Türkmensähra

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Türkmensähra Eýran Türkmenleriniň iň köp ýaşaýan sebitidir.

Eýran Türkmenleri Türkmenistan bilen Owganystan Türkmenleriniň ýaşaýyş ýerleri bilen goňşy bolan Gülistan, Demirgazyk Horasan, we Rezewi Horasanda ýaşaýandyrlar.

Türkmenistanyň Günbatarynda ýerleşýan Türkmensähra Hazar Deňizinden başlap Owganystan serhedine çenli dowam eder.

Şeýlelik bilen Türkmensähra sebiti de Gülistan, Demirgazyk we Rezewi Horasan welaýatlarynyň bir bölegidir.

Eýranda Türkmenler iň köp Gülistan welaýatynda ýaşaýar. Bu welaýatdan soň demirgazyk Horasan bilen rezewi horasan Türkmenleriň iň köp ýaşaýan sebitleridir.

Türkmensähranyň iň köp Türkmen ilatyna eýe bolan şäheri Kümmet Gowuz (Parsça: Gonbad Kavus-گنبد کاووس) şäheridir.

Türkmenistanyň serhedindäki Bender Türkmen, Kümüşdepe, Akgala, Ambarolum, Inçeburun, Siminşäher, Daşlyburun, Kelala, Marawadepe we Jergelan ýaly şäherlerde-de ilatyn köpüsi Türkmendir.

Munuň bilen birlikde Bojnurd we Meşhed, Çabahar, Türbetjam we Tahran ýaly şäherlerde-de köp sanly Türkmen ýaşaýar.

Etnologue websaýtynyň beren maglumatyna görä Eýranda 1997-nji ýylda takminen 2 million Türkmen ýaşaýardy.

Sebitde ýaşaýan halk köplenç Türkmenleriň Ýomut (Japarbaý ve Atabaý), Göklen, Nohurly ve Salyr taýpalaryndandyr.

Türkmenleriň uly akyldary we milli şahyry Magtymguly Pyragynýň ýädigarligi Türkmensähranyň Marawadepe etrabynyň Aktokaý obasyndadyr.

Serediň:[üýtget]

Eýran Türkmenleri hakynda bir wideo

Eyran Türkmenlerinden bir wideo klip: Küştdepdi