Zigfrid Lenz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Bundesarchiv B 145 Bild-F030757-0019, Siegfried Lenz.jpg

Zigfrid Lens


Meşhur nemes ýazyjysy Zigfrid Lens 1926-njy ýylyň 17-nji martynda, Germaniýanyň Elk şäherçesinde dünýä indi. 1943-nji ýylda okuwyny tamamlanyndan soň harby gulluga çagyrylýar. Uruşdan soň ol Gamburg uniwersitetiniň pelsepe, iňlis dili we edebiýat fakultetini tamamlaýar. «Asmandaky çaýkeller»(1951) atly ilkinji romanyndan gazanan galamhakyna ýazyjy Keniýa syýahat edýär.

Günter Grass, Genrih Böll, Günter Aýh ýaly belli ýazyjylar bilen birlikde, Zigfrid Lenz hem Germaniýanyň ýazyjylar bileleşigine goşulypdyr. 1968-nji ýylda çap etdiren «Nemes sapaklary» romany Lense bütindünýä meşhurlygyny getirýär. Bu eser tiz wagtyň içinde, takmynan, 30 dile terjime edilip, nemes diliniň iň meşhur eserleriniň hataryna goşulýar. «Ülkäni öwreniş muzeýi»(1978) we «Arneniň mirasy»(1999) romanlary hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. Ýazyjy Gýöte baýragyna, Frankfurt çaphanaçylarynyň baýragyna, Halkara Nonino baýragyna mynasyp bolýar.

2008-nji ýylda çap edilen «Bir minutlyk dymyşlyk» romany ýazyjynyň şu wagta çenli çykaran iň soňky eseridir. Romanlarynyň köpüsinde jemgyýetçilik durmuşyny suratlandyrýan ýazyjynyň bu eseri söýgä hem çagalyga bagyşlanandygy sebäpli, Zigfrid Lensiň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär.

Ýazyjy biziň döwrümizde hem okyjylary häli-şindi täze kitaplary bilen begendirýär.