Gyrgyzystan: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 81: Setir 81:
2005-nji ýylda Gyrgyzystandaky parlament saýlawlaryndan soňra [[Kurmanbek Bakiýew]] Prezidentlige saýlandy. 2010-njy ýylyň aprel aýynda [[Talas]]da başlaýan halk gozgalaňynyň netijesinde öňki Daşary işler ministri [[Roza Otunbaýewa]] Gyrgzystanyň Prezidentligine saýlandy.
2005-nji ýylda Gyrgyzystandaky parlament saýlawlaryndan soňra [[Kurmanbek Bakiýew]] Prezidentlige saýlandy. 2010-njy ýylyň aprel aýynda [[Talas]]da başlaýan halk gozgalaňynyň netijesinde öňki Daşary işler ministri [[Roza Otunbaýewa]] Gyrgzystanyň Prezidentligine saýlandy.


[http://gollanma.com/gyrgyzystan-respublikasy.html Gyrgyzystan]



{{Türk Döwletler}}
{{Türk Döwletler}}

02:35, 13 iýun 2013 senesindäki wersiýa

Кыргыз Республикасы
Gyrgyz Respublikasy
Gyrgyzystanyň baýdagy Gyrgyzystanyň gerbi
Gyrgyzystan baýdagy Gyrgyzystan gerbi
Paýtagt Bişkek
Prezident Almazbek Atambayew
Dil Gyrgyz
Gimn Gyrgyzystan respublikasynyň döwlet gimni
Meýdany 199.900 km²
Ilat
 – ilat/km²
5.264.000
  26/km²
Garaşsyzlyk 25 Avgust 1991
Pul Gyrgyz sum
Wagt UTC +6
Telefon kod 996
Internet TLD .kg

Gyrgyzystan, bir döwlet Aziýa'da.

1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Gyrgyzystan demirgazykda Gazagystan, günbatarda Özbegistan, günortada Täjigistan, günorta-gündogarda Hytaý bilen serhetleşýändir.
Döwletiň tutýan meýdany 198 500 inedördül kilometr bolup, 2008-nji ýyldaky maglumatlara görä ilaty 5 356 869-dir. Ilatyň 64,9 % gyrgyzlar, 13,8%, özbekler, 12,5% ruslardyr.

Gyrgyzystanyň topraklarynyň 65%-ini Týan-şan daglary tutýandyr. Bu döwletde ýerleşýän Yssyk-köl dünýäde ululygy boýunça Titikakadan soňra ikinji dag kölüdir.

Gyrgyzystanyň esasy şäherleri we welaýatlary: Bişkek (öňki ady Frunze), Batken (merkezi Batken), Çu (merkezi Tokmok), Jelal-abad (merkezi Jelal-abad), Naryn (merkezi Naryn), (merkezi Oş), Talas (merkezi Talas), Yssyk-köl (merkezi Karakol).

Paýtagty Bişkek bolup, 1825-nji ýylda Kokant hanlygy tarapyndan Bişkek sebitinde gala hökmünde gurlandyr. Bişkek 1922-nji ýylda Daglyk oblastynyň merkezi, 1924-nji ýylda Gyrgyz Awtonom oblastynyň paýtagty bolupdyr. 1926-njy ýylda şäheriň ady Frunze (Bolşewik serkerdesi M. Frunze Bişkekde doglupdyr) diýlip üýtgedilipdir. 1991-nji ýylda şähere taryhy ady gaýtarylyp berlipdir. 2000-nji ýyldan başlap Oş şäheri döwletiň günorta paýtagtydyr.

Gyrgyzystanyň milli pul birligi somdur.

       Garaşsyz Gyrgyzystanyň içeri we daşary syýasaty

Gyrgyzystan 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny yglan edipdir. Şol ýylyň 12-nji oktýabrynda Askar Akaýew saýlaw esasynda Gyrgyzystanyň Prezidentligine saýlanypdyr. 1991-nji ýylyň dekabrynda Gyrgyzystan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna giren şertnama gol çekipdir.Gyrgyzystanyň garaşsyzlygy ilkinji ykrar eden döwlet Türkiýedir (24-nji dekabr 1991).

Gyrgyzystanda ilçihana açan ilkinji döwlet Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr (1992-nji ýýlyň 1-nji fewraly). 28-nji fewralda Türkiýe Bişkekde ilçihanasyny açypdyr. Gyrgyzystan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna kabul edilipdir. 1992-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna, UNESCO, 1996-njy ýyldan başlap Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasydyr.

UNESCO-nyň goldawy bilen Gyrgyzystanda “Manas” dessanynyň 1000 ýyllygy (1995) we Oş şäheriniň 3000 ýyllygy (2000) ýyllygy bellenilipdir. Gyrgyzystanyň teklibi bilen 2002-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Daglar ýyly” diýlip kabul edilipdir.

SSSR-iň ýykylmagyndan soňra Gyrgyzystan Konstitusiýasyny taýyarlamak üçiň ýörite topar düzülip işlenilipdir we 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda Gyrgyzystanyň ilkinji Konstitusiýasy yglan edilipdir.

1992-nji ýylyň 3-nji martynda Gyrgyzystanyň milli baýdagy tassyklanylypdyr. Döwletiň gimni şol ýylyň 18-nji dekabrynda, gerbi bolsa 1994-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda kabul edilipdir. 1992-nji ýylda öz milli goşunyny guran Gyrgyzystanyň yaragly güýçleriniň serkerdebaşysy Prezidentdir. Gyrgyzystanyň resmi dili gyrgyzjadyr. 2001-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykarylan kanun bilen rus dili döwletiň ikinji resmi dili bolupdyr. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ulanylýan elipbiý 1940-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän Kirill elipbiýidir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Gyrgyzystanyň metbugatynda dürli atdaky gazet-žurnallar çap edilýärler. Asaba (Baýdak), Gyrgyz ruhy, Res Publika, Delo No, Aalam ýaly hususy gazetler, Kut Bilim (Kutadgu Bilig) ýaly ýarym resmi gazetler, Gyrgyz Tuusu (Gyrgyz baýdagy), Slowo Kyrgyzystana, Erkin Too (Erkin daglar) ýaly resmi gazetler metbugatyň esasy organlarydyr. Şeýle hem Türkiýäniň Zaman gazeti hem çykýandyr.

2005-nji ýylda Gyrgyzystandaky parlament saýlawlaryndan soňra Kurmanbek Bakiýew Prezidentlige saýlandy. 2010-njy ýylyň aprel aýynda Talasda başlaýan halk gozgalaňynyň netijesinde öňki Daşary işler ministri Roza Otunbaýewa Gyrgzystanyň Prezidentligine saýlandy.

Gyrgyzystan


 
Türk döwletler we Awtonom türk döwletler
Türk döwletler: Azerbaýjanyň baýdagy AzerbaýjanGazagystanyň baýdagy GazagystanGyrgyzystanyň baýdagy GyrgyzystanKipr Türk baýdagy Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy
Özbegistanyň baýdagy ÖzbegistanTürk baýdagy TürkiýeTürkmenistanyň baýdagy Türkmenistan

Awtonom Türk Döwletler: Altaý Respublikasy | Baýan Ölgiý | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | Dolgan-Nenes | Gagauzystan | Hakasiýa | Garagalpagystan | Kabarda-Balkariýa | Garaçaý-Çerkes | Krym Awtonom Respublikasy | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa Respublikasy | Ýakudystan