Boeing 777: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
Setir 9: Setir 9:
== Daşarky çykgytlar ==
== Daşarky çykgytlar ==
* [http://www.boeing.com/boeing/commercial/777family/ Resmi web-sahypasy]
* [http://www.boeing.com/boeing/commercial/777family/ Resmi web-sahypasy]

[[Kategoriýa:Tehnologiýa]]
[[Kategoriýa:Gurallar]]

13:57, 25 dekabr 2014 senesindäki wersiýa

Türkmenhowaýollary Boeing 777-200LR Frankfurt aeroprtda

Boeing 777 (Triple Seven ýa-da T7) — Boeing kompaniýasynyň uçary, bu kysymdaky howa gämisi 300-e çenli we şondan hem köp ýolagçylar üçin niýetlenendir. Onuň uçuş uzaklygy 15500 kilometre golaýdyr. Bu uçarda ýolagçylar üçin kinofilmlere tomaşa etmäge, aýdym-saz diňlemäge mümkinçilik berýän hususy multimediýa ulgamy bar. Uçarda GSM we Wi-Fi aragatnaşygyny peýdalanmak mümkindir. Uçaryň daşynda oturdylan kamera bortuň içinde bolup geçýän anyk ýagdaýy görkezýär[1][2].

777-200LR

Boeing 777-200 LR uçary dünýäde iň uzyn aralyga gonman uçmagy amala aşyrmaga ukyplydyr, ol 21 müň 601 kilometre barabardyr. Boeing 777-200 LR uçarynyň gurluşy kompozit serişdeleri ulanmagy özünde jemleýär, olaryň agramy tutuş gurnawyň umumy agramynyň 9 göterimine barabardyr. Bu serişdeler dolandyryş gurallaryny we kabinanyň düşegi üçin hem peýdalanyldy. Fýuzelýažyň esasy bölegi tegelek kesişmesi bilen tapawutlanýar we onuň yzky bölegi keser kysymly bolup durýan yzky konusa geçýär, şol ýerde kömekçi güýç beriji enjam bar. .

Uçaryň ganaty ýokary howplara garşy durmaga ukyply bolmak mümkinçiliginde ýasalyp, ol 905 km/sag. uly tizlik üçin niýetlenendir. Ganatynyň gurluşy ozalky uçarlar bilen deňeşdirilende örän giň we galyňdyr. Şonuň netijesinde peýdaly agramlylyk hem-de uzaklylyk artdyryldy. Mundan başga-da, uçuşyň belentligi ýokarlandy, şeýle hem uçuş görkezilijileri gowulandyryldy.

Daşarky çykgytlar

  1. Türkmenistanyň “Howa derwezesi” halkara hyzmatdaşlygy üçin giňden açykdyr
  2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi