ABŞ 1870 – 1917 ýyllarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: ABŞ 1870 – 1917 ýyllarda

MEÝILNAMA

1. XIX –asyryň 70-90 njy ýyllarynda ABŞ – nyň durmuş – ykdysady we syýasy özgertmeleri.

2. XIX – asyryň soňky çärýeginde ABŞ – nyň daşary syýasaty we onuň dünýäniň beýik döwletine öwrülmegi.

3. XX – asyryň başynda ABŞ –nyň syýasy we ykdysady durmuşy. Amerikan hökümetiniň daşary syýasaty.

XIX – njy asyryň 1870-nji ýyllarny ahyryna ABŞ- ň hökümet indeý taýpalaryny gysyp çykarmagy, şeýle hem goňşy ýerleri satyn almagyň hasabyna öz çäklerini has giňeltdi, ýagny ol häzirki çäklere getirildi.Soňraky ýyllarda ABŞ-ň eýeçiligi esasan hem Ýuwaş okeandaky we Karib deňizindäki adalaryny basyp almagynyň hasabyna köpelýärdi. Özüniň çäkleri boýunça ABŞ tutuş Günbatar Ýewropadan uludy. 1880-nji ýylda ýurtda 50,2 mln adam ýasaýardy bu 1800 ýyl bilen deňeşdirilende 10 esse diýen ýaly artykdy (1800 ýylda 5,3 mln adam). Ilat köpelýärdi.(1900 ýylda 76 mln ýetdi.( XX asyryň ahyrlaryndan – 2001 ýylda ABŞ-ň ilaty 270 mln)

Umuman XIX – XX asyryň sepgidinde özüniň ilaty boýunça ABŞ dünýäde 4-nji ýere çykdy.(Hytaý, Hindistan,Orsýet).Ilatyň beýle köpelişi bir tarpdan tebigy ösüş netijesinde bolsa, ikinji tarapdan dünýäniň ähli ýerinden Birleşen Ştatlara uly möçberde göçgünleriň gelmegi.

XIX – asyryň soňky 30- ýylynyňçinde ABŞ –a 14 mln töweregi göçüp gelenler hasaba alyndy.Şeýlelikde, XIX asyryň ahyrynda öndüriji güýçleriň artmagy bu ýurdy oba hojalyk ýurtlylygyndan kuwwatly(indistrial - agrar) senagatly – agrar ýurda öwürdi.

ABŞ-da bolup geçen raýat uruşy netijesinde Günortanyň häkimýetiniň ýykylmagyna getirdi,esasan hem onuň ykdysady düýbi bolan gol eýeçiligi berk zarba uruldy. Indiden beýläk amerikan kanunlary boýunça Günbataryň ýerleri demokratik esasda paýlanyp başlady.Şu çäreler bolsa öz gezeginde ýutda öndüriji güýçleriň ösmegine hem de önümçilige erkin ýagdaýda uly möçberde maýa goýumlary goýmaga şert döretdi.

Gul eýeçilik latifundiýalaryň ýok edilmegi we gunbataryň ýerleriniň paýlanmagy baradaky kanuny kabul edilmegi ilki bilen uly möçberdäki ýerleriň özleşdirilmegine alyp geldi.

1868 ýyldan 1900 ýyllar aralygynda gomsted akt boýunça göçip gelenlere 80 mln akr möçberinde (600 müň mellek),(1 akr – 4047 kw m). Müňlerçe adamlar öz ýerlerinde işlämege mümkinçilik aldy. Ekarançylyk bilen meşgullanýan adalaryň aglaba böleginiň durmuş derejesi gowulandy. Şoň ýaly-da ýurduň içerki bazarynyň ösmegi üçin amatly şertler döretdi.

Iňňan uly tölege ukuply bazaryň emele gelmegi. Şeýle hem ýewropadan adamlaryň göçip gelmegi.Şeýlede senegetyň uly depgin bilen ösmegine ýürduň geografiki ýerleşişiň amatlydygy, onuň möçberdäki baýlyklary oňaýly täsir edýärdi. Senagatda demir magdan pudagy uly öňegidişikler etdi. XIX asyryň 90-njy ýyllaryň oratlaryna çoýunyň we poladyň eredilişi boýunça ABŞ şol döwrüň iri baý ýurdy bolan ängliýadan geçdi. Demir magdan pudagyň netijeli işleýändigini ABŞ –da gurulýan polat ýollar subut etdi. 1870 – 1900 ýyllar aralygynda ol ýollaryň umumy uzunlygy 140 müň mile ýetdi.(1 mln 7420 deňizde 1852 m esasan hem ýurduň günbatar böleginde polat ýollaryň gurulmagy şol ýerleriň beýleki ştatlar bilen gatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýärdi.Bu işde ilki bilen hökümet esasy harajatlary öz boýnuna alýardy, şeýle hem polat ýol gurluşyk kompaniýalary, firmalary gysga wagtyň içinde iň baý kompaniýa, firmalara öwrüldi.

Umuman 1890 ýylda ýewropa ýurtlary ABŞ –ň hojalygyna 3 mld $ möçberde maýa goýupdy. Şeýle hem XIX asyryň ahyrynda amerikan senagatynda birnäçe iri birleşmeler döredi. Mysal üçin Rokfelleriň “Standart oýl od Nýu Hrsi nebit tresti, Karneginiň polat tersti “Amerikan şugar rifaýninç şeker tersti” Ženeral elektrik kompani” temmäki birleşmesi “Konsolideýted tobekko” we başgalar.

Senagatda beýle üýtgeşmeler ýurduň bank maliýe işlerine-de aralaşdy. ABŞ-ň bank ulgamynda 2-sany iri bank –Roktelleriň we Morganyň banklary esasy ähmiýetleridir.

Roktelleriň “Nesil siti bank ” 10-ýýlyň (1889-1898) içinde 18 mln$-n 128 mln dollara ýetdi. Olar esasan hem ABŞ-ňöwda kärhanalaryny, saýlaw kompaniýalry maliýeleşdirýärler.

ABŞ-ky çuňňur ykdysady özgerişler onuň syýasy dyrmuşyna hem täşir etdi. Syýasy ugur esasan hem berk merkezleşen döwleti hem gurmaga gönikdirildi. ABŞ–ň Syýasy durmuşynda öňki ýaly 2 partiýa agalyk edýärdi.-respublikaçylar we demokratlar.

Birleşen ştatlardaky 1861-1865 ýyllardaky raýat urşundan soň 15-20 ýyllap amerikanlar tarp ýerleri özleşdirmek, esasan günbatar we güýçli hojalyk gurluşy bilen meşgullandyrylar. Şeýle şertlerde ABŞ-da dünýä agalygy ugrunda çagyryşlar başlandy. Birleşen Ştatlar Angliýa, Fransiýa, Germaniýa ýaly döwletlere meňzejek bolup giň baknalyk syýasatyny geçirmäge ymtylýardy.Bu döwürde hökümet bütin Amerikan yklymyna ykdysady we syýasy agalygy dikeltmegiň ugruna çykýar.Bu meselede ilknji ädim Latyn-Amerika ýutlaryna garşy edildi. Emma XIX asyryň aýagynda bu meselede Angliýa AbŞ-ň esasy bäsdeşi bolup durýardy. ABŞ Latyn – Amerika ýurtlaryny söwda we maliýe taýdan garaşly etjekdi.

XIX asyryň 80-90 njy ýyllarynda ABŞ-ň ýaragly güýçleri dürli bahanalar bilen Kolumbiýaň, Argeň, Çili, Braziliýanyň, Nikarugiýa, Meksikanyň çäklerine birnäçe gezek aralaşdylar.

ABŞ uzak Gündogar ýurtlaryna hem aralaşyp başlady. Emma onuň häli harby ýaraglanyşgynyň gowşak bolmagy sebäpli amerikanlar Ýaponiýanyň basybalyjykly hereketlerini goldap çykyş etdiler. 1874 ýylda ABŞ Yapaniýanyň Taýwan adasyna çozuşyny ýakyndan goldady. 1882 ýýlda Ýaponiýanyň goldawy bilen ABŞ Koreýany agyr şүrtlerde şertnama baglaşmaga mejbur etdi. Şol şertnama boýynça ABŞ Seul – Çempulyço aralygynda demir ýol gurmaga hukuk aldy.Şeýle hem amerikanlar Koreýaň çäklerinde altyn känleri gözlemäge girişdi. Amerikanlar üçin amatly ýerdi, sebäbi şol ýerden günorta Hytaýa, demirgazyga Orsýete garşy hereket edip biljekdi.

Alýaskany satyn alsa-da ABŞ Bering we Ohot deňizleriniň aw awlamak, balyk tutmak,Çukotka we Kamçatka wiski we rom getirip, şol ýerden hem arzan, mugt diýen ýaly gymmatbaha derileri alyp gidýärdiler.

ABŞ-ň Hytaýdaky syýasaty babatynda aýdanymyzda Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň arasynda XIX asyryň 80-ýyllarynda gatnaşyklar ýitileşýär. 1897-98 ýyllarda Hytaýy bölüşmek meselesinde ösen ýurtlaryň arasynda dawa başlanýar. Muňa Birleşen Ştatalar hemişeňňiz gatnaşýar. Ilki bilen ol özüniň harby (flotyny) deňiz güýçlerini artdyryp başlaýar. 1900 ýýlda özüniň harby deňiz yaraglarynyň möçberi boýunça ABŞ dünýäde 3-orna çykýar.

Ýuwaş ummanynda Birleşen Ştatlaryň esasy maksatlarynyň biri ol hem Gawaý we Samao adalary ugrundaky göreşiň netijesinde ol adalaryň üstünden 3-döwletiň aglygy (Germaniýa, Angliýa, ABŞ) dikeldilýär. 10-ýyldan soň 1899 ýylda Angliýa aýrylýar. (ol Germaniýadan Solomon we Tonga adalaryny alýar).

ABŞ üçin ýene-de bir möhim daýanç nokady hökmünde Gawaý adalarydy. Ol ýuwaş ummanynyň merkezinede deňiz ýollarynyň çatrygynda ýerleşýärdi. 1893 ýylda Gawaýada amerikan düzgüni dikeldilýär. Emma Gawaý adalary tutuşlygyna 1898 ýylda amerikan eýeçiligine geçýär.XIX asyryň ahyrynda 300 müň gawaý Ilatynda 35 müňi galýar.

XIX-XX asyrlaryň sepgidinde dünýäniň territorial bölinişigi tamamlanyp barýardy.Şol sebäpden esasy uly döwletleriň arasynda gapma-garşylyk güýçlenýärdi. Şu hereketde Angliýa, Fransiýa ýaly ýurtlar öňde barýarlar, Germaniýa, Ýaponiýa, Italiýa ýaly döwletler bolsa olardan yza galmajak bolýardylar. ABŞ hem dünýäni paýlaşmak ugrundaky göreşү girizipdi.

XIX asyryň 90- njy ýyllarynda ABŞ-ň Senagatyň we oba-hojalygynyň güýçli ösmegi netijesinde onuň harytlary içerki bazary doldurdy, indi olaryň bir böegi daşary ýurtlara çykarylyp başlady.

XX-nji asyryň başynda amerikan harytlarynyň daşary ýurtlara çykarylmagynyň umumy möçberi 500 mln dollardan geçdi.

Şeýle şertlerde amerikan hökimetiAngliýa, Fransiýa ýaly baknalyk syýasatyny ýöredip bilmesede,özüniň daşary syýasatynda esasy ünsi Günorta Amerika materigine, Gündogar Aziýa we Ýuwaş ummanyndan adalaryna berip başlady.

Bu ýerlere aralaşmak hereketini ilki bilen dokma kärhanalarynyň, trans-kontenental demir ýollarynyň we parahod kompaniýalaryň eýeleri şeýle hem “Standart oýl”nebit kompaniýasy, “Amerikan Şugar ritaýneri kompani” şeker tresti we beýlekiler barlady.Olar esasan hem ýuwaş ummanynyň wegündogar Aziýa ýerlerini ykdysady we syýasy taýdan özlerine garaşly etmegi isleýärdi.

Özüniň baknalyk edinmek syýasatyny durmuşa geçirmekde respublikasy 1896 ýylda ABŞ-ň prezidentligine saýlanan Makkinli esasan hem koktelleriň nebit trestine daýanýardy.

Umuman respublikan partiýa häli president saýlawlarynyň öňi surasynda süren maksatnamasynda ABŞ-ňý adalarynyň üstünden doly gözegçiligi dikeltmegi, Atlantik we ýuwaş ummanlarynyň arasynda kanal gurmagy tizleşdirmek şeýle hem Kubany özüne tabyn etmegi wezipe edip goýýardy.

Soňky ýagdaý hem amerikan –ispan uruşyna alyp geldi. Sebäbi Kuba adasy Meksikan aýlagyna girelge durýardy, ol 4-asyrdan 90- njy ýyllarynda ispanlaryň Kubada täsiri has güýçlenýär.Şoňa jogap edip Kubanyň ilaty güýçli garşylyk görkezmek herketini ýaýbaňdyrdy, emma ABŞ işүwür adamlary Kubanyň kärhanalaryna 50 mln dollar maýa goýumlaryny ýerleşediripdirler we eýýäm 1898 ýylda her ýylda 100 mln$ golaý girdeji alýar. Şol girdejiniň 2/3 bölegini alýardy.

1898 ýylyň Baýdak aýynyň 15-de Gawana gämi duralgasyndaky amerikan “MEÝN”gämisi partladylar.ABŞ-ňökümeti bu işde ispanlary günäkerledi. T. Ruzweli ispanlary täze jahandan kowmagy talap etdi. Sebäbi ABŞ-ň prezidentiniň kongrese iberen hatynda “ynsanperwerlik ugrunda. Siwilizasiýa üçin amerikan bähbitleriniň howpdan goralmagy ” üçin Ispaniýa garşy urşa başandygyny aýdyp belledi.

Amerikan –ispan urşy netijesinde Birleşen Ştatlar Kubada doly derejede ispan goşun bölümlerini kowup çykardy.1898 ýylyň Alp Arslan aýynyň 12-de Yspan hökümeti ABŞ-ň ýaraşyk şertnamasynyň ähli böümlerini ykrar etmeli boldy. Garaşsyzlyk aýynyň 10-da Parižde gutarnykly ýaraşyk şүrtnamasy baglaşyldy.

Onuň şertlerine laýyklykda Kuba, Fillipinlere Puerto – Riko we beýleki adalar Ispaniýanyň ygtyýarlygyndan çykýardy.ABŞ-ň garamagyna ondan-başga-da Ýuwaş ummanyndaky adalar – Guam, Gawai, Uilks geçýärdi. Bu adalar soňky döwürlerde ABŞ-ň esasy harby daýanç nokatlaryna öwrüldi.

Umuman amerikan –ispan urşy ABŞ-ň täsir ediş çäkleriniň giňelmegi, hem-de belli bir derejede onuň baknalyk syýasatynyň dowamy boldy.

XX asyryň başlarynda ABŞ-ň ykdysydyýeti uly gerim bilen ösüp başlady. Ol ösüş ilki bilen Birleşen Ştatlaryň ilatynyň köpelmegine alyp barýardy. 1900 ýylda onuň ilaty 76 mln bolan bolsa, 1912 ýylda ol 95 mln. ýetdi.Şeýle hem ýurduň baýlygy bu ýyllarda 88,5 mld $-n 165 mld dollara ýetdi.

XX asyryň ilkinji 10-ýylynda ABŞ-ň oba-hojalyk önümleriniň umumy mukdary 4,7 mld $-n 8,5 mld dollara ýetdi. Senagat önümçiligi 11,4 mld dollardan 20,7 mld dollara ýetdi. 1909 ýylda Birleşen Ştatlaryň senagaty Angliýadan 2 esse, Germaniýadan 2,5 esse köp önüm öndürýärdi. 1913 ýylda ABŞ 31 mln tonna çoýun we polat, 560 mln tonna kömür, 248 mln tonna nebit öndürýärdi. Bu döwürde iň kuwwatly korparasiýa “Amerikan telefon end telegraf kompani” döredildi.1916 – njy ýylda 3- korparasiýa “Ford”, “Jeneral motors ” we “Kraýsler”- jemi awto ulag goýberdiler. Millionlap awtoulaglaryň goýberilişi ýol gurluşynyň uly depginler bilen alnyp barylmagyna talap edýärdi. 1913 ýylyň ahyrynda gara ýollaryň jemi uzunlygy ABŞ-da 37.5 müň kw, ABŞ-ň polat ýollary her ýýl 1 mln tonna ýük daşaýardy.

Umuman ABŞ-da I-nji jahan urşynyň öňisyrasynda ykdysadyýet öz ösüşinde ýokary derejä ýetipdi.

Teodor Ruzweltiň respublikaçylar hökümeti Birleşen Ştatlarda aram reformalary geçirip, belli bir derejede amerikan ilatynyň arasynda uly abraýa eýe bolýar. (Ruzwelt –1901-1909 ýýllar) 1909-1913 ýyllar aralygynda ABŞ-ň Prezidenti Taft hem Ruzweltiň ýoluny dowam etdirip başlady. Emma 1912 ýylda prezident saýlawynyň öňisyrasynda respublikaçylaryň içinde näräzylyk döräp, saýlawlar netijesinde demokrat Widro Wilson ýeňiş gazandy. (6,5 mln ses). Ol “täze azatlyk ” maksatnamasy bilen çykyş edip, onda esasan hem amerikan ilatyna (işçilere we fermerlere) birnäçe ýeňillikler bermegi wada berdi.

XX asyryň başlarynda ABŞ- ňökümeti özüniiň daşary syýasatynda Aziýa aralaşmak meýlini öňe sürdi. Ol Hytaýyň täsir ediş bölünişigine ýetişmändi, şoň üçin hem ol Sin imperiýasy bilen söwda etmegi güýçlendirmegi maksat edindi.

1899 ýylda ABŞ “açyk gapylar we deň mümkinçilikler” syýasatyny yglan edipdi, ol esasan hem Hytaý babatyndady. Amerikanlar Hytaýyň Ýanszy düzliginde ornaşmaga çalyşýardy, emma bu meselede ol Angliýa bilen çaknyşmaly boldy. Rus –ýapon urşy wagtynda ABŞ Ýaponiýa diplomatic we maliýa goldawyny berdi. Portsmut (ABŞ) ýaraşyk şertnamasy boýunça Ýaponiýa Sahaliniň günorta bölegini almaly edildi. Ol Birleşen Ştatlara amatlydy, sebäbi şol ýerden amerikanlar Mançjuriýa aralaşmagy niýet edinýärdiler. Emma ýapon –amerikan gatnaşyklaryň çylşyrymlaşmagy bu maksadyň amala aşmagyna böwet boldy.(Şeýle hem ABŞ-a merkezi Hytaýyň gapylaryny açmak başartmady.).

1910 ýylda Angliýa, Fransiýa, Germaniýa ABŞ-ny bank konsorsiumyna kabul etdi. Bu diýildigi Hytaýda demir ýol gurluşygyna deň möçberde maýa goýumlaryny goýmaklykdy. Emma 3-ýyldan soň ABŞ- ondan çykarylýar.

Indi amerikan hökümeti “uly sedesse” we “dollar diplomatiýasy” syýasaty arkaly işläp başlady. Ol ilki bilen 1904 ýylda Monro meýilnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Latyn Amerikasy ýurtlaryny ykdysady, syýasy, harby tabynlyga duçar etmeklige başlady. Şol yol bilen 1909 ýylda Kuba ABŞ-a doly garaşly edildi.

Şeýle hem 1901 ýylda Panama kanalyny gurmak barada ABŞ bilen Angliýa öz aralarynda şertnama baglaşdy. Bu döwürde şol kanalyň gurluşygyna başlan Fransiýanyň maliýe serişdeleri çökdi.

Indi 1902 ýylda Birleşen Ştatlaryň kongresi kanalyň gurluşugynyň aksiýalaryny satyn almaga 40 mln $serişde goýberdi. Emma Panama Kolumbiýa degişlidi. Ruzwelt şol wagt Kolumbiýa Panama ýerleri üçin 100 mln dollar berjegini, ondan başgada her ýylda 100 müň $ kärende tölegini tölämege söz berdi. Kolumbiýanyň hökümeti muňa razy boldy. Emma Kolumbiýaň senaty ony goldamady. Netijede 1903 ýylyň Sanjar aýynda Panamada döwlet agdarylyşygy bolup, ol Kolumbiýadan bölünip aýryldy.

ABŞ ilkinji bolup Panamany ykrar etdi. ( respublika hökmüde). Panama kanalynyň töweregindäki ýeri ABŞ-a hemişelik berdi. 1914 ýylda Panama kanaly işe girizildi.

Onuň uzunlygy 82 km. Ol ýuwaş ummanynyň Atlantik ummany bilen birleşedirilýär. Umuman, 1900-1914 ýyllar aralygynda ABŞ özüniň daşary syýasatynda köp ýurtlaryň, esasan hem Latyn amerika ýurtlarynyň (mysal üçin Dominikan respublikasy, Fonduras Meksika, Kuba, San-dominga ) içerki işlerine gatyşmak, ol ýerlere goşun düşürmek, olary ykdysady taýdan garaşly etmek, hat-da şol ýerlerde döwlet öwrilişiklerini guramak ýaly işlere aktiw – gatnaşdy. Bu bolsa Birleşen Ştatlary dünýä ýurtlarynyň arasynda iň güýçli ýürtlaryň birine öwrülmegi üçin amatlydy.