Ýangyja

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýangyja paleolit döwrüniň esasy gonalgasy bolupdyr. Türkmenistanda paleolit (takmynan,1 million 800 müň ýyl mundan ozal) döwrüne, ýagny daş asyryna degişli ýadygärlikler, esasan, häzirki çöllük ýerlerden tapylýar. Bu bolsa iň gadymy adamlaryň biziň ýurdumyzda häzirkiden başgarak şertlerde ýaşandyklaryna şaýatlyk edýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, iň gadymy döwürlerde häzirki Hazar deňziniň tutýan meýdany has uly eken. Wagtyň geçmegi bilen onuň suwy çekilip, Garagum çölüniň emele gelmegine getiripdir. Deňziň suwunyň öwran-öwran gury ýerleri basyp, ýene-de çekilmegi gadymy adamlaryň yaşan medeni zolaklaryny ýok edipdir.

Arheologiýa barlaglarynyň netijesinde has irki döwürlere degişli daşdan ýasalan dürli zähmet gurallarynyň birnäçesiniň üsti açyldy. Olar ilkinji gezek 1949-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinden gündogarda, ýagny Ýangyja we Garateňnir duralgalarynyň aralygynda ýüze çykaryldy. Ýukajyk edilip ýonulan gyýçak daş böleklerinden ýasalan iki sany el kerçewajy alymlaryň çaklamalaryna görä, mundan 300 müň ýyl öň ýasalypdyr. Şeýle-de Türkmenbaşy şäherinden 39 km gündogarda tapylan uly guralyň çapgyç görnüşi bar. Şol guralyň küti ujy tutalga bolup, beýleki ýiti ujy bolsa aw etmek üçin ulanylypdyr. Adamlar tutan haýwanlaryny şol gurallar bilen soýup we kesip bilipdirler. Olar agaçdan taýaklary we çişleri hem ýasap bilipdirler, ol çişler we taýaklar aw awlamaga hem hyzmat edipdir.