Ulanyjy:Muhayya Masharipova

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Durmuşyň güli. Tomus paslynyň ilkinji güni gelýän 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda bellenilip geçirilýän ajaýyp seneleriň biri.

Hormatly Prezidentimiz: «Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr» diýip belleýär. Milli Liderimiziň raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen gyzyklanyp, etrapdyr welaýatlara sapary mahalynda çagalarymyzyň okaýan mekdeplerinde, çagalar baglarynda bolup, çagalar bilen duşuşyp, olaryň her biriniň pikiri bilen gyzyklanyp görmegi ýurdumyzda ýaş nesil hakdaky aladanyň giň gerime eýediginden habar berýär.

Bagtyýar çagalaryň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Şol merkezleriň hatarynda jana tenekar hoştap howaly Gökdere jülgesindäki hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerini mysal getirmek bolar. Bu ýerde çagalaryň gowy dynç almaklary üçin ähli amatlyklary bolan suw howdanlaryň, okalga otaglaryň, dynç alyş otaglaryň, tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan otaglaryň bolmagy çagalaryň şadyýan, many-mazmunly dynç almaklary üçin niýetlenendir. Şeýle hem ol merkezlerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen meýdançalar, üsti açyk aýdym-saz merkezi, suwa düşülýän howuzlar, lukmançylyk merkezleri we naharhanalar çagalary kabul etmäge taýýar edilendir.

Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezine 3 tapgyrda 69 çaga, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar sagaldyş merkezine 6 tapgyrda 216 çagany ýeňillikli ýollanmalar bilen ibermek meýilleşdirýär.

Türkmenistan, hakykatdan-da, bagtly çagalaryň, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy. Berk bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesliň aladasyny döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun