Ulanyjy:Myrat29

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Watanymyzyñ Daşoguz welaýatynyñ çäginde ýerleşýän bu toprakda XVIII asyryñ görnükli şahyry Şabende dünýä inip, edebiýat meýdanymyzyñ altyn hasylyny getirijileriñ biri bolup, türkmen halkynyñ arasynda şan-şöhrat gazandy. Şahyryñ ömür ýoly 1720-nji ýyldan 1800-nji ýyla çenli dowam etdi. Ýöne onuñ döreden çuññur pikirli şygarlarydyr dessanlary, şeýle hem beýleki eserleri bu ýoly halkymyzyñ ruhy dünýäsine tarap dowam etdirdi. Şahyr sazyñ piri Aşyk Aýdyñ mazarynyñ ýanynda jaýlanypdyr diýen gürrüñ bar. Munuñ özi tötänleýin däldir. Çünki Şabende güýçli sazanda, ökde aýdymçy hem bolupdyr. Onuñ Aşyk Aýdyña ýykylandygy, gol berendigi bu beýik ynsanyñ ruhundan, sungat täliminden mekdep alandygy güwäsizdir. Seýisçilikdir atşynazlyk hem Şabendäniñ ezber hünärleriniñ biri bolupdyr. Onuñ at seýisläp gezendigine, ýurtlar sökendigine "Syýahatnama" eseri-de şaýatlyk edýär. Şabendäniñ döredijilik joşguny, döredijilik gözlegleri ony Magtymguly, Kemine, Talyby ýaly edebiýat beýikleri bilen duşuşmak myradyna ýetiripdir. Şabende şahyryñ edebi lakamy bolup, onuñ ady Abdylla ýa-da Abdylnazardyr. Onuñ kakasy Mämi, ejesi hem Döwletbike Şabedä öz wagtynda asylly terbiýe bermäni oñarypdyrlar. Kakasy Mämi hem sowatly adam eken. Ol Hywa medresesinde okap, obalarynyñ mollaçylygyna- ýaş nesline bilim bermek işine ýarapdyr. Şabende-de bilimiñ ilkinji açarlaryny kakasyndan alypdyr, soñra bolsa Hywa medresesinde (belkide Şirgazy medresesindedir) ylym ummanyna giripdir. Şabende oba gelip, kakasy ýaly oglan okatmak, daýhançylyk, seýisçilik, aýdym-saz sungaty ýaly hünärler bilen meşgullanypdyr. Ol öz obasyndan Meñli atly gyz bilen söýşüp, durmuş gurupdyr. Şabendäniñ döredijiliginiñ käbir bölegi öz gözbaşyny halk mirasyndan süzülip alyp gaýdýar. Bu babatda "Gül-Bilbil" dessanyny görkezmek bolar. Şahyryñ şygyrlary bilen birlikde "Şabährem", "Hojamberdi han" dessanlary-da halk arasynda tanymaldyr.

http://turkmen.wap.ug saýtyndan göçürilip alyndy