Tupac Shakur

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Bu makala başga dildäki wikiden terjime edilýär. Heniz gutarylmady.[üýtget]

Tupac Amaru Shakur (D: 1971-nji ýylyň 16-njy iýuny, – Ö: 1996-njy ýylyň 13-nji sentýabry), Amerikaly rap music aýdymçysy, şahyr, senarist, aktýor ve prodýuser. Doglandaky ady Lesane Parish Crooks bolan Shakuryň adyny, ejesi soň "Tupac Amaru Shakur" edip üýtgetdi. "Tupac Amaru" Hindiçe "parlaýan ýylan", "Shakur" bolsa Arapça "şükür" diýmekdi. Shakur, öweý kakasynyň familiýasydy. Ony hakyky kakasy diýip kabul edipdi. Hakyky kakasyny bolsa hiç tanamandy. Çagalygynda oňa hemme kişi "gara şazada" diýýärdi. Tupac heniz iki ýaşyndaka öweý kakasynyň ganly maşyn ogurlygyna gatnaşmagy maşgalany kyn ýagdaýda goýupdy. Nirä göçseler Tupac bagtly bolup bilmeýärdi. Bir reportažda şeýle diýipdi, "Mydama aglaýandygym ýadyma düşýär. Nirä göçsek öwrenişip bilemokdym. Hiç hili dostumam ýokdy." On iki ýaşyndaka Tupac, obraza girmegi , goşgy ýazmagy we söýgi aýdymlaryny ýazmagy halaýandygyny duýup başlady. Şol wagtlaar maşgalasy Baltimore-a göçdi we şol ýerde Baltimore Sungat Mekdebine gatnap teatr dersini öwrenip başlady. Bu mekdepde Tupac, öz yhlasyny we zehinini görkezdi. Mugallymlarynyňam oňa göwni ýetýärdi, emma bu ýagdaý uzaga çekmedi. Oakland, Kaliforniýa göçdüler we özüniň aýdyşy ýaly "ýalňyş toplum" bilen şol ýerde tanyşdy. On bäş ýaşyndaka rap ýasamaga we aýdymyň sözlerini ýazmaga başlady. Şol döwürler özüne MC New York diýýärdi. Ýigrimi ýaşlaryndaka Tupac, 8 gezek türmä basyldy we bularyň içinde bikanun jynsy gatnaşyk hem bardy. Biri bolsa ölüm bilen netijelendi. Tupacyň topary bilen garşydaş topar atyşanda 6 ýaşyndaky gyzjagaz ölüpdi. (Şol wagtlar çeken wyždan azabyny "Hellrazor" atly aýdymynda şol gyzjagaz barada gürrüň berip ýatlaýar.) Soňra Tupac, Digital Underground atly grupba goşuldy. Ilkinji resmi aýdymy bolan "Same Song"y bu grupba bilen ýazdy. Grupbaň üstülik gazanmagy bilen Tupac, özüni meşhur eden "2Pacalypse Now" atly albomyny çykardy. "Brenda's Got A Baby" aýdymy bilen kariýerasy roketa ýaly atyldy. Täsirli rol ukyby saýasynda "Juice" atly filmde rol almagy başardy. Tupac soňra ikinji albomy bolan "Strictly For My N.I.G.G.A.Z."y çykardy. 1994-nji ýylyň Noýabrynda talaňda 5 ok degdi. Shakur bu wakada "Notorious B.I.G."i we "Puff Diddy"ni günäkär hasaplady. Aslynda ýalňyşanokdy. Soňra Tupac, gowulaşdy we 1995-nji ýylda "Me Against the World" albomyny çykardy. Tupacyň film kariýerasy bolsa Janet Jackson bilen oýnan "Poetic Justice" filminde çür depä çykdy. Tupacyň oýnan beýleki filmi bolan "Above The Rim" we soň "Platin Plak" baýragyny alan albomy "Me Against The World" bilen ösüşi bikanun jynsy gatnaşyk günäsi bilen gutardy. Tupac günäkärlenmeginden birnäçe sagat öň, niýeti henizem belli bolmadyk adamlar tarapyndan ýaragly talandy. Tupac 8 aý türmede ýatandan soň şol döwüriň meşhur prodýuseri "Suge Knight" tarapyndan tölenen 1.4 million dollar jezasy saýasynda azatlyga çykdy. Suge Knight bu hereketi bilen Tupacy öz şereketi "Death Row Recordz"a goşdy. Tupac, Death Row bilen 3 albomlyk ylalaşyga gol çekdi. Boşandan soň tankytlara iki CD-lik "All Eyez On Me" albomy bilen jogap berdi we bu albom diňe 2 hepdede 5 million satmagy başaryp Tupac Shakury çür depäňem üstüne çykardy. Bu san Hip-Hop musicde rewolýusiýady. Soň bolsa "Gridlock'd, Bullet" we "Gang Related" filmlerinde rol aldy. Las Vegasda 1996-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda kimdigi näbelli adamlar tarapyndan atyldy we göni 7 gün soň sagat 04:03-de öldi. Jynazasy halka açylmady. Ejesi jesedini ýakdyryp külüni Los Angeles Köprüsinden aşak dökdi. Soň Tupac barada köp myş-myş ýaýrady. Fanlarynyň köpüsi onuň ölmedigine ynanýar. Tupac barda 7 Gün Teoriýasy (7 Day Theory) orta atyldy. Elbetde bu rowaýaty çüýretjek işlerem alnyp baryldy. "Öldi" diýlenden soňam albomlary çykmagyny dowam etdirdi. Tupac Shakur, 75 milliondan gowrak albom satmagy başaran ýeke täk rap music aýdymçysydyr. Ýaşka ölenem bolsa bu üstünlige ýetip "Iň Köp Satan Aýdymçylar"yň arasyna girmegi başardy.

Tupac Amaru Shakur

Doglandaky ady: Lesane Parish Crooks

Doglan güni we ýeri: 1971-njy ýylyň 16-njy iýuny – Brooklyn, New York
Ölen güni we ýeri: 1996-njy ýylyň 13-nji sentýabry – Las Vegas, Nevada
Boýy: 1.75 m.
Agramy: 74 kg.
Aýrylyşan aýaly: Keisha Morris
Ölmänkä adaglysy: Kidada Jones
Käri: Rapçi / Aktýor / Şahyr / Prodýuser / Senarist
Gowy görýän nahary: Ajy ketchuply jüýje eti
Halaýan içgisi: Orange Pop
Gowy görýän reňkleri: Gara we altyn sary
Ýyldyzy: Ekizek
Ejesiniň ady: Afeni Shakur (Alice Fay Williams)
Kakasynyň ady: William Garland
Öweý kakasy: Mutulu Shakur (Jerald W. Williams)
Öweý uýasy: Sekyiwa Shakur
Öweý agasy (inisem bolup biler): Mopreme Shakur (Maurice Harding)
Baptism kakasy: Emler “Geronimo” Pratt
Esaslandyran grupbalary: Born Busy, One Nation Emcees, Two From The Crew, Strictly Dope, Digital Underground, Thug Life, Outlawz/Outlaw Immortalz
Lakamlary: MC New York, 2Pac, Makaveli Tha Don

Maşgalasy

Afeni Shakur (Ejesi): Tupacyň ejesi heniz Tupaca hamylaka Gara Panterler günäsi sebäpli türmededi. Tupacyň, heniz ejesiniň garnyndaky başlan türme durmuşy, onuň bütin ömri boýunça dowam edýär. Afeniniň türmä düşmeginiň sebäbi bolsa käbir banklara we uly magazinlere bomba goýmagydyr.
William Garland (Kakasy): Tupac ulalýança kakasyny öldi diýip bilýärdi. Emma 1995-nji ýylda New Yorktaky ýaragly talaňdan soň hassahana gelenleriň biri özüniň Tupacyň kakasydygyny aýdanda Tupacyň durmuşynda täze döwür başlady. William Garlandam Tupacyň tanyşlarynyň köpüsi ýaly Gara Panterleriň agzasydy. Tupac ömrüniň iň soňky ýylynda kakasy bilen görüşenem bolsa hakyky kakasyny Mutulu Shakur diýip kabul etdi.
Mutulu Shakur (Öweý kakasy): Afeni Shakuryň ikinci äri. Tupacyň hakyky kakasy diýip kabul eden adamy. 1981-nji ýylda gatnaşandygy aýdylýan üç ölümli ýaragly talaň etmişinden türmä düşdi we henizem türmede. Tupacyň ölüminden soň dostlary bilen görüşip "Dare To Struggle" atly ýatlama albomynyň çykarylmagynda uly tagalla etdi . Albom ABŞ-daky syýasy tussaglara sowgat edilipdi.
Lumumba Shakur (Dädesi): Mutulu Shakuryň dogany. Gara Panterleriň aktiw agzasydy. Mutulu türmä girmänkä Louisianada atylyp öldürildi.
Zayd Shakur (Dädesi): Mutulu Shakuryň dogany. Olam maşgalanyň beýleki agzalary ýaly Gara Panterdi. New Jerseyde ýaragly tutluşykda öldi.
Geronimo Pratt (Baptism kakasy): Tupacyň baptism kakasy. Gara Panterler sebäpli birnäçe ýyl türmede ýatdy.
Assata Shakur (Gelnejesi): 1973-nji ýylda Assata ve Zayd Shakur New Jerseyde polisiýa tarapyndan saklandylar. Ýaragly tutluşykda Zayd we polisiýa öldi, Assata bolsa türmä basyldy. Özüniň türmede öldüriljegini eşidende bolsa 1979-njy ýylda Gara Panterler tarapyndan türmeden alnyp gaçyldy we Kuba äkidildi. Şu wagt Kubada Fidel Castro tarapyndan goralýan öýde ýaşaýar. Tupacyň aslynda ölmedigi we gelnejesi Assata Shakur bilen bile Kubada ýaşaýandygy barada myş-myşlar bar.
Set Shakur (Uýasy): Tupacyň uýasy. "Coast Trippin" filminiň sazlary bolan "Snake Eyez" albomynda aýdym aýtdy.
Mopreme Shakur (Agasy): Mopreme Tupacyň kaka bir agasy Maurice Hardingiň lakamy. Tupac bilen birlikde "Thug Life" grupbasynda bile işleşdi.
Keisha Morris (Aýrylyşan aýaly): Tupac türmedekä oňa öýlendi. Tupac bilen ilkinji gezek 1994-nji ýylyň iýunynda tanyşdylar. Duşuşyp başlanlaryndan üç aý soň Tupac oňa öýlenme teklip etti we öýlendi. Tupac türmedekä Arizona göçmek we Star atly gyzynyň ýa-da Michelangelo atly oglunyň bomagyny isleýärdi. Tupac çykandan soň aýrylyşdylar.
Kidada Jones' (Adaglysy): Tupac ölende adaglysydy we ýakynda durmuş gurmak isleýärdiler. Kidada meşhur sazanda we prodýuser Quincy Jonesyň gyzy. Quincy Jonesam Tupac ölenden soň "Tupac Amaru Shakur 1971-1996" atly ýatlama kitabynyň ýazylmagynda tagalla etdi.

Grupbalary

  • Markirlenen sanaw elementi

Born Busy: 8-nji klaska MC New York lakamy bilen Ace Rocker we DJ Plain Terror bilen Born Busy-ä girdi. Aýdymlaryny Tupacyň söýgülisi Jada Pinkett (şu wagt meşhur oýunçy) üçin ýazýadylar.

  • Markirlenen sanaw elementi

Underground RailRoad: Eger 2pacalypse Now albomyny diňlän bolsaňyz bütin aýdymlarynyň prodýuseriniň Underground RailRoaddygyny görüp bilersiňiz. Grupba Grup Raw Fusion, The Live S Squad, Big D The Impossible, Pee Wee, Jeremy we Digital Undergroundyň agzalaryndan ybaratdy.
The Live S Squad: Pacyň dosty we 2pacalypse Now bilen Strictly For My N.I.G.G.A.Z. albomlarynyň prodýuseri Randy 'Stretch' Walker’iň grupbasydy. Näbepli sebäpler bilen Underground Railroad derrew dagady.

  • Markirlenen sanaw elementi

Digital Underground: Tupac 18 ýaşyndaka, Shock G we ChopMaster J-iň guran Digital Undergorund grupbasyna girdi. Ilkinji aýdymlary, olary Gollandiýada #1 eden Underwater Rimesdy. 1989-njy ýylda Tommy Boy Recordza girdiler. Grupbaň 7 agzasy bardy we bulardan birem Tupacdy. Ilkinji ýazdyran aýdymy This is an EP release-de ýaýran Same Song-dy. Tupac, MC New York ady bilen Digital Underground bilen dünya turuna çykdy. 2Pacalypse Now albomy bilen solo kariýerasyna başlady. 1996-da ölýänçä Digital Undergorund bilen gatnaşyk saklady.

  • Markirlenen sanaw elementi

2 from the Crew: 1986-njy ýylda Tupac, Marin City-de 'palta girmedik tokaýda' ýaşaýan ýaşlar tarapyndan gurulan 2 From the Crew grupbasyna girdi. Bu ýer Pacyň Thug Life bilen tanyşan ilkinji ýeridi. Özlerinä köçäň tentekleri diýýärdiler we aýdymlarynyň temasynyň

  • Markirlenen sanaw elementi

Thug Life bolmagynyň sebäbem şudy. Ýagny birnäçe adamyň aýdyşy ýaly Pacyň Thug Lifey diňe mediada däl, hakykatda hem ýaşandygyna düşünip bilersiňiz. Grupba, "Lifestyle of the Poor and Homeless" we "Lets Get It On" ýaly aýdymlary ýazdyrdy. Grupba, Pacyň hemişe görkezmek isleýän ‘ghettoda ýaşaýan ýaş negr’ temasyny işleýärdi.

  • Markirlenen sanaw elementi

Strictly Dope: Tupac, San Fransiscoda Leila Steinberg bilen tanyşdy. Dost boldular we Leila onuň manageri boldy. Leilanyň aýdym sektorynde betinden tanyşlary bardy. Pacy Ray Luv bilen tanyşdyrdy we soňra Tupac bilen Ray Strictly Dope atly grupba gurdular. Birnäçe aýdym ýazdylar, bu aýdymlar Pac ölenden soň "1 in 21" albomynda çykdy. Pacy Digital Underground grupbasynyň manageri Atron Gregory bilen tanyşdyranan Leilady.

  • Markirlenen sanaw elementi

Thug Life: 2 From The Crew grupbasy özlerini ‘thug’ diýip atlandyryp ‘thug life’ barada gürrüň berýärdiler. Birnäçe ýyl soňra Tupac we Randy Walker iki adamlyk Thug Life-y gurdular. Emma Randy birnäçe wagtdan näbelli sebäpden grupbadan çykdy. 1992-nji ýylda Tupac, Tyruss "Little Psycho" Himes bilen tanyşdy. Bile Thug Life atly aýdym ýazdylar we gysga wagtyň içinde Little Psycho Syke ady bilen grupba girdi. Soň Macadoshis we The Rated R-em grupba girdi. Interscope Recordza girdiler we Thug Life Vol. 1 atly LP çykardylar. Aslynda Interscope ilki LP-ni gaty gödek we has underground bolany üçin ýaýratmak islemedi emma soň pikirlerini üýtgetdiler. Yzyndan grupba Tupacyň öweý dogany Mopreme Shakuram goşuldy. 1994-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Thug Life Vol. 1 ýaýradyldy. Aslynda gaty köp satyldy emma şonda-da grupbaň tamasyny ödemedi. Birnäçe adam Interscope-y LP-däki aýdymlary üýtgedip käbirlerini bolsa düýbüden aýyrmak bilen günäkärlerdi. Ilkinji wideo Tupacyň solo aýdymy "Pour Out A Little Liquor" üçin düşürildi. Ikinji, üçünji we dördünji wideolar bolsa "Cradle To The Grave", "How Long Will They Mourn Me?" we "It Don't Stop" boldy. 30-njy noýabrda Tupac New Yorkda studioda 4 gezek atyldy we talandy. Ertesi gün bolsa bikanun jynsy gatnaşyk bilen günäkärlendi. 1995-nji ýylyň 14-nji fewralynda türmä girdi. 12-nji oktýabrda Death Row Recordz, Interscope Recordz we Time Warner $ 1,4 million töläp Tupacy türmeden çykardy. Şeýlelikde Tupac Death Row bilen 3 albomlyk ylalaşyga gol çekdi. Grupba bolsa dargady. Syke we Mopreme, Tupacyň täze grupbasy Outlawza girdi. Soň Syke Makaveli Recordza girdi. Tupac bilen Thug Life Vol. 2 atly albomy ýazmagy maksat edinýärdiler. Emma Tupac biwagt ölensoň başa barmady.

  • Markirlenen sanaw elementi

Outlawz:

Hussein Fatal (Saddam Hussien): Tupacyň çykany. Hakyky ady Bruce Washington. Ýeke özi "In The Line Of Fire" atly albom çykardy.
Kadafi (Muammar Qaddafi): Tupacyň ýakyn dosty. Hakyky ady Yafeu Fula. 1996-njy ýylyň 10-njy noýabrynda 19 ýaşyndaka atylyp öldürildi.
Binadaky diwarlaň birine ýaplanyp ýatyrka tapyldy, wakadan soň 2 oglan tutuldy. Tupac atylan güni maşynyň yzynda otyrdylar; atany görendigini aýdypdy we sudda şaýatlyk etjekdi. Birnäçe adam onuň şu sebäpli öldürülendigine ynansa-da polisiýa, neşe meselesidigini öňe sürdi.
Kastro (Fidel Castro): Hakyky ady Katari Cox. Tupacyň çykany. Ilkinji gezek "All Eyez On Me" albomynda "When We Ride" aýdymy bilen çykdy. Sesi we flow ukyby bilen öňe saýlanýardy.
Komani (Ayatollah Ruholla Khomeini): Başgaça Mopreme. Tupacyň öweý dogany. Hakyky ady bolsa Maurice Harding. Thug Life grupbasynyňam agzasydy. Suge Knightyň ony Outlawzda islemeýändigini öňe sürýärdi. Hem soň grupbany taşlady. "Evulation Of A Thug Life Nigga" atly solo albom çykardy.
Napoleon (Napoleon Bonaparte): Kastronyň ýakyn dosty.
E.D.I. Mean (Idi Amin): Dost we garyndaş bolman Outlawza giren ilkinji adam. Ondan öň Dramacydal atly grupbaň agzasydy. "Me Against The World" , "All Eyez On Me", "The Don Killuminati" ýaly albomlarda feat.leri bar.
Syke - Mussolini (Benito Mussolini): Thug Life grupbasynda-da bardy. "All Eyez On Me" albomyndaky feat.i bilen çykypdy. Soň Rap-A-Lot Recordzdan "Be Yo Self" atly solo albom çykardy.
Storm: Storm, Outlawzyň ilkinji we ýeke täk gyz agzasydy. Nähili ukyplydygyny "Me and My Girlfriend" we "Black Jesuz" aýdymlardaky feat.leri bilen görkezdi.