Türkmenlerde wagt aňladylyşy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Daňdan wagty — Günüň dogjak ýeriniň ýagtylyp başlamagy.

Saba, säher wagty, ir ertir — Daň atandan gün dogýança. Tomus aýlarynda ol bir ýarym sagatlap dowam edýär.

Ertir wagty — Daň atandan Gün dogup, gowy ýerden saýlanýança. Şeýle hem ertir sözüniň geljek, indiki gün manysy hem bar. Mysal üçin, „bu gün bolmaz, ertir gel“ ýa-da „Ertirimizi (geljegimizi) göz öňünde tutsak“.

Salkyn — Bir gündiziň ýarsy. Mysal üçin, „Bu işi bir salkynda etse bolar“

Ertir salkyn — Gündiziň birinji ýarymy. Gün dogandan günortana çenli dowam edýär.

Öýlän salkyn — Gündiziň ikinji ýarymy. Günortandan ýarym sagat çemesi geçensoň başlanyp, gün ikindi bolýança dowam edýär.

GuşlukTomus günleri sagat 9 töweregi

Uly guşlukTomus günleri sagat 11 töweregi.

Günortan, günorta, çäş wagty, günorta garaňkysy — Günüň iň ýokary galýan wagty. Günortandan soň gün aşak inip ugraýar. Mysal üçin „Günorta boldy“, „Çarşenbe gün çäş wagty“.

Öýlän — Günortandan ýarym sagat çemesi geçenden soň başlanýar.

Ir öýlän — Günortan geçenden soň öýläniň giren ilkinji pursatlary.

Ak öýlän — Ir öýleden soň öýle guşluga çenli.

Öýle guşluk — Ak öýländen soň ikindä çenli.

Ikindi — Ýaşmasy golaýlan günüň reňkiniň üýtgäp gyzaryp başlaýan wagty. Ikindi girende her bir zadyň kölegesi öz boýunyň iki essesine günortanky kölegesiniň boýuny goşanyňdaky uzynlyga ýetýär.

Agşam — Gün ýaşan badyna agşam girýär we garaňky gatlyşýança dowam edýär.

Ir agşam, ilkagşam — Agşamyň ilkinji pursatlary. Ýaşan günüň ýagtysy solýança dowam edýär.

Giç agşam — Ýaşan günüň ýagtysy ýiteňkirläp, şapak doly ýitinçä, asmanda görünýän ýyldyzlar sanardan has köpelýänçä dowam edýär.

Ýassy — Agşamdan soň ýassy namazynyň okalýan wagty girende başlanýar.

Ýary gije — Gijäniň ýarpysynyň geçmegi. Gije umumy ikä bölünip, ýary gijeden öň we ýary gijeden soň diýlip hem atlandyrylýar.

Türkmenbaşy eýýamynda wagt aňladylyş reformasy[üýtget]

Aý atlary

Iňlisçe TSSR görnüşi Häzirki döwürde
January Ýanwar Ýanwar
February Fewral Fewral
March Mart Mart
April Aprel Aprel
May Maý Maý
June Iýun Iýun
July Iýul Iýul
August Awgust Awgust
September Sentýabr Sentýabr
October Oktýabr Oktýabr
November Noýabr Noýabr
December Dekabr Dekabr


Hepdäniň günleri

Iňlisçe Türkmençe
Monday Duşenbe
Tuesday Sişenbe
Wednesday Çarşenbe
Thursday Penşenbe
Friday Anna
Saturday Şenbe
Sunday Ýekşenbe

Ulanylan çeşmeler[üýtget]