Birinji jahan urşy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Setir 153: Setir 153:
[[Kategoriýa:Portugaliýanyň uruşlary]]
[[Kategoriýa:Portugaliýanyň uruşlary]]
[[Kategoriýa:Fransiýanyň uruşlary]]
[[Kategoriýa:Fransiýanyň uruşlary]]
[[Kategoriýa:Birinji jahan urşy]]

06:20, 2 iýun 2019 senesindäki wersiýa

Mowzuk: Birinji jahan urşy. 1914-1918ýy.

M E Ý I L N A M A

1. Urşuň sebäpleri, başlanmagy we ony alyp barmagyň meýilleri, maksatlary.

2. 1914-1915-nji ýyllaryň uruş hereketleri.

3. 1916-1918-nji ýyllardaky esasy söweşler.

4. Urşuň tamamlanmagy we onuň netijeleri.

Urşuň sebäpleri. Bazar ykdysadyýetiniň çalt ösmegi haryt çykarar ýaly giň bazarlary, çig-mal çeşmelerini talap edýärdi. Öňdebaryjy döwletleriň barha köp bakna halklary edinesi gelýärdi. Bazar ykdysadyýetine ýaňy gadam basan ýaş döwletler hem bakna paýlaşykda paý berilmegini talap edip başladylar. Şeýlelikde, döwletleriň arasynda paýlaşylan dünýäni täzeden paýlaşmak ugrunda göreş başlandy. Bu göreş birnäçe dawalara, harby çaknyşmalara, iň soňunda bolsa jahan urşunyň başlanmagyna getirdi.

Urşa bahana. Ýewropada “Üçler bileleşigi” we Antantanyň arasyndaky gapma-garşylyklar 1914-nji ýyla çenli ýetjek derejesine ýetdi. Germaniýa garşydaşlary bilen deňeşdirende özüni has taýýarlykly hasap edip, urşa bahana agtaryp başlady. Şeýle bahana tapyldy.

Balkan ýarym adasyndaky birnäçe asyrlaryň dowamyndaky dawalar urşuň döremegine sebäp boldy. Germaniýa ýaly güýçli döwletden arka tapynan Awstro-Wengriýa, onuň maslahaty bilen slawýanlaryň, awstriýalylaryň agalygyna garşy milli azatlyk hereketini basyp ýatyrmak isledi. Serbiýa bu döwürde Bosniýany özüne birleşdirmek isleýärdi. Şonuň üçin Awstro-Wengriýa Serbiýanyň serhetlerine ýakyn ýerlerinde harby tälim okuwlaryny geçip başlady.

Harby tälim okuwlarynyň 1914-nji ýylyň hut Oguz aýynyň 28-inde başlanmagy, serbleriň milli däp-dessurlarynyň üstünden gülmek üçin edilen ýaly boldy. Çünki 1389-njy ýylyň Oguz aýynyň 28-inde türkler serbleri uly ýeňlişe sezewar edip, şol günden soň Serbiýa türkleriň gol astyna düşüpdi. Oguz aýynyň 28-inde serblerde milli matam güni hökmünde bellenilýärdi. Awstro-wenger tagtynyň mirasdüşer şazadasy Frans-Ferdinand aýaly bilen Oguz aýynyň 28-inde Bosniýanyň merkezi Saraýewo gelipdi. Harby tälim okuwynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin, şäheriň merkezi köçesinden üsti açyk maşynda barýarka, olaryň ikisi-de serb milletçisi tarapyndan öldürildi. Bu sapançadan atylan ýeke ok soňra dünýäni sarsdyran jahan urşunyň başlanmagyna, millionlarça oklaryň atylmagyna bahana boldy.

Urşuň başlanyşy. Awstro-Wengriýa Serbiýa garşy urşa taýýardy. Emma ol serbleri Russiýanyň goldamagyndan gorkýardy. German imperatory Wilgelm II oňa serblere temmi bermegi maslahat berdi. 1914-nji ýylyň Gorkut aýynyň 23-inde Awstro-Wengriýanyň hökümeti kabul edip bolmajak talapnamany Serbiýa ýollady we pikirlenmäge 48 sagat wagt berdi.

Serbiýanyň ähli uruşlarda arkadaýanjy bolan Russiýada entek urşa taýýar däldi. Şonuň üçin-de talapnamanyň jogap möhletini uzaltjak bolup synanyşdy. Ol başa barmady. Soňra serblere mümkin boldugyça ylalaşmagy maslahat berdi. Germaniýa we Awstro-Wengriýa ylalaşyk islemediler. 1914-nji ýylyň Gorkut aýynyň 28-inde Awstro-Wengriýa Serbiýa garşy uruş yglan etdi. Muňa jogap edip, Russiýa urşa taýýarlygyny güýçlendirdi. Harby borçlulary goşunçylyga çagyrdy. Şol bir wagtda hem bu taýýarlyk işlerini gizlin geçirmek isläpdi. Gizlinlik başa barmady.

Germaniýa Russiýanyň bu hereketlerine jogap edip, Alp Arslan aýynyň 1-inde Russiýa, Alp Arslan aýynyň 3-inde Fransiýa garşy yglan etdi. Germaniýanyň goşunlarynyň Belgiýanyň we Lýuksemburgyň bitaraplygyny äsgermänligini bahana edinip, Beýik Britaniýa Alp Arslan aýynyň 4-inde Germaniýa garşy urşa başlady. Awstro-Wengriýa Alp Arslan aýynyň 6-synda Russiýa urşa başlaýandygyny duýdurdy.

Ýewropada başlanan uruş tizlikde onuň çäklerinden uzaklary-da öz içine aldy. Alp Arslan aýynda Ýaponiýa Germaniýa garşy uruş yglan etdi. Emma Ýaponiýanyň Ýewropada uruş alyp barmak niýeti ýokdy. Ol Germaniýanyň Hytaýdaky eýeçiliklerini almak maksady bilen, amatly pursady elden gidirmezlik üçin, Hytaýyň Şandun welaýatynda uruş alyp bardy. Türkiýe Germaniýany goldap, urşa goşuldy. Dünýäniň ilatynyň üçden ikisiniň ýaşaýan döwletleriniň 38-sini öz içine alan birinji jahan urşy başlandy.

Urşuň häsiýeti. Uruşýan toparlaryň maksatlary. Birinji jahan urşy özüniň häsiýeti boýunça basybalyjylykly, adalatsyz uruşdy. Diňe Serbiýa, Çernogoriýa, Belgiýa we basylyp alynan adalatly, azat edijilik urşuny alyp barýardylar.

Uruşýan taraplaryň hersiniň öz maksatlary bardy. Germaniýa Ýewropanyň we Aziýanyň uly bölegini, Fransiýanyň, Belgiýanyň baknalaryny, Russiýadan Pribaltikany we Ukrainany basyp almak isleýärdi.

Awstro-Wengriýa Serbiýany, Bolgariýany, Çernogoriýany alyp, Balkan ýarym adasynda agalygyny dikletmek isleýärdi.

Beýik Britaniýa bakna ýurtlaryny saklamak, baş garşydaşy Germaniýany gowşatmak, Türkiýeden häzirki Yragyň, Palestinanyň ýerlerini basyp almak üçin uruşýardy.

Fransiýa Elzas we Loteringiýa sebitlerini, Reýn derýasynyň çep kenaryny, Saar kömür basseýnini almaklygy maksat edinipdi.

Russiýanyň Balkanlarda öz täsirini saklamak, Awstro-Wengriýanyň Galisiýa welaýatyny basyp almak, başarsa Bosfor we Dardanell bogazlarynda agalygyny ýola goýmak niýeti bardy.

Ýaponiýa ýewropalylaryň Ýewropadaky dawalaryndan peýdalanyp, Hytaýdaky Germaniýanyň eýeçiliklerine göz dikýärdi. Garaz, uruşýan taraplaryň esasy böleginiň niýeti basyp almakdy.

Urşuň başlanmagy ähli halklarda-da milli duýguny oýardy. Ähli ýerlerde söweşe gitmek meýletinçiler ýeterlikdi.

1914-nji ýyldaky uruş hereketleri. Birinji jahan urşy Germaniýanyň ýolbaşçylarynyň pikiriçe gysga wagtda ýeňiş tamamlanmalydy. German meýilnamasy boýunça uruş esasan iki ugurda alnyp barylmalydy. Olaryň biri Günbatar söweş ugry bolup esasan Fransiýa we Beýik Britaniýa, ikinjisi Gündogar söweş ugry – Russiýa garşy gönükdirilmelidi. German meýilnamasy boýunça söweş ugurlarynyň birinde tiz urşy ýeňişli tamamlap, bar güýji beýleki ugra gönükdirmelidi. Uruş uzaga çekdirilse, Germaniýa üçin amatsyzdy. Onuň ykdysadyýeti, adam resurslary uzak urşa döz gelerden ejizdi.

German harby ýolbaşçylary bitarap Belgiýanyň üsti bilen Fransiýa garşy urşy tizlik bilen tamamlap, bar güýjüni Russiýa garşy gönükdirmekçidi. Fransiýa urşy 6 hepdeden gijä goýman ýeňişli tamamlamalydy. Bu gysga wagtda Russiýa urşa taýýarlanyp ýetişmez diýip çaklanylypdy. Taýýarlyksyz Russiýany ýeňillik bilen derbi-dagyn etmek göz öňünde tutulypdy. “Ýyldyrym çaltlygyndaky uruş” meýilnamasy boýunça harby hereketler jemi 2 aýda tamamlanyldy. Emma bu niýet puja çykdy.

Eýýäm urşuň başynda belgiýalylar watanyny gahrymanlarça goradylar. Kömege gelen iňlis harby bölümleri bilen bilelikde, fransuzlarda nemeslere berk gaýtawul berdiler. Germaniýa beýle garşylyga garaşmandy. Haçan-da Pariže howp abananda Russiýa Gündogar frontdan uruş hereketlerine başlady. Bu ýagdaý Fransiýany doly derbi-dagyn bolmakdan halas etdi.

Çünki Germaniýa goşunynyň uly bölegini Günbatardan aýryp, Russiýa garşy Gündogar fronta gönükdirmäge mejbur edilipdi.

Marn derýasynyň kenarynda 1914-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 3-10-y aralygynda nemes goşunlary uly ýeňlişe sezewar boldular. Marn gyrgynçylygy adamzat taryhynda bolup geçen iri söweşleriň biridi. Taryhda ilkinji gezek awroulag serişdeleri ulanylan söweşdir.

Marn söweşindäki fransuzlaryň we iňlisleriň gahrymançylygy nemes goşunlarynyň Pariže tarap hereketini togtatdy. Bu söweşde soňky maglumatlara görä iňlis-fransuz goşuny 1 mln 80 müň, nemes goşuny 800 müň adam ýitirdi. Muňa garamazdan nemes goşunlary ýeňlip yza çekildiler. Marn söweşi Germaniýanyň “ýyldyrym çaltlygyndaky uruş” niýetini gutarnykly puja çykardy. Günbatar frontda nemes goşunlary goranyşa geçdiler. Gündogar frontda ýagdaý nähilidi ? Gündogardan Russiýa öz goşunlaryny ikä bölüp Gündogar Prussiýa we Galisiýa ugurlary boýunça ýollady. Gündogar Prussiýada uruş alyp barýan Rus goşunlary ýeňildiler. Emma Galisiýa ugurdakylary Awstro-wenger goşunlaryny ýeňdiler. Şundan soňra 1914-nji ýylyň ahyrlaryna çenli Gündogar frontda-da taraplar goranyşa geçdiler.

1914-nji ýylda gury ýer söweşlerinde taraplaryň güýçleri deňeçer bolan bolsa, suwdaky söweşlerde ýagdaý başgaçarakdy. Deňiz söweşlerinde German floty uly ýeňlişlere uçardy. Netijede Demirgazyk deňzinde iňlis, Orta ýer deňzinde iňlis we fransuz, Gara deňizde Rus flotlary hojaýynçylyk edip başladylar. Germaniýanyň we onuň arkadaşlarynyň flotlary täze ýarag-suwasty gämileri erjel ulansalar-da, suwdaky söweşlerde artykmaçlyk gazanyp bilmediler.

Netijede 1914-nji ýyldaky söweş hereketleri jahan urşunyň gysga wagtda gutarmajakdygyny görkezdi.

Italiýanyň we Bolgariýanyň urşa goşulmagy. Jahan urşunyň uzaga çekjekdigini duýan uruşýan taraplar täze ýaranlary agtaryp başladylar. Olar Italiýany özüne çekmek islediler. Italiýa urşuň başynda öz bitaraplygyny jar edipdi. Emma ol 1882-nji ýyldan bäri “Üçler bileleşiginiň” agzasydy.

1914-nji ýyldaky söweşleriň netijesi Italiýanyň ýolbaşçylaryny taraplaryň mümkinçiliklerine täzeden seretmäge, oýlanmaga mejbur edipdi. Italiýa urşa goşulmak meselesinde uzak wagtlap iki tarap bilen-de gepleşikler geçirdi.

German we Awstro-wenger goşunlary Marn derýasynyň kenarynda, Polşada we Galisiýada ýeňlişe sezewar bolup, “ýyldyrym çaltlygyndaky uruş” puja çykandan soň, Italiýa Antantanyň tarapynda urşa goşulmagy karar etdi. Şeýtmek bilen Italiýa uruşdan soň Antanta döwletleriniň Balkanlardaky birnäçe ýerleri özüne bermegine umyt baglaýardy. Italiýa 1915-nji ýylyň Magtymguly aýynda Awstro-Wengriýa garşy uruş yglan etdi we harby hereketlere başlady.

German toparlanyşygy-da tarapdarlarynyň sanyny artdyrdy. Urşuň başynda bitaraplygyny jar etse-de Bolgariýa Germaniýa bilen gepleşikler geçirdi. 1915-nji ýyldaky Gündogar frontdaky german toparlanyşygynyň üstünliklerini görüp, Bolgariýa Antanta garşy urşa başlady. Germaniýa oňa täze ýerleri bermekligi söz berip, bal kölüne batyrypdy. Şeýlelikde “Üçler bileleşigi”, “Dörtler bileleşigine” (Germaniýa, Awstro-Wengriýa, Türkmen-Osmanly imperiýasy, Bolgariýa) öwrüldi.

Himiýa urşy. Birinji jahan urşy döwründe täze-täze ýaraglar, söweş tilsimleri ulanylyp başlandy.

Germanýa Günbatar frontda goşun güýçlerini azaltsa-da ýöne bu ýere assyrynlyk bilen bogujy hlor gazly ballonlaryň köp mukdaryny getirdi. Ýeliň iňlis-fransuz goşunlaryna garşy öwüsen pursady, nemesler 1915-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 22-sinde alty kilometr uzaklykdaky frontda ilkinji gezek himiýa ýaragyny ulandylar. Nemes goşunlary gorag enjamlary bilen üpjün edilipdi. Emma iňlis-fransuzlarda zäherli howadan goranmak üçin hiç zat ýokdy.

Howa hüjümi netijesinde iňlis-fransuz goşunlarynyň 15 müňüsi hatardan çykaryldy, olardan 5 müňi şol ýerde jan berdi.

Şu söweşden soňra uruşýan taraplaryň ikisi-de himiýa ýaragyny ulanyp başladylar. Zäherli gaza garşy enjam (protiwogaz) esgerleriň mydamalyk ýan esbabyna öwrüldi.

1915-nji ýýlda deňizdäki harby hereketler. Germaniýanyň harby floty suwasty urşy güýçlendirýärdi. 1915-nji ýylyň Baýdak aýyndan başlap, Wilgelm II-niň buýrugy bilen Beýik Britaniýanyň, Irlandiýanyň daş-töweregindäki suwlarda gabat gelen ähli görnüşli suwda ýüzüjiler ýok edilip başlandy. Gark edilenleriň içinde 2 müň adamly iňlis ýolagçy gämisi-de bardy. Ýolagçylardan 764-sine aman galmak başartsa-da, 1195-si welin heläk boldy. Olaryň 286-sy aýallar, 94-si çagalardy. Ýolagçylaryň 128-si amerikanlydy. Çäklendirilmedik suwasty urşy bitarap döwletleriň söwda we ýolagçy gämilerine-de, ABŞ-yň Ýewropa bilen söwdasyna-da uly zyýan berýärdi. ABŞ-yň hökümetiniň talap etmegi bilen Germaniýa ýolagçy gämilerini duýdurmazdan gark etmezligi ylalaşmaga mejbur boldy.

Werden gyrgynçylygy. 1914-1915-nji ýyllardaky söweşleriň netijesi urşuň uzaga çekjegini aýan etdi. Uzak uruş Germaniýa üçin diýseň amatsyzdy. Şu ýagdaýy göz öňünde tutup we nemes esgerleriniň söweşjeň ruhuny galkyndyrmak üçin ýeňişli söweşiň meýilnamasyny işläp düzdüler. Şeýle söweş fransuzlara garşy geçirilmelidi.

1916-njy ýylyň Baýdak aýynyň 21-inde german goşunlary Werdende hüjüme geçdiler. Fransuz esgerleriniň sany Germaniýanyňkydan üç esse azdy. Emma şonda-da fransuzlara “Ölmeli welin, yza çekilmeli däl” diýip buýruk berilipdi. German goşunlary ýaraglanyşyk babatda hem fransuzlardan güýçlidi. Werdende Germaniýa ilkinji gezek onlarça metre ot atýan (ognemýot) täze ýaragy ulandy. Söweş tä 1916-njy ýylyň Bitaraplyk aýyna çenli dowam etdi.

Fransiýany kyn gününde Russiýa goldady. 1916-njy ýylyň Nowruz aýynda Rus goşunlary hüjüme başlap, fransuzlara ýeňillik döretmegi başardylar.

Werden söweşinde fransuz esgerleri gahrymançylyk görkezdiler. Söweşde iki tarap hem uly ýitgiler çekdiler. Fransiýa 360 müň, Germaniýa 600 müň adamsyny ýitirdi. Werdeni eýelemek Germaniýa başartmady. 9 aýlap dowam eden bu söweş netijesiz gutardy. Werden gyrgynçylygy 1 milliona ýakyn adamyň ömür tanapyny kesdi.

Brusilow böwsüşligi. 1916-njy ýylyň Oguz aýynyň 4-inde Rus generaly Brusilowyň ýolbaşçylygynda ruslaryň Awstro-wenger goşunlaryna garşy hüjümi başlandy. Bu hüjümiň tapawutly tarapy frontuň ähli ýerinde çozuşyň bir wagtda başlanmagydyr. Beýle giňişleýin çozuş öň ulanylmandy. Söweş ugrunda ruslaryň agzybir hüjümi Awstro-Wenger goşunlaryny aljyratdy. Awstro-wenger goşunlaryna kömek bermek üçin Germaniýa Günbatar frontdan birnäçe diwiziýany aýryp, Gündogara ýollady. Bu iňlis-fransuz goşunlaryna amatly boldy. Hüjüm netijesinde, Rus goşunlary tas Awstro-Wengriýany doly hatardan çykarypdy. Söweşde Awstro-Wengriýa 1,5 mln, Russiýa 500 müň esgerini ýitirdi. 9 müň Awstro-wenger ofiseri, 450 müň esgeri Ruslara ýesir düşdi. Brusilow böwsüşligi jahan urşunyň gidişindäki ýeke-täk goşun serkerdesiniň ady bilen baglanyşykly taryha giren söweşdir. Bu söweşde ruslaryň ýeňşi Rumyniýanyň Antantanyň tarapynda urşagoşulmagyna sebäp boldy. 1916-njy ýylyň Alp Arslan aýynyň 28-inde Rumyniýa urşa goşuldy.

Somma derýasynyň kenaryndaky söweş. Antanta döwletleri Germaniýa we onuň ýaranlaryna garşy birek-biregini goldap, ylalaşykly hüjümleri gurap başladylar. Şeýle guramaçylykly söweşleriň biri Somma derýasy sebitindäki hüjüm boldy. Bu hüjüme iňlis we fransuz goşunlary birnäçe aýlap taýýarlandylar. Duşmanlaryň söweşe taýýarlygy Germaniýa hem mälimdi. Şonuň üçin Germaniýa hem goranyşy güýçlendirip, hüjümi yza serpikdirmäge taýýardy.

Somma derýasy sebitindäki söweş Brusilow böwsüşliginden 26 gün soň başlandy. Ýöne Rus serkerdesiniň ähli front boýunça giňişleýin hüjüm etmek baradaky ajaýyp başlangyjyny iňlis-fransuz harby serkerdeleri ulanmalydylar. Olar 40 km çemesi dar söweş meýdanynda nemes goşunlarynyň goranyşyny böwüsmekçi boldular.

Somma derýasy sebitindäki söweş 1916-njy ýylyň Gorkut aýynyň 1-inden Sanjar aýynyň 18-ine çenli dowam etdi. Iki tarapyň-da taýýarlykly bolandygy üçin, söweş dört ýarym aýlap dowam etdi. Iňlisler 1916-njy ýylyň Ruhnama aýynda taryhda ilkinji gezek tanklary söweşde ulandylar. Emma uzak taýýarlyga we tanklaryň ulanylmagyna seretmezden, söweş garaşylýan netijäni bermedi. Iňlis-fransuz goşuny bary-ýogy 240 inedördül kilometr territoriýany eýeläp bildiler. Söweşde fransuzlar 341 müň, iňlisler 453 müň, germanlar 538 müň esgerini ýitirdiler.

Brusilow böwsüşligi, Werden, Somma söweşleri gury ýerde urşuň gidişinde öwrülişikli wakalar bolup, uruşda Antantanyň ýeňişli hüjümleriniň başlangyjy boldy.

Ýutland söweşi. Birinji jahan urşunyň gidişinde deňizdäki uruşlaryň iň ulusy ýutlandiýanyň kenarynda 1916-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 31-i Oguz aýynyň 1-inde bolup geçdi.

Demirgazyk deňizde Beýik Britaniýa köpden bäri Germaniýanyň harby flotyny gabawda saklaýardy. German floty iňlisleriňkiden ähli babatda diýen ýaly gowşakdy. Şonuň üçin german floty açyk söweşe girmekden howatyrlanýardy.

1916-njy ýylyň Magtymguly aýynda nemesler deňizde gaçyp uruşmak usuly boýunça söweşip başladylar. Bu söweş tilsimi boýunça esasy güýçlerini gizläp, az sanly harby gämileri bilen görnüp-gaçyp, bukudaky esasy güýçleriniň üstüne getirip, kem-kemden iňlis gämilerini ýok edip, olary azaltmalydy. Şeýle sapaklaryň birinde alaçsyz iki tarapyň esasy güýçleri çaknyşdy. Aldym-berdimli söweşde Beýik Britaniýa 14, Germaniýa 11 harby gämisini ýitirdi. Ýutland söweşinden soňra nemesler deňiz gabawyndan çykmak baradaky öňki arzuwyndan el çekmeli boldular. Urşuň tä ahyryna çenli german floty açyk deňze çykmaga milt edip bilmedi. Ine, şu nukdaýnazardan, söweş iňlisleriň peýdasyna tamamlandy.

1915-1916-njy ýyllardaky söweşler german toparlanyşygynyň ýeňişe bolan ynamyny ýok etdi. Şonuň üçin Germaniýa 1916-njy ýylyň ahyrynda urşy bes etmek hakynda gepleşiklere başlamak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Emma Antanta döwletleri Germaniýanyň ol teklibini kabul etmediler. Tersine, urşy dowam etdirdiler. German hökümetiniň Antanta döwletleriniň öz arasynda agzalalyk başlanar diýen tamasy-da puç boldy.

1916-njy ýylyň ahyrlaryndan başlap Germaniýa ýene-de çäklendirilmedik suwasty urşuna başlady.

ABŞ-yň urşa goşulmagy. ABŞ birinji jahan urşy döwründe uzak wagtlap urşa goşulmady. Ol uruşýan taraplar bilen amatly söwdadan köp girdeji alýardy.

1914-1916-njy ýyllardaky söweşler jahan urşunyň tamamlanmagynyň ýakynlaşýandygyny görkezdi. Uruşdan soňky dünýäni täzeden paýlaşmakdan gijä galmazlyk üçin, ABŞ urşa goşulmaga howlukdy.

German hökümetiniň çäklendirilmedik suwasty urşuny täzeden başlajakdygyny jar etmegi, ABŞ üçin urşa goşulmaga bahana boldy. ABŞ 1917-nji ýylyň Baýdak aýynyň 3-inde Germaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi, Gurbansoltan aýynyň 6-synda bolsa oňa garşy uruş yglan etdi.

ABŞ-yň yzysüresi Kuba, Panama, Braziliýa, Gonduras, Nikaragua, Peru, Urugwaý, Kosta-Rika, Gaiti, Hytaý Antantanyň tarapynda durup, Germaniýa garşy uruş yglan etdiler. Emma agzalan döwletleriň arasynda uruş hereketlerine, esasan ABŞ gatnaşdy. 1918-nji ýylyň başyna çenli ABŞ Günbatar Ýewropada 2 mln. Esgerini urşa goşmagy başardy. Germaniýanyň we onuň ýaranlarynyň ýeňşe bolan mümkinçiligi barha azalýardy.

1917-nji ýyldaky söweşler. 1917-nji ýyl tutuşlygyna Antanta bileleşigi we onuň tarapdarlary üçin amatly bolmady. Esgerler uruşdan halys ýadapdyrlar. Muňa seretmezden, Antanta döwletleri we onuň tarapdarlary 1917-nji ýylda ähli front boýunça hüjüme geçmekçidiler. German bileleşigi 1917-nji ýylda goranmakçydy.

Russiýadaky Baýdak döwlet öwrülişigi netijesinde, Rus goşunlary hüjüme geçip bilmediler. Günbatar frontda Antantanyň esgerleri 1917-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 16-synda Arras şäheri sebitinde şowsuz hüjüme geçdiler. Bu söweşe fransuz generaly Niwel ýolbaşçylyk etdi. Iňlis-fransuz goşuny nemesler tarapyndan partlaýjylar goýulan meýdana çozup girip, aldawa düşdüler. Nemes goşuny olary top okuna tutup derbi-dagyn etdi. Niweliň ýolbaşçylygyndaky goşun 280 müň esgerini ýitirdi.

Rus goşunlarynyň 1917-nji ýylyň Gorkut aýynda Gündogar frontdaky hüjümi-de şowsuz gutardy. Rus patyşasynyň tagtdan agdarylmagy, bolşewikleriň urşa garşy wagyzlary rus esgerlerini öňki söweşjeň ruhundan nam-nyşan goýmandy.

Uruş döwründe ýekeje-de düýpli ýeňiş gazanmadyk Italiýanyň goşuny 1917-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda masgaraçylykly ýeňlişe sezewar boldy. Bu söweş Izonso derýasynyň kenarynda Kaporetto obasynda bolup geçdi. Italiýanyň düşen esgerleri uruşdan halys ýadapdylar. Şonuň üçin-de olar ýeňildiler we dowla düşüp söweş meýdanyndan gaçdylar.

Russiýanyň uruşdan çykmagy. 1917-nji ýylyň döwlet agdarylyşygyndan soňra Russiýa iş ýüzünde uruş hereketlerine gatnaşmagyny bes etdi. 1917-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda başlanan Russiýa–german gepleşikleri 1918-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-inde Brest şertnamasynyň baglanyşylmagy bilen tamamlandy. Brest parahatçylyk şertnamasynyň şertleri Russiýa üçin gaty agyrdy. Şertnama boýunça Polşa, Pribaltika, Belorussiýanyň bir bölegi Germaniýa berildi. Rus goşunlary Ukrainany, Finlýandiýany terk etmeli boldular. Ardagan, Kars, Batumi sebiteri Türkiýä berildi. Üstesine-de 6 mlrd. marka möçberindäki puly Russiýa Germaniýa tölemelidi. Täze rus hökümeti ähli şertlere razy bolup uruşdan çykdy.

Russiýanyň uruşdan çykmagy bilen indi ýeke-täk frontda – Günbatarda uruşmalydy. Emma urşy dowam etdirmek taraplaryň hiç birine hem ýeňil düşmeýärdi.

Urşa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýeti. Uruş ähli ýerde ýetmezçilik döredýär. Çünki uruşýan taraplar ykdysadyýetini halkyň däl-de urşuň bähbitlerine gönükdirýärler. Diňe bir öz ýurtlaryndan däl eýsem, olar özüne garaşly bakna haklary hem mümkin boldugyça öz peýdasyna ulanýarlar. Antanta 45 mln, german toparlanyşygy 25 mln. adamy gönüden-göni frontlarda ulanypdy. Bulardan başga-da tyldaky işler üçin-päleçilige adam toplapdylar.

Uruş döwri açlyk-horluk görlüp eşidilmedik derejä ýetdi. Ýarawly adamlaryň urşa çekilmegi önümçiligi pese gaçyrdy. Ýeter-ýetmežçilikden horlanan halk köpçüligi Fransiýada, Germaniýada, Russiýada, şol sanda Türkmenistanda urşa garşy gozgalaňlar etdiler. Birnäçe uruşýan ýurtlarda içki dartgynlyk, urşa garşy hereketler ýetjek derejesine ýetip, rewolýusiýalar bolup geçdi.

Urşuň tamamlanmagy. Brest ýaraşyk şertnamasy baglaşylandan soňra Germaniýa Günbatar frontda ýene-de bir hüjüme synandy. Hat-da 1918-nji ýylyň tomsunda nemesler Marn derýasynyň kenaryna çenli aralaşyp, uzakdan Pariži oka tutup başladylar. Emma bu Germaniýanyň iň soňky gezek topulyşydy. ABŞ-dan gelýän täze-täze goşun bölümleri bilen üsti ýetirilen iňlis-fransuz goşunlary 1918-nji ýylyň Gorkut aýynda güýçli hüjüme başladylar. “Dörtler bileleşigi” urşy dowam etdirmegiň netijesizdigine düşündiler. German esgerleri Fransiýadan, Belgiýadan kowlupdylar. Balkan ýarym adasynda bolgarlar ýeňlişe uçrap, 1918-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 29-ynda Bolgariýa ýeňilendigini boýun aldy.

Siriýada, Mesopatamiýada we Palestinada iňlisler ýerli arap gozgalaňçylarynyň kömegine daýanyp, türkleri 1918-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 30-ynda boýun egdirdiler. Türk esgerleri arap ýerlerinden çykaryldy.

Awstro-Wengriýa bilen Germaniýanyň söweş meýdanlaryndaky ýeňlişleri ol ýurtlardaky halk gozgalaňlary, milli azat edijilik hereketleri bilen utgaşdy. Awstro-Wengriýadan Çehiýa we Slowakiýa, Gündogar slawýan welaýatlary bölünip aýryldy. 1918-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 31-inde Awstro-Wengriýadaky rewolýusion wakalar netijesinde Awstriýa hem-de Wengriýa respublikalary döredi. Täze dörän Awstriýa Awstro-Wengriýanyň adyndan 1918-nji ýylyň Sanjar aýynyň 3-inde ylalaşyga gol çekdi.

Germaniýanyň boýun egmegi. “Dörtler bileleşiginden” Bolgariýa, Türkmen-Osmanly imperiýasy, Awstro-Wengriýa uruşdan çykanlaryndan soňra, Germaniýanyň hem garşylygy dowam etmäge ýagdaýy ýokdy. Ykdysady ýagdaýyň erbetleşmegi, esgerleriň uruş islemezligi, Ýewropadaky rewolýusion wakalar, frontdaky ýeňlişler ýeke-täk dogry ýoluň urşy bes etmeklikdigini görkezýärdi. Germaniýa ýeňlipdi. Emma ony boýun almak kyndy. Şeýle şertlerde German hökümeti ylalaşyk barada gepleşiklere başlamaklygy haýyş etdi. Şol bir wagtda özüniň entek ýeterlik harby kuwwatynyň bardygyny görkezmek üçin deňiz söweşini guramaga synandy. Emma German harby flotynyň deňizçi esgerleri ýolbaşçylaryň buýrugyny ýerine ýetirmän, gozgalaňa başladylar. Kil şäherinde başlanan gozgalaň rewolýusiýanyň başlangyjy boldy. Sanjar aýynyň 9-ynda Berlinde hem gozgalaň başlandy. Wilgelm II ýurtdan çykyp gaçdy.

Şeýle şertlerde täze dörän German hökümeti 1918-nji ýylyň Sanjar aýynyň 11-inde Antanta döwletleriniň öňe süren şertleri esasynda, Kompýen tokaýynda uruş hereketlerini togtatmak hakyndaky ylalaşyga gol çekdi. 1918-nji ýylyň Sanjar aýynda Russiýa hem Brest şertnamasyny ýatyrdy. Uruş tamamlandy.

Urşuň jemleri. Kompýen ylalaşygy boýunça Germaniýa Belgiýadan, Fransiýadan öz goşunlaryny çykarmalydy. Ol 5 müň top, 25 müň pulemýot, 1700 harby uçarlaryny, 150 müň wagon, 5 müň ýük awtoulaglaryny we başga-da birnäçe suwasty gämileridir beýleki harby ýaraglaryny Antanta döwletlerine we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bermeli boldy.

Birinji jahan urşy adamzat taryhynda şol wagta çenli bolan uruşlaryň iň bir gan döküşiklisi, elhenji boldy. Uruşa 73,5 mln. esger gatnaşyp, olardan 10 mln. adam öldürildi. 20 mln. adam ýaralandy, maýyp boldy. Birnäçe obalar, şäherler, senagat kärhanalary tozduryldy.

Urşuň baş günäkärleri bolan Germaniýanyň, Awstro-Wengriýanyň we Russiýanyň imperatorlarynyň ählisi-de tagtyndan agdaryldy.

Uruş döwri diňe bir söweş meýdanynda däl, eýsem tylda hem parahat ilatyň birnäçesi açlykdan, ýeter-ýetmezçiligiň pidasy boldular.

Uruş birnäçe halklaryň milli taýdan oýanmagyna itergi berdi. Birnäçe halklar özbaşdaklyk ugrunda aýaga galdylar. Birnäçe täze döwletler döredi.