Türkmenistanyň ''Senagat'' paýdarlar täjirçilik banky
Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 1999-njy ýylyň mart aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Senagat paýdarlar täjirçilik banky 22 sany dörediji paýçylarynyň paýlary esasynda Türkmenistanda ilkinji täjirçilik banklaryň biri bolup döredildi. Bankyň döredilmeginiň esasy maksady Türkmenistanda önümçiligi giňeltmek, haryt bolçulygyny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin bank hyzmatlarynyň üsti bilen goldamak bolýar.
Häzirki döwurde baş bankyň ýolbaşçylygynda 5 sany welaýat merkezinde, Ahal welaýarynyň Sarahs etrapynda, Balkan welaýarynyň Serdar şäherçesinde, Türkmenbaşy şäherinde we Aşgabat şäherinde ýerleşýän 6 sany gulluklarynda 400-den gowrak işgär 22 müňe golaý müşderä hyzmat edýär. Senagat paýdarlar täjirçilik banky elmydama beýleki banklar we maliýe guramalary bilen bäsleşik şertinde işleýär. Şu sebäpli bank däbe öwrilen amallardan we hyzmatlardan gaýry, elmydama marketing işini geçirip, müşderileriň isleglerine görä täze hyzmatlaryň gözleginde bolýar.Müşderilere edilýän hyzmatyň görnişleriniň arasynda: Western-Union daşary ýurt pulundaky elektron pul geçirim ulgamynyň hyzmatlary; Ýeketäk Senagat bankynda ornaşdyrylan Ýanardag milli manatdaky elektron pul geçirim ulgamynyň hyzmatlary; BSTI-niň telefon töleg hyzmatlary; Hukuk we bank işleri boýunça maslahat hyzmatlary we ş.m. alnyp barylýar.
Ýurduň pul dolanyşygy syýasatyny berkitmek üçin, ilatdan çekilýän serişdeleriň usullaryny we görnüşlerini kämilleşdirmek arkalySenagat paýdarlar täjirçilik banky dürli işler alnyp barylýar. Esasan, mäşderileriň erkin pul serişdelerini banka çekmek maksady bilen, olara dürli dörnüşli goýumlar hödürlenilýär. Bank tarapyndan raýatlar üçin goýumlaryň abatlylyk, ynamlylyk, hem-de bähbitlilik şertleri göz önünde tutulup, yzyna wagtynda gaýtarylýar. Goýumlar nagt, nagt däl hasaplaşyklaryň we geçirim amallarynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky Türkmenistanda hususy telekeçilik işini maliýeleşdirmegiň meseleleri hakyndaky 9604 belgili kararyndan ugur alyp bank ilkinji günlerden işe guramaçylykly girişdi. Bank karzlary esasan önümçiligi, oba hojalygy, söwda we telekeçiligi ösdürmäge, gurluşygy amala aşyrmaga, ulag we aragatnaşygy kämilleşdirmäge we şahsy islegleri kanagatlandyrmak hem-de beýleki kanun tarapyndan gadagan edilmedik dürli maksatlar üçin berilýär. Ýokarda görkezilen karara laýyklykda Bank hususy telekeçilik işini 5%-li ýeňillikli karzlar bilen maliýeleşdirýärler.
Häzirki döwurde mebel, polipropilen haltalaryny öndürmek üçin enjamlar toplumyny, senagat harytlaryny,halka zerur bolan konditer, şöhlat, süýt, galla önümlerini öndürmäge, halka hyzmat etmek üçin enjamlar toplumlaryny satyn almak maksady bilen ýeňillikli karzlar berildi we gelýan arzalar esasynda başga-da binäçe taslamalary karzlaşdyrmagyň üstünde işlenilýär. Türkmenistanyň Senagat paýdarlar täjirçilik banky Altyn Asyr töleg kart ulgamy dolanyşyga girizldi. Nagt däl hasaplaşyklary giňden ulanmak üçin aragatnaşyk enjamlaryny we terminallary Aşgabat ş., söwda merkezlerinde, beýleki hyzmat ediş nokatlarynda, dermanhanalarynda we bank ulgamynyň welaýat şahamçalarynda gurnalandygyny görkezmek bolar. Bu hyzmatyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy müşderilere gysga wagtyň dowamynda töleg kartyň üsti bilen nagt pul almaga, awtosürüjileriň ýangyç üçin töleglerini, elektroenergiýa, komunal we beýleki söwda hyzmat töleglerini amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Senagat paýdarlar täjirçilik banky ilata edilýän hyzmatlaryň täze görnüşleri ulanyşyga girizmek we hilini dowulandyrmak üçin milli pulda Ýanardag elektron nagt pul geçirimler ulgamy ýurdumyzyň dürli künjeginde milli manatda amala aşyrmakda raýatlara mümkinçilik döretdi.
Wester Union ulgamy boýunça müşderilerlere hyzmat ediş nokatlary bankyň ähli şahamçalarynda bar. Aşgabat şäherinde Wester Union ulgamy boýunça ýörite geçirim kabul ediş nokatlary hereket edýär. Ilat üçin edilýän hyzmatlaryň tiz we amatly bolmagyny üpjün etmek maksady bilen 2009-njy ýylda dünýäniň ösen ýurtlarynyň birinji derejeli Commerzbank AG, Deutsche Bank AG we Deutsche Bank Trust Company Americas banklarynda habarlaşyk hasaplary açyldy.