Öýjük: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Jump to navigation Jump to search
gysgaça mazmuny ýok
uj (185.69.185.50 (Çekişme) tarapyndan edilen özgerdişler Muhammetnyýaz tarapyndan redaktirlenen soňky wersiýasyna yzyna getirildi.)
Tag: Yza gaýdyp gelmek
Gysgaça mazmuny ýok
 
Adam bedeninde ýerine ýetirýän işine baglylykda, öýjükleriň dürli görnüşleri bolýar. [[Myşsa]] öýjükleri hereket wezipesini ýerine ýetirýärler. Şoňa görä-de olaryň ik şekillije süýnmek görnüşleri bolýar. Ýerine ýetirýän işi oýanyş we geçiriş bolan nerw öýjükleriniň ([[Neýron|neýronlaryň]]) bolsa, birnäçe ösüntgileri bolýar. Köplenç, süýnmejik görnüşinde bolan mäz öýjüklerinde beden üçin gerekli şireler öndürilip çykarylýar. Öýjükleriň ululyklary birmeňzeş bolmaýar. Gyzyl gan öýjüginiň- [[Eritrosit|eritrositiň]] diametri 8 mk-a barabar. Käbir nerw öýjükleriniň uzynlygy birnäçe sm-e ýetýär. Mysal üçin, [[Oňurga ýiligi|oňurga ýiliginde]] ýerleşen nerw öýjükleriniň ösüntgileri elleriň we aýaklaryň barmaklarynyň uçlaryna çenli uzalýarlar. Bu bolsa olaryň uzynlygynyň 120-150 sm-e çenli ýetýändigini görkezýär.
 
    Öýjükleriň ölçegleri, görnüşleri we ýerine ýeyirýän işleri dürli bolsa-da, olaryň ählisine diýen ýaly mahsus bolan bir umumy gurluşy bolýar. Öýjügiň üsti ýukajyk barda - daşky [[membrana]] bilen örtülen, içi bolsa, ýarym ergin haldaky suwuklyk - [[sitoplazma]] bilen doldurylan. Sitoplazmada [[Öýjük ýadrosy|ýadro]] we birnäçe [[Organoid|organoidler]] ýerleşýärler.
 
== Öýjügiň himiki düzümi ==
 
Öýjüklere mahsus häsiýetleriň biri-de köpelmekdir. Öýjükleriň köpelmegi bölünmek ýoly arkaly amala aşýar. Köplenç, haýwanlarda we ösümliklerde bolşy ýaly, adamyň bedeninde hem öýjükler esasan, göni däl (mitoz) bölünmek bilen köpelýärler. Bu örän çylşyrymly hadysadyr. Bu hadysany aşaky surat boýunça yzarlalyň.
[[File: öýjükköpelişi.jpg|thumb|200px]]
 
Hadysany sadalaşdyrmak üçin 46 sany hromosoma dälde, 6 sany hromosoma gorkezilen.

Nawigasiýa menýusy