1871-1914-nji ýyllar aralygynda halkara gatnaşyklar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: 1871-1914-nji ýyllar aralygynda halkara gatnaşyklar

M E Ý I L N A M A

1. Fransiýa Germaniýa gatnaşyklarynyň ýitileşmegi.

2. Paýlaşylan dünýäni paýlaşmak ugrunda göreş.

3. XX asyryň başynda Ýewropa döwletleriniň özara şertnamalary.

XIX-njy XX-nji asyrlaryň sepgidinde beýik döwletler dünýäni paýlaşyp gutarypdy. Bütin ýer togalagy ol ýa-da beýleki uly ýurt tarapyndan eýelenipdi. 1-nji ýere Beýik Britaniýa degişlidi. 1900-njy ýylda onuň eýeçilikleri 33 mln inedördül km.368 mln. ilatly ýerde ýerleşipdi. Munuň özi dünýäniň gury ýer meýdanynyň we ilatynyň ¼ bölegine barabardy. Beýik Britaniýa Afrikada Müsüri, Sudany, Keniýany, Ugandany we birnäçe yzagalak ýurtlary basyp alypdy. 1899-1902-nji ýyllaryň iňlis-bur urşy netijesinde Angldiýa bur respublikalary bolan Oranžewaýa we Transwaly özüne tabyn etdi. Afrikanyň Günbatarynda Nigeriýa, Altyn kenar, Gambiýa ýaly iňlis baknalary emele geldi. Ondan başga-da Aziýada Birma hem Angliýa degişli edildi. Baknalyk edinmek göreşinde ikinji orunda Fransiýa durýardy. Onuň eýeçilikleri 11 mln inedördül km, 50 mln ilatly ýerde ýerleşýärdi, Afrikadaky ýerleriň 34% (göterimi) fransuzlaryňkydy. Şeýle hem oňa Alžir, Senegal ýaly ýurtlar hem degişlidi, bu ýurtlar Gwineýa aýlagynyň kenarlarynda ýerleşýär. Ondan başga-da Fransiýa Aziýada Wýetnamyň ähli ýerlerini, Tailandy, Laosy, Kambojany eýeledi.

XIX asyryň 80-nji ýyllaryndan Germaniýa baknalyk edinmek hereketine başlaýar. 1884-nji ýylda ol Günorta-Günbatar Afrikany, Gündogar Afrikany, Tago we Kameruny we Okeaniýadaky birnäçe ýerleri basyp alýar. 1900-nji ýylda Germaniýa 12 mln ilatly, 2,6 mln inedördül km meýdanly ýere eýeçilik edýärdi.

1898-nji ýylda ABŞ Ispaniýa garşy urşa başlaýar. Bu uruş paýlaşylan dünýäni täzeden paýlaşmak ugrunda ilkinji uruşdy. Bu urşuň netijesinde ABŞ Ispaniýanyň öňki baknalary-Puýerto-Rikony, Filippinleri, Gawaý, Guam, Samoa adalaryny eýeledi.

XIX asyryň 60-njy ýyllarynda Russiýa hem baknalyk edinmek maksady bilen Orta Aziýa ýerlerine aralaşdy. Birnäçe synanyşyklardan soň patyşa Russiýasy 1879-1882-nji ýyllar aralygynda Türkmenistany hem basyp aldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda “1879-1881-nji ýyllarda bolan Gökdepe urşy türkmen milletiniň syýasy, ykdysady, ýaşaýyş durmuşyna, milletiň jemgyýetine uran zarbasynyň täsiri netijeinsde türkmen döwleti ýykyldy. Rus döwleti türkmen topragynda özüne garaşly iş dolandyryş, medeni we dini wagyz-nesihatyny ýaýbaňladyrdy” diýip belleýär. (S.33)

Şonuň ýalyda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda patyşa Russiýasynyň türkmen topragyny basyp alandan soňra türkmen halkynyň durmuşyna, dünýä taryhyndaky ornuna we abraýyna zeper ýetiren baknalyk syýasatynyň zaýanly täsirleri, netijeleri hakynda hem jaýdar jümleleri bilen şeýle belleýär: “Ýüzlerçe ýyllap dünýä ösüşine täsir eden türkmen halkynyň şanly aslyny taryhdan aýyrmak, topragyny basyp almak, milletini bakna etmek üçin gurnalan syýasy oýunlarydy. Ýalan häsiýetnamalar dogrudan hem, türkmenleriň dünyä taryhyndaky ornuna we abraýyna uly şokes ýetirdi”.(44-45s)

XX asyryň başynda Portugaliýa, Niderlandiýa, Belgiýa, Italiýa ýaly ýurtlar hem uly baknalyklary öz eline jemläpdi. Olar dünýäniň gury ýer meýdanynyň 7 mln. in.d km-e, 65,3 mln adamly ilata eýeçilik edýärdi.

Umuman 1900 ýylda dünýäniň meýdanynyň 73 mln ined/e km (55%) ilatynyň 530 mln (35%) beýleki döwletleriň baknalarydy. 1914-nji ýylda bolsa ýer togalagynyň 66,9% (göterimi) we ilatynyň 60% göterimi bakna we ýarym bakna ýagdaýyndady.

XX asyryň başynda Ýewropa dünýä syýasatynyň merkezi bolup galýardy. Iri Ýewropa döwletleriniň döreden harby-syýasy toparlary, ýagny üçler bileleşigi (Germaniýa, Awstro-Wengriýa, Italiýa) we fransuz-rus ýaranlygy-täze basgançaga gadam basdy. 1898-nji ýylda Germaniýa uly harby floty gurmaklyk maksatnamasyny işläp düzdi, ol 20 ýyla niýetlenipdi, onuň ahyrky maksady Germaniýany deňizde agalyk edýän döwlete öwürmekdi. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň ilkinji ädimi 1903-nji ýylda Türkiýe bilen baglaşylan Bagdat ylalaşygy boldy. Şoňa laýyklykda Türkiýe Germaniýanyň gämi gurluşygyna mugt agaç bermeli edildi. Ondan başga-da Germaniýa Bosfordan kiçi Aziýanyň üsti bilen Kuweýt gämi duralgasyna çenli demir ýol çekmegi ýlalaşdy. Emma Germaniýanyň bu hereketleri Angliýa ýaramady. Angliýa özüne ýaran gözläp Fransiýa ýakynlaşdy. 1903-nji ýylda 2 ýurduň baştutanlary duşup, 1904-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda iňlis-fransuz ylalaşygyny baglaşdy. (ýürekdeş ylalaşyk-Antanta).

Şeýle şertlerde Germaniýanyň kaýzeri Wilgelm II iňlis-rus gatnaşyklaryny ýetirilşdirmegiň ugruna çykýar, german diplomatlarynyň baş maksady Russiýa bilen Angliýanyň ýakynlaşmagyna päsgel bermekden ybaratdy. Beýleki tarapdan german hökümeti Fransiýa bilen Russiýanyň gatnaşyklaryny gowşatmagy wezipe edip goýýardy. Bu maksatlara ýetmek üçin Wilgelm II ilki bilen Russiýanyň uzak Gündogardaky syýasatyny ýakyndan goldap çykyş edýär. Russiýa Mançžuriýa we Koreýa meseleleri boýunça Ýaponiýa bilen tersleşipdi, ahyrynda ol 1904-1905-nji ýyllaryň rus-ýapon urşuna getirýär. Rus-ýapon urşuna Russiýanyň birnäçe ýeňlişlere duçar bolmagyndan peýdalanyp, Wilgelm II rus-german ýaranlygyny baglaşmagy tekip edýär. Emma ol teklip başa barmaýar, sebäbi ony rus hökümetiniň agzalary goldamaýar.

1904-nji ýylda iňlis-fransuz kiçi Antantasynyň emele gelmegi bilen iňlis hökümeti islendik ýol bilen bu topara Russiýany çekmäge çalyşýardy. Russiýa bilen Angliýanyň arasyndaky gepleşikler 1906-njy ýylda başlanýar. Şol ýyl iňlis fransuz höümetleri Orsýetdäki rewolýusiýany basyp ýatyrmak üçin rus patyşasyna 1 mlrd rubl karz berýar, şu ädim hem iňlis-rus gepleşikleriniň başlanmagyna sebäp bolýar. 1907-nji ýylyň Alp-Arslan aýynda iňlis-rus şertnamasy baglaşylýar. Şertnama laýyklykda Eýranda, Owganystanda we Tibetde (Hytaýyň I bölegi) täsir ediş zolaklary kesgitlendi. Eýran 3 bölege bölünip: Demirgazygy (has ilatly bölegi) Russiýa degişli edildi, Merkezi Eýran bitarap bölek, Günorta-Gündogar Eýran Angliýanyň ygtyýaryna berildi. Owganystan hem Angliýanyň täsiri astyna düşýärdi, Tibet hem iňlislere degişli edildi.

Şeýlelikde 1907-nji ýylyň Alp-Arslan aýynyň 31-de üçler Antantasy döredildi.

Ýewropada halkara gatnaşyklarynyň möhüm ýeri Gündogar meselesidi. Balkan ýarym adasynda bir tarapdan uly döwletleriň arasyndaky gapma-garşylyk, ikinji tarapdan Balkan ýurtlarynyň dolandyryjy toparlarynyň milletçilik we hökümrowanlyk meýilleri Sebtde milli azatlyk hereketi bilen utgaşýardy. Umuman, osmanly Türkiýe imperiýasynyň we Awstro-Wenrgiýanyň Balkanlardaky syýasaty bulam-bujarlyk emele getirýärdi.

1908-nji ýýlyň ýaştürkleriň rewolýuasiýady we 1911-nji ýylyň Italiýa-Türkiýe urşy Bosniýa we Gersogowinada Awstriýalylara garşy hereketiň başlanmagyna getirdi. Munuň özi Gabsburglar monarhiýasynyň täsirini gowşatjakdy. Wenada Balkanlara garşy güýç ulanmak we Gabsburglaryň Eýgeý deňziniň kenarlaryna çenli agalygyny dikeltmek kararyna gelindi. Bu karary amala aşyrmak üçin Bosniýany, Gersogowinany we Serbiýany basyp almalydy. Bosniýa çökgünliginiň başlanmagyna Awstro-Wengriýanyň imperatory Frans Losifiň 1908-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 5-de Bosniýany we Gersogowinany güýç bilen özüne birikdirmegi sebäp boldy.

Günorta Slawýan ýerleriniň eýelenmegi Blakanlarda Milli-azatlyk hereketiniň güýclenmegine getirdi. Serbiýa we Çernogoriýa Gabsburglar monarhiýasy bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi. Russiýa bolsa Serbiýanyň we Çernogoriýanyň milli bähbitlerini goldaýardy. Şol sebäpden hem 1909-njy ýylyň ýazynda rus-Awstriýa gatnaşyklary ýitileşdi. Germaniýa bolsa öz ýaranyny goldaýardy, hem-de mümkin boldugyndan Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda pahna kakjak bolýardy. 1909-njy ýylyň Nowruz aýynyň 21-e Germaniýa Russiýadan Bosniýa we Gersogowinany, Awstro-Wengriýadan hem Serbiýa we Çernogoriýany basyp almaga razylyk bermegini talap edýär. Orsýet näalaç oňa razy bolmaly bolýar. 1912-nji ýylyň Nowruz –Ruhnama aýlarynyň aralygynda 4-ler ýaranlygy, ýagny Serbiýa, Çernogoriýa, Bolgariýa we Gresiýa bileleşigi döredilýär. Şol ýylyň Garaşsyzlyk aýynda ýaranlyk bilen Türkiýänyň arasynda uruş başlanýar, oňa taryhda 1-nji Balkan urşy diýilýär. Bu urşuň netijesinde Türkiýe ýeňilýär. 1913-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 30-da Londonda baglaşylan ýaraşyk şertnamasyna laýyklykda Türkiýä Ýewropada Stambulyň golaýyndaky ýerler ýetýär. Emma London şertnamasy Awstro-Wengeiýany, Germaniýany kanagatlandyranokdy. Esasan hem Awstriýa Serbiýanyň eýeçiliklerine garşydy (Serbiýa Kosowany, Makedoniýanyň, Demirgazyk Albaniýanyň ýerlerini eýeläpdi )

1913-nji ýylyň ýazynda Serbiýa we Çernogoriýa öz aralarynda harby şertnama baglaşyp şol bir wagtda ol Bolgariýanyň Makedoniýa aralaşmagyna garşydy. (Bolgariýanyň patyşasy Ferdinant Koburg)

1913-nji ýylyň Oguz aýynyň 29-da bolgar goşunlarynyň serb we grek toparlaryna garşy hüjüme geçmegini buýurýar. Şeýle ýagdaýda 2-nji Balkan urşy ýagny ýaranlygyň özara urşy başlanýar. Bolgariýa garşy Rumyniýa we Türkiýä hem urşa başlaýar.

1913-nji ýylyň Gorku aýynyň ahyrynda Bolgariýa bu uruşda ýeňilýär.

1913-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 10-26-da Buharest we Stambul şertnamalaryna laýyklykda Bolgariýa Makedoniýadaky ähli eýeçiliklerinden mahrum edilýärdi.

Umuman, 1912-1913-nji ýyllaryň Balkan uruşlary Ýewropada emele gelen 2 sany harby syýasy bileleşikleriň gapma-garşylygyny öňküsinden hem ýitileşdirdi. Balkan ýarym adasy bolsa “Ýewropanyň ok-däri ambaryna” öwrüldi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda XX asyryň birinji ýarymynda dünýä döwletleriniň arasyndaky gapma-garşylyklary ýagdaýlaryň çylşyrymlaşmagy barada şeýle belleýär: “XX asyr adamzadyň ykbalynda awuly, uly ýitgili, köp pidaly, gandöküşikli wagşy asyr boldy. Iki dünýä uruşlary, onlarça sebitara, döwletara agyr uruşlar boldy”. (41 s.)