Mazmuna geçiň

Şahyrlarymyz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

NYÝAZGULY HALYPA

           XVIII asyryň ahyrlarynda - XIX asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen Nyýazguly halypanyň doly ady Nyýazguly Şanyýaz ogly Balta sopudyr. Ol Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynda dünýä inipdir. Nyýazguly oba medresesini tamamlap, Hywa we Buhara medreselerinde bilim alypdyr. Ol sopuçylyk mekdebiniň görnükli wekili bolup, ähli döredijiligini şol ugra bagyş eden şahsdyr.[Kitap 1]

           Nyýazguly halypa Buharada okaýan wagty belli sopy Musahan Dähbidiniň şägirdi bolýar we soň özi kämillige ýetişipdir. Onuň edebi lakamy Nyýazydyr.

           XVIII – XIX asyrlaryň sepgidinde Buhara emiriniň syýasy täsiri güýjäp ugraýar. Buhara din merkezi hökmünde bütin Aziýada tanalýardy, şol sebäpli bu şäher "Buharai şerif" ("mukaddes Buhara") adyny alýar. Buharanyň medreselerine dürli ýurtlardan okamaga gelýän ekenler. Türkmenleriň bir topary Buhara medreselerinde okap, ýokary bilim alypdyrlar. Buhara emirleri din hadymlarynyň üsti bilen öz syýasatyny amala aşyrypdyrlar.

           Nyýazguly Buhara medresesini tamamlap, öz doglan obasyna dolanyp gelýär. Halaçda medrese gurdurýar we onda sapak berýär. Ol medresä "Hezreti işan medresesi" diýip at berýärler. Nyýazguly Halaçdaka külli türkmen iline belli bolan Idris baba Türkmeniň medresesinde hem sapak beripdir. Onuň türkmenlerden köp sanly şägirtleri peýda bolýar. Onuň abraýy, şan-şöhraty artyp başlaýar we oňa "halypalyk" derejesi berilýär. Bu habarlar Buhara hem baryp ýetýär.

           Nyýazguly halypa hakda il içinde dürli rowaýatlar saklanyp galypdyr. Buhara emiri we din hadymlary Nyýazguly halypanyň bilim derejesini barlap görmek üçin Buhara çagyryp, oňa dürli sowAllar we meseleler beripdirler. Nyýazguly halypa olaryň hemmesine aňryýany bilen çözüp jogap beripdir. Ahyrsoňunda onda keramat barmyka diýip, ony ýene-de synap görjek bolupdyrlar. Buhara şäherinde medrese salmaga boş ýer galmady diýen bahana bilen oňa gurbagaly çalpaw köli görkezip, eger oňarsa şol ýerde medrese salmagy teklip edipdirler. Nyýazguly halypa razy bolupdyr, ýöne emire şu gün agşam raýatlarynyň köçä çykmaly däldigini duýdurypdyr. Garaňky düşen badyna äpet gara ýel ähli daşlary togalap şol köli doldurypdyr, soňundan hem toprak bilen çäge syrap köl tep-tekiz bolupdyr. Agşam muny bilmän köçä çykan adamlaryň käbirlerine daş degip el-aýagyny döwdüreni hem az bolmandyr. Bu ýagdaýlara haýran galan ruhanylar Nyýazguly halypa "günämizi öt, halypamyz!" diýip ýalbarypdyrlar. Şol ýerde ol "Çarminar" (dört minara) atly medrese gurdurypdyr.

           Nyýazguly halypa Buhara emirleri Şamyradyň (1785-1800) we onuň ogly emir Haýdaryň (Mirhaýdaryň)  (1800-1826) köşk geňeşçisi bolupdyr.

           Nyýazguly halypa XIX asyryň başlarynda Buharadaky "Hojagan" atly derwüşçilik byradarlygynyň (doganlygynyň) görnükli wekili bolýar1. Ol dini meseleler boýunça obalara görkezme berip, degişli hatlar ýollapdyr. Nyýazguly halypa Buharada iň güýçli we tanymal "Juýbarylar" byradarlygynyň hem Idris Muhammet oglundan (Halaçda medrese gurduran Idris baba) soňky halypasy bolupdyr.

           Nyýazguly halypa dürli dini eserler we goşgular ýazypdyr. Olar Özbegistanyň Biruni adyndaky Gündogary öwreniş institutynyň golýazmalar gaznasynda № 79(I), 79(II), 79(IV) bukjalarda saklanýar2. Onuň eserleri din hakda bolup, ony wagyz etmeklik esasy orun tutýar.

           Nyýazguly halypanyň örän uly tagAllasy bilen türkmen obalarynda medreseler açylypdyr. Ol görnükli magaryfçy we din işgäri hökmünde türkmen medeniýetinde uly yz galdyran halypalaryň biridir.

        Ol beýik Magtymguly Pyragynyň hem halypasy bolupdyr. Beýik akyldar şahyr birnäçe goşgusynda halypa barada, özüne halypalyk edip biljek pir barada arzuw edýär («Näge ýatyp sen», «Myhmandyr»,  «Daşlar bile»,  «Ýetişse», «Dalym meniň», «Ötgül, Pyragy»).

   Eger, belli wenger syýahatçysy A.Wamberiniň ýol ýazgylaryna üns berseň, bir medresede Nyýazguly halypanyň müridleri okadýandygy, oňa mekdebiň öz kakasyndan miras galandygy habar berilýär. Biziň pikirimizçe, syýahatçynyň Lebap boýundaky iň görnükli işanlaryň biri bolan Nyýazguly halypa barada aýdanlary şol işana däl-de, onuň kakasyna degişli bolmaly. Bu hem ýaş Magtymgulynyň Halaja okuwa gidende Nyýazguly halypadan bilim alandygyna, piriň onuň birinji halypasy bolandygyna ynam döredýär.

   Şeýle hem atasy Azady bilim aljak halypasyna göwni ýetmese, gowy tanamasa ogluna Halaja gitmäge rugsat bermezdi. Magtymguly atasyndan rugsat almak üçin «Gözlär men» atly şygryndaky aşaky setirleri aýdan bolmaly.

Jan şährine düşdi talaň,

Kuwwat bergen pir gözlär men.

Bu maglumatlar Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azadydan soňky ilkinji halypasynyň Nyýazguly halypa bolandygyna şaýatlyk edýär3.

Edebiýatlar we çeşmeler

  1. Түркмен эдебиятының тарыхы,  Ашгабат, 1976,  II т, 2-кит,  314-sah.

      2. Şol ýerde,  316-sah.

      3. Türkmen dünýäsi gazeti. 2010, 26-njy awgust.

© S.Mätgeldiýew, P.Allagulow
Sitirleme säwligi: "Kitap" atly topar üçin <ref> tegleri bar, emma degişli code><references group="Kitap"/> tegi tapylmady