WYŽŽYLDAWUK ANTIÝA TOMZAGY

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

жужелица Антия (Anthia mannerheimi) Gatyganatlylar otrýady Wyžžyldawuk tomzaklar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Merkezi Aziýanyň endemigi. Gysgaça beýany. Uzynlygy 30–35 mm. Ganat üstleri iki jübüt ak menekli, arka öňi bir jübüt menekli, gara reňkli tomzak. Ýaýraýşy. Günorta-Gündogar we Demirgazyk Garagum (Gaňňagyr, Maňgyr). Türkmenistandan daşarda — Günorta Özbegistan, Gündogar Eýran. Ýaşaýan ýerleri. Ýarym berkeşen çägeler, ýowşan-köwreýik — efemer ösümlik assosiýasiýalary bolan jyglymdaş — toýunsow düzlükler. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Orta hasapdan 1 ga meýdanda 3–4 tomzak duş gelýär, soňky ýyllarda sanynyň ýokarlanýandygy hasaba alyndy. Esasy çaklendiriji sebäpler. Ýaýrawynyň özleşdirilmegi. Çendenaşa mal bakylmagy. Höwesjeň ýygnaýjylar tarapyndan tutulyp alynmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ýyrtyjy, maýdajyk oňurgasyz jandarlary iýýär. Aprel- maýda işjen hereketde bolýar. Apreliň ahyrynda–maýyň başynda jübütleşýär. Ir säher we agşamyna duş gelýär. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Repetek we Gaplaňgyr döwlet goraghanalarynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Höwesjeň ýygnaýjylar tarapyndan tutulyp alynmagyny gadagan etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Ýaýrawyny we biologiýasyny öwrenmeli. Liçinkalaryny ýüze çykarmaly we olaryň ylmy beýanyny bermeli. Düzüjiler: M. G. Nepesowa, O. S. Söýünow