Wektor ululyklar
Wektor ululyklar üstünde gorizntal strelka goýulýan harplar bilen belgilenýärler. Mysal üçin, orun üýtgetme wektory S bilen belgilenýär. Fiziki ululyklaryň uly topary wektor ululyklardyr. Durmuşda olary goşmak, aýyrmak zerurlygy ýüze çykýar.
Wektorlary goşmak
[düzet | çeşmäni düzet]Goý, a we b wektorlary goşmak talap edilsin. Ol wektorlaryň uzynylyklaryny we ugurlaryny üýtgetmän saklap, başlangyçlary gabat geler ýaly edip ýerleşdireliň (a-surat). a we b wektorlary parelellogramyň iki tarapy hasaplap, parallelogram guralyň we diognal geçireliň. Bu diognal netijeleýji c wektordyr. Iki wektoryň jeminiň şeýle usul bilen tapylşyna parallelogram düzgüni boýunça goşmak diýilýär.
Indi a we b wektorlaryň tapawudyny tapalyň. a we b wektorlaryny öz-özlerine parallel edip olaryň başlangyçlaryny bir nokada geçireliň (b-surat) Soňra olaryňçlaryň kemeldijiden kemeldijä tarap (b wektoryň ujundan a wektoryň ujuna) ugrukdyrylan wektor bilen birleşdireliň. Şol wektor hem c wektordyr. b we c wektorlarynyň jeminiň hakykatdan-da a wektora deňdigi suratdan görünýxndir.
Eger-de ol a we b wektorlar bir göni çyzygyň ugry boýunça bir tarapa ugrukdyrylan bolsa, onda netijeleýji c wektoryň moduly goşulýan wektorlaryň modullarynyň jemine deňdir. (ç-surat). c wektor goşulýan wektorlar bilen ugurdaşdyr.
Eger-de a web wektorlar bir göni çyzygyň ugry boýunça garşylykly tarapa ugrukdyrylan bolsa, netijeleýji c wektoryň moduly goşulýan wektorlarynyň tapawudyna deňdir. (d-surat). C wektor moduly uly bolan wektoryň ugry boýunça ugrukdyrylandyrlyýar.