Tagtabit

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Tagtabit
Ylmy klassifikasiýa
Şalyk:
Tip: Bognaýaklylar
Klas: Mör-möjekler
Otrýad: Ýarymgatyganatlylar
Kiçi otrýad: Tagtabitler
Maşgala: Cimicidae
Latynça ady
Halkara ady görkezilmedik
Makaladaky taxobox şablonyna,
latin=at goýmak arkaly
taslama kömek berip bilersiňiz

[[Kategoriýa:Haýwanlar]]


Tagtabit (lat. Cimex lectularius) gan sorujy hojalyk mör-möjekleriniň has giňden ýaýran görnüşidir.Ol ýarymgatyganatlylar otrýadyna degişlidir. Otrýad 3 müň töweregi görnüşi öz içine alýar.

Gurluşy[üýtget]

Tagtabitiň gyzylymtyl-goňur reňkli, 3-5 mm uzynlykda, gür gyljagazlar bilen örtülen ýapbaşyk bedeni bardyr. Garamtyl sarydan başlap goýy goňur reňkli hitin örtügi bardyr. Kellesiniň öň tarapynda dokumany deşmäge hem-de gan sormaga ukyply tumşujak çykyp durandyr. Onuň ýokarky we aşaky äňleriniň sünjülýän bütewi murtjagaz ýaly görnüşi bar we olar iki sany kanaly emele getirýärler: giňi — gany kabul etmek üçin we dary — çakylan ýere tüýkülik dökmek üçin. Olar parazitizm zerarly ganatyndan mahrum bolan ganatsyz mör-möjeklerdir. Tagtabitler ýakymsyz ýörite ys ýaýradýarlar. Ganatynyň ýokdugyna garamazdan, tagtabitler ýeňil agramlarynyň we ýasy bedenleriniň kömegi bilen potologa we diwarlara dyrmaşyp, şol ýerden aşaklygyna bökmek arkaly howanyň üsti bilen hem geçmäge ukyplydyrlar.