Difference between revisions of "Amerikanyň Birleşen Ştatlary taryhy"

Jump to navigation Jump to search
no edit summary
==1918 – 1939-njy ýyllar aralygynda==
'''Meýilnama:'''
 
1. W. Wilsonyň döwründe ABŞ-niň içeri we daşary syýasaty, Ýkdysady durnuklaşmak.
 
2. F. Ruzweltiň “Täze ýoly” we onuň mazmuny.
 
3. XX asyryň 30-njy ýyllarda ABŞ-nyň içeri we daşary syýasatyna “Täze ýoluň” täsiri.
 
Biz ykdysady dartgynlylykdan ähli ýurtlaryň döwlet düzgünleşdirijiliginiň güýçlenmegi arkaly çykandygy barada gürrün edipdik. Germeniýa, Italiýa we beýleki käbir ýurtlar döwlet düzgünleşdirmesiniň berk faşistik ýoluna düşdiler. Çünki bu ugur boýunça ösýän ýurtlar adam hukuklarynyň gödek bozulmalarynyň, demokratiýanyň ýok edilmeginiň hasabyna ykdysady we durmuş dartgynlylygyny gowşadypdyrlar.
 
ABŞ, Beýik Britaniýa, Skandinaw ýurtlary, Kanada, Fransiýa, Meksika ýaly berk binýatly, halkyň syýasy düşünjeliliginiň ýokary ýurtlarynda zorlukly faşistik düzgünleşdirişini ulanmaga isleg-de, mümkinçilik-de ýokdy. Bu ýurtlaryň halklary syýasy göreşde bişişendiler. Ine, şu sebäplere görä, ykdysady dartgynklylygyndan çykmagyň demokratik ýoluny tapmalydy. Şeýle ugur döwlet düzgünleşdirmesiniň aram-täzeçillik ýoly boldy.
 
“Aýagy düşmedik” president. 1924 – 1929-njy ýyllar ABŞ-yň gülläp ösen döwri boldy. 1928-nji ýylyň president saýlawlarynda respublikaçy partiýadan bolan öňki söwda ministry Gerbert Guwer ýeňiji bolup, 1929-njy ýylyň Nowruz aýynyň 4-de resmi ýagdaýda öz wezipesine girişdi. Ol döwlet ýolbaşçýlygyna gelen wagty ABŞ dünýäniň senagat önüçiliginiň 40% çemesini öndürýärdi. Amerikan ykdysadyýetiniň üstünliklerinden başy aýlanan Guwer, saýlaw döwri halka ähliumumy rowaçlygy, abadançylygy, ýurdy gülletmegi wada beripdi. Emma onuň edeni tersine boldy. Türkmen aýtmyşlaýyn “aýagy düşmedi”.
 
Güwer president bolandan alty aýdan soňra, 1929-njy ýylyň güýzünde ykdysady pese gaçyşlyk başlandy. Ol ýurdy ykdysady pese gaçyşlyk döwrüniň ahyryna çenli dolandyrdy. Elbetde, ykdysady pese gaçyşlyk kanuny ýagdaýdy. Ýöne, amerikanlar 1931-nji ýýlyň president saýlawlarynda “aýagy düşmedik” Guwere däl-de, demokratik partiýadan bolan Franklin Delano Ruzwelte ses berdi.
 
Franklin Delano Ruzwelt. Franklin Ruzwelt 1882-nji ýylda Nýu-Ýork ştatynda eneden dogulýar. Ene-atasynyň ýeke ogly, üstesine-de gaty gurply maşgalada ösüp ulalandygy sebäpli onuň kadaly terbiýe we bilim almagy üçin ähli mümkin bolan şertler döredilýär. Ýaşlykdan nemes we fransuz dillerini öwrenýär. garward uniwersitetini tamamlaýar. Soňra Kolumbiýa uniwersitetinde okaýar.
 
Ol iki – üç ýyl ýuridiki firmada işläp, galan ömrüni syýasata bagyş edýär. demokratik partiýanyň düzüminde bolup, 1910-njy ýylda Nýu-Ýork ştatynyň senatyna saýlanýar. 1913-nji ýyldan başlap, deňiz Ministriniň orunbasary wezipesinde işläp başlaýar.
 
1921-nji ýylda suwa düşen mahaly sowuklap, aýaklary ysmaz keseline uçraýar. Ömürlik ýöremekden mahrum bolýar. saglyk ýagdaýy-da ony ruhdan düşürmeýär. 1928-nji ýylda Nýu-Ýork ştatyna gubernator wezipesine saýlanýar. Öz ştatynda rehimdarlygy, adyllygy, täzeçilligi bilen at-abraý gazanýar. Gubernatorlyk onuň özüni halka tanatmagynda ýene bir basgançak bolýar.
 
Iri baý maşgalanyň, akylly – paýhasly, maksada okgunly mirasdüşeri F. Ruzwelt halkyna “Täze ýoly” söz berip, 1932-nji ýyldaky president saýlawlarynda ýeňiş gazanýar. Halkyň çäksiz söýgüsinden peýdalanýan Ruzwelt ömrüniň ahyryna çenli president saýlawlarynda ýeňiji boldy. Ol ABŞ-nyň taryhynda ýeke-täk, yzygider dört gezek president saýlanan (1932, 1936, 1930, 1944 ýyllarda) üýtgeýşik syýasatçy hökmünde taryha girdi. President saýlawlary 1932-nji ýylyň Sanjar aýynda geçse-de, F. Ruzwelt resmi ýagdaýda öz kanuny wezipesine 1933-nji ýylyň Nowruz aýynyň 4-nde.
 
F. Ruzweltiň “Täze ýoly”. F. Ruzwelt ABŞ-da ykdysady pese gaçyşlygyň möwjän, ilatyň hökümetden närazylygynyň güýjän döwri häkimiýete geçdi. F. Ruzweltde hem ýurdy kynçylyklardan çykarmagyň synagdan geçen, taýýar meýilnamasy ýokdy. Saýlaw döwri “Täze ýoly” söz berse-de, ol ýörelgäni indi agtarmalygy we tapmalydy. Ol ilatyň durmuş derejesini ýokarlanmazdan ykdysadyýeti dikeltmegiň mümkin däldigine düşünýärdi.
 
Halk köpçüliginiň satyn alyjylyk islegini we mümkinçiligini artdyrmaklygyň ýollaryny agtarýardy. Ýurduň 60 çemesi maşgalasynyň yekebara (monopolistik) hojaýynçylygyby gowşatmaklygyň zerurlygyny duýýardy. Halkkara diňe bir syýasy deňlik däl-de, ykdysadyýetde deň mümkinçilikleriň zerurlygyna düşünýärdi. Öňde duran wezipeleri çözmek üçin däl bolan ýoldan biraz çepe sowulmalydy. Bu-da jemgyýetiň ýokary gatlagynyň, bähbitlerine zarba urjakdy. F. Ruzwelt ähli adamlara gowy görnüp, ýaranyp bolmajagyna hem düşündyärdi. Ine, şeýle çylşyrymly ýagdaýdan çykalga hökmünde bazar ykdysadyýetli jemgyýeti kämilleşdirmegiň “Täze ýoluny” oňe sürdi. Beýik özgerdişleriň tapgyryna başlady. Bu özgerdişler döwri F. Ruzweltiň “Täze ýoly” ady bilen taryha girdi.
 
“Täze ýol” döwri 1933 – 1939-njy ýyllary öz içine alýar. Bu döwri hem şertli üç tapgyra bölmek mümkin. Olar haýsylar?
 
“Täze ýoluň” birinji döwri. Birinji döwri 1933 – 1932-nji ýyllary öz içine alýar. F. Ruzwelt bu döwürde döwletiň ykdysadyýete gatyşmasyny düýpli güýçlendirmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçildi. Ykdysady pese gaçyşlygynyň öňüni almak üçin uzak pikirlenmäge wagt ýokdy. F. Ruzwelt 1933-nji ýylyň Nowruz aýynyň 6-synda ähli banklary wagtlaýyn ýapmak hakynda buýruk berdi. Çünki bank ulgamy bulaşykdy. Prezindent iri, özüni aňarýan, sagdyn banklara döwlet kömegini gurady. Müňlerçe maýda banklar ýok edilip, bank ulgamynyň işinde döwletiň güýçli täsiri ýola goýuldy. F. Ruzwelt, Z. Keýsiň “Döwlet ýene gülläp ösmeklige dolanyp gelmek üçin harç etmelidir” diýen pikirini ykdysady syýasatynyň esasy edip ulandy.
 
Birinji döwürde iri ýekebara hususy öndürijilere döwlet goldawy berildi. Şolaryň kömegi bilen ykdysady pese çykyşlykdan çykmaklyga synanyşyldy. Işsizligi ýok etmeklige üns berildi. Millionlarça işsizleriň gününe ujupsyz hak tölemek bilen, olar döwlet, yurt bähbitli işlere gönükdirildi. Olar ýatak jaý, egin – eşik bilen üpjün edilip, kanalary gazanmak, agaç etmek, ýol, köpri gurmak we ş.m. işlerde işledildi. Dogry, bu işleer hem ähli işsizlere ýetdirip duranokdy. Işsizleriň üçden birini şu usulda iş bilen üpjün etmek başartdy.
 
193-nji ýylyň Nowruz aýynyň 12-nde oba fermentlerine kömek bermek hakynda kanun Kabul edildi. Kanunda oba hojalyk önümleriniň bahasyny ýokarlandyrmaklygyň hasabyna obany ösdürmek, dermerleriň girdejiligini artdyrmak bellenýärdi. Bazaar gatnaşyklary şertlerinde oba hojalyk önümleriniň bahasyny ýokarlandyrmak ýeňil-ýelpaý iş däl. bazaar öz kanunlary boýunça işleýär. F. Ruzwelt ekerançylyk ýerlerini we mallaryň baş sanyny azaltmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürişini kemeldip, bahalary ýokarlandyrmaga synanyşdy. Önümçiligi azaldan fermerlere sylag berildi.
 
Oba hojalygyndaky özgerdişler maýda fermerleriň tozamagyna, irileriniň has güýçlenmegine getirdi. Ýöne, mäme-de bolsa, oba hojalyk önümleriniň bahasy ýokarlanyp, obanyň ösmegine şert döredildi.
 
Milli senagaty dikeltmek hakynda kanun Kabul edildi. Ol boýunça gymmat bahaly kagyzlaryň göýberilişiniňüstünden döwlet gözegçiligi dikeldildi. Önüm öndürijileriň arasyndaky özara bäsdeşligi (konkurensiýasyny) düzgünleşdirmäge, önümiň möçberini we bahasyny, zähmet haklaryny kadalaşdyrmaga umuman öndürijilere deň şertleri döretmäge synanyşyk edildi. Bu ýagdaý iri öndürijileriň güýçlenmegine getirdi.
 
Geçirilen çäreleriň netijesinde ykdysady dartgynlylyk gowşady, ösüş başlandy. F. Ruzwelt “Täze ýoly” oňa abraý getirdi.
 
“Täze ýoluň” ikinji döwri. “Täze ýoluň” ikinji döwri 1935 – 1936-njy ýyllary öz içine alýar. Bu döwürde F. Ruzwelt president saýlawlarynyň ýakynlaşýanlygyny nazarda tutup, giň halk köpçüliginiň durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmäge başlady.
President 1935-nji ýylyň Gorkut aýynyň 5-nde zähmet gatnaşyklary hakynda kanuna (Wagneriň kanuny) gol çekdi. Ol boýunça profsoýuzlara girmäge hukuk berildi. Zähmet gatnaşyklary düzgünleşdirmekde döwletiň gatyşmasy güýçlendirildi.
 
Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän çäreleriň içinde ähmiýetlileriň biri 1935-nji ýylyň Alp-Arslan aýynyň 14-nde Kabul edilen, durmuş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky kanundyr. Ol boýunça maýyplara, ýetimlere, dul aýallara, işsizlere, işe ýarawsyzlara kömek pullarynyň berilmegi kanunlaşdyryldy. 65 ýaşdan pensiýa bellenildi.
 
F. Ruzweltiň “Täze ýoly” syýasatynyň ikinji döwründe iri hasusy kärhanalaryň bähbitlerine ters gelýän salgyt ulgamy hakynda täze kanun Kabul edildi. Täze salgyt ulgamy boýunça köp girdejä uly salgyt düzgüni girizildi. Mysal üçin, ýylda 5 million girdeji alýanlar onuň 75 göterimini salgyt hökmünde tölemelidi.
 
Jemgyýetiň ýokary gatlagy F. Ruzwelt “Täze ýolunyň” ikinji döwründe geçirýän özgerdişlerinden närazy bolup, ony güýçli ýazgaryp başlady. Olar Prezidenti ABŞ-yň bazaar ykdysadyýetiniň däplerini bozmakda, hat-da kommunizme ymtylmakda aýpladylar.
 
F. Ruzweltiň halkyň durmuş şertlerini gowulaşdyrýan özgerdişleri 1936-njy ýylyň president saýlawlarynda oňa ýeňiş getirdi. Saýlawlarda respublikaçy partiýadan bolan garşydaşy bary-ýogy 16,7 million ses alsa, F. Ruzwelt 27,8 million saýlawçynyň özüne ses bermegini gazandy. Ol “Täze ýol” syýasatyny halkyň goldaýnadygyna göz ýetirip, ony dowam etdi.
 
“Täze ýoluň” üçünji döwri. 1937 – 1939-njy ýyllar “Täze ýol” syýasatynda aýratyn bir döwür hasaplanýar. F. Ruzwelt ikinji möhlete president saýlanandan soňra hem özgerdişleri öňküsi ýaly dowam etdirjek boldy. Saýlaw döwründe söz beren özgerdişlerini durmuşa geçirmek isledi. Emma F. RuzweltiňÝokary Sudy özgertmek baradaky kanunynyň taslamasyny kongres goldamady. Bu meselede president ýeňildi.
 
1938-nji ýylda “adalatly zähmet şertleri hakynda” kanun Kabul edildi. Kanuna göä, çaga zähmeti düýbünden gadagan edildi. Zähmet haklary, iş hepdesiniň dowamlylygy düzgünleşdirildi.
 
1939-njy ýyldan F. Ruzwelt täzeçilligini bes etdi.
 
F. Ruzweltiň “Täze ýoly” döwletiň täsirini güýçlendirdi. Indi döwlet ykdysady ösüşiň, demokratiýanyň, halkyň durmuş taýdan goraglylygynyň kepiline öwrüldi.
 
ABŞ-nyň daşary syýasaty. Otuzynjy ýyllarda ABŞ daşary syýasatda dünýä wakalaryna, halkara dawalaryna işjeň gatnaşmady. Ýewropadaky dawalara asyl goşulmak islemedi. 1933-nji ýylda SSSR bilen diplomatic gatnaşyklary dikeltdi.
 
1935-nji ýylda goşulmazlyk hakynda kanun edilip, dawaly dünýäniň jenjenlerinde ýurdy çetleşdirmek syýasaty alnyp baryldy. Çetleşmek syýasaty tä ikinji jahan urşy başlanýança dowam etdi.
 
Latyn Amerikasy ýurtlary bilen hoşniýetli goňşüçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
 
==XX asyryň 2-nji ýarymynda==
'''M E Ý I L N A M A:'''
302

edits

Nawigasiýa menýusy