Jin Bodin: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
Agşam dowam etjek.
(Tapawut ýok)

11:58, 26 iýul 2018 senesindäki wersiýa

Jin Bodin (1530 - 1596) iňlisçe: Jean Bodin, Fransuz hukukçy, taryhçy we syýasy filozof.

Syýasy garaýyşlary

Döwletiň alty kitaby

Döwletiň alty kitaby (fransuzça: Les Six livres de la République) Saint Barthelemy gyrgynçylygyndan soňra Protestant ýazyjylar tarapyndan ýaýradylan eserlere jogap sypatyndadyr.[1]

Jin Bodin bu kitabyna döwlet adalgasynyň kesgitlemesini bermek bilen başlaýar.[1] Ol bu kitabynda döwleti "Döwlet, birnäçe maşgalanyň we olaryň ortak mülkiýetiniň hökmürowan güýji tarapyndan dolandyrylmasydyr" diýip kesgitleýär.

Bodine görä döwlet hukuka uýgun kanuny bir guramadyr, döwlet ýagşylyk, şatlyk, tertip ýaly meseleleri öz içine almak bilen olardan has ötede bir maksada ýetmek üçindir. Asyl elementi maşgala bolan döwleti döwlet edýän jemgyýetiň agzybirligini we bütewiligini emele getirýän hökmürowan güýçdir.[1]

Bodine görä hökmürowanlyk dowamly - hemişelik güýçdür sebäbi hökümetler üýtgese hem jemgyýet şo durşuna galýar. Bodine görä hökmürowanlygyň özi kanunlara bagly däldir, hökmürowanlyk ne-hä özünden öňki kanunlara baglydyr ne-de öz döreden kanunlaryna baglydyr. Bodin aýtmagyna görä hökmürowan adam öz elini baglap bilmez.

Bodine görä hökmürowanlyk hemme zatdan öňürti umumy we hemmeler üçin kanun çykaryp bilmek we kanunlary üýtgedip bilmek häkimiýetidir. Hökmürowan güýç kanun çykarýarka ýa-da kanun özgerdýärkä ýa-da kanuny ýatyrýarka ne özünden ýokary, ne özüne deň ne-de başga islendik bir güýjüň oňlamagyna mätäçdir.

  1. 1.0 1.1 1.2 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul/ 139-njy sahypa