Şanhaÿ Hyzmatdaşlyk Guramasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy ýa-da Şanhaý Pakty adyny birinji duşuşygyň geçirilen ýeri Şanhaýdan alýandyr. 1996-njy ýylyň 26-njy Aprelinde Şanhaýda duşuşan bäş ýurduň serhetlerinde harby howpsuzlygyň ýitileşdirilmesi ylalaşygyna gol çekmegi bilen Şanhaý bäşlisi guruldy. Bundan soň Şanhaý bäşlisiniň ýyllyk duşuşyklary 1998-de Almatada, 1999-da Bişkekde, 2000-de bolsa Duşanbede geçirildi.

     2001-nji ýylda guramaň ady ŞHG bilen üýtgedildi sebäbi altynjy döwlet Özbegistan goşuldy.

     2015-nji ýylda Rusýa bagly Başkortostan Respublikasynyň paýtagty Ufada geçirilen ŞHG Liderleriň sammitinde Hindistan we Päkistanyň doly goşulmagynyň proseduralarynyň başlamagyna karar berildi. Bunyň 2017-nji ýylda taýýar boljagy bildirilendir.

     2001-nji ýylyň Iýýun aýynda degişli döwletler Sankt Peterburg sammitinde guramanyň maksat, prensip, struktura we işleýşini bildirýän ŞHG-nyň beýannamasyna gol çekdiler. Aýratyn hem sammitde “anti-terror agendi”-niň gurulmasyna degişli bir ylalaşyga hem gol çekildi. ABŞ-a garşy birinji ädim 2005-nji ýylda atylandyr. ŞHG-nyň ýygnagynda ABŞ-a orta Aziýa harby täsirini bes etmesi üçin duýduryş berilendir. Bunuň netijesinde Özbegistandaky ABŞ esgerleri ýurdy terk edendir. 2007-nji ýylyň Awgustynda alty döwlet Rusiýanyň Ural daglarynda “baryş missiýasy 2007” ady bilen harby iş geçirdi.

tr.m.wikipedia.org Şanghay Işbirligi Örgütü Terjime eden: Allanur Hudaÿnazarow. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti.