Ýerleriň zaýalanmagy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Topragyň ýaramazlaşmagy sahypasyndan gönükdirildi)
Ekine ýaramly ýerleriň azalmagy

Ýerleriň zaýalanmagy – diýip adamlaryň gündelik durmuşy esasynda daşky gurşawyň biofiziki gymmatlyklaryna edýan täsirine aýdylýar. Topragyň düzüm taýdan üýtgemegi we özgermegi howply we islenilmeýän netijelere getirip biler diýip hasap edilýär[1]. Tebigy hadysalar adyndan belli bolşy ýaly öz-özünden bolup geçýär, emma adamlaryň işjeňligi daşky gurşawa, şol sanda suw joşgunynyň ýa-da tokaý ýangynynyň emele gelmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Bu tema 21-nji asyryň iň möhüm meseleleriniň biri diyip hasap edilýär[2], sebäbi topragyň yazamazlaşmagy agronomiýanyň netijeliligine, daşky gurşawa we onuň azyk howpsyzlygyna özüniň oňyn täsirini yetirýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ýylda 24 million tonna hasyl berip bilýän toprak ulanyşdan çykýar. Başga söz bilen aýdanyňda, häzirki wagtda dünýäniň 40 göterimine golaý oba-hojalyk yerleri howp astynda[3].

Ýerleriň zaýalanmagynyň derejesi[düzet | çeşmäni düzet]

Esasy ýerleriň zaýalanmagynyň we onuň daşky gurşawa etýän täsiriniň aşakdaky dört sany garaýşy öňe sürülýär[4]:

  1. Topragyň hasyllygynyň wagtlaýyn ýa-da hemişelik peselmegi. Muny topragyň biomassasynyň, önümçilik kuwwatynyň ýitmeginiň, topragyň ösümlik örtüginiň üýtgemegi we onuň ýokumly maddalaryň azalmagy netijesinde görmek bolar.
  2. Topragyň adamyň ýaşaýyş durmuşyna gerek bolan resurslar bilen üpjün edip biljek ukybynyň peselmegi, muňa topragyň öňki döwürlerdäki hasyllygy aydyň şaýat bolup biler.
  3. Biodürliligiň ýitmegi: ekosistemanyň çylşyrymlylygynyň we birnäçe ösümlik görnüşleriniň ýitmegi, we şol sanda daşky gurşawyň hapalanmagy topragyň ýaramazlaşmagyna getirip bilýär[5].
  4. Ekologiki riskleriň ýokarlanmagy: daşky gurşawyň we adamlaryň bolup biljek ekologiki krizisa ýa-da hadysalara garşy durup bilmeginiň gowşamgyna syn etse bolýar.

Häzirki wagtda ýerleriň zaýalanma meselesine birnaçe garaýyşlar bar. Alymlaryň bir topary bu hadysanyň öňüni almak bilen meşgullanýarlar, başga bir topary bolsa onuň peýdaly tarapyny, ýagny şol hadysanyň netijesinde täze mümkinçilikleri gözleýärler. Meselem, oba-hojalyk ekinleriniň güyçli çagbaly yerlerde ekilmegi bir tarapdan, aşa çyglylyk sebäpli ekinleriň kökleriniň çüýremegine, ýagny ylmy we ekologiki meselelere getirip biler, emma käbir dayhanlar şolar ýaly ekin meýdançalaryny ýokary hilli önüm öndürmek üçin oňaýly diýip hasap etýäler.

Ýerleriň şorlaşmagy

Dürli görnüşleri[düzet | çeşmäni düzet]

Birnäçe asyrlaryň dowamynda belli bolan topragyň ýaramazlaşmagynyň görnüşlerine (suw meselesi, topragyň ýel we mehaniki eroziýasy, topragyň fiziki, himiki we biologiki zaýalanmasy) soňky 50 ýylyň dowamynda goşmaça dört sany gärnüşi peýda boldy[6]:

  • oba-hojalygynyň, önümçiligiň, magdan gazyp alyjy senagatynyň we başgada birnäçe pudaklaryň işjeňligi netijesinde topragyň hapalanmagy;
  • şäher gurluşygy, ýol gurluşygy, ýer ulanyşygy, oba-hojalyk yerleriniň ekspansiyasy we şuňa menzeş işjeňlikler sebäpli ekine ýaramly ýerleriň azalmagy;
  • emeli radioaktiwligiň ýüze çykmagy, (kämahal tötanden ýüze çykýan);
  • ýaragly konfliktleriň netijesinde topragyň ýaramazlaşmagyna getirip biler.

Umuman alanyňda topragyň ýaramazlaşmagynyň 36 sany görnüşi bar. Bu görnüşleriň ählisi adamyň işjeňliginiň ýylyň geçmegi bilen hasda ýokarlanýandygy sebäpli ýüze çykýar. Meselem, ýaprak çüýreme, suw alma, guraklaşma, şorlama, urbanizasiýa (ykdysady we medeni durmuşyň uly şäher merkezlerinde jemlenmegi) we ş.m. ýagdaylar muna aýdyň mysal bolup biler.

Topragyň çüýremesi

Ýerleriň zaýalanmagyna eltýän sebäpler[düzet | çeşmäni düzet]

Gurak ýerleriň özüniň bio we ykdysady önümçiligini ýitirmegi – ýer zaýalanmasy diýlip atlandyrylýar. Ýer zaýalanmasyna bir näçe faktorlar sebäp bolup bilerler. Olaryň arasynda, ýowuz howa şertleri, esasanam gurakçylyk hem-de topragyň hilini peseldýän we zaýalaýan adam işjeňligi esasy orny eýeleýändir. Dag-magdan senagatynyň işjeňligi netijesinde yüze çykýan topragyň ýaramazlaşmagy häzirki wagtda iň esasy meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi dag-magdan senagaty oba-hojalygynda ulanylýan ekin meýdanlaryna ozüniň onaýsyz täsirini yetirýär. Ol alamatlar aşakdakylary öz içine alýar[7]:

  • ýerleriň ýaşyl örtüginiň azalmagy, ýagny agaçlaryň çapylmagy we tokaýlaryň sanynyň azalmagy;
  • oba-hojalyk işleriniň talaba laýyk geçirilmeýänligi sebäpli toprakdaky ýokumly maddalaryň azalmagy we şol sanda ekin meýdanlarynyň hatardan çykmagy;
  • maldarçylyk, we sol sanda öri meydanlaryň we yerasty suwlaryň aşa peydalanmagy;
  • talaba laýyk suwaryş işleriniň geçirilmeýänligi;
  • şäher ýaşaýşynyň artmagy we söwda-satyk senagatynyň ösmegi;
  • ulag serişdeleriniň ýolsyz yerlerde sürülmegi;
  • daşyň, çägäniň, magdanyň we minerallaryň gazylyp alynmagy;
  • adamlaryň köp ýerleri eyeläp başlaýanlygy, we şonuň netijesinde ýabany tebigat üçin yerlerin azalmagy we köpelmegine päsgel berilmegi;
  • agyr tehnikalaryň kömegi bilen hasyl ýygnalandan soň açyk meýdanlaryň saklanylmagy;
  • monokultura (ýurtda, sebitde esasy orun tutýan oba hojalyk ekini ýa-da önümçiligiň bir pudagy), ýerli ekosistemanyň üýtgemegi;
  • plastmassa ýaly öz-özüzünden ýitip gitmeýän hapalaryň zyňylmagy;
  • ösümlikleri zäherleýän janly parazitlerin ýaýramagy;
  • ýerleriň şorlaşmagy, hapalanmagy, zäherlenmegi, topragyň eroziýasy we onuň düzümindaki uglerodyň azalmagy degişlidirler.

Bellenip geçilenleriň ählisi azyk önümleriniň önümçiligine, ýaşaýyş derejesine we beýleki ekosistema önümleriniň öndüriliş derejesine täsir edýär. Suw serişdeleriniň we adam ýaşaýşy üçin gerekli bolan beýleki önümleriň azalmagynyň netijesinde ilat ýaşaýyş üçin has ýaramly ýerlere göçmäge mejbur bolýar[8].

Önümçilik kärhanalaryň daşky gurşawa etýan täsirlei

Ýerleriň zaýalanmagynyň daşky gurşawa we adamlara edýän täsiri[düzet | çeşmäni düzet]

Adamlar agaç, odun we beýleki agaç önümlerini almak üçin tokaýlary, tokaý massiwlerini we gyrymsy agaçlary çapýalar. Bu ýagdaý ösümlik örtüginiň çenden aşa azalmagyna getirýär we tebigat öz-özüni öňki durkuna getirmäge yetişmeýär. Her ýyl biz 13 million gektar tokaýlary ýitirýäris, we gurak etraplardaky ýerleriň hemişe ýaramazlaşmagy 3,6 milliard gektar meýdanly ýerleriň çölleşmegine getirdi. Bu ýagdaý ýarym guran tokaýlarda syn etmek bolýar we şol ýerlerde odun ýetmezçiligi aýdyň duýulýar.
Öri meýdanlarynda çenden aşa köp mallaryň bakylmagy hem şol ýeriň ösümlik örtüginiň zaýalanmagyna getirip bilýär. Ýagny başga söz bilen aýdanyňda, eger öri meýdanynda aşa köp mal bakylan ýagdaýynda, şol ýeriň ösümlik örtügi öz durkuny özi düzedip ýetişmeýär we netijede şol ýer ýel we suw eroziýasyndan zaýalanyp başlaýar. Esasan bu mesele Owganystanda hasda ýiti duýulýar. 1980-1990-njy ýyllardaky demografik ösüş netijesinde owal hem az bolan oba-hojalygyna ýaramly ýerleriniň hasda azalmagyna getirdi (Hindistanda 14%, Päkistanda 21% azaldy)[9].
Ýer ýüzüniň ilatynyň artmagy hem topragyň ýaramazlaşmagyna belli bir derejede öz täsirini yetirýär. Köp ýerlerde kämil bolmadyk oba-hojalyk metodlary ulanylýar. Meselem, ilatyň çakdan aşa köpelmegi bilen azyk önümçiligine bolan isleg artýar we daýhanlar bir möwsümiň dowamynda 2-3 tapgyr ekin alýarlar. Bu bolsa topragyň hasylsyzlygyna, garyplaşmagyna getirýär, ýagny toprakdaky gerek bolan ýokumly maddalar azalýar. Bu ýagdaýlardan baş alyp çykmak we topragyň hasyllygyny ýokarlandyrmak üçin himiki dökünleri ulanmaly möçberinden has köp ulanýalar. Emma bu ýagdaýlaryň ählisi topragyň ýaramazlaşmagyna getirýär.
Eger-de adamlar ene topragy maksada laýyk ulanan ýagdaýlarynda ýerleriň gowulanmagyna we düzüm taýdan ýokarlanmagyna getirip bilerdi. Topragyň ýaramazlaşmagy elmydama ilatyň aşa gürüligi bilen bagly bolup durmaýar. Gaýta adamzadyň gündelik iş tejribesi daşky gurşawyň we landşaftyň gowylanmagyna getirip bilerdi. Ilatyň köpelmegi toprak üçin we onuň hasyllylygyny artdyrmaga, hatda onuň adaty ýagdaýyndan hem ýokarlanmagyna getirip bilerdi.
Topragyň ýaramazlaşmagynyň ýakymsyz tarapy, buda Dünýädäki oba-hojalyk we sürüm meýdanlarynyň azalmagy we şonuň netijesinde döwletleriň ekonomiki taýdan ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýerleriň düzüm taýdan üýtgemegi, ýagny olaryň düzümindäki yokumly maddalarynyň azalmagy topragyň hasylsyzlygyna getirýär. Bu bolsa iýmit howupsyzlygynyň ýüze çykmagyna, iýmit ugrundaky konfliktleriň emele gelmegine, köp ýurtlarda bolsa açlygyň ýüze çykmagyna esas bolup durýar. Topragyň ýaramazlaşmagy Afrikanyň we Aziýanyň köp ýurtlarynyň iň möhüm içerki meseleriniň biri bolup durýar.
Ýer zaýalanmasy we çölleşme adam saglygyna dürli ýollar bilen täsir edip biler. Çöl giňeýär, iýmit önümçiligi peselýär, suw çeşmeleri guraýar. Netijede, gurakçylyk we açlyk ilaty hasylly topraklara göçmäge mejbur edýär. Azyk we suw serişdeleriniň azalmagy ýalňyş iýmitlenmege alyp barýar. Suw we iýmit üsti bilen geçýän keseller, şemal eroziýasy sebäpli atmosferadan gelýän tozan we beýleki howa hapalanmasy sebäpli dem alyş ýollaryň keselleri we adamlaryň başga ýerlere göçmegi netijesinde ýokanç keselleriň ýaýramagy köpelýär.
Geljekki nesilleriň ýaşaýyş üçin ýeriň berýän ähli mümkinçiliklerini ulanyp we peýdalanyp bilmegi üçin, çölleşmäniň we ýer zaýalanmasynyň öňüni alyp göreşmek ugrunda degerli çäreleri alyp barmalydyr. Onuň üçin, durnukly ösüşiň şertlerine laýyklykda, biz geljekki nesillerň mümkinçiliklerini elinden alman, tebigy serişdeleri rejeli ulanmagy başarmalydyr.

Daşoguz welaýaty

Wajyplygy[düzet | çeşmäni düzet]

Daşoguz welaýaty 2

Merkezi Aziýa[düzet | çeşmäni düzet]

Suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynda hiç haçan öňdelik mesele bolup durmady. Häzirki wagtda ýerleriň zaýalanmagy regionyň aglaba bölegine howp salýar. Ýurtlaryň özara hyzmatdaşlyk we daşky gurşaw meseleleri boýunça işleýän tejribeli halkara guramalar arkaly hyzmatdaşlyk etmekligi zerur we gaýragoýulmasyzdyr. Meselem, Gazagystanyň territoriýasynyň aglaba bölegi gurak ýa-da ýarym gurak ýer hasaplanýar we ýylda şol ýerlere 40,64 santimetrden az ygal düşýär. Görkezijilere görä, Gazagystanyň territoriýasynyň 75%-i çynlakaý ekologiki kynçylyklara sezewardyr.
Mälim bolşy ýaly türkmenistanyň meýdanynyň 80%-ni Garagum çöli tutýar. Türkmenistanda bolup geçýän çölleşme BMG-nyň Ösüş Programmasynyň (UNDP) ünsüni çekdi[10]. Ýurdy abadanlaşdyrmak we çölleşmegi saklamak meýilnamasyna laýyklykda, agaç nahallaryny oturtma we olara talabalaýyk ideg etmek, damja usuly bilen suwarmagy ýola goýmak çäreleri alnyp barylýandyr[11].
Täjigistan bilen Gyrgyzystanda ýaýbaňlanýan ekerançylyk we maldarçylyk, uly senagat kärhanalaryny gurmak, ilat ösüşi, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň ýetmezçiligi çölleşme meselesi bilen göniden-göni baglydyr.
Sebitde Aral Deňziniň gurap, suwunyň azalmagy we deňziň kiçi böleklere bölünmegi esasy meseleleriň biri bolup durýar. Amyderýanyň we Syrderýanyň suwunyň ekerançylyk üçin aşa ulanylmagy, Aral deňziňiň ekosistemasynyň we bütün sebitde suw çeşmeleriniň üýtgemeginiň sebäbi boldy. Netijede, Aral deňziniň guramagy Barsagelmez tebigy goraghanasyna howp salyp, Wozroždeniýe adasy bilen Aral deňziniň gündogar kenarynda uly duzly çöli emele getirdi. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bütündünýä ýylama, howanyň üýtgemegi we ýagşyň ýagmagynyň üýtgemegi ýaly tebigy hadysalar sebitde çölleşmäniň esasy sebäpleri bolup bilerler. Emma adamzadyň ýeri ekerançylyk maksatlary üçin aşa we ýalňyş ulanmagy, ýeriň himiki serişdeler bilen işlenilmegi hem ýer zaýalanmasyna getirip biler[12].
Merkezi Aziýa döwletlerinde ýerleriň zaýalanmagyna garşy birnäçe iş alnyp barylýar. Merkezi Aziýa döwletlerini meňzeş taryh hem-de ykdysady we syýasy ösüş birleşdirýär. 1990-njy ýyllardan başlap, ýurtlaryň ählisi düýpli ykdysady-syýasy üýtgeşmeleri we şol sanda, demokratizasiýa, desentralizasiýa, emlägi şahsy emläkçilige geçirmek, ýer reformalaryny başdan geçirdiler. Bularyň ählisi daşky gurşawy goramak meselesine we şol sanda çölleşmäniň ýaýbaňlanmagyna öz täsirini ýetirdi[13].

Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýer ulanyş başlangyjy (MAÝÝUB)[düzet | çeşmäni düzet]

Awgust aýynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen "Ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady baha bermek" atly sebitara maslahatda, tebigatyň baýlyklaryna oňat düşünmek, olary rejeli we oýlanşykly ulanmak maksady bilen, ýer serişdelerine ykdysady baha bermek boýunça uly işleriň geçirilmegi göz öňüne tutulýar diýip bellendi. Maslahatda, Türkmenistanda çölleşme bilen göreşmek üçin Garagumyň merkezinde Türkmen kölüniň gurulmagynyň netijeli işleriň biridigini gatnaşyjylar bellediler. Suw we ýer serişdelerini rejeli ulanmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, bagy-bossanlyga öwürmek, süýşýän çägeleri berkitmek, biologiki köpdürliligi aýawly saklamak, ekologiki taýdan arassa tehnologiýalary esasynda oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, tebigaty goramak ugrundaky kanunçylgy kämilleşdirmek barada Türkmenistanda düzülen meýilnamalaryň bardygy bellenildi[14].
MAÝÝUB – halkara donorlar jemgyýeti we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky şärikdeşlik. Bu başlangyç BMG-yň Konwensiýasynyň Strategik Şärikdeşligi tarapyndan 2006 – 2016 ýyllar aralyk meýilnamasy üçin goldaw tapdy. MAÝÝUB-yň esasy meýilnamasy Orta Aziýa ýurtlarynda ýeriň hasyl beriji ukybyny artdyrmak bilen, bu ýerlerde ýaşaýan adamlaryň ykdysady we ýaşaýyş şertlerini ösdürmek hem-de şol wagtyň özünde ýeriň ekologiki mümkünçiliklerini saklamaga gönükdirilendir. Netijede 10 sany milli we 2 sany halkara meýilnamalary işlenilip düzüldi. Şeýlelikde, bütün sebit üçin Halkara Şärikdeşlik Goldaw meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksatlary bilen Aziýanyň Ösüş Banky tarapyndan 3, 025, 000 amerikan dollary möçberinde pul serişdeleri geçirildi[15].

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "Истощение и загрязнение почвы". Studme. 
  2. http://www.cawater-info.net/ca/index.php?option=com_content&view=article&id=483:goezel-tebigaty-goragynda&catid=43:news-turkmen&Itemid=37[permanent dead link]
  3. Gurbanowa, Latife; Gurbanowa, Latife. "MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNA HOWP SALÝAN ÇÖLLEŞMÄNIŇ ESASY SEBÄPLERI". www.saglyk.org. 
  4. "Загрязнение почвы". ecology-education.ru. Archived from the original on 2018-10-05. Retrieved 2018-10-17. 
  5. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2018-05-02. Retrieved 2018-10-17. 
  6. http://ecology-of.ru/priroda/pochva-i-ee-zagryaznenie/
  7. "Загрязнение почвы: суть, последствия экологической проблемы". legkopolezno.ru. [permanent dead link]
  8. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2018-10-17. Retrieved 2018-10-14. 
  9. "Экология в Индии: проблемы и попытки решения". 23 okt 2015.  Check date values in: |date= (help)
  10. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2019-03-25. Retrieved 2018-10-17. 
  11. http://www.cawater-info.net/ca/index.php?option=com_content&view=article&id=653:tuerkmenistany-haywanlaryny-taksonomik-duerlueligi-hakynda&catid=43:news-turkmen&Itemid=37[permanent dead link]
  12. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2020-03-01. Retrieved 2018-10-17. 
  13. "NEXTTM | TÜRKMENISTAN – BMG: TEBIGATY GORAMAK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK". nexttm.com. [permanent dead link]
  14. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2018-08-18. Retrieved 2018-10-17. 
  15. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2019-03-26. Retrieved 2018-10-17.