Amerikanyň Birleşen Ştatlary taryhy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Gysgaça mazmuny ýok
(Tapawut ýok)

17:00, 28 iýul 2016 senesindäki wersiýa

Mowzuk : Amerikanyň Birleşen Ştatlary XX asyryň 2-nji ýarymynda.


M E Ý I L N A M A  :


1. Ikinji jahan urşundan soň ABŞ-nyň ykdysady we syýasy ýagdaýy. “Sowuk uruş syýasaty.

2. ABŞ Ž. Kennediniň we L. Žonsonyň demokratik hökümetleri döwründe.

3. ABŞ XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda.

4. Beýik Saparmrat Türkmenbaşynyň zamanasynda amerikan-türkmen gatnaşyklary.


Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy : “Biziň bu gün Ýewropanyň ähli döwletleri bilen hem ikitaraplaýyn bähbitli, ygtybarly gatnaşyklarymyz bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gepleşigimiz we hyzmatdaşlygymyz gitdigiçe işeňňirleşýär” diýip belleýär.

ABŞ Demirgazyk amerikan dünýäböleginde ýerleşen döwlet. Onuň umumy meýdany 9,7 mln inedördül km. ABŞ özüniň meýdany boýunça dünýäde Russiýadan, Kanadadan, Hytaýdan soň 4-nji ýerde durýar.

ABŞ-nyň ilaty 270 mln. adam (2001 ý.). Döwlet dili iňlis dili. Ýurtda esasan hem protestant dini (53%); katolik dini (26%) we beýleki dinler hereket edýär. ABŞ-ň döwlet gurluşy – federatiw respublika, ýurduň düzüminde jemi 50 ştat bar. Paýtagty Waşington. Döwletbaşy we hökümetiň baştutany prezident, ýerine ýetiriji häkimiýet - wise-prezident we ministrler Kabinetine degişli. Kanunçykaryjy häkimiýeti iki palataly parlament-kongress amala aşyrýar, ol Senatdan (ýokary palata) we wekiller palatasyndan (aşaky palata) ybarat. ABŞ-da adaty iki partiýa : Respublikan we Demokratik partiýalar ýurduň syýasy durmuşynda esasy orunda durýar.

50-60-njy ýyllarda ABŞ-da ykdysadyýetiň we halkyň durmuş derejesiniň ösüşi. 1953-1961-nji ýyllarda respublikaçy partiýadan bolan Duaýt Eýzenhauer ABŞ-yň prezidenti wezipesini eýeledi. Onuň dolandyran döwründe amerikan ykdysadyýeti üç gezek çökgünlik döwrüni (1953-1954, 1957-1958, 1960-1961-nji ýyllar) başdan geçirendigine garamazdan, öňküsi ýaly çalt bolmasa-da, ösüşini dowam etdirdi. Eýzenhauer ilkinji nobatda ýurduň býudžetini tertipleşdirmäge synandy. Ol döwlet harajatlaryny azaldyp, salgytlary peseltmekçi we dollaryň hümmetini güýçlendirmekçi bolýardy. Puluň hümmetlenmegi üçin ol işsizligiň artmagyna garşy däldi. “Sowuk uruş” zerarly ýaraglanyşyga goýberilýän çykdajylaryň artmagy ykdysady ösüşe ýaramaz täsir edýärdi.

50-nji ýyllarda amerikan ykdysadyýetiniň häsiýetli aýratynlygy dürli pudaklarda iri-iri hususy birleşmeleriň döremegidir.

ABŞ-yň oba hojalygy agyr pursatlary başdan geçirdi. Fermerleriň birnäçeleri birleşip, iri fermalar döredýärdiler. Maşgala fermerleri iri fermalar bilen bäsdeşlige çydaman tozýardylar.

Söwdada hem birleşmek meýli güýçlüdi. Dürli görnüşli harytlary satýan iri-iri söwda merkezleri köpeldi. 1954-nji ýylda söwda merkezleriniň sany bary-ýogy 8 sany bolan bolsa, 1960-njy ýylda olaryň sany 3480-e ýetdi. Söwda merkezleriniň ýanynda oňaýly awtoulag goýulýan ýerleriň bolmagy we ähli harytlarynyň bir ýerden tapylmagy alyjylara oňaýlyk döredýärdi.

Ykdysadyýetiň ösmegine ýurduň çet-gyralary bilen merkezi sebitleri arabaglanyşygy ösdürmekde awtoulaglar üçin gara ýollaryň gurluşygynyň artdyrylmagy ähmiýetli boldy. 1956-njy ýylda gara ýollaryň gurluşygyna 26 mlrd. dollar pul goýberildi. Bu amerikanyň taryhynda döwlet işine goýberilen iňňän uly puldy. Ýurduň ähli ýerine birleşdirjek 4 müň kilometr ýollar gurulmalydy.

50-nji ýyllary ilatyň maddy durmuş derejesiniň gowulaşan döwri hökmünde häsiýetlendirmek mümkin. Bu döwürde hususy jaýly maşgalalaryň sany iki esse artdy. Amerikalylaryň ýarymyndan gowragy girdejileriniň möçberi boýunça orta gatlaga öwrüldiler. Maşgalalaryň köpüsi diňe bir telegörkeziji ýa-da sowadyjy we ş.m. durmuş tehnikaly bolman, eýsem awtoulagly, dokuzy düzüw hojalyga öwrüldiler.

Amerikan jemgyýetinde negrleriň hukuklary çäklidi. Garaýagyz amerikalylar öz hukuklarynyň akýagyzlar bilen deňeşdirilmegi ugrunda göreşe başladylar. Dogrudan-da, garaýagyz raýatlaryň hukuklary gaty kemsidilýärdi. Mysal üçin, garaýagyz çagajyklar akýagyz deň-duşlary bilen bir mekdepde okadylmaýardy, ýa-da şäherlerde adam daşaýan awtoulaglarda negrler özlerine bellenen yzky bölüme münmelidi.

Garaýagyz ilatyň deňhukuklyk ugrundaky, göreşine diýseň akylly we dilewar ruhany Martin Lýuter King ýolbaşçylyk etdi. Prezident Eýzenhauer özi-de garaýagyzlaryň deňhukuklygynyň tarapdarydy. Netijede, akýagyzlar bilen garaýagyz çagajyklara bir mekdeplerde okamaga rugsat berildi. Şäher awtoulaglarynda jynsy kemsidilmeler ýatyryldy. Garaýagyzlaryň aklar bilen saýlaw hukuklary deňleşdirildi.

50-nji ýyllarda “sowuk uruş” ABŞ-yň diňe bir daşary syýasatyna däl, eýsem içeri syýasatyna-da güýçli täsirini ýetirýärdi. Ýurduň içinde kommunistlere “gyzyl howpa” garşy göreş güýçlendirildi. Kommunistlere garşy göreşde iň bir jeňbaz syýasatçysy Žozef Makartni aýratyn tapawutlanýardy. Ol 50-nji ýylda döwlet gullugynda işleýän 205 adamyň kommunistdigini, olaryň ählisiniň atlaryny bilýändigini aýdyp, kommunistlere we içalylara garşy uly şowhunyň bolmagyny gazanypdy. Ýurtda 2,5 mln. döwlet gullukçysynyň döwlet gurluşygyna wepalylygy barlanyldy. Diňe 50-nji ýyllaryň ahyrlarynda makartniçileriň hereketlerini saklamak başartdy.

Žon Kennediniň we Lindon Žonsonyň aram özgertmeleri. 1960-njy ýylyň prezident saýlawlarynda demokratik partiýadan bolan, 43 ýaşly Zon Kennedi ýeňiş gazandy. Ol ABŞ-yň taryhynda iň ýaş prezident boldy. Ol saýlawçylara täze, düýpli özgerdişleri durmuşa geçirip, täze sepgitleri söz berip, ýeňiş gazanypdy. Şonuň üçin onuň syýasatyny köplenç “täze sepgitler” diýip atlandyrýarlar.

Žon Fisžerald Kennedi (1917-1963). ABŞ-yň döwlet işgäri. Irland asylly baý katolik maşgalasynda dogulýar. Londonyň ykdysadyýet mekdebini we Garward uniwersitetini tamamlaýar (1940 ý.) 1941-1945-nji ýylarda ABŞ-yň harby deňiz güýçlerinde gulluk edýär. 1947-1953-nji ýyllarda Massaçusets ştatyndan wekiller palatasynyň agzasy. 1953-1960-njy ýyllarda senator, 1960-njy ýylda prezident saýlanýar. “Täze sepgitler” hem-de kosmosy özleşdirmek baradaky “Apollon” maksatnamalarynyň awtory. 1963-nji ýylyň Sanjar aýynda Dallasda atylyp öldürilýär.

Žon Kennedi ilki ýurduň ykdysady pese gaçmasyny togtatmagy başardy. Ykdysadyýetini janlandyrmak üçin salgytlary peseltmek isledi. Emma onuň bu teklibini kongress goldamady. Ol aram özgertmeleriň käbirini durmuşa geçirmäge eýgerdi. Ol iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny durmuşa geçirdi. Raýatlaryň hukuklary hakynda kabul edilmegini-de gazandy. Emma ol bilimi ösdürmek ýa-da garrylara medisina kömegini bermek ýaly syýasatlaryny durmuşa geçirip bilmedi. Ýöne kosmos barlaglaryny güýçlendirmegi welin, amala aşyrdy.

Kennedi daşary syýasat meselesinde SSSR we sosialistik ýurtlar bilen gatnaşyklarda ylalaşykly syýasatyň tarapdarydy. Ýöne onuň eglişikli daşary syýasatyna N. Hruşýow ABŞ-yň ejizligi hökmünde nädogry düşünipdi. Dogrusy, “sowuk urşuň” soňuna çykmaga Hruşýowda mümkinçilik bolupdy. Kennedi 1963-nji ýylyň Sanjar aýynyň 22-sinde Tehas ştatyndaky Dallas şäherinde üsti açyk maşynda barýarka öldürildi. Ol aram özgerdişler ugrunda göreşen prezident hökmünde halkyň ýadynda galdy.

Ž. Kennediniň ölüminden soňra, ýurduň wise-prezidenti L. Žonson prezidentiň wezipesini ýerine ýetirip başlady. Ol Kennediniň başlan aram özgertmelerini dowam etdirdi.

Žonson ýurtda garyplygy ýok etmek ugrunda göreşdi. Garyplaryň durmuşyny gowulaşdyrjak çäreleriň toplumyny geçirmegi başardy. Garyp gatlagyň sowat almagyna şert döretdi. Aşa garyplara medisina hyzmatynda ýeňillikler döredildi. Garyplary arzan jaý bilen üpjün etmek başlandy. Bu çäreleriň ählisi “garyplyga garşy göreş” diýlip atlandyryldy. Elbetde, bu çäreler garyplaryň azalmagyna ýardam etdi. Žonson salgytlary peseltmek düýbünden ýok etmek oňa başartmady. Žonson salgytlary peseltmek hakyndaky Kennediniň pikirini-de durmuşa geçirdi.

Žonson 1964-nji ýylda “Beýik jemgyýet” meýilnamasyny yglan etdi. Şol meýilnama we Žonsonyň adamlary ynandyrmaga ykybynyň güýçli bolmagy, ökde dilewarlygy 1966-njy ýyldaky Prezident saýlawlarynda oňa üstünlik getirdi.

60-njy ýyllarda jynsy kemsidilmelere garşy garaýagyz amerikalylaryň göreşi täzeden güýçlendi. Olar güýç ulanmazdan, gan döküşmezden, parahatçylykly ýollar bilen jynsparazlyga garşy göreşdiler. Garaýagyzlar deňhukuklylygy talap edip, köpçülikleýin köçelere çykýardylar. Jemgyýetiň sagdynlygyny saklamagyň hatyrasyna jynsparazlyga gadagan edýän kanunlar kabul edildi. Şol kanunlara laýyklykda garaýagyz raýatlary akýagyzlardan mejbury çetleşdirmek düzgüni (segrasiýa) ýatyryldy.

60-njy ýyllar ABŞ-da bidüzgünçilikleriň güýçlenen döwri boldy. Öldürilen Ž. Kennediniň dogany – prezident saýlawlaryna gatnaşmaga meýil bildiren Robert Kennedi 1968-nji ýylda öldürildi. Şol ýyl garaýagyzlaryň deňhukuklylygy ugrunda göreşiji, beýik ynsanperwer, Nobel baýragynyň eýesi Martin Lýuter King öldürildi. Onuň öldürilmegi garaýagyzlaryň tolgunyşyklarynyň ösmegine getirdi.

Wýetnama garşy urşuň ABŞ-yň içeri syýasatyna täsiri. Žonsonyň prezidentlik döwründe Wýetnama garşy başlanan uruş we harby çykdajylar ABŞ ýaly baý ýurtda-da ilatyň durmuş derejesini gowulaşdyrmaga gönükdirilen çäreler üçin maliýe ýetmezçiligini döretdi. Wýetnam urşy üçin biderek puluň harçlanmagy ýaş amerikanlary öz döwletiniň ýöredýän syýasatynyň dogrulygyna ikirjiňlenmäge mejbur edýärdi. Ýaşlar Wýetnam urşunyň ýatyrylamgyny talap edýärdiler. Has-da talyp ýaşlaryň urşa garşy hereketi guramaçylykly häsiýetlidi. 500 müň esgeriň Wýetnama ugradylmagy ABŞ-yň ähli esgerleriniň ýarpysynyň urşa ugradylmagy diýmekdir. Wýetnama garşy uruş Žonsonyň abraýynyň peselmegine-de uly täsir etdi. 1968-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda demokratik partiýa ýeňildi. Wýetnamdaky urşy ýatyrmaklyga we ýurduň içindäki bidüzgünçilikleri tertibe salmaga söz berip, respublikaçy Riçard Nikson üstünlik gazandy. Jemgyýetiň urşa garşy topary ondan Wýetnam urşuny ýatyrmagy talap etdi. Amerikan jemgyýetiniň mundan buýana bölünmeginiň öňüni almak Nikson uruşdan çykmagyň zerurlygyna düşünip, urşy bes etmek barada gepleşiklere başlady. “Çöldäki harasat”. 1990-njy Alp Arslanyň 2-sinde Pars aýlagy sebitinde täze dartgynlyk emele geldi. Yrak Kuweýti basyp alyp, ony Yragyň bir welaýaty diýip yglan etdi. BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň rugsady bilen 1991-nji ýylyň başynda ABŞ, Ýewropa döwletleriniň käbiri Yraga garşy “çöldäki harasat” adyny alan söweş hereketlerini geçirdiler. Kuweýtiň garaşsyzlygy dikeldildi.

Sowet-amerikan gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga tarap öwrüm. Dünyäde parahatçylygy goramak ilkinji nobatda SSSR bilen ABŞ-yň özara gatnaşyklaryna baglydy. Bu iki döwletiň gatnaşyklary gowulaşsa, halkara gatnaşyklaryna aralaşýardy, erbetleşse dünýä bulaşyp başlaýardy. 60-njy ýyllaryň ahyrynda dünyäniň esasy iki uly döwleti birek-birege garşy durmakdan ýadapdy. ABŞ-y Wýetnam urşy surnukdyran bolsa SSSR-i özüniň Hytaý bilen barha dartgynlaşýan gatnaşyklary biynjalyksyzlanýardy. 1969-njy ýylda ýagdaý has ýitilenip, Amur derýasynyň Daman adasynyň sebitinde uly ýaraglar çaknyşyklar bolup geçdi. SSSR Hytaýyň ABŞ bilen bilelikde özüne garşy çykmagyndan howatyr edýärdi.

60-njy ýyllarda SSSR we ABŞ hiç hili harajat gaýgyrmazdan raketa-ýadro kuwwatlygyny artdyrypdylar. Döredilen ýaraglaryň kuwwatly aklyňy haýran ederlikdi. Olar Ýer ýüzündäki ýaşaýyşy ençeme sapar ýok etmäge ýetjekdi. Rüstemligi görkezmek üçin döredilen bu ýaraglar indi gorkynyň we dartgynlygyň çeşmesine öwrülipdi. Sowet we amerikan ýolbaşçylary herniçigem bolsa ýaraglanyşygyň haýdadylmagynyň düzgünleşdirilen hala getirilmelidigine düşündiler.

Strategik ýaraglaryň çäklendirilmegi. Karib dartgynlylygy beýik döwletleriniň raketa-ýadro kuwwatlaryny deňeçerlikde saklamagynyň zerurdygyny görkezdi. 1969-njy ýylda strategik ýaraglary çäklendirmek barada sowet-amerikan gepleşiklerine başlanyldy. Iki döwletiň baştutanlarynyň duşuşygy dartgynly gatnaşyklaryň birneme ýumşamagyna badalga boldy.

ABŞ-yň prezidenti R. Niksonuň SSSR-e sapary mahalynda (1972 ý. 22-30.05.) bilelikdäki 10-dan gowrak resminama gol çekildi. Olaryň iň möhümi raketa hüjüminden goranyş ulgamyny çäklendimek baradaky şertnamadyr.

L.I. Brežnew bilen ABŞ-yň täze prezidenti J. Forduň 1974-nji ýylyň Sanjar aýynyň 23-24-inde bolan işjeň duşuşygy strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmekde öňe ädilen ýene bir ädim boldy.

Emma 70-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap sowet-amerikan gatnaşyklaryna ýene-de sowuklyk aralaşdy. Emma taraplar ýene-de gepleşikler stolunyň başyna geçmegi müwessa bildiler.

1979-njy ýylyň Sanjar aýynyň 15-18-inde Wenada L.I. Brežnew bilen J. Karteriň arasynda gepleşikler boldy. Strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmek baradaky şertnama (OSW-2) bu duşuşygyň möhüm netijesi boldy. Her ýurduň kontinentara we uzak aralyga atylýan raketalaryň 2400 birlikden köp bolmaly däldigi ylalaşyldy.

Kosmosda ýaraglanyşygyň haýdadylmagy. 1980-nji ýylyň prezident saýlawlarynda respublikan partiýa ýeňiş gazanyp, R. Reýgen ABŞ-yň prezidenti boldy. ABŞ ýene-de ýaraglanyşygy haýdatmaga bat berdi. Ol 1980-nji ýylda Moskwada bolan sport olimpiýada oýunlaryna bilgeşleýin gatnaşmady. Ýaraglaryň barha kämil nusgalary öndürilip başlandy. ABŞ orta uzaklyga atýan “Perşing-2” kysymly we ganatly raketalary öndürmäge girişdi. Sowet Soýuzy orta uzaklyga atýan, eýýäm könelişen SS-4 we SS-5 kysymly raketalaryny täze SS-20-ler bilen çalyşdy. Olaryň Ýewropada ýerleşdirilip başlamagy ABŞ-y uly howsala goýdy. Muňa jogap edip ABŞ-yň “Perşing-2”-leri Ýewropa getirildi.

1983-nji ýylyň Sanjar aýynda SSSR-iň ygtyýarly wekilçiligi ABŞ bilen dowam edýän gepleşiklerini kesdi. Sowet hökümeti harby taýdan howp salmak syýasatyny saýlap aldy.

1983-nji ýylyň R. Reýgen “strategik goranmak inisiatiwasyny” yglan etdi. Ol raketalara garşy ýaraglaryň täze “neslini” işläp düzmäge esaslanýardy. Ol göniden-göni kosmosa çykarylyp ulanylmalydy. Şonuň üçin ol “ýyldyzlar urşy” maksatnamasy adyny alypdy.

Beýle ýaragyň peýda bolmagy strategik hüjüm ediş ýaraglaryny azaltmak baradaky ähli şertnamalar ulgamyny puja çykarjakdy. SSSR-iň ABŞ-a garşy çenelen raketalary nyşana ýetmäge ukypsyzdy. Emma ABŞ-yň Ýewropada ýerleşdirilen raketalary Sowet Soýuzynyň Ýewropa böleginiň külüni göge sowrup biljekdi. SSSR we onuň ýaranlary Los-Anjelesdäki (ABŞ) Olimpiýada-84-i boýkot etdi.

1986-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda SSSR-de strategik raketa göterijilerde 10 müň sany ýadro zarýady, ABŞ-da bolsa 14,8 müň zarýad jemlenipdi. Olaryň her biriniň kuwwaty Hirosima we Nagasäkä taşlanan bombanyňkydan ep-esli güýçlüdi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy : “Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde iň bir güýçli, abraýly döwletleriň biri. ABŞ-yň Prezidenti Bill Klinton Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny goldaýandygyny, türkmen döwletiniň synmagyna hiç mahal ýol bermejekdigini nygtaýar. Bu türkmen üçin uly sylag-hormat dälmidir”.

J. Buşuň prezidentlik ýyllarynda ABŞ-yň içeri we daşary syýasaty. 1981-1988-nji ýyllarda ABŞ-yň prezidenti respublikaçy partiýadan bolan R. Reýgen bolupdy. Onuň 8 ýyl ABŞ-yň wise-prezidenti bolan, agzalan partiýanyň wekili J. Buş häkimiýete geldi. Täze salgytlary girizmegi wada eden Buşuň ykdysady maksatnamasy saýlawçylara ýarady. 54% ses alyp, ol ABŞ-yň 41-nji prezidenti boldy.

Buş prezidentliginiň ilkinji ýylynda salgytlary ýokarlandyrmazlyk baradaky wadasyny berjaý etdi. Ol Reýgeniň salgytlara, harçlanyşyna we bergilere degişli bolan maliýe maksatnamasyny dowam etdirdi. Emma býujet ýetmezçiliginiň göz öňüne tutulandan artyk bolmagy Buşy kyn ýagdaýda goýdy. Buş salgyt syýasatyna täzeden garady. Emma ol býujetiň ýetmezçiliginiň öňüni alyp bilmedi.

Buşyň daşary syýasatdaky esasy üstünligi onuň Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky gapma-garşylygy aradan aýyrmaga işjeň goşandydyr. Buş bilen Gorbaçýow 1989-njy ýylda Maltada duşuşyp, üstünlikli gepleşikleri geçirdiler. Buşuň hökümeti 1990-njy ýylyň Baýdak aýynda Sowet Soýuzy bilen ýaraglanyşygyň üstünden gözegçiligi ýola goýmak barada we Gündogar hem-de Günbatar Germaniýany birleşdirmek hakynda gepleşikler geçirdi.

1990-njy ýylyň Sanjar aýynyň 19-ynda prezident Buş we 21 döwletiň baştutanlary Ýewropadaky adaty ýaraglar we ýaragly güýçler baradaky şertnama gol çekdiler. Bu Helsinki maslahatyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň üç günlük duşuşygynyň barşynda bolup geçdi.

1991-nji ýylyň Gorkut aýynyň 31-inde ABŞ SSSR bilen ýaraglanyşyk baradaky özüniň iň soňky uly şertnamasyny baglaşdy. Ol şertnama strategiki hüjüm ediş ýaraglaryny azaltmak baradaky uzaga çeken gepleşikleriň netijesi boldy. Oňa Buş we Gorbaçýow Moskwada gol çekdiler. Onda iki döwletiň hem ýadro gorhanasyny 30-40% azaltmaklyk göz öňünde tutuldy. Emma bu köp azaltmaklyk Buşyň Russiýa federasiýasynyň prezidenti Boris Ýelsin bilen şertnamasynyň göz öňünde tutany bilen deňeşdirenimizde ujypsyz zat bolup görner. Ol şertnama boýunça bölünýän däribaşly ähli kontinantara ballistik raketalar 2003-nji ýyla çenli ýok edilmelidir. Netijede iki şertnama bar bolan ýadro däribaşlarynyň üçden ikisini, ýagny 21 müňden 6-7 müňe çenlisini azaltmagy göz öňünde tutdy. Sowet-amerikan gatnaşyklaryndaky bu öwrülişik nokady “sowuk urşuň” gutarandygyny alamatlandyrdy.

Buş Yragyň 1990-njy ýylyň Alp Arslan aýynda Kuweýti basyp almagyny aýgytly ýazgardy. Haýal etmän goşunyny gürrüňsiz Kuweýtden çykarmagy ondan talap etdi.

Kongres dartgynlynlygy parahatçylykly ýol bilen çozmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmek haýyşy bilen prezident Buşa we halkara birleşmelerine açyk ýüzlendi. Bu ýüzlenmäniň aňyrsynda ABŞ-yň konstitusiýasynyň düzgüni boýunça uruş yglan etmek hukugynyň kongrese degişlidiginiň ýatlamasy durýar. Başga bir tarapdan aýdylanda, XX asyryň ikinji ýarymynda ABŞ kongresiň resmi ygtyýary bolmazdan ençeme gezek harby hereketlere gatnaşypdy. Wýetnam urşy hem şolaryň biridir. Kongresiň agzalarynyň bir topary Buşa urşa başlamazdan kongresiň goldawyny almalydygyny aýtdylar. 1991-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 12-sinde Yraga berlen talapnamada görkezilen soňky möhlete 3 güň galanda kongres prezidentte soňky 50 ýylda berilmedik ygtyýarlyklary berdi. “Çöldäki harasat” adyny alan söweşde ABŞ we BMG-niň parahatçylygy üpjün ediji güýçleri Yragyň Kuweýtden çykmagyny gazandy.

Demirgazyk Amerika utgaşygy. 1988-nji ýylda ABŞ bilen Kanada erkin söwda baradaky ylalaşyga gol çekdi. Biraz soňra oňa Meksikanyň hem goşulmagy bilen Demirgazyk Amerika utgaşygy (NAFTA) emele geldi. Buşuň we Klintonyň hökümeti NAFTA-nyň arzan harytlaryň bolçulygy we hyzmatlar bilen üpjün etjegini hem-de üç döwletiň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmäge çalyşýardylar. 1993-nji ýylyň ahyrynda kongres NAFTA-ny resmi taýdan tassyklady. Bu gurama Günbatar ýarymşarda erkin söwda ulgamynyň nusgasy hökmünde garalýardy.

1992-nji ýylyň prezident saýlawlary. Bu saýlawlarda respublikan partiýadan Jorž Buş, tehasly işewür adam Ross Pero we demokrat Bill Klinton esasy bäsdeşler hökmünde gatnaşdy. Saýlawlar iki nesliň göreşi boldy. 68 ýaşly Buş megerem, ABŞ-yň ikinji jahan urşuna gatnaşan iň soňky prezidenti bolan bolsa gerek. 46 ýaşly Bill Klinton hiç haçan goşunda gulluk etmedik we Wýetnamdaky urşa garşy göreşen adamdy.

Billi (Uilýam) Klinton. 1946-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 19-ynda Arkanzasda dogulýar. Ol ýaşlygynda birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýar. Üç aýlyk wagtynda kakasy awtomobil heläkçiliginde ýogalansoň ejesi Billi öz okuwyny dowam etdirmek zerurlygy bilen babasy bilen mamasynyň terbiýelemeginde galdyrýar. 4 ýaşyna ýetýänçe ol Uilýam (Bill) Jefferson Blaýt adyny-familiýasyny göterýär. Ejesi ikinji gezek durmuşa çykandan soň oglunyň ady Bill, familiýasy Klinton diýlip üýtgedilýär.

16 ýaşly Klinton Waşingtonda “Milletiň ýaşlary” atly foruma gatnaşýar. Prezident Kennediniň Ak Tamdaky kabul edişliginde onuň elini gysmagy Klintony öz durmuşyny prezident bolmaga we amerikan halkyny bagtly etmek ugrundaky göreşe iterýär. Klinton Jorgtawn Uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölümini tamamlaýar. 1975-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 11-inde Hillari Rodhama öýlenýär. 1978-nji ýylda Arkanzas ştatynda gubernator bolýar. Ol gubernator bolan wagtynda saglygy goramaga, bilimi ösdürmäge, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge üns beripdir.

Klinton öz kompaniýasyny köne, synagdan geçen usuly – saýlaw syýasatyny özgerişliklere çagyryşy ulanmak esasynda gurnady. 16 ýaşynda prezident Kennediniň elini gyzmak miýesser eden Klinton 30 ýyldan soň onuň dilewarlygyny nusga edinip, amerikalylary özgerişikliklere paýhasly çemeleşmeklige çagyrdy. Ol öz halkyna : “Biziň halkymyz elmydama iki sany taglymy : ertir şu günki günden gowy ýaşap boljakdygyna hem-de her bir amerikanlynyň munuň üçin şahsy ahlak jogapkärçiliklerini öz üstüne alýandygyna ynanypdy” diýip ýüzlendi.

Arkanzas ştatyna 12 ýyl gubernatorlyk eden Klinton ykdysady ösüşiň, bilimiň we saglygy goraýyşyň meselelerini çözmekde öz tejribesine salgylanyp bildi. Jemgyýetçilik pikiriniň jogaplarynyň görkezişine görä ol meseleler Buşuň syýasatynyň iň çylşyrymly ýerleri bolupdy. Eger Buş ykdysady maksatnamasyny pes salgytlarda we köp bolmadyk döwlet harajatlarynda gören bolsa, Klinton baýlardan alynýan salgytlar artdyrmagy zerur diýip hasaplapdy. Onuň pikiriçe hökümet bilimi, ulaglary we aragatnaşygy ösdürmegi maliýeleşdirmelidi, ahyr netijede bolsa býujet ýetmezçiligini peseltmelidi. Klinton saglygy goraýyşda federal harajatlary Buşuňka garanda has köp mukdara artdyrmaga çagyrdy.

1992-nji ýylyň Sanjar aýynyň 3-inde saýlawçylaryň 43% sesini alyp, Klinton ABŞ-yň 42-nji prezidenti boldy. Buş 38%, Pero 19% ses aldy.

Klintonyň prezident saýlanmagy bilen 12 ýyl arakesmeden soň demokratik partiýa gaýtadan dowlet dolandyryşyna geldi. Prezident Klinton ozaly bilen medisina ulgamyny özgertmeklige girişdi. ABŞ-da medisina hyzmaty gymmatdy we hemmä elýeterli däldi. Amerikalylaryň 33, milliony (ilatyň 13,6%-ti) medisina ätiýaçlandyrmasyndan mahrumdy. Esasy saglygy goraýyşa we medisina hyzmatyna ABŞ-yň az harajat goýberilýändiginde däl-de, olaryň paýlanyşyndady. ABŞ dünýäniň baý ýurtlarynyň arasynda öndürýän jemi milli önüminiň iň köp bölegini saglygy goraýyşa harçlaýan döwletdir. 1992-nji ýylda ol bu harajatlar üçin 800 mlrd. dollardan gowrak ýa-da jemi milli önüminiň 13%-den gowragyny harçlady. Ol bilime we goranmak üçin çykdajylardan iki esse köpdür. Emma Klintona öz ýurdunyň ähli raýatlaryny medisina taýdan ätiýaçlandyrmak başartmady.

ABŞ-yň daşary syýasaty. Klinton ABŞ-yň prezidenti bolan ilkinji ýyllarynda daşary syýasatynda örän köp kynçylyklar bilen garşylaşdy. Bosniýa meselesi, Russiýadaky özgerişleriň haýal depginde gitmegi ABŞ-ny biynjalyk edýärdi. Klinton Somalidäki, Kubadaky, Demirgazyk Koreýadaky we Yrakdaky ýüze çykan dartgynlyklary amerikan ugry bilen çözmegi öňe sürdi. Ýöne bu daşary syýasat meselelerini çözmegiň diňe käbiri şowly boldy. Gaitidäki saýlawlarda demokratlar üstün çykdy. Demirgazyk Koreýanyň atom bombasyny edinmek islegine ABŞ garşy çykdy. Klinton Ýakyn Gündogar meselesini düzgünleşdimekde hem birnäçe tagallalary etdi. Onuň hut özi we daşary işler ministri Madlen Olbraýt dünýäniň dartgynly ojaklarynyň ençemesine aýlanyp, dawalaşýan taraplaryň öňbaşçylarynyň gepleşikler geçirmegine goldaw berdiler.

ABŞ özüniň daşary syýasatynda Merkezi Aziýada Bitarap Türkmenistana aýratyn üns berýär. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygyny goldaýar we oňa kepil geçýär. Ykdysady gatnaşyklarda ösýän Türkmenistana maýa goýumlaryny goýýar. Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli nebit-gaz taslamalaryny goldaýar. 1998-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň ABŞ-a resmi sapary wagtynda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmek barada resminamalara gol çekdi.

90-njy ýyllarda ABŞ-yň ykdysadyýeti. 90-njy ýylarda ABŞ-yň ykdysadyýetiniň dünýäde täsiriniň azalandygyna garamazdan, ol dünýä senagat önüminiň, oba hojalyk harytlarynyň we hyzmatlarynyň 25%-ni öndürýärdi. Bu görkeziji XX asyryň soňky 15 ýylyň içinde birmeňzeşligine saklanyp galdy. Ýogsam ol dünýäniň ähli gury ýer böleginiň 6%-ne we ilatynyň 5%-ne eýedir. XX asyryň ikinji ýarymynda ABŞ-yň jemi milli önümi üç esse artdy.

ABŞ käbir ugurlarda entegem dünýä öňdeligini saklamagyny dowam etdirýär. Olaryň hataryna biohimiýa we gen inženerligini, aerokosmiki barlaglary we tehnologiýalary, aragatnaşyk serişdelerini, kompýuter we habar beriş hyzmatlaryny goşmak bolar. Daşary ýurtlaryň bäsdeşligine duçar bolýandygyna garamazdan bu pudaklarda ABŞ uly üstünlik gazanýar.

1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Türkmenistan özüni özbaşdak Garaşsyz Döwlet diýip yglan etdi. Türkmenistan öz döwletiniň, öz baýlygynyň eýesi boldy.

1993-nji ýylyň Nowruz aýynyň 21-inden başlap Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň taryhy başlandy.

Hut şol ýylyň Nowruz aýynda Beýik Serdarymyz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 44-nji sessiýasyna gatnaşan döwründe, ABŞ-nyň prezidenti Jorj Buş bilen duşuşyp daşary syýasat babatynda yglan eden “harby doktrinasy gatyşmazlyk syýasatyny goldamak barada” pikir alyşdylar.

Bu bolsa syýasy meselede öňe ädilen ädim boldy. ABŞ hem daşary syýasatynyň parahatçylykly ugra gönükdirilendigine ABŞ hem beýleki ösen iri döwletler ýaly Garaşşyz Bitarap Türkmenistan bilen şu günki günde özara hyzmatdaşlygy ýola goýdy. XXI asyryň başynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň derejesi has ösdi. Onuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2002-nji ýylyň Nowruz aýynyň 4-inde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ABŞ-ň Türkmenistandaky adatdan daşary doly ygtyýarly ilçisini kabul etmegi hem-de şol duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň 10 şanly ýyllygy bilen ABŞ-ň ilçihanasynyň beýleki wekillerini hem gutlady. Duşuşykda türkmen-amerikan döwletara gatnaşyklarynyň özara bähbitli taraplarynyň maksatnama laýyk wezipeleri kesgitlendi.