Ýolly Öwlýagulyýew

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Öwlýagulyýew Ýolly ( 26 –njy ýanwar 1935 ) – filosofiýa ylymlarynyň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.  Sowet döwründe Türkmenistanyň SK KP ylym we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň filosofiýa we hukuk Institutynyň direktory bolupdyr.

Biografiýa

1935-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda  Türkmenistan SSR-nyň Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň Bedirkent obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Türkmen.

Zähmet ýoluna 1952-nji Daşoguz pedagogik uçilişesini tamamllandan soň oblastyň medeniýet bölüminiň inspektri bolýar. soňra Gazagystanda gulluk borjuny ýerine ýetriýär. Soňra medeniýet bölüminden komsomol işine çekilýär.

1966 –njy ýylda Daşkendiň ýokary partiýa mekdebini tamamlap, ýokary bilim alandan soň, Türkmenistanyň KP Aşgabat raýkomyna işe ugradylýar. Şol pursatdan hem onuň partiýa işi başlanýar.

1973-nji ýylda SK KPSS  jemgyýetçilik ylymlary  Akademiýanyň aspiranturasyny tamamlandan soňra,  Moskwada kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Ylmy işi milli meseleleriň ösüş aýratynlyklaryna bagyşlanan bolupdyr. Goragy amala aşyrandan soň filosofiýa ylymlarynyň kandidaty diýen ylmy dereje berilýar.

1973- 1988-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň SK KP medeniýet bölüminiň orunbasary , ylym we ýokary okuw  mekdepleriniň ýolbaşçysynyň orunbasary. 3 ýyllap 1975- 1978 –nji ýyllarda Türkmenistanyň KP Mary obkomynyň sekretary boldy. şol işi üçin Gyzyl zähmet ordeni bilen sylaglanýar.