Şowakörlük

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Miopiýa ýa-da şowakörlük ulularda hem, çagalarda hem duş gelýär. Bu keseliň nähilidigine düşünmek üçin gözüň ýagtylygy döwüş hadysasynyň nähili bolup geçýändigine seredip geçmeli. Gözi surata düşürýän enjam(fotoapparat)bilen deňeşdirmek mümkin.Gözüň älemgoşar bardasy we onuň ortasyndaky tegelek göreç surata düşürýän enjamy ýagtylygy sazlaýjysynyň işini ýerine ýetirýär:ýagtyda daralýar,garaňkyda giňelýär .Bu bolsa ýagtylygyň göze kadaly derejede düşmegini üpjün edýär.Ýagtylyk şöhleleri gözüň dury gatlaklaryndan geçip ,belli bir derejede döwülýär-de,ýagtylygy kabul edýän duýgur torly gatlakda ýygnanýar. Şol yerde-de şekil emele gelip,görüş nerwi arkaly beýnä iberilýär.Alynýan muňlerçe şekiller beýniniň barlaghana şekilli ýörite bölüminde işlenilýär. Bu uly göwrümli işiň kadaly amala aşmagy üçin ýagtylygy geçiriji gatlaklar dury arassa bolmaly. Olaryň ýagtylygy döwşi gözüň anatomiki gurluşyna gabat gelmeli. Başgaça aýdylanda,döwlen ýagtylyk şöhleleri tazeden torly gatlakda toplanmaly. Şowkörlükde ýagtylyk şöhleleri torly gatlakda dälde,onuň öňünde toplanýar. Netijede,emele gelýän şekiller dagynyk bolýar. Şonuň üçin,şowakörlükde sereden zady onuň özüne bulaşyk görünýär.

      Miopiýanyň  ýüze  çykmagyna esasanhatyň göze ýakyn tutulyp okalmagy,ýazylmagy,gözüňbdaşky bardasynyň gowşamagy,nesil yzarlama sebäp bolýar.
     Kesel adatça mekdep ýyllarynda başlanyp,aýratyn hem 7-15 ýaşly  çagalaryň görejine uly howp salýar. Göze  agram düşýär. Okuwçy uzakdaky zatlary,synp tagtasyna ýazylan hatlary görmeýär. Öýde telewizora ýakyndan  seretmäge mejbur bolýar. Käte uzakdaky zatlary görmäge dyrjaşyp ,gözlerini süzýär,kiçelýär. Görüş ukyby yzygiderli peselýär. Haýal-ýagal edilmezden öňi alynmasa agyr  gaýra üzülmeler ýüze çykýar. Iň howply gaýra üzülmesi – gözüň torly gatlagynyň ýyrtylmagy. Bäbenegiň  yz taraply  çendenaşa ulalýar,sozulýar. Torly gatlagyň iýmitlenişi bozulýar. Netijede ol ýukalýar,hatda  ýeňil-ýelpaý agram düşsede sarsýar,çekilýär,ýyrtylýar. Şeýle ýagdaýa ýol bermezlik üçin ýylda azyndan iki gezek göz lukmanynyň barlagyndan geçmeli. Ýöne,gynansagam,şowakör syrkawlar öz keseline çynlakaý üns bermeýäler,oňa öwrenişýärler. Lukman bilen maslahatlaşmazdan özbaşdak bejergi alýarlar,äýnek satyn alyp ,dakynýarlar. Şeýdip keselini beterleşdirýärler.
   Oftalmologlar miopiýany bejermegiň esasy üç ugruna: göz almasynyň  ösüşini wagtynda saklamaga,gaýra üzülmeleriň öňüni almaga,şowakör gözüň ýagtylygy döwüş  güýjüni kadalaşdyrmaga üns  berýärler.
   Häzirki wagtda şowakörlügi lazer şöhleleri bilen bejeriş iň amatly ,takyk, ýeňil, agyryly däl usul hökmünde giňden ulanylýar�: göz almalary kesilmeýär-de,onuň ýokary  gatlagy  ýukaldylýar. Bu usul arkaly bejeriş birnäçe  sekundyň dowamynda geçirilýär. Şowakörlükden dynan syrkow birnäçe sagatdan soň öňki  işjeň ýagdaýyna dolanýar.