Öýjük: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Jump to navigation Jump to search
Tags: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Tags: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
'''[[Nuklein kislotalary]]''' [[Öýjük ýadrosy|öýjügiň ýadrosynda]] emele gelýärler.
 
====Öýjükleriň häsiýetleri====
Öýjükler janly bedenleriň düzüm bölegidir. Olara ýaşaýşyň hemme häsiýetleri, ýagny madda çalşygy, [[gyjynyjylyk]], hereket, ösmek we köpelmek mahsusdyr. Öýjüklere hemişe iýmit maddasy baryp durýar. Şol maddalardan bolsa, çylşyrymly birleşmeler emele gelýär. Emele gelen organiki maddalaryň hasabyna-da öýjükler gurulýarlar. Öýjüklerde organiki maddalaryň emele gelmegine biosintez diýilýär. Öýjükde organiki maddalaryň emele gelmegi bilen bir wagtda olaryň dargamagy we turşamagy hem bolup geçýär. Şu hadysalaryň köpüsi kislorodyň gatnaşmagynda amala aşýar. Netijede, gurluşlary boýunça has sada maddalar we güýç emele gelýär. Turşamagyň netijesinde emele gelen önümler (kömürturşy gazy, suw we ş.m.) gan bilen bölüp çykaryjy synalara ([[Böwrek|böwreklere]] [[Öýken|öýkenlere]] we [[Deri|derä]]) barýar. Ol ýerden hem daşky gurşawa bölünip çykarylýar. Emele gelen güýç bolsa, öýjügiň ýaşaýyş işjeňligi üçin sarp edilýär. Şeýlelikde öýjük bilen daşky gurşawyň arasynda dyngysyz madda çalşygy bolup geçýär. Bu bolsa, öýjügiň düzüm böleginiň mydam täzelenip durmagyny üpjün edýär.
 
Anonymous user

Nawigasiýa menýusy