Инкубатор:Ylym we tehnika

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ylym we tehnika[düzet | çeşmäni düzet]

Ylmy tehniki ösüşiň täze tapgyry Ylmy-tehniki öwrülişik ylmyň gönüden göni jemgyýetiň öndüriji güýjüne öwrülmegidir. Ylmy-tehniki açyşlaryň gysga wagtda görlüp-eşidilmedik derejede ösmegidir, olaryň bada-bat önümçilige ornaşdyrylmagydyr. YTÖ-niň manysy maşyn-fabrik önümçiliginde nähili babatda Awtomatlaşdyrylan önümçilige geçmekden ybaratdyr. Soňky wagtlarda ylmy açyşlar gysga wagtda önümçilige ornaşdyrylýar. Eger fotosurat hakyndaky ajaýyp açyşyň durmuşa ornaşmagyna 112 ýyl, radio – 35 ýyl, telewizor üçin 12 ýyl garaşmaly bolnan bolsa, indiki ylmy açyşlar örän çalt önümçilige ornaşdyrylýar. Bu bolsa, ylmyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň taryhynda ajaýyp öwrülişikdirYTÖ awtoulaglaryň, uçarlaryň, otlularyň kämilleşmegine getirdi. Reaktiw motorly uçarlar, okeanlarda atom energiýasy bilen ýöreýän gämiler peýda boldy.

Öýjükli telefonlar we kompýuterleriň täze nesli. Adamzadyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen öýjükli telefonlar we kompýuterler öz gözbaşyny elektron hasaplaýyş maşynlarynyň (EHM) peýda bolmagyndan alyp gaýdýar. EHM-ler ABŞ-da we SSSR-de bir wagtda diýen ýaly oýlap tapylypdy. EHM-leriň öz döwri üçin kämil – ikinji nesli 50–60-njy ýyllarda, üçünji nesli bolsa, 60-njy ýyllaryň ahyrynda peýda boldy. 1971-nji ýylda «Intel» firmasy kiçi prosessory döretdi. Bu täzelik uly mümkinçilikleri bolan kompýuteriň oýlanyp tapylmagyna getirdi. 1975-nji ýylda amerikaly Stiw Jobs ilkinji personal kompýuteri ýasady we 1977-nji ýylda ony köpçülikleýin önümçilige goýberdi. Kompýuterleriň ilkinji nesli lampaly, ikinjisi–tranzistorly, üçünjisi-integral shemaly, dördünjisi-mikroprossessorly kompýuterlerdi. XXI asyrda dörän kompýuterleriň kämil nesli bäşinji nesil hasaplanýar. Ol has uly ýady, maglumatlary çalt işleýjiligi, suwuk kristal ekranlary bilen tapawutlanýar. Geljekde adamlaryň pikirini okap biljek kompýuterleri döretmäge synanyşyk edilýär. 1989-njy ýylyň 12-nji martynda Tim Berners Li «World Wide Web» (www) pikirini, ýagny Internet ulgamyny döretmek pikirini orta atdy. 25 ýylyň dowamynda Internet ulanyjylaryň sany 2,7 milliarda ýetdi. Öýjükli telefonlar geçen asyryň ahyryndan başlap durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip başlady. Olary döretmek pikiri 1947-nji ýylda «Bell Laboratories» barlag laboratoriýasy tarapyndan orta atyldy. 1957-nji ýylda SSSR-de L. I. Kupriýanowiça gramy 3 kilogram bolan ykjam telefonyň Nusgasyny döredip, 1961-nji ýylda onuň agramyny 70 grama çenli azaltdy. 1973-nji ýylda Motorola DynaTAC kysymly portatiw telefonlaryň ilkinji nusgasy döredildi. 1992-nji ýylda GSM kysymly öýjükli telefonlaryň zamanasy başlanýar. 1995-nji ýylda Hytaýda CDMA ölçegindäki ilkinji ulgam işläp başlady. Sensor ekranly ykjam telefonlar 1998-nji ýylda satuwa goýberildi. 1999-njy ýylda bolsa iki sany SIM kartly telefonlar dolanyşyga girdi. 2000-nji ýyldan başlap öýjükli telefonlara aýdym diňlemek we surata almak, 2002 nji ýyldan blýutuz, 2006-njy ýylda wideo kamera funksiýalary goşuldy. «Motorola», «Nokia», «Sony Ericsson», «Samsung», «LG Electronics», «Apple», «ZTE», «Huawei Technologies», «Research In Motion (BlackBerry)» dünýäde öýjükl itelefonlary köp öndüriji kompaniýalar hasaplanýar.

  • IUHD. Nuryyew Myrat