Öýjük: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
ujGysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Setir 6: Setir 6:


    Öýjükleriň ölçegleri, görnüşleri we ýerine ýeyirýän işleri dürli bolsa-da, olaryň ählisine diýen ýaly mahsus bolan bir umumy gurluşy bolýar. Öýjügiň üsti ýukajyk barda - daşky [[membrana]] bilen örtülen, içi bolsa, ýarym ergin haldaky suwuklyk - [[sitoplazma]] bilen doldurylan. Sitoplazmada [[Öýjük ýadrosy|ýadro]] we birnäçe [[Organoid|organoidler]] ýerleşýärler.
    Öýjükleriň ölçegleri, görnüşleri we ýerine ýeyirýän işleri dürli bolsa-da, olaryň ählisine diýen ýaly mahsus bolan bir umumy gurluşy bolýar. Öýjügiň üsti ýukajyk barda - daşky [[membrana]] bilen örtülen, içi bolsa, ýarym ergin haldaky suwuklyk - [[sitoplazma]] bilen doldurylan. Sitoplazmada [[Öýjük ýadrosy|ýadro]] we birnäçe [[Organoid|organoidler]] ýerleşýärler.

== Öýjügiň himiki düzümi ==
Öýjügiň düzümine girýän himiki birleşmeler iki topara: organiki we irganiki däl birleşmelere bölünýärler. Organiki däl birleşmelere [[suw]] we [[mineral duzlar]] degişlidir. Olar jansyz tebigatda hem duş gelýärler. Organiki birleşmeler janly tebigata mahsus bolan maddalardyr. Olara [[Belok|beloklar]], [[Ýag|ýaglar]], [[Uglewod|uglewodlar]] we [[nuklein kislotalary]] degişlidir.

Suw öýjügiň umumy agramynyň 80%-ine golaýyny tutýar. Suw [[sitoplazma]] ýarym suwuklyk häsiýetini berýär we onuň hereketini ýeňilleşdirýär.

Suw öýjüklerde erediji hökmünde uly ähmiýete eýedir.


== Çeşme ==
== Çeşme ==

17:50, 9 sentýabr 2020 senesindäki wersiýa

Adam ganynyň öýjükleri

Öýjük — ähli organizmleriň gurluşynyň we ýaşaýşa ukyplylygynyň ýönekeý birligi bolup, onuň özbaşdak bar bolmaga, öz-özüni gaýtadan döretmäge we ösmäge ukyply öz madda çalşygy bardyr. Janly organizmleriň hemmesi ýa, köp öýjükli haýwanlar, ösümlikler ýaly köp sanly öýjükden ybarat bolýar, ýa-da ençeme biröýjükli jandarlar we bakteriýalar ýaly biröýjükli organizmler bolup durýar. Öýjügiň gurluşyny we ýerine ýetirýän işini öwrenýän ylma sitologiýa ("sitos"-öýjük, "logos"- ylym) diýilýär.

Adam bedeninde ýerine ýetirýän işine baglylykda, öýjükleriň dürli görnüşleri bolýar. Myşsa öýjükleri hereket wezipesini ýerine ýetirýärler. Şoňa görä-de olaryň ik şekillije süýnmek görnüşleri bolýar. Ýerine ýetirýän işi oýanyş we geçiriş bolan nerw öýjükleriniň (neýronlaryň) bolsa, birnäçe ösüntgileri bolýar. Köplenç, süýnmejik görnüşinde bolan mäz öýjüklerinde beden üçin gerekli şireler öndürilip çykarylýar. Öýjükleriň ululyklary birmeňzeş bolmaýar. Gyzyl gan öýjüginiň- eritrositiň diametri 8 mk-a barabar. Käbir nerw öýjükleriniň uzynlygy birnäçe sm-e ýetýär. Mysal üçin, oňurga ýiliginde ýerleşen nerw öýjükleriniň ösüntgileri elleriň we aýaklaryň barmaklarynyň uçlaryna çenli uzalýarlar. Bu bolsa olaryň uzynlygynyň 120-150 sm-e çenli ýetýändigini görkezýär.

    Öýjükleriň ölçegleri, görnüşleri we ýerine ýeyirýän işleri dürli bolsa-da, olaryň ählisine diýen ýaly mahsus bolan bir umumy gurluşy bolýar. Öýjügiň üsti ýukajyk barda - daşky membrana bilen örtülen, içi bolsa, ýarym ergin haldaky suwuklyk - sitoplazma bilen doldurylan. Sitoplazmada ýadro we birnäçe organoidler ýerleşýärler.

Öýjügiň himiki düzümi

Öýjügiň düzümine girýän himiki birleşmeler iki topara: organiki we irganiki däl birleşmelere bölünýärler. Organiki däl birleşmelere suw we mineral duzlar degişlidir. Olar jansyz tebigatda hem duş gelýärler. Organiki birleşmeler janly tebigata mahsus bolan maddalardyr. Olara beloklar, ýaglar, uglewodlar we nuklein kislotalary degişlidir.

Suw öýjügiň umumy agramynyň 80%-ine golaýyny tutýar. Suw sitoplazma ýarym suwuklyk häsiýetini berýär we onuň hereketini ýeňilleşdirýär.

Suw öýjüklerde erediji hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Çeşme

Orta mekdepleriň VIII synpy üçin okuw kitaby -2012ý.