Türkmenistan Prezidentlik Saýlawy 2007

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Saylawlaryn gecishi

Umumy[düzet | çeşmäni düzet]

Saparmyrat Nyýazowyň 21 Bitaraplyk aýynda aradan çykmagyndan soňra, häzirki Türkmenistanyň wagtlaýynça prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gelejekki prezident saýlawynyň 26 Bitaraplyk aýynda belli boljakdygyny we ol saýlawyň demokratiki usullar içinde geçiriljekdigini nygtady. 26 Bitaraplyk aý, Halk maslahatynda bolsa, prezident saýlawynyň 11 Baýdak aýynda geçiriljekdigi bildirildi. Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-nyň habarçysyna gürrüň berilisi ýaly 65 saýlaw okrygynyn we 1625 saýlaw uçastogynyň ählisi saýlawlara doly taýýar edildi. Giň möçberli, düýpli işler geçirildi. Şol işlere ähli derejedäki döwlet düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlara taýýarlyk görmek ýurdymyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugynňyň kadalaryna laýýklykda geçirildi. Bu gün ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň ählisi saýlawlara doly taýýar edildi. Olaryň her biri öz wagtynda ses bermek üçin aýna gutular, şol sanda, göterilýän gutular, saýlaw býulletenleri we zerur bolan düşündiriş beriji we mestodiki edebiýatlar bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin ýörite kabynalar gurnalan otaglar bölünip berildi. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi

Saylaw

Uçastok saýlaw toparlary öz borçlaryny ýerine yetirmäge çynlakaý we jogapkärli çeşmeleşdiler. Şol toparlaryn düzüminde edara-kärhanalaryn we jemgiýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjenler tagallasy bilen ýerlerde ilatyň arasynda giň düşündiriş işleri geçirildi. Munuň özi saýlawçylaryn işjenliginin birnäçe esse ýokarlanmagyna getirdi. Ýeri gelende aýtsak, dürli sebäplere görä , saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolmaýan saýlawçylar möhletinden öň ses bermäge hukuk gazandylar. Şol saýlawçylaryň dolduran kagyzçalary ýa-da saýlaw býullentenleri sesler sanalyp başlanjak pursatyna çenli önünden möhürlenip goýlan gutularda saklanar.

Uçastok saýlaw toparlarynyň işinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlerin ynanylan adamlary bilen işlemäge, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramakda we geçirmekde olara kňmek bermäge aýratyn orun berildi. Saýlawçylaryň döwlet baştutanynyn wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklaryň ählisi bellenilen we taraplaryn öz aralarynda ylalaşan tertibine geçirildi. Habar beriş serişdeleri duşuşyklaryn geçiriljek wagty we ýeri barada saýlawçylara önünden habar berdiler. Şunda dalaşgärlerin ählisine saýlawlaryň öň ýanynda wagyz işlerini geçirmek üçin deň şertlerin we mümkinçiliklerin döredilendigi nygtamak möhümdir.

Ýerlerdaki saýlaw toparlaryna türkmenistanlylardam gelen köpsanly hatlar raýatlaryň aň-duşünjesiniň ýokarydygyna, olaryň döwletiň we jemgiýetin durmuşyna gönüden-göni gatnaşmaga şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, saýlaw toparlarynda göni telefon aragatnaşygy ýola goýuldy. Şol telefon arkaly her gün raýatlarymyzyň onlarçasy ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere niýetlenen sowallar, haýyşlar we teklipler bilen ýüzlendiler. Raýatlarymyzyň ýüztutmalarynyň ählisi kabul edildi, seljerildi we Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärleriň garamagyna berildi.

Dalaşgärler[düzet | çeşmäni düzet]

Halk maslahatynda 11sinin arasyndan 6 dalaşgär tassyklandy.

Saýlaw Netijesi[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbanguly Berdimuhammedow sesleriň 89.12%-sini alandygy we halk maslahat tarapyndan-da, Prezidentlik wezipesi üçin kabul edilendigi bildirildi. Gurbanguly Berdimuhammedow dabarada kasam edip wezipesiniň başyna geçendigi bildirildi.

Dalaşgärlerin beren wadalary, sözleri[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbanguly Berdimuhammedow[düzet | çeşmäni düzet]

Berdimuhammedow Gurbanguly

Berdimuhammedow dalashgarlerin biri bolup her bir etraplarda, shaherlerde oz meyilnamasy bilen cykysh etdi. Ol oz meyilnamasynda ashakdaky zatlary durmusha gecireris diyip agzap gecdi.

  • Turkmenistanda her bir rayata internet elyeterli bolmaly.
  • Pensiya, aylyk haklaryna tazeden seredilmeli.
  • Talyplaryn okayan 4 yyllyk okuwlary 5 yyl etmeklik.
  • Mekdep okuwcylaryna 10 yyllyk bilim bermek.
  • Talyplaryn alyan "Talyp haklary"ny kopeltmek.
  • Kop cagaly ayal gyzlara komek pul berilmegi we shuna menzesh zatlar meyilnamasynda bar bar.

Amanýaz Atajykow[düzet | çeşmäni düzet]

Orazmyrat Garajaýew[düzet | çeşmäni düzet]

Muhammetnazar Gurbanow[düzet | çeşmäni düzet]

Işanguly Nuryýew[düzet | çeşmäni düzet]

Aşyrnyýaz Pomanow[düzet | çeşmäni düzet]