Mazmuna geçiň

Şageldi Salyhow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Şageldi Salyhow (18.05.1993)

Şageldi Salyhow (18-nji maý 1993, Murgap etraby, Mary welaýaty) — türkmen şahyry, dramaturg we žurnalist.

Ümmülmez Zeminde adamzat döräli bäri dil-dahandan çykýan hoşamaý owazlar, täsirli ses-heňler ynsan köňlüniň aramyna öwrülip, uzak wagtlap ýaşajak gymmatlyklaryň badalgasy hasaplanypdyr. Şol gymmatlyklaryň täsirinde ýaşaýyş akymy dowam edip gelýän gojaman dünýämiziň bezegi ýylgyryş, kalplarymyzyň bezegi bolsa, hoş sözlerdir. Şeýle hoş sözlerden joşgunly şygyrlary döredip, şygryýet älemine gadam basan ýaş şahyrlaryň biri-de Şageldi Salyhowdyr. Şageldi Salyhow 1993-nji ýylyň maý aýynyň 18-ne Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginde dünýä inýär. Ol 2000 ― 2010-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 15-nji orta mekdebinde okap bilim alýar. Soňra ol 2011 ― 2012-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Sungat studiýasynda okaýar. Ondan soň 2012 ― 2014-nji ýyllarda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 10/02 we 10/01-Harby bölümlerinde Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý edýär. 2017-nji ýylyň 17-nji maýyndan, 2023-nji ýylyň 26-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hatarynda zähmet çekýär. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, Şageldi Ata Salyh, Mommat Salyh, Kaka Salyh ýaly halypa ýazyjy-şahyrlaryň nesil dowamaty hökmünde şol ussatlaryň döredijilik ýoluny işjeň dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, «Ata kesbi – ogla halal» diýlen jümle, bu günki gün döredijilik bagynda öz miwesini kemala getirýär. Ol 2009-njy ýyldan bäri döredijilik işi bilen meşgullanyp gelýär. Onuň döreden goşgularynyň ençemesi döwürdeş aýdymçylarmyz tarapyndan aýdym edilip aýdylýar. Şirin sözlerden dörejek ençeme eserleriň awtoryna öwrüljek ýaş şahyr elmydama täze şygyrlaryň gözleginde. Ol Watan mukaddesligini jany-teni bilen duýup, gözel tebigatymyzy, ajaýyp döwrümiziň waspyny goşgy setirlerinde has-da joşgunly beýan edýär. Mundan başga-da onuň döredijiliginde ene-ata, il-günümize bolan belent hormat, ýaş nesle, çagalara çäksiz söýgi duýgusy täsirli beýan edilýär. Meniň ony tanaýşymça ol, okumyş hem-de öwrenmekden ýadamazak häsiýetli. Ol hemişe türkmen edebiýatynyň ýedigenleri hasaplanylýan Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Seýitnazar Seýdiniň, Nurmuhammet Andalybyň, Mämmetweli Keminäniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Annagylyç Mätäjiniň şygyrly kitaplaryny ürç edip okamagy özüne endik edinipdir. Şol sebäpden hem onuň okyjylaryň kalbyna ýakyn şygyrlarynyň sany dowamly artýar. Ýaş şahyr şygyr döretmekden başga-da teatr sahnasy, kinofilmler hem-de multifilmler üçin ençeme döwrebap edebi esaslary hem ýazýar. Şol edebi esaslary boýunça Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan düşürilip, ýaýlymda goýberilen «Dünýäni dost eýlän» hem-de «Döwrümiziň ganaty» atly çeper filmleri, «Öýkeli godalajyklar», «Jadyly çitim» atly multifilmi we Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda sahnalaşdyrylan uly göwrümli «Bedew sarpasy» atly sahna eserini bellemek bolar. Sungat ýoluna ykbal baglap medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ussat halypalardan tälim alýan Şageldi Salyhow, ençeme döredijilik başarnyklary hem-de ylmy işleri bilen döwlet bäsleşiklerine gatnaşyp, birnäçe gezek hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna hem mynasyp bolmagy başardy. Ol 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýen hormatly ada, 2022-nji ýylda bolsa üstünlikli döredijilik işleri bilen «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Ýene-de ol 2025-nji ýylda ylmy täzeçillikleri bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi» diýen hormatly adyň eýesi bolmagy başarýar. Şageldi Salyhow häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakultetiniň Dramaturgiýa taýýarlygy ugrunda okap bilim alýar hem-de ýurdumyzyň görnükli redaksiýalarynyň biri bolan «Bereketli toprak» gazetinde zähmet çekýär. Şygryýet mülkünde onlarça ýyllaryň dowamynda taplanan watansöýüji şahyr ýigide ýene-de kän-kän ajaýyp eserleri döretmekligine ynam bildirýäris. Onuň bu ilkinji «Zehin sowgadym» atly goşgular ýygyndysyndan ybarat bolan kitaby uly üstünlik getirip, geljekde döretjek işleriniň dünýä çykjak eserleri bolmagyna itergi bersin. Her bir ullakan üstünlikler, kiçijek ädimlerden we beýik ynamdan başlanýar. Şahyr Şageldi Salyhowa hem berk ynamy hem-de joşgunly kämil döredijilik işleri bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Atamyrat Atabaýew, Atajan Annaberdiýew, Gurt Näzliýew, Atajan Taganow, Orazguly Annaýew ýaly ussat ýazyjy-şahyrlaryň derejesine ýetip, hemişe halkyň ýüreginde baky ýaşamagyny we şygyrlarynyň söýlüp okalmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Biografiýasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Şageldi Salyhow 1993-nji ýylyň 18-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginde dünýä indi. 2000–2010-njy ýyllarda Murgap etrabynyň 15-nji orta mekdebinde okady. 2011–2012-nji ýyllarda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Sungat studiýasynda bilim aldy. 2012–2014-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 2017-nji ýylyň 17-nji maýyndan 2023-nji ýylyň 26-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hatarynda zähmet çekdi. Häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakultetinde okaýar we «Bereketli toprak» gazetinde zähmet çekýär.

Döredijiligi

[düzet | çeşmäni düzet]

2009-njy ýyldan bäri döredijilik bilen meşgullanýar. Onuň goşgular ýygyndysyndan ybarat «Zehin sowgadym» atly kitaby neşir edildi.

Filmleri we teatr eserleri

[düzet | çeşmäni düzet]
  • «Dünýäni dost eýlän» (çeper film) — ssenariýa awtory
  • «Döwrümiziň ganaty» (çeper film) — ssenariýa awtory
  • «Öýkeli godalajyklar» (multifilm)
  • «Jadyly çitim» (multifilm)
  • «Bedew sarpasy» (Mollanepes adyndaky talyplar teatryndaky sahna eseri)

Baýraklary

[düzet | çeşmäni düzet]
  • «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi (2021)
  • «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» (2022)
  • Ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler bäsleşiginiň ýeňijisi (2025)