Abaý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Abaý Kunanbaýew

Gazak halkynyň beýik şahyry Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylda, Semipalatinsk oblastynyň Çingis daglyk obasynda dogulýar. Hakyky ady Ybraýym. Örän düşünjeli, sowatly ejesi Ulžan ony ýaşlykdan “Abaýym”, “Abaý” diýip söýgüläpdir. Bu soňra onuň lakamyna öwrülipdir.

Ol köp sanly pelsepewi goşgularyň, “Isgender”, “Mesgut” we “Azym hakynda söz” atly poemalaryň, şeýle hem öwüt-nesihat häsiýetli kyssa eserleriň awtorydyr.

Abaý Kunanbaýew gazak ýazuw şygyr sungatyny döredijileriň biridir.

Şahyr 1904-nji ýylda aradan çykýar.

Onuň ömri we döredijiligi hakynda meşhur gazak ýazyjysy Muhtar Auezow “Abaý” epopeýasyny döretdi.