Unitar döwlet
Appearance
Döwlet gutluşynyň bir görnüşi bolmak bilen, syýasy häkimiýetiň merkezleşdirilmeginiň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Onuň territoriýasynyň düzüminde awtonom territorial birlikler (respublikalar, ştatlar we ş.m.) bolmaýar. Döwlet dolandyryş territorial birliklere ( oblastlara, raýonlara, welaýatlara, etraplara we ş.m.) bölünýär. Unitar döwletde bitin döwlet üçin ýeke-täk konstitusiýa, umumy kanunlar, kazyýet, bitewi raýatlyk hereket edýär.
Türkmenistan, Bolgariýa, Wengriýa, Ýaponiýa, Çehiýa, Polşa we ş.m. döwletleri unitar döwletlere mysal edip bolar.
Edebiýatlar
[düzet | çeşmäni düzet]P. Aýdogdyýew, B. Begseýidow, G. Geldiýewa, I. Halmyradow, G. Hanow. “Syýasaty öwreniş”. Aşgabat, 2010.
Bu geografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |