar. Şol sebäpdenen rekonstruksiyalara aşa bil baglamaly däl".

Ewolyusionistler bu barada örän gaty gidip, bir kellä degişli birbirinden tapawutlanyan yüzler orta goyandyrlar. Parantrop boysa atly galyndy üçin çyzylan birbirinden dolulygyna tapawut etyän üç ayry rekonstruksiya muňa mysal bolup biler. Yöne ewolyusiya teoriyasynyň taryhynda bulardan has erbet hilegärlikler ýer alar. Bilim taryhynyň iň uly skandaly bolan Piltduanly adam munuň aydyň mysalydyr.

1912-nji ýylda London tebigat muzeýiniň müdiri Arthur Smith Woodward bilen Çarlz Dawson tarapyndan Angliýanyň Piltdaun ýakynyndaky çukurdan eňek bilen kelle süňki çykaryldy. Äň süňki maymynyňka, dişleri bilen kellesi bolsa adamyňka örän meňzeýärdi. Bu materiallar “Eanthropus dawson” (Piltduanly adam) diylip atlandyrylyp, yaşynyň hem 500 müň ýyldygy bildirildi. 40 yyldan köp wagtlap üstüne birgiden ylmy makala yazyldy.

1930-njy yyllarda adamyň başda beynimi yada bedenimi gelişdi diylen soraga Piltduany delil getirip jogap berilyardi. Smith hem bu barada şeyle diyyärdi:

"Piltduanly adamyň iň dykgat çekiji tarapy 'adamyň ewolyusiyasynda ilkinji ýeri beyniniň alandygy' baradaky düşünjeleri hakly çykarmagydyr. Adamyň kelle gurluşynyň ösmegi bilen maymynlykdan halas bolandygy pikiri iň manyly düşünjedir..."

Yöne 1950-nji ýylda Piltduanyň ýaşyny kesgitlemek üçin ftorid mukdary testine salyndy we eger galyndy aýdylyşy ýaly toprakda 500 müň ýyl galan bolsa örän köp ftoridyň bolmagy zerurdy. Emma bu galyndy-da hiçhili ftorida duş gelinmedi! Şeylelikde Piltduana degişli materiallaryň galyndy bolmadygy we tapylan wagty toprakda bir ýyldan köp galmadygy, has güýçli barlaglara salnan bu süňkleriň taryhy ýaly görkezmek üçin kaliý dihromaty bilen reňklenendigi, äň süňküniň üstündäki dişleriň könelen, gadymy ýaly görnüş berjek şekilde geýdirilendigi yüze çykdy.

Clark Howell hem Piltduan hilegärliginiň getiren zyýanlaryny şu sözler bilen dile getiryär:

Piltduan galyndysy adamyň kellesi we maýmynyň äňinden emele gelen materialdan başga zat bolman, bu bilgeşleýin edilen bir aldawdan ybaratdy. Muny “adamyň 500 müň ýyl öň ýaşan maýmyn bilen bir atasy” diýip hödürlediler. Bu barada 500-e ýakyn kitap ýazyldy,  paleontologlar bu tapyş bilen 50 ýyl boýunça boş ýere wagt geçirdiler”.

Bu galyndy bilen 10 ýaşyndaky orangutanyň eňek süňküni adamyň kellesi bilen birleşdirip, adamyň dişlerini hem äň süňkine oturdyp maýmyn-adam arasy bir barlyga meňzedilmek islenilipdi. Bu işi edenler gözlenen wagty hiçkim jogapkärçiligi üstüne almady, Woodward bilen Dawson bolsa ölüpdi. 50 ýyla ýakyn dünýäniň iň uly barlaglaryna garamazdan Piltduan hilegärliginiň bilinmänligi beyleki galyndylar hakynda şüphäni hasda artdyrdy.

Nebraskaly adam. 1922-nji ýylda Henry Fairfield Osborn Nebraskada bir azy dişi galyndysyny tapandygyny bildirdi. Bu dişiň adam bilen maymynlaryň birmeňzeş alamatlaryny daşayandygyny öňe sürdi. Köp wagt geçmän tema bilen bagly jedeller başlady. Bu yekeje dişe dayanyp Nebraskaly adamyň kellesi we bedeniniň rekonstruksiya çyzgylary çyzyldy. Hatda hasda aşa gidilip, Nebraskanyň ayaly we çagalarynyň tebigy gurşawdaky maşgala suratlary çap edildi. Muňa tiz wagtdy bir at hem dakyldy: Hesperopitheсus haroldcookii. Yöne 1927-de skeletiň beyleki bölekleri hem tapylmagy bilen birlikde täze böleklere görä bu diş ne maymyna nede adama degişlidi. Dişiň prosthennops atly yabany Amerikan doňuzynyň nesli tükenen bir jynsyna degişlidigi bilindi. Yüz ýyla ýakyn mundan öň bu dişiň doňuza degişlidigi bilinsede adamyň atasy diýlip kabul edilen Nebraskanyň jemgyýetdäki durmuşyny görkezýän suratlary, filmleri döredilip, arzuw hyýallar netijesinde çekilen Nebraska adamynyň ýary maýmyn-ýary adam suratlary käbir ensiklopediýalarda we iň populýarnyý kitaplarda adamyň ilkinji atasy diýlip aýdylmaga dowam edildi.

Tiktaalik roseae. Neil Shubin ve Edward Daeschler tarapyndan Kanadada tapylan bir galyndy Tiktaalik roseae diylip atlandyryldy. Galyndynyň yaşy takmynan 375 milyon yyla yakyn diylip takmyn edildi. Suwdan gury ýere geçiş ertekisine talyp gözleyän Darwinistler galyndynyň deňi tayy bolmadyk bir geçiş formasydygyny öňe sürüp yere göge sygdyran däldirler.

Tiktalik barada birnäçe ýyl dowam eden ewolyusionist propoganda gysga bir analiz netijesinde yüze çykaryldy. Şuwagda çenli geň gollary we bütin bedeni bilen örän giňden suratlandyrylan, rekonstruksiyalary tayynlanan we bu hyyaly önümiň rekonstruksiyalary muzeylerde sergilenen, birnäçe yyllap kitaplarda geçiş formasy diylip tanadylan Tiktaalik Roseae galyndysy aslynda diňe bir kelle galyndysyndan ybaratdy. Kellesine goşulan beyleki süňkleriň hiçbiri bu janla degişli bolman, şol bir gatlaklardan tapylan beyleki janlylara degişli süňklerden düzülipdi. Bu janly bilen baglanyşdyrylmaga synanyşylan yüzgüç gurluşlaram şol bir gatlaklarda yaşayan beyleki balyk galyndylaryna degişlidi.

Tiktaligiň kellesindäki bütin alamatlar krokodila degişli alamatlardyr: Gözleri birbirine yakyn we ýokardadyr, kellesi tekizdir, hemem kellesi göwreden aýry hereket sergiläp bilyändir. Yiti dişleri we umumy daş görnüşi dolulygyna krokodila mahsusdyr. Janlynyň görnüşi günümüzde Hytaýda yaşayan alligator sinensis görnüşi bolan krokodil bilen birmeňzeşdir. Şeylelikde bütin bulardan görlüp bilinjegi yaly Tiktaalik Roseae bir krokodil görnüşinden başga zat däldir.

Chicago uniwersitedyndan Tyler Keillor galyndynyň rekonstruksiyalaryny taýynlan mahaly janlynyň daş görnüşiniň deňizden gury yere geçiş ertekisine uygun gelmegi üçin hem amfibiyalara hemde balyklara meňzeyän şekilde düzendigini rahatlyk bilen beyan edendir. Tema barada känbir maglumaty bolmayan adamlar Darwinistleriň ylmy yollar bilen hereket etyändigi pikirine batyp, hakykatdan hem bir geçiş formasy tapylandygy düşünjesine gapylandyr. Yöne elde diňe bir krokodil kellesi, bu kelläniň ýakynlarynda tapylan dürli balyklara we beyleki janlylara degişli süňk we yüzgüç bölekleri hemde bir hünärmeniň ewolyusion hekayalaryna görä ugrukdurylan hyýal güyji bardyr. Hakykatda Tiktaalik roseae günümüzde-de mysallary bar bolan ajaýyp bir krokodildir, 375 milyon yyl ozal yaşandyr we günümüzdäki krokodil görnüşleri bilenem dolulygyna birmeňzeşdir.

Şonuň bilen birlikde Tiktaalik roseae bir mozaika jandarydyr. Mozaika janlylar ewolyusion gipotezanyň esasyny düzyän geçiş formalaryndan dolulygyna uzakdyr. Günümüzde Awstraliyada yaşayan Utkonos süydemdiriji, guş we süyrenji alamatlaryny özünde göteryän bir mozaika jandary bolmagyna garamazdan ewolyusion gipoteza üçin hiçbir tarapdan delil görkezilip bilinmez. Kämahal utkonos hem ewolyusionistleriň spekulyasiyalaryna sezewar bolsada, Stiwen J. Guld yaly meşhur ewolyusionistler mozaika janlylaryň bir geçiş formasy hökmünde kabul edilip bilinmejekdigini aç-açan aydandyr.

Ewolyusionistleriň öz pikirlerini goldamagy üçin tapmaly zatlary geçiş formalarydyr. Geçiş formalary kemçilikli, yarym, wezipesini doly görüp bilmeyän organlara eye janlylardyr. Mozaika janlylarynyň eýe bolan organlarynyň her biri kemçiliksizdir. Yary ösen organlary yokdur, janlynyň mozaika alamatlary pesden çylşyrymla gidenini görkezjek ýekejede geçiş formasy alamaty görkezyän däldir.

RUDIMENT MESELESI.[düzet | çeşmäni düzet]

Wezipesi bilinmeyän yada wezipesi bar bolup, ozalky ähmiyetini yitiren hökmünde birnäçe organlar ewolyusionistler tarapyndan rudiment yada artyk galan organ hökmümde ewolyusiya delil görkeziler. Bir organizm toparyndaky rudiment organlaryň başga bir organizm toparynda hasda ösen bolmagy şol ikisiniň arasynda ýakyn bir garyndaşlygyň bardygyna subutnama hasaplanar. Robert Widershaým 1895-nji ýylda çap eden "The Structure of Man” atly kitabynda adamyň bedeninde iş görmeyän we wagtyň geçmegi bilen adamyňam bedenini terk etjek 86 sany gereksiz organyň bardygyny öňe sürendir.

Adamda kör içege beyleki janlylara görä kän ösmedikdir. Bu ýagday ewolyusionistler tarapyndan rudiment organ hökmünde kabul ediler we adamyň ot bilen iymitlenyän bir haywandan gelendigine subutnama hökmünde görkeziler.

Olara görä adamda bir başga rudimentar diylip kabul edilen organ türre süňküdir. Munuňam adamyň guyrukly atadan gelendigine delildigi aýdylar, öňler timus mäzi, galkan şekilli mäz, gipofiz mäzi yaly birnäçe organyň hem gereksizdigi öňe sürülendir.

Rudimentar organlaryň kritikasy. Bilim ösdügiçe Widershaýmyň listyndaky organlar gitdigiçe kiçelendir. Meselem Timus mäziniň çagalyk döwründe bedeniň immunitet sistemasynyň ösüşine uly goşant goşyandygy, galkan şekilli mäziň madda çalşygy we ösmek üçin örän möhüm iki gormon bölüp çykaryan bir endokrin mäzidigi, anginalaryň bolsa bogazy, esasanam yetginjeklige çenli infeksiyalara garşy goramakda möhümdigi, Darwin tarapyndan rudimentar organ diylip bellenilen gözdäki ýarym aý şeklindäki çykgydyň bolsa gözüň tämizlenmeginde işe ýaraýandygy bilinendir. Häzirki wagtda timus mäzi, epifiz mäzi we anginalaryň gereksiz organ däldigi dünyä bellidir.

Appendiks, bir başga söz bilen aýdylanda kör içegäniň hem soňky ýyllarda geçirilen barlaglar netijesinde bedene giren mikroplara garşy göreşen limfa ulgamynyň bir bölegidigi, yogyn içegä iberyän suwuklygy bilen yokanç kesellere garşy gorag wezipesini yerine yetiryändigi kesgitlenendir.

Iň meşhur bir başga rudiment organlardan birisem türre süňküdir. Bu süňk ewolyusionistler üçin adamyň atasynyň guyrukly bir görnüşdigi barada sarsmaz bir subutnama hökmünde görkeziler. Yöne soňky ýyllardaky ylmy barlaglar türre süňküniň hem peydasyz däldigini we örän möhüm bir wezipesiniň bardygyny orta goymagy bilen birlikde, adam bu süňküň saýasynda rahat oturyp biler. Halk arasynda käbir betbagtçylyklar sebäpli türre süňki döwülen adamlaryň uzyn wagtlap şol bir pozisiyada oturyp bilmediklerine we rahatlyk tapmadyklaryna gözegçilik edilendir.

Wezipesiz organlar diylip öňe sürlenler aslynda wezipesi tapylmadyk organlardy. Biolog S. R. Scadding "Evolutionary Theory" dergisinde yazan "Rudiment organlar ewolyusiya delil bolup bilermi?" atly makalasynda bu hakykady şu sözler bilen beyan eder:

"(Biologiya baradaky) maglumatlarymyz köpeldigiçe rudimentar organlar sanawy gitdigiçe kiçeldi... Bir organyň wezipesizdigini kesgitlemek mümkin däldigine we gowşan organlar ylmy bir alamat daşamadygyna görä rudimentar organlaryň ewolyusiya teoriyasy üçin haysyda bolsa bir subutnama daşamayandygy netijesine baryaryn"

Bütin bu peydalar orta çykyp başlanyndan soňra ewolyusionistler täze bir strategiýa gelişdirip rudimentar organlaryň diňe bir işläp bilmän galan organlar diymek däldigini, käbir rudiment organlaryň wagtyň geçmegi bilen asyl wezipesinden üytgäp organizmlar tarapyndan başga wezipeleri yerine yetirjek organlara öwrülendigini öňe sürüp başladylar. Yöne görşümiz ýaly bärdede gomologiyada bolşy yaly aýylganç aylaw garşymyza çykyar.

Bir ata baba subut edilmezden ozal öňe sürülen ata babadaky asyl wezipe organyndan söz edilmez. 'Organlaryň asyl wezipesiniň üytgäp başga wezipä öwrülendigi' şeklindäki gipotezanyň subutnamasy näme? Biz rudiment organlar gipotezasyndan yola çykyp-my bir ata-babany subut edyäris, yada bir ata babany kabul edendigimiz üçin-mi birnäçe organlara özümizçe rudiment organlar diyyäris?

Rudiment organlaryň yene bir kritikasy bolsa bilnişi yaly ewolyusionistler tarapyndan janlylardaky rudiment organlaryň geçmişdäki atalaryndan miras galandygy belleniler. Yöne welin rudiment organ diylip öňe sürlen organlaryň käbirleri janlylaryň atasy diylip öňe sürülen käbir janlylarda yokdur. Meselem ewolyusionistler tarapyndan adamyň atasy diylip öňe sürlen käbir maymynlarda appendiksa duş gelinmez. Biolog H. Enoch bu hadysany şu sözler bilen dile getirýär:

"Adamlaryň appendiksi bardyr. Yöne has öňki atalary bolan aşaky maymynlarda appendiksa duş gelinmez. Garaşylmadyk bir sowgat şekilde appendiks, has pes gurluşly süydemdirijilerde, meselem opossumlarda duş geliner. Beyle bolsa ewolyusiya teoriyasy muny nädip düşündirip biler?"

Atawizm meselesi. Guyrukly adam hökmünde hödürlenen suratlaryň käbirleri ulaldylyp, hileli şekilde oynalyp döredilendir. Käbirlerinde bolsa gysga bir uzynlyk şeklinde daşarda galan türre süňki (os coccyx) bir anomaliya hökmünde bardyr. Embriologik gelip çykyş wagtynda oňurga emele gelyän mahaly käbir somitleriň sklerotom we miotomlarynyň aýrylmagynda kiçi mutasiyalara bagly näsazlyklar görüler. Oňurganyň soňky bölegi bolan türre süňki adaty yagdayda embriologik gelip çykyşyň ikinji aýynyň ahyrynda beden içine alynar. Yöne daşky yada içki gurşaw şertlerine bagly bolup düwünçegiň sezewar bolan kiçi mutasiyalary käbir kemçiliklere sebäp bolup biler. Meselem spinia bifida keselinde oňurga kanalynyň yapylyp bilinmezligi, beyniniň yada yüregiň daşarda dogmagy yaly birgiden kesel sanalyp bilner. Türre süňkem her haysy bir mutasiya sebäpli gelip çykyş döwründe näsazlyk bolsa içine alynmaz we  daşynda galandygy üçinem adaty hadysa ýaly guyrukly adam bar eken diymek dogry bir netije däldir. Bilinde bu çykgyt bilen yada şuňa meňzeş näsazlyklar bilen dogan çagalaryň bu ýagdaýy embriologik bir hassalyk bolup, munuň teoriya bilen hiçbir baglanyşygy yokdur.  Ewolyusionistleriň anomaliyalardan kömek gözleyändigi aydylyp bilner.

ADAMYŇ GEÇMIŞI.[düzet | çeşmäni düzet]

1. Parapitek, Driopitek we Ramapitek barada umumy maglumat.

2. Awstralopitek.

3. Homo Habilis.

4. Homo Rudolfensis.

5. Yawaly adam, Pekinli adam, Homo Eructus we Yzy: Hakyky adamlar.

6. Neandertallar.

7. Homo Sapiens Archaic, Homo Heilderbergensis we Kromanonlar.

8. Homo sapiensiň gizli taryhy.

Iki aýaklylyk we adamyň aňy.

9. Adam bilen maymynlar arasyndaky meňzeşlikler Darwinizme subutnama bolup bilermi?

10. Jynsy köpeliş.

11. Adamyň geçmişi bilen bagly netije.

Adamyň geçmişi nähilidir? Yagny ilkinji adam nädip orta çykandyr?  Naturalistleriň öňe sürüşi yaly pes gurluşly organizmlardan birgiden basgançaklary geçirip hasyl bolan bir tebigat eserimidir? Yada belli bir plan we programma görä öz gurluş ayratynlygy bilen Ýaradylan bir jandarmydyr?

Şübhesiz ewolýusiýa bilen bagly iň kritikaly mesele adamyň geçmişi bilen baglydyr. Taryh boyunça 6000-den köp maymyn görnüşi yaşap, bularyň örän uly bir bölüminiň nesli tükenip yitip gitdi. Bugün diňe bir 120 maymyn görnüşi Yeryüzünde ýaşaýar. Ine bu müňlerçe nesli tükenen maymyn görnüşiniň galyndylary ewolyusionistler üçin üstünde spekulyasiyalar edip biljekleri örän baý bir material çeşmesini emele getirer. Onda eldäki galyndylaryň haýsylary adam, haysylary maymyndyr? Bularyň haýsyda bolsa birisiniň hakykatdan hem bir geçiş formasy hasaplanmagy mümkinmidir? Bu soraglaryň jogabyny görmek üçin bu kategoriyalary yzygiderli ele alalyň: Adamyň gelip çykyşy.